10:33
Aýak ýalňyşlygy...
AÝAK ÝALŇYŞLYGY...

Awstriýada, Linds şäheriniň kazyýeti, säwlik bilen hassanyň çep aýagyna derek sag aýagyny kesip aýran (amputirlän) hirurg hanyma 2700 ýewro möçberinde jerime salypdyr. Hirurg hanymyň säwlik goýberendigi diňe ol operasiýany geçirenden soň iki gün yz ýany bilnipdir.
Kazyýet mejlisi geçirilmänkä aradan çykan 82 ýaşly syrkawyň dul aýalynyň haýryna-da günäkär tarapdan, kazyýet 5000 ýewro möçberinde öweztölegini tutup almaly edipdir.
AFR habarlar agentliginiň beýannamasyna görä, 82 ýaşly erkek kişi (onuň ady we säwlige ýol beren hirurg hanymyň ady aýan edilmeýär), şu ýylyň maýynda Fraýştadt şäheriniň hassahanasyna ýerleşdirilipdir. Onuň çep aýagy kesilip aýrylmaga degişli ekeni. Emma, hirurg näme üçindir syrkawyň sag aýagyna bellik edipdir we operasiýany şowly geçiripdir.
Bu säwlik operasiýadan iki gün soň, hassaň ýarasynyň sargysy çalşylanda ýüze çykypdyr. Şonda syrkawa keseliniň möwjemeginiň öňüni almak üçin onuň beýleki aýagynam kesip aýyrmaly boljakdygyny habar beripdirler.
Şonda, hassahanaň ýolbaşçylary bu hadysaň: “amatsyz ýagdaýlaryň akymy zerarly emele gelendigini” habar beripdirler. Baş lukman bolsa syrkawdan jemagat öňünde ötünç sorapdyr.
Kazyýet seljerişinde hirurg hanymdan näme sebäpden onuň o däl-de beýleki aýagy, ýagny syrkawyň kesilip aýrylmaga degişli çep aýagynyň deregine sag aýagyny belländigini soranlarynda, ol: “bilemok” diýip jogap beripdir.
Şondan soň hirurg hanymy başga hassahana işe geçiripdirler, kazyýetiň bellän jerimesiniň bolsa ýarysyny töläp, galan ýarysyny tölemegiň möhletini yza süýşüripdirler. Ondan başga-da wakaň ýüze çykan hassahanasy, bolan ýagdaýdan oňyn netije çykaryp, hemme kemçilikleriň aradan aýrylandygyny yglan edipdir.
Lukmançylyk tejribesinde munuň ýaly wakaň, 1995-nji ýylda, amerikaly hirurg tarapyndan ýol berlen ýalňyşlyk sebäpli bolup geçendigi internet çeşmesinde habar berilýär. Şol wakada süýji keselli syrkawyň o däl-de beýleki aýagyny kesip aýyrýandygyny hirurg operasiýa geçirip duran wagty bilipdir. Emma, oňa çenli syrkawyň hemme dokumalarynyň we saçuzyn damarlarynyň kesilendigi sebäpli, şol operasiýanam ahyryna çenli ýetirip, tamamlamaly bolupdyr.

Çeşmesi: https://health.mail.ru/news/v_avstrii_patsientu_amputirovali _ne_tu_nogu/. 07.12.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 07.12.2021ý. ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 195 | Добавил: Bagabat | Теги: health.mail.ru | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
6 Tumarly   [Материал]
Geñ hem geñ däl )

0
5 Taryhçy   [Материал]
Teswir has gyzykly eken

0
4 Ependi   [Материал]
Biziñ ýurdumyzda asla-da geñ zatlar däl bular

0
3 Bagabat   [Материал]
Şu salgyda: https://balkaninsight.com /2008/07/04/romania-doctor- pays-for-hacking-off- 2008-nji ýylyň 4-nji iýulynda goýlan maglumata görä, 2004-nji ýylda rumyn hirurgy Nomu Çomu (Naum Ciomu) nobatdaky syrkawynyň ýumurtgasynda emele gelen çişi aýyrmak boýunça operasiýa geçirip duran wagtynda, säwlik bilen syrkawyň peşew çykaryş ýoluny kesipdir.
Kazyýet, işinden aýrylan lukmany 33 ýaşynda maýyp bolup galan jebir çekeniň haýryna 500 müň ýewro jerime tölemäge höküm edipdir.

0
2 Bagabat   [Материал]
Kelleçanagyň säwlik bilen trepanasiýa edilmegi

(“Trepanasiýa” diýen adalga “trypanon – burawlanylan deşik” diýmegi aňladýan grek sözünden gelip çykyp, şikes ýeten kellebeýnisini gatan gan latgalaryndan arassalamak üçin kelleçanak süňküniň deşilmegini ýa-da süňküň gazalyp açylmagyny aňladýan, lukmançylyk operasiýasydyr.).

Şu salgyda: https://www.bbc.com/news/world-africa-43255648 2018-nji ýylyň 2-nji martynda ýazylan maglumata görä, “Daily Nation” habarlar agentliginiň Keniýanyň paýtagty Naýrobidäki hassahanada lukmanlar, hassanyň kellebeýnisindäki tromby (gan latgasy) aýyrmak boýunça meýilleşdirilen trepanasiýany geçirmeli syrkawa däl-de, başga bir syrkawa şowly amala aşyrypdyrlar. Operasiýa şowly başlanypdyr we dowam edipdir. Emma, syrkawyň kellebeýnisi açylandan soňra, lukmanlar onda tromby tapmandyrlar. Diňe şonda olar syrkawyň o däl-de beýlekidigini bilipdirler. Ýöne muňa garamazdan, lukmanlar operasiýany ahyryna çenli şowly tamamlapdyrlar. Soňraky barlagyň dowamynda bu säwligiň, syrkawlaryň ýatymlaýyn otagyndaky sekilerine iltelen belgileriň ýalňyşylandygy sebäpli bolup geçendigi anyklanypdyr.
Geň ýeri, säwlik bilen beýle “bejergä” mätäç dälkä trepanasiýa geçirilen syrkawam, şeýle bejergä mätäç syrkawam şondan soň gowulaşyp, gutulypdyrlar.

1
1 Revo   [Материал]
Bular ýaly geň-taňsy wakalar soňky döwür saýlap alan kärlerine jany-teni bilen ýapyşmaýan adamlar sebäpli adaty ýagdaýlara öwrülip barýar. Indi adamlar lukmançylyk, mugallym, polisiýa, kazy, deputat, bankir, şahyr ýaly kärleri ýaşaýan jemgyýetine peýda getirmek, ösüşine ýardam etmek üçin däl-de, öz şahsy bähbitlerini kanagatlandyrmak, çagalyk arzuwlaryny amala aşyrmak üçin eýeleýäler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]