23:40
Aýjeren eje / hekaýa
AÝJEREN EJE

Beýik Ýeňişiň 70 ýyllygyna

“Biziň ýatlamalarymyz—bu Jennet, ondan hiç haçan we hiç kim bizi kowup çykaryp bilmez”
Onore de Balzak.


Aýjeren eje segsenden geçen garryja, gurap barýan aýal bolsa-da aňy durudy. Eýýäm onlarça ýyldyr, goýy gök reňkli, gadymy, ýarymlitrlik hytaý çäýneginiň gapagyny gasyn-gasyn guran eli bilen sypap oturyşyna, ýanyna gümür-ýamyr etnäge gelen obanyň aýallaryna geçen durmuşyndan gürrüň berip otyrdy.
— Wah, ballym, o döwürde görüşme küje, duşuşma küje. Bäşinji synpy gutaranymdan soň ejem meni mekdepden alyp galdy: “Şu alan ylymyňam besdir. Göze görünip başlan gyz maşgala öýünde otursa gelşikli bolar. Bukjaňy doldurmaga başla!” diýipdi.Ynha şeýdip menden kiçi gyz jigilerim çülperäk bolansoňlar gündiz ejeme kömekleşedim, agşamlaryna bolsa ýagyň çyrasyna keşde tikerdim. Kakam bilen menden uly iki sany erkek doganlarym gezekleşip çöle, dowara ýatymlyk gatnaýardylar. Olaryň iki hepdelik iýjek iýmitlerini, geýjek egin-eşiklerini taýynlardyk. Anha, şeýdip nädip ulygyz bolup ýetişenimizi bilmän galypdyrys.
Günlerde bir gün ejem bilen uly gelnejemiň hyşy-wuşy edişip, meniň üçin gelip giden myhmanlar hakynda tötändenmi, ýa maňa eşitdiribräk gürrüň edip oturanlaryny eşitdim. Agşam kakam öýe gelende, ejem gündizki bolan wakanyň netijesini aýdanda, kakam: “Bolýar, sorap-idäp göreris” diýdi-de, otagyna girip gitdi.
Bir-iki hepde geçensoň, ejem bilen gelnejem meni ýanlaryna çagyryp, döwletli bir maslahatyň bardygyny aýtdylar. Ilki bilen ejem başlady:
— Gyzym, senem indi ulygyz bolup ýetişdiň, Allam ugruna edip bagtyň açylyp gidäýse, uly aladadan dynjak-da. Hawa neneň görýäň? — diýip, ejem maňa ýylgyryp seretdi.
Men ýüzümiň, gulaklarymyň ujuna, hat-da saçlarymyň ujuna çenli lowlap gyzýanyny duýýan we muny bildirmejek bolup başymy aşak egýärin. Meniň ýaňy on ýedi ýaşym dolupdy, entekler durmuşa çykmak barada asla pikir hem edemokdym. Duýdansyz edilen teklibe nähili garajagymy bilmän keçäň gülüni dyrmap, dymyp oturdym. Dymyşyklygy gelnejem bozdy:
— Orazdurdy daýymyň ýekeje ogly bar, başga çagasam ýok, şäherde ussaçylyk edýär — araba ýasaýar. Hiç kemi ýok...Gelnejemiň mahabatly sözleri eşidilenok — meniň pikir-hyýalym başga ýerde: öýüňden mydamalyk kesekiň öýüne göçmeli, nätanyş adamlar bilen tanyşmaly we gatnaşmaly; ejem bilen jigilerim käwagt, aýda-ýylda bir görüşmeli...
— Onda näme, men olara geliberiň diýäýeýinmi?! — diýip, gelnejem meni hyýalymdan “oýardy” we meniň gözlerimden bir many okajak ýaly, aladaly seretdi. Men bolsa aljyrap:
— Aý... Ejem-kakam näme diýseler...Şolar razy bolsa...—diýip üzlem-saplam jogap berip goýberipdirin.
Aýjeren eje çaýyna güýmenip otyrka, gelinleriň biri:
— Aýjeren eje, adamyňyz görmegeýdimi?
