01:23
"Asmandan güneş damýar..."
"ASMANDAN GÜNEŞ DAMÝAR..."

Asmandan güneş damýar
şybyr
şybyr
şybyr
ýyljajyk güneş
damýar
damýar
damýar
adamlaryň ykbalyna-maňlaýna,
neneňsi owadan güneş-ä ol.
güneş diýibem şoňa diýäýseň.
özüme meňzäsim geleni üçin,
ýagny Gün bolmanym üçin
jenaýat kodeksin bozman.
güneşler
ýagar
ýagar
ýagar.
diňer
siňer
doňar
birje sowal derde goýar:

O gün meniň günüm
nireden dogar?!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 9
0
9 Mähriban   [Материал]
Suratlar üçin sag boluň, Serdar aga! Alladan gaýtsyn!

0
8 Mähriban   [Материал]
Taňryýalkasyn!

0
7 mango   [Материал]
O gün meniň günüm
nireden dogar?!

Maňa şu iki setirem ýetdi. Sag bol Suraý.
(Menem sorasym gelip gitdi: dogman geçen günüm, haçan haýsy tarapdan dogjak?)

0
5 Bagabat   [Материал]
Suratda ýyldyz süýnýänem bolsa, meň göwnüm-ä "güneş" şeýle "damýan" ýaly bolup göründi.

0
6 Edebiyatcy   [Материал]
Bagabat, eseriň mazmunyna görä şeýdip surat goýsaňyz gowam bolýar, oňardyňyz muny

0
4 Edebiyatcy   [Материал]
Suraý, size kiçiräk maslahat bereýinmi?! Alsaňyz! Goşgularyňyzda gowja, obrazlyja meňzetmeleriňizi, pikirleriňizi şygra salyp, (proza däl-de) kapyýa, bogun sanyna girizip, goşgy ölçeglerine laýyk ýazmaga dyrjaşsaňyz has owadan, akgynly goşgulary ýazyp biljekdigiňizi bilýärin. Beýtmek, pikiri, aýtmak isleýän duýgularyňyzy galyba, dörtburçluga salmak däl-de, gaýta duýgularyň aşa goýberilen ýeri timarlanyp, pikir çugdamlanyp, okyja lezzet berjek eser kemala gelerdi. Bu - meniň pikirim. Bu maslahaty alyp-almazlyk bolsa seniň pikiriň!
HÖWRI KÖP BOLSUN!

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Gün şöhlesiniň dammagy - irkiräk goşgularda-da aýdylsa-da Suraý ony özüçe beýan edýär. BEREKELLA SIZE

0
2 Edebiyatcy   [Материал]
GÜL PAÝLASAŇ...

Gün şöhlesi daman eginlerine,
Belent ruhy - Arşa uzan jaýlary.
Gülleň çüwdürim deý çogan ýerine
Geler guşlar şapak ýanan çaglary.

Seýilgähler göýä yşkyň suraty,
Görünip dur onda ýüregi gülleň.
Gursagy söýgüden dyňzan halaty
Aşygyň ol ýerden gidesi gelmez.

Kölegesi barha semrän agaçlaň
Depesine degip otyr gök asman.
Bägülleň boýuna ýetmez garyşlaň,
Bolanok olary bagryňa basman.

Gujagyndan ysy kükär atyryň,
Sähralary gyzyl çogdur, görsene.
Ýüregiň päk söýgüsine batyryp,
Gül paýlasaň adamlaryň hersine.

0
1 Taryhçy   [Материал]
Ýönekeýje ýaly, emma durşy bilen täze pikirler. Güneşiñ nury elmydama durmuşyñyza damyp dursun

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]