23:46
Asylmañ golumdan
ASYLMAÑ GOLUMDAN

Asylmaň golumdan azat ýaşaýyn,
Setir düzüp, goşgy ýasap ýaşaýyn.

Bent eýlemäň, böwet bolmaň ýoluma,
Asylyp kän agram salmaň goluma.

Galan ömri goýuň, ýaşaýyn erkin,
Tä halyma gülüp ýörmesin her kim.

Goýuň päk howadan bir dem alaýyn,
Gojaman daglara seýle baraýyn.

Çagalykda çaga bolup bilmedim,
Işe gümra bolup ýaýnap gülmedim.

Ýaşadym öýmüzde gullukçy kimin,
Oýlanyp bilmedim çuňdan-çuň tereň.

Ilki ata öýüm, soň gaýyn öyüm,
Işledip-işledip çaşyrdy küýüm.

Ýumuş oglan boldum iki tarapda,
Diýen tapylmady otur gyrakda.

Bäş çagany (çagalarmy) ulaltdym hem ekledim,
Ondan soňam rahatllyga ýetmedim.

Meň dünýäm ýaşaýan howlymdan uly,
Dünýäm Mollanepes hem Magtymguly.

Dünýäm Misgingylyç, dünýäm Kemine,
Uçuruň asmandan bakjak zemine

Annasoltan Kekilowaň mysaly,
Gümanym türmede ýaşaýan ýaly.

Böwet bolmaň özüm bolup ýaşaýyn,
Bu daglary sähralary aşaýyn.

Asylmaň golumdan, asylmaň indi,
Ömrüň soňuna çen bolmaýyn bendi.

✍ Güýzüň gyzy Merýem ZAMANY,
Türkmensähra.





Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Haweran | Теги: Merýem Zamany | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Беременные женщины / Goşgular - 16.02.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
Грипп / Goşgular - 17.02.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Şygyrda awtoryň ruhy ahwalatyny duýmak kyn däl. Iň esasy, şol ahwalaty goşga geçirmek. Galamyňa berekella doganjygym!

0
2 Perо   [Материал]
Merýem Zamanynyñ goşgularyna ýene garaşýas. " Şygryýet meleklerinde" hem ýer alsa okardyk.

0
1 Yusup   [Материал]
Goşgy okamokdym, şu goşgy gözüň öňüni dumanlatdy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]