22:00
Asman doglanymda gözüme guýlan...
ASMAN DOGLANYMDA GÖZÜME GUÝLAN...

Asman doglanymda gözüme guýlan,
Adymy gulagma gygyran bir guş.
Soň haçan saldyrdym başyma uýan,
Ýazygym duýgymmy birje goşawuç?!

Gözüňden düşürme, düşünme maňa,
Duçar men Adamyň düşen derdine.
Yşkym imanyma basylan ýama,
Neçün maňa beýle perman berdiler?!

Dilimde şoh aýdym, içimde sena,
Derwüş men şäherli, hyrka-hasasyz.
Her gije barlarda oýnadym sema,
Her gijäm gadyrdyr — myradym hasyl.

Gädilen dişiňde munça gam iýdiň,
Eý, bagty bu biweç ömrüme garam?!
Mäti men, dünýäniň ähli umydyn
Hem seniň tamaňy puja çykaran.

Mätgurban MÄTGURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Aksary | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Teklip / Goşgular - 22.01.2022
«Как мы чисто...» / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]