— Wah, koşejigim, men ony birje gezek gördüňmi diýsene!—diýende, aýallr geňirgenip bir-birlerinň ýüzlerine seredişdiler. Muny aňan Aýjeren eje söhbetini dowam etdirdi—Şu günki ýaly ýadymda — 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny, bazar günidi günortadan öň, yssy düşmänkä gelnalyjy geldi. Gaýynatam ýeke ogly bolanlygyndanmy ýa birinji toýy bolany üçinmi, onçasyny bilemok. Gepiň gysgasy şäherden hakyna tutma bir at goşulan gara paýtun iberipdir (ol döwürde bular ýaly maşyn bolçulygy ýokdy). Kürtämi şaňňyrdadyp, paýtunyň içine girdim, obadan birneme saýlanan badymyza ýanymda oturan nätanyş gelin:
— Gelin, indi kürtäňi çykar-da arkaýyn otur, bizi görjek ýok, barjak ýerimize bir çäýnäk içere salym bar — diýdi.
Men hem rugsat berilerine mähetdel, kürtämi çykaryp goltugyma goýdum — dünýäm giňäp gitdi. Paýtunyň derejeleri tuty bilen tutylansoň haýsy ugura gidip barýanymyzdan habarym ýok, ýöne daşarda atly jigitleriň şadyýan sesleri bilen paýtundan bir-de öňe birde-de yza galýanlaryny duýup baýaryn. Gabat garşymda oturan on-on iki ýaşly gyzjagaz maňa ýüzlenip:
— Gelneje, seniň adyň näme? — diýip sorady.
— Aýjeren. Seniň adyň näme?
— Ogulsabyr. Bu bolsa, meniň ejem, Akgözel—diýip ýanynda oturan aýaly gňrkezdi.
Ynha, şeýdip paýtunda doganoglan gaýynekejim bilen tanyşdym. Gaýynekejim bilen baldyzym zol-zol paýtunyň äpişgesiniň gyzyl mahmal tutusyny çalaja syryp, daşarda bolup geçýän hadysalara tomaşa edip, arasynda hezil edip gülüşýärler; birdenem içlerini çekişip, äpişgeden ýüzlerini aýyrylýarlar. Elbetde jigitler atyň üstünde çapyp baryşlayna howply oýunlary eýän bolmäklary mümkin. Gaýynekejim:
— Aýjeren gelin, içiň gysmaz ýaly arasynda senem daşaryny jyklaý! Ýöne olaryň arasynda seniň Hudaýberdi-ňä tapmarsyň, ol saňa öýde garaşýar — diýip, köp manyly ýylgyrdy. Soň ýüwürjisini mahabatlap başlady —Meniň ýüwürjim ýaly yigidi dünýe gezseň tapmarsyň...
Akgözel öýe barýança her hili gürrüňler bilen güýmäp gelşine gün günorta bolupdyr. Öýüň bosagasyna ýakynlamda, gaýynenem:
— Aýjerenjan, öýüňe ilki sag aýagyň bilen ätläp gir! —diýdi.
Şol günden başlap men gaýynymyň “Aýjerenjany” boldum—diýip, Aýjeren eje gözleriniň hanasyny dolduran gözýaşyny elýaglyjagazy bilen süpürdi-de, gürrüňini dowam etdirdi — “Amanmy keýigim aman-sagmy?— diýip, gaýynym iki elini eginlerime goýup görüşdi, soňra ol: “Bagtly boluň! Hudaýberdi janam senem Allatagala öz penasynda sakalsyn!”