17:33
Arzuw edilmeýän bagt
ARZUW EDILMEÝÄN “BAGT”

Kakasynyň elli ýaşda gazanyp
bilmedik zadyny – şan-şöhradyny
on dokuz ýaşynda gazandy ogly.
Ýaşajykdy, ejesine ýazardy
öýlerine hatam ýazanda, ogly.

Öldi esger, adyn okan mekdebne
hem oň ýaşan köçesine dakdylar.
“Harby albomdaky” suratlaryna
çagajyklar söýünç bilen bakdylar.

Baky ýaşar indi esgeriň ady,
Ol hiç haçan undulmaýar, ýitmeýär.
Görenler guwanar, buýsanar, ýöne
hiç kim oň “bagtyny” arzuw etmeyär.

Atajan ANNABERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Mähriban | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]