05:47
Aýalyñ ýaradylyşynda henize çenli nämälimligine galan syrlar
AÝALYÑ ÝARADYLYŞYNDA HENIZE ÇENLI NÄMÄLIMLIGINE GALAN SYRLAR

(Ýa-da "aýal erkegiñ çep gapyrgasyndan ýaradylanmyş" diýen ýalñyş düşünje hakynda giñişleýin pikir ýöretme)

Aýal-gyzlaryñ erkegiñ gapyrga süñkünden ýaradylandygy hakdaky giñden ýaýran düşünje düýbünden ýalñyş düşünjedir. Aýaly egri gapyrga süñkünden ýaradylan saýmak, onuñ erkekden pesde görülmegine sebäp bolýar.
Giñden ýaýran ynanja görä aýal erkegiñ gapyrga süñkünden ýaradylanmyş. Töwratda agzalýan bu jümläni bize Hudaýyñ ilçisiniñ adyna ýöñkäp ýetirýärlär. Töwratda şeýle sözler bar: "Reb Adama uky berdi. Adam uklanda Reb onuñ gapyrga süñkünden birini alyp, ýerini et bilen doldurdy.
Adamdan alan gapyrga süñkünden bir zenan ýaradyp, ony Adama getirdi. Adam "Ine, meniñ süñkümden alynan süñk, etimden alynan et" diýdi. "Oña aýal diýiler, çünki ol adamdan alyndy." ("Ýaradylyş" 1/21-23)

◇ "Bir nepesden ýaratdy"

Ebu Hureýreden rowaýat edilýän bir hadysda şeýle diýilýär: "Allanyñ ilçisi (s.a.w) şeýle diýdi: "Aýallaryñyzyñ öñündäki borjuñyzy ýerine ýetiriñ, çünki aýal gapyrga süñkünden ýaradylandyr. Gapyrganyñ iñ egri ýeri onuñ ýokarsydyr. Ony göneltjek bolsañ, döwersiñ, degmeseñem egriligine galar. Siz aýallaryñyzyñ öñündäki borjuñyzy berjaý ediñ." (Müslim, Rada 60- 1468).
Kuran Töwrady tassyklaýar, emma onuñ tassyklamalary Töwratda-da bar bolan Kuran aýatlary bilen çäklenýär. Kuranda erkek bilen aýalyñ bir zatdan ýaradylandygy üçin Ebu Hureýräniñ adyndan aýdylýan sözi Allanyñ ilçisine (s.a.w) degişli edip bolmaz. Allatagala şeýle diýipdir:
"Eý ynsanlar, Rebbiñizden çekiniñ, ol sizi (atañyzy) ýeke-täk demden ýaratdy. Ýanýoldaşyny-da şol demden ýaratdy we şol iki kişiden birnäçe erkek we aýaly ýeriñ ýüzüne ýaýdy.” ("Nisa" süresi, 4/1)

◇ "Aýallar siziñ ekin meýdanyñyzdyr"

Şu aýat Adam atanyñ ýaradylan nebsiniñ nämedigini görkezýär:
"Biz ol ynsany nutfetun emşajdan ýaratdyk..." ("Ynsan" süresi, 76/1-2)
Nutfetun emşaj - üç ýa-da has köp sanly gatyşykly suwuklyk, ýagny, tohumlandyrylan ýumurtga diýmekligi añladýar.
“Ol ynsany" diýip, terjime eden "el-ynsan" sözüni "ähli ynsanlary" diýibem terjime etmek mümkin. Eger şeýle bolsa, Adam ata we onuñ ýanýoldaşy beýleki adamlar ýaly tohumlandyrylan ýumurtgadan ýaradylypdyr. Birem şeýle diýilýär:
"Ynsany palçykdan bolan bir özenden ýaratdyk. Soñ ony güýçli we täsirli ýerde tohumlandyrylan ýumurtga halyna getirdik" ("Müminun" süresi, 23/12-13).
Adamyñ ähli iýmiti palçykdan, ýagny suw bilen topragyñ birleşmesinden döreýändigi üçin ýumurtga bilen spermanyñ çeşmesi-de palçykdyr. Enäniñ ýatgysy tohumyñ ekilýän meýdany ýalydyr. Bir aýatda şeýle diýilýär: "Aýallaryñyzyñ siziñ üçin ekin meýdanydyr" ("Bakara" süresi, 2/223).
Şonuñ üçin adamyñ ösüp ýetişmegi ösümligiñ ösüp ýetişmegine meñzedilipdir. "Alla sizi ýerden ösümlik ýaly ýetişdirdi." ("Nuh" süresi, 71/17)
Isa pygamberiñ (a.s) ýaradylyşam Adam ata bilen How enäniñ ýaradylyşyna meñzedilipdir.
"Gürrüñsiz, Isanyñ mysaly Allanyñ gatynda Adamyñ mysaly ýalydyr. Adamy toprakdan ýaradyp, soñ oña "Bol!" diýdi, boldy." ("Aly Ymran" süresi, 3/59)

