12:25
Aýdere
AÝDERE

Ümürler, dumanlar, lemmer bulutlar,
Dynjyn almak üçin çöküpdir ýere.
Şatlykdan-şowhundan zemin boluplar,
Garry-çal gaýalañ batypdyr dere,
Aýdere, Aýdere, gözel Aýdere!

Gaýalar gallapdyr deräñ degresin,
Öñ etegi daşly gujagyn gere.
Dileg etdim: "Nowruz gary degmesin,
Gaty ir patraklan bu eriklere",
Aýdere, Aýdere, gözel Aýdere!

Başy göge ýetjek, hozdur derekler,
Baky saýyl bakýar uzak bir ýere.
Uly ýürek kiçi göwün gerekdir,
Bu çäksiz söýgiñi kabul edere,
Aýdere, Aýdere, gözel Aýdere!

Bir şadyýan, bir perişan duýgy sen,
Säherki çyglaryñ nusgadyr zere.
Sen kabul edilen ajap söýgi sen,
Gör, haýsy ýürekden gaçdyñ bu ýere,
Aýdere, Aýdere, gözel Aýdere!

Ahmet GURBANNEPESOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 523 | Добавил: Нawеran | Теги: Ahmet Gurbannepesow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Durmuş sapaklary / Goşgular - 21.01.2022
Джульетта / Goşgular - 04.02.2022
Köňül pelsepesi / Goşgular - 01.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Biraz tagapyl et.. / Goşgular - 29.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]