00:08
Aşyk bolmuşam
AŞYK BOLMUŞAM

Dostlarym, men bir ajaýyp sonara aşyk bolmuşam,
Göwündäki mähre baý, ho-ol nara aşyk bolmuşam.
Arşy-agla el serdiren, ah, zara aşyk bolmuşam.
Kalpda baýlygym - ynsabym, täk Bara aşyk bolmuşam,
Dostlarym, men bir ajaýyp Diýara aşyk bolmuşam.

Şol Diýaryñ hyzmatynda ýeller bolup ygsadym men,
Iline suwküýze bolup, suw ýolunda synsadym men,
Alnyma ýer hadam tozun ýollar bolup sylsadym men,
Çünki men hem ol illeriñ güllerin çoh ysgadym men,
Dostlarym, men bir ajaýyp Diýara aşyk bolmuşam.

Dogry sözliñ dosty bolýan illeri bar eken munuñ,
Guşlary-da bendi kylýan dilleri bar eken munuñ,
Hatda ysyn görüp bolýan gülleri bar eken munuñ,
Aýdym saz, mukama çümen günleri bar eken munuñ,
Dostlarym, men bir ajaýyp Diýara aşyk bolmuşam.

Gözelligniñ añ etmedik hem çagalyk geçdi, bilýän,
Emma ýaşlyk ýaglyk bulap, öçüp gitmez, gadyr bilmän,
Watanymyñ waspyn ýetirmän, kämillige ýetip bilmen,
Oña aşyk bolan adam däldirin elbetde bir men,
Dostlarym, men hem siziñ deý Diýara aşyk bolmuşam,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana aşyk bolmuşam.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Haweran | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Arzuwlarmy gözleýärkam / Goşgular - 23.05.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
düzedişler:
---
Göwündäki Gögündäki mähre baý, ho-ol, nara Nara aşyk bolmuşam.
---
Arşy-agla el serdiren, ah, zara Zara aşyk bolmuşam.
---
Alnyma ýer hadam gadam tozun ýollar bolup sylsadym men,
---
Gözelligniñ Gözelligne añ etmedik hem ham çagalyk geçdi, bilýän,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]