19:14
At hakynda rowaýat
AT HAKYNDA ROWAÝAT

• OBANYŇ TARYPY

Dag içinde gözel oba ýerleşýär,
Gaýalary asman bilen birleşýär.

Çar dagly Çandybil diýdirýär keşbi,
Şahyrlar waspyny taryplap geçdi.

Derelerniň aýry-aýry ady bar,
Geçmişden şu güne galdy ýadygär.

Iki sany uly ýapdan suw akýar,
Kimler ekin ekse, kim malyn ýakýar.

Her kimsäniň bardyr kesbi, hünäri,
Bar obaň behişdi almasy, nary.

Adamlary mährem, bir dogan ýaly,
Her säher sorarlar haldyr-ahwaly.

• SEÝIS MAŞGALASY

Oba dolanamda ýakyn arada,
Ýene-de aýtdylar seýis barada.

Il dilinden düşmän gelýär tarypy,
Bedew bilen baglanyşykly taryhy.

Ýaş oglan mahaly galypdyr ýetim,
Döwür agyr bolan, gün görmek çetin.

Garry atasyndan ýagşy a:t galan,
Hemem oňa juda ajap at galan.

Ýigde tutuş oba çykypdyr hossar,
Ony hiç bir zada etmändirler zar.

Mydam seýisleriň ýanynda bolan,
Bar pähim-paýhasy olardan alan.

Çagalykdan aty bolan oýnagy,
Kesp-hünär edinen ony söýmegi.

Ýigit çykyp, seýis bolup ýetişen,
Özüni aldyryp, ile gatyşan.

Gije-gündiz at bolansoň myrady,
Seýis bolup galdy, hatda öz ady.

Obadaşlar oňa öý dikip beren,
Wagtynda öýerip, toý tutup beren.

Özi ýaly pespäl bolan gelni-de,
Ýetik bolan akyly-da, ylmy-da.

Höwes bilen başlapdyrlar her işe,
Söýgi bilen bakypdyrlar durmuşa.

Möhüm zat ýetmändir iki aşyga,
Gözleri düşmändir «altyn aşyga».

Gelejegiň hem-de bagtyň bulagy,
Perzent eken juwanlaryň dilegi.

Köp ýerlere edipdirler zyýarat,
Beripdirler sadaka hem zyýapat.

• ATA SARGYDY

Bir anna agşamy gelin düýşürgän,
Içi taýly sallançagy ol üwrän.

Gelin bu düýşünden bolupdyr haýran,
Derrew adamsyna edipdir aýan.

Şonda Seýis agram salyp janyna,
Şeýle diýipdir ol mähribanyna:

― Atam aýdan: «Seýisçilik kesbimiz,
Şeýle dowam etse gerek neslimiz.

Gowy saklaň» diýip, etdi sargydy.
Seniň gören düýşüň şeýle ýorgudy.

Bu bedew nesliniň täsin syry bar,
Belki, bize ýazgyt eden Biribar.

Üstümize duşman çozup daň bilen,
Obamyzda bir gün uly jeň bolan.

Duşman yza tesip, gidip uzaga,
Kowýan ýigitleri salan duzaga.

Atam şonda agyr ýaralanypdyr,
Ilki bilen ony aty bilipdir.

Iki gezek böküp, kişňäpdir gaty,
Duşman telim gezek naýzalan aty.

Şonda-da çykypdyr gabawy böwsüp,
Oba gelip ýeten ot bolup öwsüp.

Atamy getirip tabşyran jany,
Edermenlik, wepalylyk nyşany.

Özi ölüp, halas eden eýesin,
Atam şeýdip aldyrypdyr söýesin.

Bir taýjagaz galan eken ol atdan,
Atam ony eý görüpdir bar zatdan.

Şol atyň neslidir biziň atymyz,
Taý üwräpsiň, diýmek bor zürýadymyz.

• BEDEWE SIŇEN SÖÝGI

Gelin adamsyny diňläp ynjalan,
Kalbynda bedewe söýgi möwç alan.

Ata yhlas doldurypdyr ýüregin,
Atýataga baryp görseler bir gün —

Dünýä inen düýşde gören şol taýy,
Är-aýal begenip tutupdyr toýy.

Perzendine eçilmeli söýgüsin,
Bedewe siňdiren gelni Seýisiň.

Sypalap sagrysyn, saklap sarpasyn,
Kem etmändir ot-iýmini, arpasyn.

Iki bolup ýetişdiren bedewi,
Owadan hem gyz gylykly edebi.

Gözlerniň şuglasy şuglasy Günüň,
Ýyndamlykda deňi-taýy ýok onuň.

Ýyldyryma çalym edip toýnagy,
Ýaryşlarda alypdyr baş baýragy.