—diýip dileg etdi. Sag elimi una buladylar, çep elimi — ýaga. Öňümde bir çäýnek çaý, kemput, toýyň palawyny goýdular. Ýanymdaky gelin-gyzlar hezil edişip iýişip otyrlar, men bolsa tolgunmakdan ýaňa ellrim titreýär, agzym gurap dodaklarym bir-birine ýelmeşip gidipdir, ölemen çaý içesim gelýär welin... Ahyrn “lalyň diline enesi düşüner” diýilişi ýaly, gelinleriň biri içine nabat atylan bir käse çaýy kürtäň aşagyndan elime tutdyrdy, bir kiçijek külçejigi bolsa dyzymyň üstünde goýdy. Ýarty käse çaýdan soň birneme özüme gelip başladym, külçäň gyrajygyndan çümmükläp iýip ony ýartylaberipdirin — şeýle tagamly ekeni, henizem agzymdan tagamy gidenok (şol külçä soň hiç haçan duşmadym). Galan ýarysyny utanjyma iýip bilmän, hemme kişi görsün diýýän ýaly palawly okaraň gyrasynda goýdum.Ýeri, al-da kürtäň ýeňine oklap goýber-dä, kim görüp dur diýsene — diýende, gelinler wakyrdaşyp gülüşdiler. Gelinler köşeşensoň, Aýjeren eje gürrüňini dowam etdirdi:
— Öýle boldy. Pyýadakazylar bir zatlar okaýarlar, men oaryň näme diýýändiklerini aňşyramok, iň soňunda olaryň:
— Nika wekilçiligini kimge berdiňiz? — diýip soranlarynda, gelinleriň biri gulagyma çawuş çakyp: “Atagarry aga berdim diýäý” diýýär, menem näme buýursalar ýerine ýetirip otyryn. Pyýadakazylar meniň razylygymy alyp çykyp gitdiler. Hemme zady aýdyşlary ýaly etdim, bu ýerde nika ters düşer ýaly hiç hili şübhe ýok diýdiler, aý boljagydyr-da — diýip, Aýjeren eje sowan çaýyndan owurtlady-da—Wagt diýilýän zat çalt geçýär ekeni—agşam düşdi, gije ýarym boldy, dostlary öýlenýän ýigidi gelniniň ýanyna entegem getirenoklar... Şeýdip ilkinji nika gijämi baldyzym—Ogulsabyr bilen gaýynekejim—Akgözel bilen geçirmeli boldum... Uruşyň başlanyny ertesi eşitdik. Nika gyýylan badyna adamym Hudaýberdini harby komissariatyň wekili gyssagly çagyryş bilen alyp gidipdir. Gaýynatam komissaryň ýanyna girip, ýaňy öýlenen ogluna iň bolmanda bir hepdejik puryja bermeklerini haýyş edipdir, diňlemändirlerem. Gaýynatam iş düzeler öýdüp, bir gije şäherde myhman ýerinde bolup ir bilen komissariata baranda, eýýäm, gijäň bir wagty Hudaýberdini otla mündirip, fronta ugradypdyrlar... Bir hepdeden çagyryjy geldi, jigilerimi görüp, ejemi gören ýaly begendim. Kakam halwajyk iberipdir— diýdi-de, Aýjeren eje ýene gözlerine ýaş aýlady.—Hudaýberdiň uruşa gitmänkä dostlary bilen düşen suraty bar ekeni: ýakaly köýnekleriň ýaşlaryň durmuşyna ýaňy girip başlan döwri, oturgyçda otyr, saçlary syrylan, aýaklarynda amerikan botinkasy — kaşaň geýinmegi halaýan ekeni. Ynha, görseňiz, diýip, bukjasyna elini uzatdy. Ýaş geline edilýän hezzet-hormatlaryň hemmesini görüp, atam öýüme gaýdyp gitdim. Üç hepde gaýtarmalykdan soň ýene öz öýüme dolanyp baramda, ýoldaşymdan iki sany üçburç hat gelipdir. Gaýynlarym sowatsyzlykdanam däl-de, maňa hormat goýup, tä, men gelýänçäm hatlary açmandyrlar. Gaýynym:
— Aýjerenjan, hany Hudaýberdijan näme habar iberipdir?— diýip maňa ýüzlendi.
