07:33
Aýdylmadyk aýdym
AÝDYLMADYK AÝDYM

Öler ýaly dutar çalasym gelýär,
Maňa dutarymy tapyp ber, dogan!
Ýok! Indi mundan soň Karkara bolman,
Ýöne...
Ýöne dutarymy tapyp ber, dogan!

Assaja çaljak geçip öýüň burçuna,
Wah... ýüregim daşdan däl-dä, görsene,
Halys syganok-da içim-içime,
Gazma dutarymy tapyp ber, dogan!

Perýadymy ol goşa tar aglasyn,
Çökder derdim her ötegçi aňmasyn,
Sabrym moýly käsesinden agmasyn
Gyzma dutarymy tapyp ber, dogan!

Heý,
Dogan,
göreňokmy çyn yhlasymy,
Gara dag eňrärdi diñläp ahymy,
Ahhh...
Ah,
menem...
menem
ile
çykyp
aýdym
aýtjak
däl
ahyry...
Jan Dogan!
Mähriban Dogan!
Eý, Doňňaradaş dogan!
gara dutarymy tapyp ber...
Şol bagtygara dutarymy...
Kakamyň äberen dutaryny
nirde ýygnan bolsaňam,
tapyp beräý-ä...
Dogan!..

Suraý BABANYÝAZOWA.




Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021



Всего комментариев: 9
-1
9 mango   [Материал]
gara dutarymy tapyp ber...
Şol bagtygara dutarymy...
----
gara gün, gara öý... ine-de (suraýdan ) gara dutar, hemem bagtygara dutar....
erkek sözler...
aýdylmadyk aýdymam aýdylaýdy öýdýän.
berekella.

2
2 Bagabat   [Материал]
Bilemok, belki özümiň bolup bilmänligim sebäpli, (nähili akmak eşidilýänem bolsa) akýürekli, tämiz bahyllyk bardyr. Ýöne, "şahyr" diýlende adatça, tolkun atyp duran, pessaýrak gaýly, gomlaryny eýläk-beýläk oklap-gapdy oýnaýan Mähnet Umman göz öňüme gelýär. Hamana, şol Umman - Şygryýet Ummanymyş. Şahyrlar bolsa, şol Ummanyň gomlaryny "eýerlän" serfingistler.
Umman çyrpynyp, äpet gomuny kenara tarap sürýär. Suw bilen Topragyň ebedilik gapma-garşylygynyň hatyrasynamy ýa-da başga bir, diňe özlerine aýan, özgelere güman sebäpdenmi, aýrylmaz hemrasy hem ganym garawuly Kenara hüjüm edýär. Şol pille-de serfing tagtasynyň üstünde ýüzin ýatyp, Kenardan tolkuny "tutmaga" gulaçlap ýüzüp barýan göwrä gözüň düşýär. Ummandyr Kenaryň, öz üstüne sürnüp gelýän äpet Tolkunyň ýanynda ojagaz göwre kindiwanja. Göwnüňe bolmasa, öz gursagynda Ummanyň ähli gazabynam, kuwwatynam jemläne çalym edýän Gom ony düýrläp holtumyna dykaga-da, ýuwdup, mynjyradyp, gark edip taşlaýarly görünýär. Emma, birdenkä ol gaýratly göwrejik tagtasynyň üstünde dikelip, örboýuna galýar-da, Tolkuny eýerleýär.
Astynda däli Umman.
Depesinde tükeniksiz Mawulyk.
Arkasynda Kenar.
Alnynda Gözýetim.
Gollaryny ganat deýin, giň gerýär-de, Tolkunyň badyna hem ugruna, tagtajygynyň üstünde leňňer atyp, haýsydyr bir näbelli alyslyga garşy myçyp barýar, uçup barýar...
Şol pursadam gözüňe şol tagtajykdyr, oň üstünde hallan atýan göwrejik äpet Tolkunyň däl-de, tersine şol Tolkun şol göwräň erkine tabynlykda, oň süren ugruna sürünýän ýaly bolýar.
Belki şeýledirem...

Indi, meň göz öňüme getirişimçe, bujagaz allegoriýaň manysy:
Ýaňam aýtdym, Umman - bu Şygryýet (Döredijilik);
Serfingist - Şahyr;
Serfing tagtasy - Şahyryň zehini, hyjuwy, yhlasy, zähmetsöýerligi;
Tolkun - Jemgyýetiň pikiri, duýgusy, aňy, kalby;
Kenar - Durmuş, ykbal;
Gözýetim - Şahyryň ynanjy, uýýan zatlary;
Mawulyk - elýetmez arzuw, ideal...

Indi, özi "Kenarda galyp" diňe "hakyky serfingistleri" gözigidijilik bilen synlamagy halaýan, Puşkin aýtmyş: "ol-bu zatlary eýdip-beýdip öwrenen" biri hökmünde, şu allegoriýany getirmek bilen diýjek bolan zadym:
Hakykatdanam "serfingist" bolup, şeýle "Tolkuny" "eýerlemek" bagtyna-da, ýüküne-de her bir söz sepleýän mynasyp bolup bilmeýär. Ýöne, şol däli Ummanyň Tolkunyny eýerläniňden soň başarsaň, ondan düşmejek bolmalymyka diýýän. Elbetde, "Tolkundan düşüp, täze Tolkunam eýerläp" bolar-la welin...

2
3 Hаwеrаn   [Материал]
Kyssa yazyp bilemok diyip, men size tämiz bahyllyk edeyin, şeyle gowy goşgulary yazyany ü.n sizem Suraya "bahyllyk" ediñ agam. ))
Dostlukly we biri-birine sepleşip gidyän şeyle bahylçylyklarymyzyñ höwri köp bolsun..

1
5 Bagabat   [Материал]
Hawa, @Haweran, dostana gatnaşyk etmegem (ol gaýybana bolsa-da, ýüzbe-ýüz bolsa-da), şu dünýäni ýakymly, gyzykly edýän esasy zatlaň biri.

0
Tolkun bar tolkun bar diýorsyñmy??:))

1
6 Bagabat   [Материал]
Diýjek bolanym-a: "eýerlenen Tolkundan" "düşmejek" bolmalydy.Ýöne, näme, her bir ýazylan zady her kim özüçe kabul edýär. Şoňa-da şükür. Hemme kişi birmeňzeş bolsa, gaty içgysgynç bolardy.

-1
Diyjek bolýanyña diydim menem. Şo bolyar da. Tolkun bar tolkun bar. Başga tolkuna münüp gark bolaýmasyn haw birden .

0
8 mango   [Материал]
bu ýazylanlar, suraýa "ak-bahylçylykmy" ýa başga bir ýazgy bilen berlen jogapmy?
gowy suratlandyrma.... gowy deňeşdirme....

0
1 Bilbil   [Материал]
Suraýjan! Dutar taparys çaljagyň dutar bolsa men tapyp bereýin.Sazy bile çalaly.

Goşgyňy welin haladym.Üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]