11:45
Aşgabat
AŞGABAT

Ak mermerden Aziýanyň merjeni,
Eziz ýurdum, ak şäherim Aşgabat!
Binalaryň gamaşdyrar gözleri,
Paýtagtym sen, ak şäherim, Aşgabat!

Gündizleň nurana, gijeleň aýdyň
Sen hakda ýürekler aýdýandyr aýdym ,
Arkadag peşgeşi berilen paýsyň,
Ýüregim sen, ak şäherim, Aşgabat!

Gaýmak deý arassa müň görküň bilen,
Lowurdaýan tämiz her durkuň bilen,
Ginnesiň rekordlar kitabna giren,
Älem aşyk ak şäherim, Aşgabat!

Howasy melhemli belent daglary,
Asmana uzaýar beýik jaýlary,
Ak bagtyma sary yzan ýollary,
Guwanjym sen ak şäherim, Aşgabat!

Taryhy geçmişi sarsmaz Türkmeniň!
Geljegi ondan-da beýik Türkmeniň!
Türkmenistan eziz watanym meniň,
Buýsanjym sen ak şäherim, Aşgabat!

Asmany asuda daňlar atany,
Arkadagym ýurda ballar gatany,
Parahatlyk ynanyşmagyň watany,
Owadan sen ak şäherim , Aşgabat!

Ýodalaryň, düzleriň bagy-bossan,
Şanyňa ýazaýyn müňdebir dessan,
Öňe, diňe öňe jan Türkmenistan!
Şöhradym sen ak şäherim, Aşgabat!

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym!
Arkadagym bilen bagta ýetenim,
Paýtagtym, merjenim, göwher şäherim,
Almazym sen ak şäherim, Aşgabat!

Tumar KIÇIBALOWA,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Döwletli” daýhan birleşiginiň ykdysatçy hünärmeni.




Goşmaça bellikler: Goşgy öň çap bolmadyk.
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Sygyrmusdagy | Теги: Tumar Kiçibalowa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
1
2 Revo   [Материал]
Что правда, то правда

1
1 Pegas   [Материал]
Öň näme üçin çap bolmadyka? Çapa mynasyp ahyryn bu!

1
3 mango   [Материал]
çap bolmaga почти gijä galdy diýseňem bolýar: "Parahatlyk ynanyşmagyň watany" ýylynyň tamamlanmagyna az galdy....

Eziz ýurdum, ak şäherim Aşgabat!

Aşgabat - welaýat derejeli şäher (altynjy welaýat ýaly). goşgudan Aşgabadyň ýurt derejesiniňem bardygy öwrendik.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]