03:53
Aýdym aýdasym geldi
AÝDYM AÝDASYM GELDI

Aýdym aýdasym geldi meň,
Ömür hakda uzak-uzak.
Öňem dertli adamlara
Boş samramam näme gerek?

Aýdym aýdasym geldi meň,
Eken ak nahalym hakda.
Höwes eýläp garaşýanym
Gül ysly baharym hakda.

Meň aýdym aýdasym geldi,
Dostluk, ynam, söýgi hakda.
Bagrym beren gara daglam,
Mežnun bilen Leýli...

Görüp kerwenleň göçlerin,
Yza gaýdasym geldi meň.
Ýatlap kerwen deý göçjegim...

Aýdym aýdasym geldi...





Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Magnit / Goşgular - 25.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Senem gidäýdiň / Goşgular - 13.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Mähriban   [Материал]
Köp-köp sagboluň!

0
2 mango   [Материал]
Iň soňky setirdäki “Aýdym aýdasym geldi...”-ni ynamsyzja aýtdyň welin, aýdym aýtmaga höwesiň gaçana meňzeýär….
Has dogrusy aglap aýdym aýdasyň gelene meňzedi…
(‘aglajak, hiçiňem köşeşdirmäge geläýmäň” diýeniňem ýadymdadyr….)

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Megerem

Bagrym beren gara daglam
Mejnun bilen Leýli... (hakda)

Aýdym aýdasym geldi... (meň)

üç nokatlara derek okyjy sözleri ýerinde goýup okamalydyr. Bu ýörite edilen ýaly, awtoryň syrlyja tapmaçasy.
Aýdym aýtsaň, höwes bilen diňlejekdigimizi aýdasym gelýär Suraý mugallym!
Galamyň gitgir bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]