◇ "Oña ruhumyzdan üfläpdik"

Aýatlara üns berip oýlanañda, Merýemiñ ýatgysynyñam toprak deýin hem ene, hem ata wezipesini ýerine ýetirendigine düşünse bolýar. "Mährem ýerini goran Merýeme ruhumuzdan üfledik, ony we ogluny älemlere nusga etdik" (Enbiya 21/91).
“Mährem ýerini goran Ymranyñ gyzy Merýemem mysaldyr. Oña ruhumyzdan üfläpdik." ("Tahrim" süresi, 66/12).
Biziñ dilimizde sözler erkek (мужской род) we aýal (женский род) sypatlandyrmalara bölünmändigi üçin bu aýatlary dogry terjime etmek kyn. Birinji aýatda Merýeme zenan sypatlandyrmada, ikinjisinde erkek sypatlandyrmada yşarat edilipdir. Bu bolsa, Merýemiñ ýatgysynda ýumurtga we sperma işläp çykarma aýratynlygynyñ bolandygyny görkezýär. Isanyñ (a.s) ýaradylyşy Adamyñka meñzedilýändigi üçin Adamyñ ýaradylan topragynda-da şu iki aýratynlyk bolaýmaly. Ýagny, Adam toprakdan gelen ýumurtga bilen spermanyñ birleşmeginden dörän tohumlandyrylan ýumurtgadan ýaradylypdyr. How ene hem şol bir zatdan ýaradylypdyr. Şunça jikme-jiklige girmegimiziñ sebäbi-de, zenanyñ ýaradylyşy babatda dogry maglumatlary tapmakdyr. Aýaly egri gapyrga süñkünden ýaradylan saýmagyñ özi, onuñ erkekden pes hasaplanmagyna sebäp bolýar.

◇ KURANDAN SORALYÑ

Ilkinji adam oruntutary bolan barlyk hökmünde ýaradylypdyr. Ýagny, özünden soñ gelen kişi onuñ zatlaryny eýelejek bolup ylgaýar. Allatagala şeýle diýipdir:
"Bir gün Rebbiñ perişdelere: "Ýer ýüzünde oruntutary bolan bir barlygy ýaratjak diýdi.
Perişdeler: "Ol ýerde tebigaty bozjak we gan dökjek kimseleri ýaratjak bolýarsyñyzmy?" Emma Sen gowusyny edersiñ, saña durkumyz bilen boýun egýänimizem şunuñ üçin. Iñ arassasyny etmek Seniñ işiñ" diýdiler. Olam: "Men siziñ bilmeýänleriñizi bilýärin" diýdi. ("Bakara" süresi, 2.30)
Oruntutar sözi bärde "ismi-meful", ýagny oruntutary bolan barlyk manysyny berýär. Çünki Alla bu sözi aýdanda eýýäm Adam ata bilen How ene bar bolmaly. Adam atanyñ añyna gerekli ylym-bilimler salyndy. Onuñ perişdelerden has ylymlydygy belli bolansoñ, oña sežde etmek buýruldy. Adam ata bilen How ene hiç kimiñ oruntutary däldiler. Olardan soñra geljekler olaryñ oruntutary bolmalydy. Şeýle bolansoñ, olardan soñ geljekler olarda bar zada eýe bolmaga jan etmeli, şeýdibem gapma-garşylyklar, oñşuksyzlyklar ýüze çykmalydy.

◇ Perişdeleriñ bilmeýäni

Allatagala perişdelere "Ýer ýüzünde oruntutary bolan barlyk döredýärin" diýende perişdeler haýwanat dünýäsini ýatlaryna salan bolmaly. Meselem, ketekde towuklar biri-birleriniñ oruntutary däl. Şonuñ üçin olaryñ arasynda dawa-da bolmaýar, jenjelde. Emma horazlaryñ arasynda wezipe we derejäniñ üstünde göreş bolýandygy üçin iki horaz bir ketege sygyşmaýar. Biri beýlekisini ýa öldürýär, ýa-da ketekden çykar ýaly edýär. Perişdeler adamlaryñ arasyndaky agalyk sürmegiñ ugrundaky göreşe aýallaryñam goşuljagyny bilip, şobada şu garşylygy beripdirler:
"Ol ýerde tebigaty bozjak we gan dökjek kimseleri ýaratjak bolýarsyñyzmy?" Emma Sen gowusyny edersiñ, saña durkumyz bilen boýun egýänimizem şunuñ üçin. Iñ arassasyny etmek Seniñ işiñ."
Allatagala adamyñ daş-töweregini bozmajagyna, gan dökmejegine kepil geçmedi. Çünki adamlar, eger haýwanlar ýaly özüni alyp barsa, şolar bilenem deñeşdirip bolmajak derejede pese düşerler, howply bolarlar. Emma perişdeleriñ bilmeýän bir zadynyñ bardygy üçin Allatagala "Men siziñ bilmeýänleriñizi bilýärin" diýdi.
(Allatagala) Adam ata atlaryñ barsyny öwretdi, soñra olary perişdelere görkezdi. "Dogry bolsañyz, maña şularyñ atlaryny habar beriñ" diýdi.

