15:47
Aýazbaba hat / hekaýa
AÝAZBABA HAT

4-nji dekabr.
Guşluk.
Öýde ýeke özi.
Çagalar toýda.
Öýüň waý-faýynyň üsti bilen internete seplenen smartfonyň ekranynda, bu günki täzelikleň anonsy yzba-yz peýda bolýar.
Asyl, gör-ä muny!
Şunça ýaşasa-da bilmändirem.
Bu gün – dünýäň köp ýurtlarynda Aýazbaba hat ýazylýan gün eken-ä.
Ýa, şu güne çenli dogup-döräp edip görmedik zadyny gaýryp, şo sakgallyja, şadyýan baba ömründe bir gezegem bolsa, birki agyzjyk birzatjyklar çyrşaşdyryp göräýsemikä?!
Ol penjiräň aýnasyndan, düşnüksiz, sebäpsiz tukatlyk bilen özüne garaýan öz keşbine nazar oklady.
45 ýaş.
Tapawudy ýok, günüň haýsy pursady seredäý!
Mugtuna dünýeden doýup ýörmeli...
Öňem-ä adam pahyr-da çaşyp ýatan höwes ýok weli, bolanjasynam şu şekile gözüň düşdügi, öldürip taşlaýa...
“Şü bar-a, haçan görseň, senem, gyssagly bir ýere gitmeli bolup durkaň, maşynyň döwlüp, bejertmäge-de puluňam, tanyş ussaňam ýok ýaly-how! Mydama ýüzüňe osurylan ýaly, kürşerlip ýöň!” diýip, aýnadan bäriligine özüni siňňitli synlaýan, çalasudur şekile içinden hüňürdedi.
Soňra näme etjegini bilmeýän ýaly, has dogrusy, hakykatdanam nämä güýmenjegini bilmän, görmeýän gözlerini penjireden daşaryk dikip, birsellem oýurganyp durdy.
Birdenem ýüzi ýagtyldy.
Dogrudanam-aý, nä, ýitirýän zady bamy diýsene?!
Ýazaly-laý.
Kakras, daşyňda jagyl-jugul, päsgel berjek çagalaram ýok.
Atam döwründen bäri ibaly ulanylmansoň ruçka-kagyzdanam el çykypdyr. Kompuň başyna geçdi-de, işletdi. “Word” diýilýän närsede täze faýl döredip, adyna “Aýazbaba hat” diýdi. Soňam, bissimylla, şüweleňli başlady:
“Essalawmaleýkim, hormatly Aýazbaba!”...
Şu jümläni ýazdam-da, kürtdürdi.
Beh!
Şu ýaşyňda oňa näme diýip ýazjag-aý?!
Has dogrusy, näme diýip ýazsaň, uslyp bolar?!
Ol kürsüsinde arkan gaýyşdy-da, iňkise gitdi.
Ýeri, oglanjyk döwrüňdäki ýaly: “oýnawaç güjüjek ýa tüpeň, ýa-da iýip-iýip burnuňdan gelýänçä ýeterlik mandarin iber” diýjekmi?!
Aýazbabasyzam, kakaň pahyr çagakaň nijeme gezek döwseňem o zatlaň täzesini alyp bermekden irmän gezipdi-le...
Bu pikir kellesine gelen dessine, biygtyýar ýüzi ýagtyldy. Erni öz-özünden gyşaryp, ýylgyrdy. Röwşen ýatlamalar, misli şu wagt bolup geçýän dek, alnynda janlandy.
Ejesi-kakasy, doganlary bilen üýşüp Täze ýyl belleýişleri...
Öýüň künjegindäki emeli arça asylan çüýşe jäjekleň, ýasama gyrawyň, zerli zolaklaň çyraň ýagtysyna ýylpyldysy...
Äpet hamyr jam doldurylyp ortarada goýlan mandariniň daşyna siňek üýşen ýaly üýşüşleri, jam münder bolsa-da sap-sary mandarinleri, “saňa ýetdi maňa ýetmedi” ala-wagyrdy bolşup iýişleri, iýip-iýip aşa düşere ýakyn bolsa-da özüniň ondan mähriniň ganmaýşy...
Ýaş, owadan ejesi...
Şo wagtlar gözüne pilmahmytdanam daýaw bolup görünýän kakasy...
Soň, asyl görüp otursa, boýy munuň özüniňkidenem pesräk ekeni...
...Bokurdagy doldy.
Ümezlän gözüni gyrpanda bolsa, kakasynyň keşbem, bigam döwrüň süýji sahnalaram zym-zyýat boldy.
Ol, şu pursat kakasyny şeýlebir göresiniň gelýändigini syzdy. Şeýlebir göresi gelýär welin, edil ýöne, ýüreginiň ýagy üzülip gelýä...
Asla, diňe şu gün, şu pille däl, otuz ýyl bäri şeýle. On bäş ýaşly jahylka onuň tabydynyň bir tarapynda ýere siňäýjek bolup, ýegşerilip barşyna, ony öwlüýä äkidip, depin edip gaýdanlary bäri, ony göresiniň gelmedik, ony göresiniň gelip ölüp barmadyk ýekeje günem ýok...
Pyt, pyt...
