06:45
Atamyñ / hekaýa
ATAMYÑ

"Altmyş bäşde, nowruz güni, luw ýyly,
Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň."
Magtymguly Pyragy


Allaberdi begiň Hajygowşandan gelenini eşiden oba adamlary ikibir-üçbir bolşup, onuň öýüne ýygnandylar. Olara baş bolup oturanam obaň aksakaly Motdy kekeçdi. Aslynda ol o diýen bir kekejem däldi, dürs gepleýän kişidi. Ýöne gaty gahary gelende welin, gaharyna bäs gelibilmän, her bir aýdan sözüni hetjikläp-hetjikläp sakawlabermesi bardy, kekeç lakamam belki şonuň üçin dakylan bolmaly. Onuň uly bir sowady bolmasa-da, ýatkeşligi juda güýçlidi. Şahyr halkyna hormaty-sylagy uludy. Ýüzlerçe goşgyny ýatdan bilýärdi. Häzir Motdy kekeç uly mähelle bakyp, ümsüm otyrdy. Ümsüm otursa, onuň gepi-sözem ümsüm, ýerbe-ýerdi.
Içeriň kapas howasy adamlara ine-gana dem almaga maý bermeýärdi.Onsoň penjireleri açdylar.
- Oglanlar, hany tagam çekiň, duz datsynlar—diýip, Allaberdi beg hyzmata häzir bolup duran ogullaryna yşarat etdi.
Basym giňden saçak ýazyldy, tagam çekildi. Her kes duzdan dadyp, yza çekildi.
- Mollam, boluşdylar öýdýän, okaberseňem bolar!—diýip,Motdy kekeç molla golaý süýşdi. Şondan soň Döwletmämmet mollany hatyralap yzly-yzyna aýat-töwir edildi. Merhuma biribardan rehim diläbem, öýli-öýlerine dagadylar...
Döwletmämmet mollanyň gapysynda öwsen hazar ýeli ýyldyrym çaltlygynda ýakyn-u-uzak obalara ýaýrapdy. Allaberdi beg by habary Gerkezli garyndaşlaryndan eşidip geldi. Ol ähli iş aladasyny taşlap, ýigitlere baş boldy. Tä Garrygala barýançalar hiç ýerde dem-dynç alman ýörediler. Diňe Etregiň ýolunda welin birsellem atlarynyň başlaryny çekip, olaryň aýaklaryna dynç berdiler. Soň ýene ýollaryny dowam etdirdiler.Olaryň Hajygowşana aýak basan mahaly merhumyň ýedisiniň bellenilýän güni eken. Golaý-goltumdan gelen oba adamlary, türkmen sähranyň ähli künjeklerinden adam bary ýygnanan eken. Adamlaryň arasynda handyr beglerem, ahunlaram bardy. Olar häli-şindi Döwletmämmet mollanyňka maslahata gelerdiler. Döwletmämmet mollanyň il içindäki abraýy uludy.
Allaberdi beg baranda, Magtymguly dagy gara öýüň kölgesinde düşelen keçede Gerkezden baran bir bölek adamlar bilen halka gurap oturan eken. Ol dostuny hem-de atdan düşen beýleki ýigitler bilen ýerinden turup garşylady, salamlaşdy. Allaberdi beg dostuny gujaklap gözýaş etdi. Ses edip aglady. Magtymgulam bozuldy. Ýöne Allaberdi bege göwünlik berip, ony köşeşdirenem ýene-de Magtymgulynyň özi boldy.
- Ölen gaýdyp gelmez aglamak bilen, dostum. Atam jan ýurduny täzeledi. Biz indi onuň ruhunyň şat bolmagyny dileg etmekden başga elimizden gelýän zat ýok.
Magtymgulynyň agzyndan çykan her bir sözi Allaberdi bege ylla goşgy setirleri ýaly bolup eşidildi.
Allaberdi beg dostuny gujaklap durşuna:
- Ýatan ýeri jennet bolsun! Yzy ýarasyn, halypam—diýdi.
