05:22
Aýak yz
AÝAK YZ

(degişme äheňinde)

Ýagynly gün goşa tuduň ýanynda,
Melul bolup şirin sözler aýdypdyň.
Sözleriňe teşne bolup guwansam,
Kä şadyýan, kä öýkeli gaýdypdyň.

Öýkeleme, bälçikligme şol agşam,
Birhili howlugýan suwsan goýun deý.
Garaşýan geleňok tut aşagyna,
Gel diýsem maňa çyn saňa oýun deý.

Şol gidişiň gidiş boldy näzenin,
Meni ýalňyz goýjagyňy aýtmansyň.
Ýadygärlik galdy senden ýeke zat,
Aýak yzlaryňy alyp gaýtmansyň.

Ondan bäri niçe ýyllar geçsede
Pozulanok aýak yzlaň dur heniz.
Ýene näçe günler saklap bilerkäm
Üstüne taňňyry düňderip hergiz.

Çaňly DAWUTGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Bilbil | Теги: Çaňly Dawutgulyýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Bolar / Goşgular - 19.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Mahremlik   [Материал]
Ayak yzlaryny alyp gitmansin diyyan bolsa diymek sol gyzyn gicen yollaryna garap sony yatlayan bolmaly barde senli yatlamalary alyp gitmansin diymek isledimika diyyan ya yalnysmyka yalnys bolsa bagyslan

0
2 Mahremlik   [Материал]
gowy gosgy minnetdar kop kop gosgularnyzyn howri kop bolsun

0
1 mango   [Материал]
Ýadygärlik galdy senden ýeke zat,
Aýak yzlaryňy alyp gaýtmansyň.

Aýak yzlary… gyzykly ýalam welin….
“Aýak yzlaryňy alyp gaýtmansyň”… näme aýak yzlary alybam gaýdylýamy?
“alyp gaýtmadyk” däl-de “goýup giden aýak yzlaryň” ýalyrak bolmalymyka?
Bilemok…

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]