15:28
Dürdäne bölekler
DÜRDÄNE BÖLEKLER

Sähraň meň kalbyma goýan bu derdin,
Şäheriň howasy asla bejermez.

***

Söýgi,
Ýigrenç bir ýürekde jem bolsa,
Olar oň urgusyn kadalaşdyrýar.
Biri agdyk bolsa
Biri kem bolsa,
Ol bulaşdyrýar.

***

Bu uzak gijeden arkaýyn boluň,
Asla bozmaz ony aýylganç sesler.
Ýatman otyr şahyr eli galamly
Hem serhetde eli ýaragly esger...

***

Zemin bar zadyny eçiler hökman,
Ýöne bir zadyny rowa görmez ol.
Ýerliksiz ynanýan,
nähak howlukýan,
Bilýän,
bakylygyn maňa bermez ol.

***

Deňiziň üstünde gopýardy apat,
Ýöne deňziň düýbi ýatyr parahat.

***

Siz bolsa zemine göwsüňiz gerip,
Nur sepýäňiz onuň reňki solsa.
Kyndyr gursagynda baýlyk göterip,
Erkiňem özgäniň elinde bolsa.

***

Onda kime gahar edip öýkeli.
Çyrpynýar bu deňiz, mälim däl syry.
...Deňizler hiç zada gahar edenok,
Olaň diňe kenarynda ahmyry.

***

Eger haýsy ýerde köp bolsa mähir,
Şol ýere ymtylýar mähre teşneler.
...Derýalaryň ýuwudýanyn bilse-de,
Şoňa tarap akyp ýatyr çeşmeler.

***

Bagtly günüňde dörän dostlugyň,
Kyn günüňde ýan bermegi mümkindir.
Ýöne kyn günüňde dörän dostlugyň
Doganlyk däldigne ynanmak kyndyr.

***

Soň çynymy etdim bu durmuş bilen,
Durmuş bolsa oýun etdi,
Saldy al.
Dostlar, bu durmuşyň oýundygyna
Ýa-da çynlygyna düşüner ýaly däl.

***

Wah, bularmy!
Bular köp zat bilýärler.
Heý olary aýamasaň bolarmy?..
Aýal -
Aýal -
Aýal -
Olary aýaň.

***

Men halys ýürekden söýýän durmuşy,
Howlugamok ajal kepen biçerne.
Ýöne alysda bir süýji duşuşyk
Çagyrsa, howlugýan
ömrüň geçerne.

***

Adam günüň ýaşaýanyna kaýyldyr,
Näçe kyn düşse-de hoşlaşmak bize.
Güýz - ömrüň gyşyna uly taýynlyk,
Ömrüň baharyndan daşlaşmak bile...

***
Gapymdan -
bilmedim, ýakyndan-ýatdan,
Beslän köňle haýsydyr bir hyýaly -
Gapy gulplamagy çykardym ýatdan,
Göýä
kimdir biri gelmeli ýaly.

***
Meniň üçin tumaram sen, doga-da,
Seniň bilen howadyr bu howa-da.
Garaşma sen menden başga bir zada,
Gowlukdan özge söz aýtmaryn saňa.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Atamyrat Atabaýewiñ "Çuňluk" goşgular kitabyndan alyndy.
"Türkmenistan " neşirýaty; Aşgabat - 1976 ý.

(Elektron görnüşe geçiren we ýüklän Ahally)





Категория: Sözler | Просмотров: 439 | Добавил: ahallydan | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]