01:26
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..."
"DOGRY DANA DIÑE DOGRUSYN DIÝER..."

Dogry dana diňe dogrusyn diýer,
Öldürseňem galat bolmaz, galp bolmaz.
Öz ullakan oglun ulaldyp bilmän,
Mertebesin kiçeldenden halk bolmaz.

Hyzmatynda durup uly dünýäniň,
Dünýäň derdin öz derdimdir diýýäniň,
Zähmet çekip, öz çöregin iýýäniň
Iýen nany, içen suwy talh bolmaz.

Egip bolmaz beýik çynaryň bilin,
Dawasyny etmän peliň ýa çiliň,
Bir agza garaýan agzybir iliň
Galasyny goşun çekip alyp bolmaz.

Ojagyn öçürmez közüni sylan,
Hasylyn har etmez kölüni sylan,
Hak söze ar etmez özüni sylan,
Mert kişileň meýlisinde parh bolmaz.

Hasyl alar ekjek ýeri tarp bolan,
Yşky söze bezeg berer harp bolan,
Bir gözeliň gözlerinde gark bolan—
Dünýäň däli derýasynda gark bolmaz.

Atamyrat ATABAÝEW.




Goşmaça bellikler: "Bary-ýogy bir ömür" kitabyndan
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: MмС | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagtly boldum / Goşgular - 20.02.2022
Goşgular / Goşgular - 23.02.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Mende daşa-da söýgi bar / Goşgular - 21.02.2022
Ýaraly rysar / Goşgular - 23.02.2022
Keçjal / Goşgular - 18.02.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]