14:09
Aýlawda
AÝLAWDA

Atlar ula goýberildi aýlawda,
Atlaryñ üstünde şemal öwüsdi.
Ýaryşýan dek adamlarñam ýüregi,
Bir üýtgeşik gürsüldedi, towusdy.

Gamyşgulak atlar boldy ýyldyrym,
Garrylygny unutdy, gör, bir goja.
Üstün çykyp leşgerinden ýyllaryñ,
Öñküsinden ýigdeldi ol çalaja.

Aýlawy doldurdy märekäñ sesi,
"Meleguş, gaýrat et! Dordepel, deñleş!"
...Men bolsa içimden pikir edýärin:
Ömür ula giden atlara meñzeş.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 17.05.1978 ý.





Просмотров: 56 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]