◇ "Bu ýaryşda gan dökülmeli däl"

At - bir zady bilmäge we añda janlandyrmaga ýaraýar. Şeýdibem şol zadyñ nämedigi belli bolýar.
"Alla Adama ol atlaryñ barsyny öwretdi" aýatyndaky görkezýän sypatlandyrma akylsyz barlyklar üçin bolan "ha" bolan ýagdaýynda "...soñra olary perişdelere görkezdi" aýatyndaky sypatlandyrma akylly barlyklary görkezýän "hum"-dyr. Bu bolsa perişdeleriñ akylsyz barlyklar hökmünde görýän zadynda akylly barlyklara ýaraýan bir bilimiñ bardygyny görkezýär. Perişdelere görkezilen başga bir zadam adamzadyñ ol bilimleri ulanyp biljek ukybynyñ bardygydy. Diýmek, perişdeleriñ bilmeýäni - bilim we medeniýet ýaryşyna öwrülmeli oruntutarlyk göreşidi. Bilimdäki we medeniýetdäki ýaryş - iñ gowusyna we iñ ajabyna ýetmek ugrundaky ýaryşdyr. Bu ýaryşda gan dökülmeýär, bäsdeşleriñ ýaşamagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garşydaşlar nähili güýçli bolsa, üstünligem şonça ýokary bolýar. Emma oruntutarlyk etmekde, ýagny agalyk etme göreşinde haýwanlar ýaly bolunsa, gan akar. Göreşiñ beýle karamlyga ýüz urmazlygy üçinem kanunlar, asudalygy goraýan güýçler, kazyýetler döräpdir.

Abdulazyz BAÝYNDYR.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 203 | Добавил: Haweran | Теги: Abdulazyz Baýyndyr | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Perо   [Материал]
Bee,bu terjimeler jedelliräk-le. Hany nebis ýa jandanlygy düşnükli,jedelli ýeri ýanýoldaşyny hem şol nebisden(jandan) ýaratdymy ýa-da adamdan ýanýoldaşyny ýaratdymy? Gurhanyñ orginalyny okap bilýän kitapçylardan haýyş edýän,yokarky sowal barada pikirleriñizi paýlaşaýyñ!

Mango,4 dilde-de goýup oñaraýypsyñyz,Tañryýalkasyn!

0
4 mango   [Материал]
Türkmençe edilen ýerini tapdym. Ine:
1. Eý, ynsanlar! Sizi ýeke-täk bir jandan (Adam atadan) ýaradan, ondan hem aýalyny (How eneden) ýaradyp, ol ikisinden bolsa, ençeme erkekleri we aýallary köpelden Perwerdigäriňize garşy çykmakdan saklanyň!

0
3 mango   [Материал]
"Eý ynsanlar, Rebbiñizden çekiniñ, ol sizi (atañyzy) ýeke-täk demden ýaratdy. Ýanýoldaşyny-da şol demden ýaratdy we şol iki kişiden birnäçe erkek we aýaly ýeriñ ýüzüne ýaýdy.” ("Nisa" süresi, 4/1)

Nefs” diýen sözi “nepes” bilen bulaşdyryp onam “dem” diýip alypsyňyz öýdýän.
Kommentariýa edip durman ol aýatyň arapçadaky okalyşyny, türkçesini we rusçasyny deňeşdirmek üçin goýýan. Terjimede seresap bolmaly, esasanam Kuran meselesinde.

Yâ eyyuhen nâsuttekû rabbekumullezî halakakum min nefsin vâhidetin ve halaka minhâ zevcehâ ve besse minhumâ ricâlen kesîran ve nisâe(nisâen), vettekûllâhellezî tesâelûne bihî, vel erhâm(erhâme) innellâhe kâne aleykum rakîbâ(rakîben).

Ey insanlar! Sizi bir tek nefisten yaratan ve ondan da eşini yaratan, ikisinden birçok erkek ve kadın üretip yayan rabbinize itaatsizlikten sakının.

О люди! Бойтесь вашего Господа, Который сотворил вас из одного человека, сотворил из него пару ему и расселил много мужчин и женщин, произошедших от них обоих.

0
2 Perо   [Материал]
Terjime üçin minnetdar! Şu temada ýazylan makalalara ýene-de garaşýas.

0
1 Jeksparro   [Материал]
Gyzykly makala...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]