00:16
Arman
ARMAN

"Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz.
Çary Ýegenmyradow


Indi duýgulardan haraý tapmaryn,
Telbe kimin söýenimem peýdasyz
Bir ýyla meňzedip her geçen güni,
Ýaralanyp ýatdym - söweş meýdansyz.

Dälilik hetdine ýetdim-le welin,
Gitmedim aklymdan asla azaşyp.
Şatlykdan, söýgüden gazan dolduryp,
Bagty bişirjekdim, gussa az goşup.

Näme artyk boldy, näme-de kemter?
Bagt diýip edenim bulamak boldy.
Deňje başarmadyk, şonuň üçinem,
Dilegimde bagtyň dilemek boldy.

Bagtymyz biten ýer güllesin gitsin,
Bolmasyn gyzdyr-u-ogul gamymyz.
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eneme / Goşgular - 31.01.2022
Встреча / Goşgular - 16.02.2022
Наше ремесло / Goşgular - 15.02.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
"Nowaýy perdesine galdym..." / Goşgular - 16.01.2022
Мерцающий свет / Goşgular - 22.02.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]