13:54
Arman...
ARMAN...

Burny ganly öye girdi oglanjyk
Ene gördi, göz yaş etdi gowşady
Pyşyrdady oglanjyk öz yanyndan
"Urulmazdyn eje....
Kakam bolsady...."

Ynha "Soňky jaň" we gahryman yigit
Bir pursatda yene göwni agsady
Ene-atalary synlap durşuna:
"Ejem yekeje dur....
Kakam bolsady..."

Toýy bolyar gerçek yigdiň, tost aydyp
Eje gutlap maňlaýyndan ogşady
Bagtly oglan gepletdi öz içini:
"Şu günde bir kakamjanym bolsady..."

Çagalary dünyä indi,
Bagtly ol.
Emma göwni bir zatlara suwsady
Perzentleri "Ene" diyende, oglan:
-Ajap bordy, ataňyzam bolsady...

Kerwen geçip baryar, heňňam üytgemez
Üytgedibem bilmez hiç zat "Permany"
Eje mukaddesdir
Onsuz dünye dar
Şondan kem däl atasyzlyk armany.

Kerim HALLY.





Категория: Goşgular | Просмотров: 211 | Добавил: Jeylan | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Моцарт / Goşgular - 18.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]