11:26
“Aýgül” diýseň, üýtgär dünýäň rejesi..."
"AÝGÜL" DIÝSEÑ, ÜÝTGÄR DÜNÝÄÑ REJESI..."

“Aýgül” diýseň, üýtgär dünýäň rejesi,
“Garaýewa” diýen wagtyň has beter...
Nädip bolar, iki çagaň ejesi
Şeýdip, öz adyndan eýlese heder?!

Bir nätanyş çykjak ýaly içinden,
Aýna içgin-içgin garap bilmesem,
Millionlarça adamlaryň içinde
Öz-özümi tapyp, tanap bilmesem.

Elimi elime alyp görýärin,
Bir nyşan agtaryp, alamat aňtap.
Ýok-la, el görgülem bir göwnüýarym,
Menden sypjak bolup urunýar gaýta.

“Men — Pylany” diýip tanşyp bilýäler,
Ýaşap ýörün, hatda, şonam oňarman.
“Pylanyň gelni” ýa “gyzy” diýýän-de,
Bu uly belany başdan sowurýan.

Geňem bolsa, asla utanmaýaryn
Şu ýazan sözlermiň ýekesine hem.
...Ýene öz elimden tutan bolýaryn,
Öz-özümi tapman, ýekesiresem.

Aýgül GARAÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Pegas | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
Ýene öz elimden tutan bolýaryn,
Öz-özümi tapman, ýekesiresem.
Gowy pikir, berekella, Aýgül! Saňa we saňa mähriban bolan ynsanlara, çagalaryňa-perişdejiklere uzak ömür dileýän!

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Aýgül Garaýewa häzirki zaman zenan şahyrlarynyñ içinde döredijiligine iñ synym oturýany. Goşgularynda çuñ manylylyga üns bermegi esasy aýratynlygy. Bulam beýleki goşgulary ýaly super.

0
2 Alaýabyly   [Материал]
Uzagyndan goşgy ýazýançylar (zenanlar) şu awtora deňleşjek bolarlar. Görersiňiz, ahmal bizem göreris...

0
1 mango   [Материал]
...Ýene öz elimden tutan bolýaryn,
Öz-özümi tapman, ýekesiresem.

eliňden tutjak tapylmasa, özüň öz eliňi tut, emma ýekesireme.
gowy pikir.
ýyzzyllar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]