- Omyn, begim. Atam hemişe bir sözi kän gaýtalardy. “Dünýä durmaz, ömre baky ýok” diýerdi. Ol muny öz şygyrlarynda-da ýaňzydardy. Neneň oba-gara saglykmydyr?
- Hudaýa şükür.
Şondan soň Magtymguly Allaberdi begi daýysy Taganmämmediň ýanyna alyp bardy.
Del myhmana gözi düşen ýaşy segsenden agyberen Taganmämmet aga hasasyna söýenibiräk ýerinden turmakçy boldy. Onýança Allaberdi beg onuň goltugyna girdi.
- Azar edinmäň, agam, oturyň, oturyň. Essalowmaleýkim.
- Waleýkimessalam, gurgunjamysyňyz—diýdi-de, ellerini gözlerine kölgeledip, Allaberdi begiň ýüzüne, soňam Magtymgulynyň ýüzüne siňe-siňe seretdi.
Magtymguly olary tanyşdyrdy.
- Bu meniň dostum Allaberdi beg. Garrynohurdan.
- Hä, Allaberdi beg diýsene. Ýadyňdamy, bir gezek Bama toýa gidenimizde, ol bizi myhman alypdy. Asyl şu dostuň dälmidi, Orazgül pahyryň adyny gyzyna dakypdyr diýýäniň?!
- Hawa, daýy.
- Neneň sag-gurgun gezip ýörmüsiň? Garry enemizem öýüň odur-budur ýumuşlaryna ýarap ýörençeräk bolan bolmaly. Içiňiz-daşyňyzam aman-esenmidir.
- Sag boluň. Hudaýa şükür, hemmämiz sag. Biz bu habary giç eşitdik, eşiden dessimize-de ýola düşdük.
-- Taňryýalkasyn, bizi sylany alla sylasyn. “Ajal geler ýorta-ýorta, kime bu gün, kime erte” diýleni boldy oglum. Döwletmämmedem bu dünýäň azabyndan dyndy oturyberdi. Çülpe çagajyklaram ýetim galdy. Ony agyr märeke bolup jaýladylar. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Görgüli soňky wagtlarda ýaraman, düşege baglanyp galdy. Ogullary Abdyllanyň, Mämmetsapanyň çekip çydardan agyr oduna ýanyp bişdi. Olar muňa agyr degdi. Pahyr soňky deminde-de ýene-de şolaryň adyny tutdy-da.
Döwletmämmet ýaşka-da örän zehinli eken.Ol oglan okadar eken.Şu gören uly ýaşula adamlaryň köpüsi hem Döwletmämmmediň elinde sowat alan adamlar bolmaly. Işiniň daşyndan çarwaçylyk, daýhançylyk bilen hem meşgul bolardy. Onuň ekin-tikin, hojalyk işlerine ogullary, aýratynam ululary Abdylladyr Mämmetsapa ýardam ederdi.Ýadyma düşýär, bir ýyl aýylganç açlyk boldy. Ana, şol ýyl Döwletmämmet özüniň ähli toplan hasylyny garyp-gasara paýlady. Onuň il arasynda-da abraýy uludy. Hatda garakçylar onuň barýan kerwenini talamakdanam çekiner ekenler.
Taganmämmet aga şondan soň Magtymgula garap şeýle diýdi. —Ýegen, sen myhmanlary içki tama alyp bar, goý, olar birsellem dem-dynçlaryny alsynlar. Ýadandyrlar. Gulama-da aýt, atlaryny ýataga baglap, öňlerine ot döksün.
- Daýy, sen onuň gaýgysyny etme.
Allaberdi beg Taganmämmet aganyň “Çülpe çagajyklaram ýetim galdy” diýmesine birhowa düşünmedi. Iň kiçisiniň ýaşy otuzdan agyp, özbaşdak maşgala bolup ýören çagaly-çugaly adamlar nädip çaga bolýamyşyn. Birdenem Döwletmämmet mollanyň ikinji gezek gazak aýala öýlenip, ondanam çagasynyň barlygygyny birmahallar dostundan eşideni ýadyna düşdi.