Ol gözünden damyp stola gaçan damjalary, göýä kimdir biriniň görmeginden çekinýän dek, hasyr-husur süpürişdirdi. Soňam hasanaklap turup, hammama ýüzlendi. Ýüzüni ýuwdy. Sümgürindi. Köşeşdi. Yzyna dolandy.
Klawişaň süýnmek “probel” düwmesine basyp, ekrany ýagtyltdy. Ak sahypada garalyp duran ýalňyz setire tiňkesini dikdi:
“Ýeri, näme diýip ýazjak?!
Iň küýsegli ýürek düwnüni çözeýin diýsä-hä: “Aýazbaba aga, kakama birki agyz bir zatjyk ýazaýyn welin, şonymy şoňa ýetirip berip bilmersiňmi?” diýip soramaly.
Oňam oň elinden geljek zat däldigi köre hasa.
Bolýa.
Bar, şo isleýäni Aýazbabaň elinden geläýenem eken-dä.
Kakaňa näme diýjek?
Suwjaryşma diýilýän zad-a, pahyr, aýatdaka-da ýekinde ýigrenerdi. Ind-ä asylam, dirilikdäki gyzmalygy üýtgemedik bolsa-ha, eşitdigi, has dogrusy okadygy ýeňsedamary taýaga döner.
"Onna: “Kaka, ýagdaýlaň gowumy, gerek-ýarak nämäň ba?! Ibermeli-goýmaly zat bolsa, habar etseň-ä, ine şumat, Aýazbaba agaň tagallasy bilen elinjek gowşurar ýaly ýagdaý tapylandyr. Habarly bolaý şunnan...” diýip ýazjakmy?”...
Ol öz pikirine ajy teýene bilen ernini gyşartdy:
“Ol-a gülkünç bolar.
Ýa-da neme diýermiň: “Kaka, ulyma adyňy dakdym. Saňa meňzäp dur özem. Her gezek ony assyrynlyk bilen ine-gana synlaýanam weli...””...
Pyt, pyt...
Ýene-de bozuldy.
Ýöne bu gezek turup gitmedi. Arkan gaýyşdy-da, gözlerini pugta ýumup, tä rahatlanýança, birsalym oturdy. Şol oturyşyna-da, kellesinde müň pikir aýlandy, müň ýatlama galkdy.
Ýekelikde, edere iş tapman, öz-özi bilen oýun etme diýip başlan pişesi, edil suwa daş atylandaky deýin, soňky wagtlar lapykeçlik basmarlap, kereplän batga çalym edýän göwnüni gozgalaňa saldy.
Kakasyndan başlanan hakyda tolkuny zarbygyp, on ýyl mundan ozal amanadyny tabşyran ejesi görgüli bilen bagly ýatlamalaň mekan tutan kenaryna uruldy.
Soň özüniň ýitiren dostlary ýadyna düşdi.
Soň özüni ýitiren dostlary...
Eden işlerem kalbynyň haýsydyr bir jümmüşinden müňzeşip çykdylar.
Belki, iň bolmanda öz-özüniň öňünde bolsa-da, özüne halys zabun çemeleşmäge endik edip gidenligi sebäplidir, göwnüne bolmasa olaňam gowusyndan erbedi agdyk ýaly...
Eý-a Allam, belki göwnüne bolsun-da...
Edilen işler hakdaky ýatlamalardyr, yzalaň heniz aýak yzy solup ýetişmänkä-de, edilmedik işlerem bir ýerden gyjalatly garanjaklaşyp geldiler.
Magat bilýä, bularyň arasynda-ha, etmäniňe begener ýaly, ýekeje-de ýamany ýok bolmaly...
Soňam oň aňynda, hakydasynda geçmişiň ajy-süýji, gowy-erbet günleri, pursatlary, oý-pikirleri, niýetleri, arzuwlary hakda göwnüne tagma bolup galan ýatlamalar şol emele geldiler durdylar, emele geldiler durdylar...
Şeýdip, gözüni bir nokada dikip esli oturandan soň, ol dikelip, jaýlaşykly oturdy-da, klawişany öňüne çekdi. Onuň bolşy, “oýun” diýip başlan işini nädip dowam etjekdigi hakda dynnym ýaly kelle agyrtmasa-da, öz etmekçi bolýan zadynyň üstünde kän kelle döwüp, indem anyk netijä gelen adama çalym etdi.
Ol ilkinji jümlesiniň aşagyna: “Eziz Allam hemmämize sabyr-kanagat berewersin! Özüniňem bize sabyr-kanagat edýänine tükeniksiz alkyşlar bolsun! Galan zadyň bir zady bolar-la, hormatly Aýazbaba! Şeýle dämi?!” diýip ýazdy.
Soňra, şojagaz keltejik hatyny printerden çykardy.
Gyssanman, ony epleşdirip-büküşdirip, uçarjyk ýasady.
Daşaryk çykybam, Aýazbaba hat ýazylan kagyzdan uçarjygy al-asmana uçuryp goýberdi...





