09:35
Ata Kerimow - edebi tankytçy
ATA KERIMOW – EDEBI TANKYTÇY

Edebi-çeper tankydyň ösmegine degerli goşant goşan awtorlaryň biri-de Ata Kerimowdyr. Ol özüniň gysga ömrüniň içinde edebi prosesiň dürli meselelerine seslenmäge ýetişdi.
Ata Kerimowyň 1921-nji ýylyň 1-nji maýynda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol ilki oba mekdebinde okaýar, soňra Mary şäherindäki pedagogik uçilişä okuwa girip, ony 1938-nji ýylda tamamlaýar. Mundan soň ol Baýramaly şäherinde mugallymçylyk edýär. Ata Kerimow 1939-njy ýylda Aşgabadyň A.M.Gorkiý adyndaky pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa kabul edilýär.Emma instituty tamamlamanka Beýik Watançylyk urşuna gitmeli bolýar. Agry ýaraly bolup, söweşden gelensoň, mugallym bolup işleýär hem okuwyny dowam etdirýär. Ol 1947-nji ýylda pedagogik instituty üstünlikli tamamlaýar, soňra aspirantura kabul edilýär.
Ata Kerimow A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy, soňra az wagtlyk kafedra müdiri, "Sowet edebiýaty“ žurnalynyň bölüm müdiri, TSSR ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri ýaly wezipelerde işledi.
Ata Kerimow ýaşlykdan edebiýata çuňňur söýgi döreýär. Ol pedagogik uçilişede, institutda okan mahallarynda-da özüniň erjelligi, edebiýata çuňňur düşünýänligi, zähmetsöýerligi bilen kursdaşlarynyň ençemesinden tapawutlanýar. Ol rus we SSSR halklarynyň edebiýatlarynyň, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň, aýratyn-da türkmen edebiýatynyň eserlerini yzygiderli ürç edip okaýar.
Ata Kerimow edebiýatyň kada-kanunlary bilen pugta ýaraglanyp, orta mekdepler üçin gollanmalar, aýry-aýry eserlere synlar, edebi prosesiň möhüm problemalaryna bagyşlap, ençeme makalalar ýazyp, gysga wagtyň içinde özüni belli edebiýat tankytçysy hökmünde tanadýar.
Ata Kerimow ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk adyny almak üçin ýazýan dissertasion işini goramak üçin Moskwada taýýarlyk görüp ýören mahalynda, 1955-nji ýylyň 27-nji martynda agyr kesel zerarly aradan çykýar.
Ata Kerimow özüniň edebi tankytdaky ilkinji ädimlerinden halklaryň doganlyk-dostlugynyň çeper döredijilikde şöhlelenişine uly üns berip başlaýar. Onuň bu temadan ýazan işleriniň ilkinjilerinden biri "Doganlyk ukrain halky bilen türkmen halkynyň edebi hyzmatdaşlygy“ atly makalasydyr. Awtor bu işinde türkmen we ukrain halklarynyň medeni gatnaşyklarynyň ir wagtdan dowam edip gelýändigini belleýär. Görnükli ukrain şahyry, rewolýusioner Pawel Arsenýewiç Grabowskiý 1886-1887-nji ýyllarda "Teke gyzy“ atly poemasyny ýazýar. Tankytçy bu poemanyň idea we obrazlaryny gysgaça derňeýär. Teke gyzy bilen ukrain ýigidi Omelkonyň söýgi gatnaşyklarynyň täsirli suratlandyrylandygyny anyk faktlar arkaly nygtaýar. Bu poemanyň ýazylan wagty Türkmenistanyň Russiýa imperiýasynyň sostawyna goşulan ýyllaryna gabat gelýär. Tankytçy bu wakanyň poemada öz şöhlenişini tapandygyny belläp, şeýle ýazýar: "Teke gyzy“ poemasy şol döwürdäki taryhy şertlerde doly laýyk gelýän we ony real şöhlelendirýän ýokary çeperçilik eserdir“ (Ata Kerimow. Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda. Aşgabat, 1957, 31 sah.).
