00:17
Aýal
AÝAL

Durmuş däl hakykat,
Hakykat hyýal.
Onda ähli zadyñ öz ölçegi bar.
Dünýäni ýüregne sygdyrýan Aýal,
Oñ üçin bir ykbal, bir täleý hem dar.

Sygýar ol ýüregne gyzyñ, ogulyñ,
Çekýär tutuş syrgynynyñ derdini.
Ýalñyşýar ol Aýal bolup dogulyp,
Bilmeýşi dek şaha urup şertini.

Bir gapyda gözýaş dökdi.
Jowrandy.
Ýanyp duran oda öwrüldi! Ne hal!
Täzeden döreýär, dünýä açylýar,
Ýene-de ýaşaýar, ýylgyrýar Aýal!

Ýalñyşýar, aldanýar,
ýene ynanýar.
Näçe gezek ynamyna boguldy.
Emma ol hiç zeýrenmeýär ykbaldan
Sebäbi ol Aýal bolup doguldy.

Gülbahar GURBANOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Gülbahar Gurbanowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Unutma / Goşgular - 30.05.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 1
1
1 mango   [Материал]
Ýalñyşýar ol Aýal bolup dogulyp,
saýlap bolunýan ýerde ýalňyşmak bar.
emma, dogulmakda nädip ýalňyşjak?
haýsy maşgalada doguljagymyzy we jynsymyzy belli etmegi bizden soramaýarlar.
üstünlikler, Gülbahar hanym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]