19:34
Arzyly jojuk / basnýalar
ARZYLY JOJUK

Şumjaryp gelende, garagol jojuk,
Käýinmäñ ornuna, özüçe joşup.

Körpesine diýenmişin mekejin:
- Gopararyn horazyñam kekejin.

Güjügi görerin, gorkuzan bolsa,
Gazy ýepbeşlärin, ürküzen bolsa.

Seniñ aýdanyña bolmasa boýun,
Jezasyny çeker, geçidir goýun.

Nähak gygyrypdyr, ýok seniñ hatañ,
Öküziñ gözüne görkezer atañ.

Hiç minnet çekmegin, dik bolsa başym,
Atañ uly wezipede, ak guşum...

Şeýdip, dada-dada durmuşda "çüýjük",
Doñuz bolup çykdy, arzyly Jojuk.

Boýny ýognap, gan guýuldy gözüne,
"Hä" bermän hiç kimiñ aýdan sözüne.

Çişip ýör, özüni edermen saýyp,
Bir süsdi, atasy ölýänçä maýyp.

Böjän wagty, onuñ şeýleräk "oýny",
Süsdi, enesiniñ gyşardy boýny.

Indi ol hiç kimden edenok heder,
Kim bilýär, ýene-de nämeler geler?!

• GYZGAN

Biten ýeri uly ýoluñ gyrasy,
Parhy ýok geçýäniñ agy-garasy.

Bakmady gelýärmi, gelenok heñe,
Ol aslyşyp galdy, kim ötse öñe.

Şeýdibem, özüni tanatdy ile,
Şükür nobat ýetdi kätmendir pile.

• ÝOLBARS WE PIŞIK (Ezopdan)

Ahyey gep tapan ýaly üýtgeşik,
Bir ene ýolbarsdan soranmyş pişik:

- Şunça azap çekip, horlanyp haýyp,
Dogranyñ ýekeje çagamy? - diýip.

Ýolbars diýenmişin: "Düşün doganym,
Pişik däl, Arslandyr meniñ dogranym".

Baýram ÇOMMADOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýram Çommadow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kerim Hallynyñ "Erkekler" goşgusyna jogap / Goşgular - 25.03.2021
O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Sadalykdan dogan kämillik / Goşgular - 16.03.2021
Gyş / Goşgular - 07.01.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]