Men bolsa, kesekiň syryny açýan ýaly, çekinip-çekinip, hatlaryň epini ýazyp, howlukman, ýuwaş sesim bilen okap başladym: “Kaka, eje salawmaleýkim! Aýjeren salam, gurgunmysyň!?” Men özüme degişli ýerleri sesaplyk bilen böküp geçip, Hudaýberdiniň frontdaş ýoldaşlary barada, o taýynyň howasy barada, tanka garşy atylýan topy atmagy öwrenýändigini okap berýärdim. Soňra gaýyn ikimiz gijäniň ýarymyna çenli Hudaýberdä “düzme” ýazardyk. Her gezek hat alamyzda ilki men haty gözden geçirip, özüme degişliýerleri belläp, gaýynyma soňundan okap berýärdim, ol hem soň hatyň mazmunyny gaýynatama gürrüň berýärdi. Şeýdip-şeýdip Hudaýberdi bilen gaýybana ýaňy öwrenişip başladyk welin, ondan hat gelmesi kesidi oturyberdi... Ertekilerdäki, dessanlardaky aşyk-magşuklaryň düýşünde bir-birlerine aşyk boluşlary ýaly men hem öz adamymy şeýle bir güýçli dugy bilen söýdüm, hat-da men onuň bilen birnäçe ýyldan bäri ysnyşykly ýaşap ýören ýaly boldum. Şu günlerem hyýalymda: hamala ol agşam işden gelýärmişin, elindäki sowgatlaryny maňa uzadyp, ýaňagymdan öpýärmişin, “Aýjerenjan, söýgülim, şu gün uzakly gün seni göresim gelip gitdi” diýýärmişin, men hem derrew onuň öňünde basyrylgy duran çäýnegi goýýaryn-da, nahary gyzdyrmak üçin daş çykýaryn. Emma, eýýäm ojagyň başynda gaýynym otyr, men bolsa ony adamymdan gabanýan...Ýaş gelinkäm mende bir täsin hadysalar bolup geçdi. Bir gezek goňşymyň gelniniň çagasy kyrk çiileden çykan badynda, gaýynym yrym üçin ol bäbejigi gujagyma goýdy. Haçan men bäbejigiň ýüzüne seredinimde ol Hudaýberdä meňzäp giden ýaly boldy. Gaýynym: "Alla jan bize-de perzent berewersin, Hudaýberdi janam sag-aman frontdan gaýdyp gelsin"--diýip, bilýänje dogasyny okap, ýüzüne sylpdy.
Bütin ömrüme Hudaýberdijana garaşdym.Illeriňki gaýdyp geldi, meňki gelmedi. Ölüdigi-diriligi belli däl—dereksiz ýitenleriň arasynda. Men henizem garaşýan. Bütin ömrüme adamyma wepaly bolup, gaýynlaryma hyzmat eip geçdim. Olaram git diýmediler, men hem gitjegem bolmadym. Toýa-ýasa gaýynym bilen bileje gatnadyk, iň ýakyn joram gaýynym boldy, ana, indi olaram ýok... Adamlaryň käbiri agşam düşüp başlanyndan darygyp başlaýrlar, men bolsa tersine Günüň ýaşmagyna howlukýan, Gijäniň ýaryna çenli Hudaýberdijanyň suratyny, hatlaryny öňümde goýup, çaý içýärin, oňa “ogullary-gyzlary” barada, “agtyklary” barada gürrüň berýärin. Men aýdýan: “Hudaýberdijan, dünýede menden bagtly aýal ýokdur, sebäbi her agşam seniň bilen çaý başynda seniň bilen söhbet etmäge hiç kim päsgel berenok. Eger, Ýaradan ikimizi bileje çatan bolsa, nesibämizde bize ýene duşuşmak bardyr-da, belki” diýýän, diýip, Aýjeren eje bir zatlary ýadyna salýan ýaly bir nokada seredip, uzak wagtlap dymyp oturdy, Aýjeren ejäni diňläp oturan aýallaryň hiçisinden ses-seda çykanok—barysynyň bogazlary dolup, gözlerine ýaş aýlap, gepläp bilmän otyrdylar.
Aýjeren ejäniň ýogalanyna on-on iki ýyl geçdi. Entegem obadaş gelin-gyzlarynyň onuň näme üçin ýeke ýaşap öteninine düşünmeýänleri bar.

Kakajan BALKANOW.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2015 maý ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: "Maru-Şahu-Jahan" gazeti, "Esger" gazeti
Goşmaça bellikler: 2015-nji ýylda hekaýa Mary welaýatynda hekaýalaryň arasynda birinji orna eýe boldy
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 140 | Добавил: kbalkanov4 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Soltangözel gelneje / hekaýa - 22.01.2022
Direnmek Güzeldir / hikaye - 18.01.2022
Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa - 24.01.2022
Aýjeren eje / hekaýa - 10.01.2022
Absurd dialog / hekaýa - 11.01.2022
Mürepbe / hekaýa - 24.01.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
Sonar daýy / hekaýa - 22.01.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
Kapkaç / hikaye - 19.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy hekaýa ekeni

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Gowy hekaýa eken. Türkmen zenanynyñ söwer ýara wepalylygynyñ ajaýyp nusgasy...

0
1 Yusup   [Материал]
Hekaya gowy, ellerine saglyk.
In ashaky tege At-familyany goymaly ekenin awtor! Shonda ozun hem okyjy ucun gowy bolyar. Beyleki mowzuklara seredip gor.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]