Ondan ozan at bolmandyr her toýda,
Seýis atdan alan birnäçe taý-da.

Baryn şägirtlerne beripdir paýlap,
«Dowam bolsun» diýip, geljegi oýlap.

Şeýdip, at neslini ýitirmän saklan,
Garry atasynyň sargydyn haklan.

• AT WEPASY

Bir gün şol Seýisiň mährem aýaly,
Ýarawsyzlyk tapan, egbarlap haly.

Adamsy üstünde kökenek gerip,
Tebip getirse-de, kebelek bolup.

Haýyr tapman, jahan bilen hoşlaşan,
Göýä, Seýisiň-de Aý-Güni ýaşan.

Wah, nätjek-dä, ýok-da gyzy, ogly-da,
...At hokranşy ýaňlanypdyr howluda.

Görse, dor atyň hem gözünde ýaşy,
Aşak egilipdir oň belent başy.

Seýis syryp onuň gözde ýaşyny,
Öwlüýä ugradyp ýanýoldaşyny —

Gelensoňam rahat tapman janyna,
Barypdyr ýene-de atyň ýanyna.

Seýis elin orap onuň boýnuna,
Syrdaşyny berk gysypdyr goýnuna.

Kepemändir atyň ýaşly gözleri,
Endiräp çykypdyr seýsiň sözleri:

― Indi senden özge ýok jigerbendim,
Sen meniň gardaşym hem-de perzendim.

Orta ýolda aldyramsoň elguşum,
Gyzygy, manysy gaçdy durmuşyň.

Gözlerim kütelip, saçym agaryp,
Öýde ýeke özüm galdym gugaryp.

Bilde kuwwatym ýok, gaçdy gaýratym,
Senem bir gün ýeke galarsyň, atym!

Ojakdaky öçen ody ýakmaga,
Perzent ýok menden soň seni bakmaga―

Şeýle diýip, Seýis içini döken,
Aty düşünýän dek gaýgyly bakan.

Bir gün garaňkyrap, ümezläp gözi,
Düşege ýan beren Seýisiň özi.

Şonda ýaňlandyryp belendi-pesi,
Has zaryn çykypdyr bedewiň sesi.

Töweregin gallap goňşy-golamlar,
Obadaşlar soramaga gelenler.

Seýis haýyş eden dözüp janyna,
Eltmeklerin bedewiniň ýanyna.

Ýaş ýigitler derrew ony göteren,
Emaý bilen at ýanyna getiren.

At eýesin görüp hokranyp, nalap,
Gussaly sereden ýüzünden ýalap.

«Hoş gal!» diýip, aýdyp soňky sözüni,
Seýis razylaşyp ýuman gözüni.

Şonda bedew ysgap onuň ýüzünden,
Boýur-boýur ýaş döküpdir gözünden.

Hemmäni agladan atyň agysy,
Agy bilen ýollapdyrlar Seýisi.

Aýralyk pursadyn aňlan halaty,
Nagra çekip, onuň wepaly aty —

Daga tutdurypdyr, baýyrdan ötüp,
Şol gidişi bolan gözlerden ýitip.

• ROWAÝATMY ÝA-DA HAKYKAT?

Ýöne şol at henizlerem dirimiş,
Gonamçylykda nal yzy barmyş.

At salgym deý daňdan görünýär eken,
Gürrüň berdi muny dagda mal bakan.

Bu gep çynmy-ýalan, ony aýtmak kyn,
Emma ki, bir zady nygtamak mümkin:

Dirikä at-abraý gazanyp bilen,
Halkyň söýgüsine mynasyp bolan —

Ynsan bolsun, jandar bolsun, parhy ýok,
Mukaddes ol, bahasy ýok, nyrhy ýok.

Öçmejek alawdyr ýüreklerdäki,
Mydama ýaşaýar, diridir baky.

Çäksizdir halkymyň ata hormaty,
Dowam edip gelýär Seýis sungaty.

Tutuş Ýer ýüzünde, uzak illerde,
Bedewlermiz wasp edilýär dillerde.

Saparmuhammet ORAZOW.




Категория: Poemalar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmuhammet Orazow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

Мы были все одна страна / поэма - 22.06.2021
Поэма Аул Бастунджи - 09.06.2021
Zinka / poema - 08.04.2021
Ýüreklerde pyntyklanda bu ýazlar / sonetler çemeni - 27.02.2021
Oguzlaryñ melallaşmagy - 31.07.2021
Поэма Осада Коринфа - 08.06.2021
Magtymguly / poema - 14.01.2021
Поэма Хаджи Абрек - 09.06.2021
Köroğlu - 31.07.2021
Sähra / poema - 18.09.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]