21:31
Aýazbaba sowgady / gülküli kyssa
AÝAZBABA SOWGADY

Täze ýylyñ öñýanyndaky günleriñ birinde çagalarymy yzyma tirkäp, şäherimiziñ merkezi meýdançasyna bardym. Ol ýerdäki bezelen arçanyñ ýanynda duran Aýazbabanyñ ýanyna baranynyzda ol:
- Çagalar, haýsyñyz maña goşgy aýdyp berseñiz gowuja sowgat berjek - diýdi.
Çagalar bagyna gatnap ýören çagalarda goşgy gytmy, ulujalarymyñ hersi ur-tut bir goşgyny aýdyp berdi-de, sowgatlaryny aldylar. Olaryñ sowgatlaryna gözi giden üç ýaşlyja körpämem düşüniler-düşünilmez bir zatlary samyrdap, oýunjak maşyn edindi. Şondan soñ ol öýe her gelene şol oýunjagyny görkezip, nädip alşyny gürrüñ berip begenýärdi.
Ýene bir günem "Çagalaryñ özlerine geýdirip, zerur eşiklerini alaly" diýip, aýalym bilen çagalarymyzy tirkäp, jygyllyk bazaryna gitdik. Aljak zatlarymyzy alyp, "Indi bir bazardan çykaly" diýip, ellerinden tutup, mähelläniñ içinden ýol açyp barşymyza körpäm: "Kaka, ine" diýdi-de, elimden sypyp, yza galdy. Säginip, yzymyza seretsek, ol bir jowur ak sakgally, silkme telpekli, tüýlek içmegiñ üstünden agar çäkmen geýinen, egni ak mata torbaly ýaşulynyñ synyndan tutup:
- Baba, goşgy aýdyp bereýin - diýip, goýbermän dur.
Ol-da:
- Balam, maña goşgy gerek däl, tizräk ýoldaşlarymy tapmak gerek - diýip, töweregine ýaltaklaýar.
Onda-da oglum onuñ synyny sypdyrarly däl. Şol bir sözlerini gaýtalaýar. Men baryp, "Ýör, oglum, gideli" diýsemem:
- Men Aýazbaba täze öwrenen goşgymy aýdyp berip, sowgat aljak - diýip, aglamjyraýar. Nämäniñ nämedigine göz ýetiremsoñ, ol ýaşula:
- Again, birsalym şunuñ goşgusyny diñle - diýip, haýyş edip, biraz gapdala sowlup, çaga oýunjaklaryny satýan söwdagärden bir sowgatjyk alaga-da, ogluna duýdurman:
- Şuny ogluma berseñ bolany - diýip, ýaşulynyñ eline tutdurdym.
O-da ýagdaýa düşünip, oglumyñ jedirdäp aýdan goşgusyna düşünmese-de:
- Berekella, oglum! - diýip, başyny sypalap, sowgady eline tutdurdy.
Sowgady alan oglum ýyrş-ýyrş edip, yzyma düşdi.

Nurberdi DÄDEBAÝEW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 82 | Добавил: Haweran | Теги: Nurberdi Dädebaýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]