07:59
Aşyk ýigidiñ hatyndan bölek
AŞYK ÝIGIDIÑ HATYNDAN BÖLEK

Gül ömrüni bägüllere beslänim,
Güller seniñ ýaşlygyñy netipdir?!
Mähribanym, her dem mährin islänim,
Günler gerik gaşlaryñy netipdir?!

Haýranydym, dogumyna owazyñ,
Haýbatlydyñ, gadam urşuñ ne batyr,
Gözleriñde ýitelipdir howatyr,
Allar seniñ göreçlerñi netipdir?!

Ynjar öýdüp, gemireñde almajyk,
Ynjar öýdüp, gamaşdyrsa alçajyk,
Ynjalmazdym, ýylgyrañda alçajyk,
Ballar sadap dişleriñi netipdir?!

Diýrdim: "Darak ynjytmasyn tellerin,
Ýygşyr, gözi gönenmesin delleriñ",
Heý, sypama dözenmidir ellerim?!
Ýeller sünbül saçlaryñy netipdir?!

Kirpikleriñ uçlaryna şübhäm bar,
Setirleriñ hyruçlarna şübhäm bar,
Seniñ akyl-huşlaryña şübhäm bar,
Tünler ýüpek düýşleriñi netipdir?!

Gül suwuna boýalmaly saçyny...
Gül ysyna soralmaly saçyny...
Gül sesine oýarmaly Laçynym!
Hallar ýylgyryşlaryñy netipdir?!

Laçyn PÜRJÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Haweran | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021



Всего комментариев: 2
0
Wah wah

0
1 mango   [Материал]
düzediş:
Haýranydym, dogumyña dogumyna owazyñ

degişmämdir. aşaky kupleti reklamalarda ulanyp boljak:

Ynjar öýdüp, gemireñde almajyk,
Ynjar öýdüp, gamaşdyrsa alçajyk,
Ynjalmazdym, ýylgyrañda alçajyk,
Ballar sadap dişleriñi netipdir?!

şu kupletden soň "colgate - siziň dişleriňizi netmekden gorar!" -diýip ýylgyryp duran hünji dişli hanymy görkezmeli...

----
"netipdir?!"-leri haladym.
üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]