12:11
Arasynda gülleriñ
ARASYNDA GÜLLERIÑ

Ylham atym atardym,
Ruhum Arşa ýetirdim,
Hoşbagt bolup oturtdym,
Arasynda gülleriñ.

Aşyk-magşuga zaryn,
Tapmasa diýmäñ tärin,
Ýet:ir ýürekde baryn,
Saýasynda gülleriñ.

Güli söýüp başarsañ,
Joşup goşgy goşarsyñ,
Ýaşlygyña duşarsyñ,
Ýaýlasynda gülleriñ.

Täsin, ömre çalymdaş,
Müşk kokar töwerek daş.
Tapdym göwnüme syrdaş,
Hanasyndan gülleriñ.

Kalba NUR.

2012 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К портрету Лермонтова / Goşgular - 18.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Сила звуков / Goşgular - 18.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Pero   [Материал]
Bu goşgyñy bara, dutaryñ gapdalynda aýtsa bolar,aýal dogan!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]