22:59
Men Asmany çekdim Dagyñ ýüzüne...
MEN ASMANY ÇEKDIM DAGYÑ ÝÜZÜNE...

Şu gün asman
Düşnüksiz
Hoşnutsyz... basdy gerşimden
Galdym doññara daş bolup
Ite señrik ýygyrtjak porsy läş bolup.
Añyrsy, bärisi, soñy ýok ASMAN!..
Medet ýa Muhammet,
Ýa Omar, Osman!
Medet Ebu Bekir, Hezreti Aly!
Men keserip ýatan dag misil öli.
Jesedimi ýolda goýmañ
Kälde goýmañ
Ömür sermisalda goýmañ
Bolar-bolmaz dilde goýmañ.
Uzadyñ eli!
Iñ bolmanda ýuwuñ, kepenläñ illäp
jynazamy okar ýaly halallañ.
Çöküp barýan,
Siñip barýan,
Ýüz müñ syrly gara ýeriñ goýnuna
Ygtyýarsyz - eñip barýan
Pelege bil baglap,
Ykbalyñ atan
Ikiýüzli bijesine, oýnuna.
Asman üçin aglap
Güni höwesläp
Çekip Aýyñ zaryny
Ýyldyzlaryñ baryny
alsam diýip arzuwlap.
Men asmany çekdim dagyñ ýüzüne
Toýlap...
Asman bolsa şu gün
Düşnüksiz,
Nämälim, ýaşyryn syryn
Depämden düñderip
Hoşnutsyz... basdy gerşimden
Galdym doññara daş bolup.
Dag bolup
Garalyp...

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 170 | Добавил: Haweran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 7
1
7 edebiyatteswiri   [Материал]
Haweran goşgyň sözleri biri-biri bilen sazlaşykly, örän gowy kapiýalaşýar. Ýöne, goşgunyň mazmuny durmuşdan doýan, ýaşaýşyň iň soňky gününi ýaşaýan adamyň ýürek owazy bolup ýaňlanýar. Bular ýaly gamgyn goşgular okyjyny hem gamlandyrýar. Şonuň üçin diňe şähdiňi açýan goşgularyňyzyň höwri köp bolsun. Elbetde, düýn howa hakytadan-da ýaman ýürekgysgynç boldy. Ýöne, şahyr adamyň düýnki ýaly tebigy hadysaň esasynda ýüregyssa, kalbyndan syzlyp çykan setirleri ýazmasa bolýanam däldir. Döredijilik adamsy aňynda dörän şahyrana setirleri ýazmasa otyrybilenok, has dogrusy özüne erk edibilenok, Men muňa gaty gowy düşünýän. Ýöne, şonda-da Haweran gussaly goşgular okyja has ýiti täsir edip, sustyny peseldýär.
Men siziñ "Täç" goşgyñyzy haladym. Bu goşgy okyjynyň şähdini açýar. Kalbynda üýtgeşik bir täsin duýguny oýar. Şahyr munuň ýaly ajaýyp setirleri nireden tapýarka diýip, aklyň haýran galýar. Men ana, şolar ýaly goşgularyňyzyň höwrüniň köp bolmagyny isleýän.
Gamgyn bolma, ruhubelent bol we ruhubelent goşgular ýaz. Galamyň ujy ýiti bolsun, ruhubelent goşgulaň höwri köp bolsun.

Sizi çuňňur hormatlamaklyk bilen.

0
5 Aksary   [Материал]
@sabyrly, her kimiñ öz kabul edişi bar-da. nähili düşündirjegimiñ tarapyn tapman durşum
Ine seret

Alla (asman)
Muhammet pygamber
Çaryýarlar
Hezreti Aly

Näme dileseñ ilki Alladan dilemeli......

0
6 baharaliyeva39   [Материал]
Alladan dilemeli elbetde şüphe ýok. Emma goý muňa şahyryň özü karar bersin. Din ücin Hak ýolunda gidenleriň adyny agzap olaň hormatyna ýalwarmakda bir mesele ýokdur.
Şahyryň ruhu we ynanjy goý onyň meselesi bolsun.

0
4 mango   [Материал]
gahryman başda "läş bolup galýar", soň medet isleýär "iň bolmanda, (jesedimi) ýuwup, kepenläñ" diýýär soňam "asmany dagyñ ýüzüne çekýär"...
bir düşnüksizlik bar ýaly, belki jynaza ýuwmak işleri goşgyň ortasynda agzalýanlygyndandyr?

Jynazamy okar ýaly halallañ

"halallamak" - jynza bilen bagly aýdylanda nädogry eşdilýär.
halallamagy - tämizlemek manysynda pikir etseň bolýaram, "jynazamy tämizläň. ýuwuň" diýen ýaly. ýöne, aslynda jynaza diýibem ölüni ýuwup kepelenensoň diýilýän eken.
olä - meýit, kepenlenip gömülmäge taýýar ölä - jynaza diýilýär.
halal - gadagan bolmadyk, diniň rursat bereni....

Jynazamy okar ýaly halallañ - many düşnüklem bolsa....
goşgy barada aýtsaň: gahrymanyň ruhy harasady duýulýar.
üstünlikler.

0
3 Tumarly   [Материал]
Düýn howa hem erbet boldy. Gyşyñ howasy däl ýaly dymyk.

0
1 Aksary   [Материал]
IÑ BOLMANDA(?) ýuwuñ, kepenläñ illäp
Jynazamy okar ýaly halallañ.

Goşgydaky baş gahrymanyñ agzyny dañmakdan başga galan zat ýok ýaly

Añyrsy, bärisi, soñy ýok ASMAN!..
Şu setirde Allatagalany göçme manyda ulanşyñ gowy bolupdyr, tutuşlygyna bezäp dur, ömrüñ bolsun.

0
2 sabyrly   [Материал]
@Aksary, awtor bärde "Asmany""Hudaý" manysynda alan bolsa,
"Asman üçin aglap
Güni höwesläp"
diýen setirlerine nähili düşünmeli? Hudaýa aşyk adamyň gözüne Gün görünmez.

Gowy goşgy eken, @Haweran, ýazyp duruň!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]