Ata Kerimowyň tankydy işlerinde edebi täsir meselesi uly orun tutýar. Ol bu tema bagyşlap, "N.Saryhanowyň döredijiligine M.Gorkiniň täsiri“, "Nurmyrat Saryhanowyň döredijiligine A.P.Çehowyň täsiri“, "Maýakowskiý we türkmen sowet poeziýasy“ atly makalalaryny ýazdy. Tankytçy agzalan makalalarynyň ilkinjisinde N.Saryhanowyň gözýetiminiň giňelmeginde, jemgyýetçilik ähmiýetli möhüm temalara ýüzlenmeginde, sosialistik realizm usulyny düýpli özleşdirmeginde beýik proletar ýazyjy A.M.Gorkiniň uly täsir edendigini ýerlikli belleýär. A.M.Gorkiniň sosial sredanyň emrine kaýyl bolup oturmaýan, rewolýusion ruhly göreşiji gahrymanlarynyň N.Saryhanowa görelde bolandygy makalada ynandyryjy görkezilýär. Emma Ata Kerimowyň edebi täsir meselesine nädogry çemeleşýän pursatlary-da bar. Tankytçy mahal-mahal edebi täsiri tematiki meňzeşlikden agtarýar. Bu babatda söz açyp, Ata Kerimowyň "Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda“ (1957) atly makalalar ýygyndysyna ýazan sözbaşysynda N.Esenmyradow şeýle diýýär:
"Ata Kerimowyň makalalarynda N.Saryhanow hakdaky käbir pikiri bilen-de razylaşyp bolanok. Bu barada diňe A.Kerimow däl, A.Aborskiý, S.Ýewgenýew we beýleki ýoldaşlar hem onuň döredijiligine ýüzleý çemeleşdiler. Mälim bolşy ýaly, şu çaka çenli A.P.Çehowyň, M.Gorkiniň, W.Maýakowskiniň türkmen ýazyjylaryna we şahyrlaryna edebi täsir ýetirişi konkret deliller bilen subut edilmän, edebi öýkünme ýalyrak, ýüzleý, umumy sözler bilen görkezilýärdi. Ata Kerimowyň hem "Maýakowskiý we türkmen sowet poeziýasy“ diýen makalasynda ony gönüden-göni Mollamurtuň mugallymy hem ussady edip goýýar. Hakykatda bolsa W.Maýakowskiý bilen Mollamurtuň döredijiligini biri-birine ýakynlaşdyrýan zat olaryň ikisiniň hem goşgularynyň agitka häsiýetli bolmagydy. Edil şonuň ýaly, N.Saryhanowa A.P.Çehowyň we M.Gorkiniň täsirini hem tas tematiki taýdan ýetirilen göreldä syrykdyrmak ýaly nädogry düşünje bar. Ata Kerimow "N.Saryhanowyň döredijiliginde M.Gorkiniň täsiri“ makalasynda N.Saryhanowyň "Kitap“ hekaýasy bilen M.Gorkiniň „Kitap“ hekaýasyny deňeşdirip, şundan edebi täsir gözleýär. Edebi täsirde beýle garamak nädogrydyr. Diňe eseriň temasynyň meňzeş bolmagy entek edebi täsir hasaplanmaýar. Iki ýazyjy bir temadan ýazyp biler, söýgi temasy hemme halkyň edebiýatynda-da bar, emma her halk ony özüçe, milli kaloritine laýyk edip çözýär. Bu hili ýagdaý, tematiki taýdan meňzeşligi söýgüden başga temalarda-da görse bolar. Şonuň ýaly, M.Gorkiniň "Kitap“ hekaýasy bilen N.Saryhanowyň "Kitap“ hekaýasy hem aýry-aýry orignal eser, çünki her ýazyjy şol temany özüçe, özüne mahsus çeperçilik serişdeleri bilen, özüniň söýýän kompozisiýasy bilen çözýär“ (Şol ýerde, 7 sah.).
