21:34
Aýdym
AÝDYM

Gijäñ çygly ýañagyna baş goýdum,
Hem ýatladym seniñ uzakdadygñy,
Juda, juda, juda uzakdadygñy,
El uzatsam, eliñ uzamajagny,
Seslenenim bilen eşitmejegñi,
Baş atanym bilen baş atmajagñy.
Gulagymda bolsa ýañlanýar hälem
Bilin ýazman geçen gündiziñ gowry.
Sen bilýärmiñ, bu ýerlere dolandy,
Zamçalaryñ dünýä ys berýän döwri.
Men saña köp zady aýdasym gelýär,
Diñleseñ, dymmasam dymar çakymda.
Meniñ saña gürrüñ beresim gelýär
Juda, juda, juda köp zat hakynda.
Meñ saña köp zady aýdasym gelýär,
Bilýän, şatlanarsyñ sözlerim diñläp.
Gijäñ çygly ýañagyna baş goýdum,
Göz ýumdum, düýşüme gireriñ diläp.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Arzuwlarmy gözleýärkam / Goşgular - 23.05.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Şahyr şygryň mazmunyny endigan akym bilen alyp barypdyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]