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 151 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gelinkömelek / hekaýa - 10.01.2022
Absurd dialog / hekaýa - 11.01.2022
Gurjak teatrynda bolan waka / hekaýa - 22.01.2022
Mürepbe / hekaýa - 24.01.2022
“Brawo, maestro!” / hekaýa - 22.01.2022
Gülgün jorap / hekaýa - 11.01.2022
Женитьба лейтенанта / рассказ - 02.01.2022
Mukaddeslik hakynda bir kyssa / hekaýa - 24.01.2022
Janköýerler / hekaýa - 22.01.2022
Zalym ykbal / bolan waka - 17.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Bagabat   [Материал]
Hemmäňizi Alla ýalkasyn. Okaýanyňyza minnetdar.

0
4 Bilbil   [Материал]
“Eziz Allam hemmämize sabyr-kanagat berewersin! Özüniňem bize sabyr-kanagat edýänine tükeniksiz alkyşlar bolsun! Galan zadyň bir zady bolar-la, hormatly Aýazbaba! Şeýle dämi?!"

Aýazbaba ýazylan gowy hat. Üstünlikler hemişe hemraňyz bolsun, Serdar aga!

0
3 Nurdan   [Материал]
"Şo wagtlar gözüne pilmahmytdanam daýaw bolup görünýän kakasy...
Bokurdagy doldy..".... Meñem..

“Eziz Allam hemmämize sabyr-kanagat berewersin! Özüniňem bize sabyr-kanagat edýänine tükeniksiz alkyşlar bolsun!"
Amin!

Ömrüñiz uzak bolsun, Agam!

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Gowy hekaýa bolupdyr. @Bagabat, täze ýylda ojagyñyz abat, kalbynyz kanagatly, gadamyñyz batly bolsun!

0
1 Mähriban   [Материал]
Soň özüniň ýitiren dostlary ýadyna düşdi.
Soň özüni ýitiren dostlary...

Köp sag boluň, Serdar aga! Diýseň gowy. Üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]