Magtymgulynyň şondan soňky gürrüňlerem Taganmämmet aganyň başky başlan gürrüňiniň dowamy boldy. Allaberdi beg Magtymgulynyň aýdanlaryny ahyryna çenli sabyrly diňledi.
- Atamy sorap gelenleriň yzy üzülmeýärdi. Ogullary barada her gelenden sorardy, umydyny welin üzmezdi. Ýörite hakyna tutup, uzak ýurtlara çenli çapar iberdi. Munuň üçin bary-malyny gysganmady. Gidenleriň ählisem Abdyllanyň söweşlerde şehit bolanyny, onuň yzyny yzarlap giden Mämmetsapanyň bolsa ýesir alnyp, özi ýaly bir topar adamlar bilen niredir bir alys ýurtlara äkidilenligi baradaky habarlar bilen dolanyp geldiler.
Bizem habar getiren çaparlary dessine atamyň huzuryna alyp bardyk. Bu habary eşiden atam gözüniň ýaşyny saklap bilmedi. Bir aýdan zady: ”Olaryň ölmäge haky ýok. Ikisinden biri diridir diýdim-ä. Hudaýa şükürler bolsun. Çapary boş goýbermäň, islän zadyny beriň!” diýdi. Şodur-da-şodur, gaýdyp ol geplemedi. Şol günüň ertesem biziň obamyza bir diwana derwüş geldi, ondan eşiden habarymyz bizi hasam begendirdi. Arman...
- Sizi begendiren zat näme?
- Bizi begendiren zat, agam Mämmetsapa şol gidişine özi ýaly bir topar ýigitler bilen galtamanlara ýesir düşen eken. Derwüşiň aýtmagyna görä, olary her haýsyna bir nyrh kesip, ýurtma-ýurt aýlap ýörmüşinler. Ýolda barýarkalar birnäçe adama ýesirlikden gaçmak başardypdyr. Olaryň arasynda biziň Mämmetsapamyzyň hem barlygyny aýtdy. Mämmetsapa ölmändir, diri eken.
- Aý, ýog-a? Diri eken?!—Allaberdi beg Magtymgulynyň ýüzüne garady.—Gözüňiz aýdyň, gardaş!
- Sag bol, begim, sag bol. Ýöne, uzak ýeriň habary. Üstesine, habary getiren gezende derwüşem bisowat eken. Ol Mämmetsapa sataşyp, onuň bilen mundan takmynan alty-ýedi ýyl ozal gürrüňdeş bolanyny aýdýar. Iliniň Gerkezdigini, ýurdunyň Etrekdigini, ýat ýerlerde başga at bilen ýaşamaga mejbur bolandygyny, çyn adynyň Mämmetsapadygyny aýdypdyr. Emma derwüşüň aýdanlary ugrunda bolsa, aradan şunça ýyl geçer-de, ýurduna köwlenmezmi? Derwüş Mämmetsapa haýsy ýurtda, nirede duşupdyr, onuň soňky ykbaly neneň-niçik bolupdyr? Başga bilýän zady ýok. Indem ony nireden, haýsy ýurtdan gözlejek?
- Mämmetsapa zyndanlykdan gutulan bolsa hudaýa müň-de bir şükür edeliň, gardaş. Her niçigem bolsa, eli hünärlidir, nirede bolsa-da öz başyny çarar, hor bolmaz. Bu barada Döwletmämmet atamy-da habarly etdiňiz dälmi?
Magtymguly ýüzüni aşak saldy. Allaberdi beg ony gürledesi geldi. Magtymguly birhaýukdan başyny galdyryp:
- Wah, ýüregimiziň ýanýan ýerem şol boldy. Atam soňky wagtlar birnäçe günläp huşuny ýitirip, özüni bilmän, sus ýatdy. Bu habary eşitmedi. “Öýkesiz toý ýok, armansyz ölüm”. Atamyň ölümem armanly boldy – diýdi.
Şondan soň ne Allaberdi beg gepledi, ne-de Magtymguly. Olaryň bu gezekki dymyşlygy uzaga çekdi.

Goçy ANNASÄHEDOW.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 85 | Добавил: Haweran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]