13:20
Arminiý Wamberi Kerkide
ARMINIÝ WAMBERI KERKIDE

1832-nji ýylda Wengriýada köp çagaly ýewreý maşgalasynda dünýä inen Arminiý Wamberi eýýäm 14 ýaşyndaka daşary ýurt dilleriniñ 7-sini özbaşdak öwrenipdir. Ol şol dillerde erkin gepläp bilmegi başarypdyr. Ýaşlygyndan başlap demir ýaly berk erki, joşgunly hyjuwy bilen gündogar dilleriniñ lingwistikasyny düýpli öwrenmäge çalşypdyr. Ol dünýä dilleriniñ 30-dan gowragyny öwrenipdir.
Arminiý Wamberi gündogaryñ arap, pars, täjik, türk dillerini, bu halklaryñ däp-dessurlaryny, gylyk-häsiýetlerini, edebiýatyny, sungatyny, medeniýeti içgin öwrenipdir. Şeýlelikde, gündogar ýurtlaryna syýahat etmegi ýüregine berk düwüpdir. Ol heniz 25 ýaşynda - ýagny, 1857-nji ýylyñ maý aýynra Konstantinopol şäherine tarap ýola düşüp, syýahata ugrapdyr.
Konstantinopolda dört ýyl ýaşansoñ, Arminiý Wamberi Raşit ependi ady bilen Türkiýeden Orta Aziýa syýahata ugraýar.
...Arminiý Wamberi 1863-nji ýylyñ oktýabr aýynda Hywa, Buhara, Samarkant, Garşy şäherlerini yzynda galdyryp, gadymy Kerki şäherine gelip ýetýär. Ol joşgunly Amyderýany synlaýar. "Biz Oksusa (Amyderýa) ýetdik. Derýanyñ sag kenaryndaky depelikde kiçeñräk gala, añry ýüzünde bolsa belentligiñ üstünde serhet galasy bolup, onuñ eteklerinde Kerki şäheri ýerleşýärdi. Iki galanyñ arasyndan akýan Oksus Peşt bilen Ofeniñ arasyndan akýan Dunaýdan-da iki esse giñdi." diýip, syýahatçy belläpdir.
Arminiý Wamberi soñra Amyderýadan nähili ýüzüp geçendigini jikme-jik ýazyp beýan edipdir. Ol Kerkiniñ serhet galasydygyny we Buharanyñ esasy açarydygyny aýratyn belläpdir. "Gala berkitmesi iki bölege bölünýär. Onuñ sag kenaryndakysy onçakly uly däl, onda 4 top bar. Diwarlary pagsadan, ýöne örän pugta, aşagy aşa galyñ we giñ, belentligi 12 futa ýetýär. Galanyñ daşynda şäher ýerleşýär. Şäherde 150 öý, 3 metjit, bazar we kerwensaraý bolup, bular hem pagsa diwarlar bilen gurşalyp alnypdyr. Şäherde özbekler we türkmenler ýaşaýar. Olar köplenç ekerançylyk bilen meşgullanýarlar."
Meşhur syýahatçy A.Wamberi, 132 ýyl mundan ozal Kerki şäherini, ine, şeýle suratlandyrypdyr.
Soñra A.Wamberiniñ ýoly Balh, Antguýy, Derbendiñ üstünden düşýär. Maşady, Tährany yzda galdyryp, 1864-nji ýylyñ 19-njy maýynda hem Orta Aziýa syýahatyny tamamlaýar. Bu syýahaty oña bütindünýä şan-şöhratyny getirdi.

Şirli HUDAÝNAZAROW,
Kerkiniñ döwlet taryhy-medeni zapowedniginiñ uly ylmy işgäri.

"Watan" gazeti, 1996 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 73 | Добавил: Haweran | Теги: Şirli Hudaýnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]