N.Esenmyradowyň şu pikirleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. A.Kerimow "Nurmyrat Saryhanowyň döredijiligine A.P.Çehowyň täsiri“ atly makalasynda gozgalýan meselä anygrak çemeleşmäge çalyşýar. Makalada düýpli kemçilikleriň bardygyna garamazdan, onda N.Saryhanowyň döredijilik ussatlygynyň ösmegine hem kämilleşmegine A.P.Çehowyň eden oňaýly täsiri ençeme babatda dogry bellenilýär.
Ata Kerimow edebi prosese, onuň möhüm meselelerine, problemalaryna bagyşlap, makalalar ýazypdyr. Tankytçynyň "Nurmyrat Saryhanowyň eserleriniň çeper dili hakynda“, "Türkmen sowet edebiýatynyň satira žanry hakynda“ diýen makalalarynyň käbir şowly hem kemter taraplary ellinji ýyllaryň edebi tankydy dogrusynda gürrüň edilende-de bellenipdi.
Tankytçy agzalan makalalaryň ilkinjisinde N.Saryhanowyň çeper dile aýawly garandygy, onuň baýlygyndan başarnykly peýdalanandygy, sanlyja sözde uly manyny aňladyp bilendigi hakda edebi faktlara esaslanyp, degerli pikirleri orta atýar. Makalada ýazyjynyň eserleriniň diliniň ýönekeýligi, tebigylygy, aýdyňlygy, obrazlylygy, emasional häsiýete eýeligihakda edilýän gürrüňler-de gulak gabartmazça däl. Tankytçy N.Saryhanowyň halk döredijiliginiň egsilmez söz baýlygyndan, täze giren sözlerden, diliň içki resuslaryndan peýdalanyşyny mysallar bilen görkezýär. Emma makalada çeper diliň esasy funksiýasyna onuň adam häsiýetlerini açyp görkezmekdäki roluna ýeterlik üns berilmeýär. Bu makalanyň esasy kemçiligidir.
Ady tutulan ikinji makalada satira žanry hakda söz açylýar. Awtor gozgaýan meselesini has giň planda çözmek üçin türkmen halk döredijiligine, klassik edebiýata, rus edebiýatynyň dürli döwürlerine ýüzlenýär. Köp sanly eser hakda söz açýar. Tankytçy satiriki eserleriň sosial manysynyň bolmalydygy, satiriki häsiýetiň okyjylarda ýigrenç duýgusyny döertmelidigi hakda pikirleri orta atýar. Makalada A.Durdyýewiň "Bally molla“ hekaýasy, Ş.Kekilowyň "Azgyn“ poemasy ýaly eserleriň, başga-da ençeme satirik goşgularyň idea-çeperçilik gymmaty ýerlikli açylyp görkezilýär.Emma tankytçy, ellinji ýyllaryň edebi tankydy hakda gürrüň edilende bellenilişi ýaly, satiriki eserler bilen ýöne tankydy häsiýetli eserleri gatyşdyrýar. Netijede Mollamurtuň, Ata Salyhyň, N.Pommanyň we beýleki ýazyjy-şahyrlaryň tankydy häsiýetli, emma satiriki bolmadyk eserleri satiranyň nusgalary hökmünde öňe sürülýär. Hakyky satiriki eser bolmak üçin diňe otrisatel hadysalaryň tankyt edilmegi ýeterlik däldir. Ol tankyt gaharly, awuly gülkä ýugrulmalydyr. Tankytçy makalasynda mahal-mahal satiriki eserlerden edilýän şu talaby ýadyndan çykýar. Bu makalanyň esasy kemçiligi şundan ybaratdyr.





Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 36 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Kerimow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Öde Abdyllaýew - teoretik - 06.05.2022
Jora Allakow - 06.05.2022
Ata Kerimow - edebi tankytçy - 06.05.2022
Görýäniňi duýmak ukyby - 15.01.2022
Hanguly Tañryberdiýew - edebi tankytçy - 05.05.2022
Abdylla Myradow - görnükli edebiýatçy - 05.05.2022
Gürrüñ gümürtik galmasyn... - 17.05.2022
Aşyk bolsañ bol, ýöne çilme! - 16.05.2022
Saýlaw Myradow - 06.05.2022
Gazanylmadyk şöhrat - 28.05.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]