09:39
Aýazbabaly günler
AÝAZBABALY GÜNLER

"Aýazbabaly“ gürrüňler hemişe-de gulaga ýakymly eşidilýär. Arkasy sowgat haltaly, eli hasaly hakyky Aýazbabany heniz "gördüm“ diýen tapylmasa-da, onuň arassa ýüreginiň, päk niýetiniň bardygy weli her kime-de aýan bolsa gerek. Çagalaryň gürrüňlerine salgylansak, ol Ýer togalagynyň demirgazyk tarapynda — aýazyň iň güýçli syraýan ýerinde ýaşaýarmyş. "Aýazbaba“ diýlip, at goýulmasy hem, megerem, şonuň üçindir.
Biz oňa, däp bolşy ýaly, her ýyl garaşmagy endik edipdiris. Näçe garaşdygymyzça, onuň geljekdigine bolan ynanç, umyt bizi ýyllarboýy terk edenok. Häzirem şeýle. Belki-de, ol bir gün geler...
Emma durmuşda hakyky Aýazbabalar ýaşanok. Ol hyýaly bir düşünje. Ýöne, şeýle-de bolsa, biziň aramyzda Aýazbaba meňzeş päk ýürekli, arassa kalply, ýagşy niýetli adamlaryň ýaşap ýörendigini hiç kim inkär edip bilmez.
„Olar kim?“ diýjeksiňiz. Durmuşda saňa bagtyýarlyk eçilýän, ruhy dünýäňe şatlyk-şowhun paýlaýan adamlar azmy näme?! Az däl. Olar seniň gözleriňe Aýazbabadan hem eziz bolup görner. Olar seniň bagtly bolmagyň, asuda, erkin ýaşamagyň üçin, gör, näçe göreşdiler, dyrjaşdylar. Biler bolsaňyz, olar biziň ömrümiziň hakyky „Aýazbabalary“ ahyry.
Eýsem-de, Täze ýylyň bosagasynda — Aýazbaba garaşylýan pursady bereketli saçagymyzy bezejek bolup, çyr-çytyr bolup ýören mähriban ejelerimiz Aýazbabadan nämesi kem?!
Her gezek gezelenje baranymyzda, öz pensiýa pulundan agtyk-çowluklaryna süýji-köke, kemput ýygşyryp goýýan mähriban ene-atalarymyz Aýazbabaça ýokmy?!
Täze ýylda Aýazbabanyň eşiklerini geýip, öý-ojagyna uly şatlyk-şowhun, gujak-gujak sowgat paýlap ýören kakalarymyz Aýazbabadan hem eziz dälmi?!
Hawa, durmuşda bizi hemişe söýüp gelýän, bizi apalap ýören ezizlerimiziň, mähriban ene-atalarymyzyň hiç biri-de şo-ol ak sakgally, eli hasaly Aýazbabalardan hiç hili kem ýeri ýok. Hakyky Aýazbabalar — biziň iň ýakyn adamlarymyz, ezizlerimiz.
Ynsan arzuwlaryna tükenme barmy?! Ol arzuw-islegler, umytlar, megerem, Aýazbabanyň goş haltasyna sygardan uly. Biz, köplenç, öz arzuw-isleglerimiz bilen gümra bolup ýörşümize, Aýazbabalaryň bizden näme isleg-arzuwlarynyň bardygy hakynda oýlanmaýarys. Olaryň bizden näme arzuwy bolup bilerkä?! Biziň aramyzda ýaşap ýören hakyky „Aýazbabalar“ bizden nämelere garaşýarka?!
Olar bizden ummasyz kän zada garaşmaýarlar. Olar bizden hemişe hoşamaý bolmagy, bir-birege sowgat berip, begendirmegi, hemişe güler ýüzli, hoş sözli bolmagy... isleýärler. Hawa, olar bizden kän zada garaşanok. Biz özümiz bilen birlikde, özgeleri-de begendir durmaly. Özgelere şatlyk, bagtyýarlyk eçilmegiň özi, gör, nähili şatlyk, bagtyýarlyk!
Durmuşda ýylyň ähli paslynda adamlara bagtyýarlyk eçilýän, olary täze günlere, täze umytlara atarýan hoş sözli, bagtyýar ynsanlar — bular durmuşyň hakyky Aýazbabalarydyr. Hawa, biz ol Aýazbabalardan näme kem ýerimiz bar?!
... Hawa, hakyky Aýazbabalar bar. Olary uzakdan gözläp oturmaly däl. Olar biziň özümiz, ýagşy häsiýetlerimiz we aýtjak hoş sözlerimizdir.

2014 ýyl

Goçmyrat Orazberdiýew





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 109 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 7
0
6 Mähriban   [Материал]
"Azaýbaba" diýýän çagajyklar, hatda "aýazyň babasynda-da" mähir görýän çagajyklar hemişe we hemişe ýylgyryp dursun! Dünýä ýüzi parahat bolsun! Adamlar dost-dogan bolsun!... Iň gowy arzuwlar!
Ömrüň uzak bolsun, Goçmyrat!

0
7 Edebiyatcy   [Материал]
Siziňem ömrüňiz uzagyndan bolsun Suraý mugallym

0
4 mango   [Материал]
… durmuşda hakyky Aýazbabalar ýaşanok.
... Hawa, hakyky Aýazbabalar bar.

Barmy, ýok? :-)
Ýöne: “bar. olam sen” bir diýäýme.
Men aýazbaba diýilýänä şübheli garaýanlaň biri; ol garry-aýaz garrap öläýjek ýaly welin, ýyllar boýy şo durşy. Hemen aýaz-mamasyny hiç haçan ýanyna almaýar. Kempirinden utanýamyka, ýa öldümikä?

0
5 Edebiyatcy   [Материал]
Ýylgyrtdyň agam

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Hak söz! Şu ýerde ene-atalara bir zat aýdasym gelýär. Öz iş tejribämden mysal getirmekçi. Men çagalar bagynda işleýän. Şol ýerdäki çagalaryñ Aýazbaba ynanyşyny garaşyşyny görmegiñ özem bir gyzykly. Her ýylam däp boýunça bir işdeşimiz Aýazbabañ eşigini geýip çagalara sowgat paýlar. Sowgadyñ puly öñünden ene-atalardan sorap alynýar.(terbiýeçiñ 25-30 sany çagañ sowgat puluny öz jübüsinden berip bilmejegine görä) Menem iki hepde dagy öñünden bu zatlary ene-atalara aýdýan. Şonda bir çagañ kakasyndan sowgat puluny soramda birgiden 100 manadyñ içinden goşmaly puly uzatdy. Ogluna seredip şeýle diýdi: "Oglum seret, sowgadyñ puluny kakañ berýändir, çagalar bagyndan sowgat berilendir öýtme".
Men ilki geñ galdym. Soñam zordan "Beýdip çagañ arzuwyny ýykmañ" diýmäge ýetişdim.
Diýjek bolýan zadym öz pes düşünjämiz bilen çagañ Aýazbaba bolan ynanjyny ýok etmäliñ. Çagañ sowgady Aýazbaba berdi diýip begeneni nämä degenok?!

0
2 Edebiyatcy   [Материал]
Minnetdar Nurdan! Nurly kalbyňyzyň şöhlesi ýörejek ýollaryňyza nur bolsun!

0
1 Nurdan   [Материал]
Ýagşy niýetlerñiz, ak arzuwlaryñyz, owadan duýgylaryñyz üçin Sizi Alla ýalkasyn!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]