20:31
Aragyñ
ARAGYÑ

Bilmedikler gulak goýuñ sözüme,
Gara oýny kän eken ak aragyñ.
Öliñ reñkini urdy ýüzüme,
Gara oýny kän eken ak aragyñ.

Öýe eltmän gazanjymy, aýlygmy,
Araga harç etdim ähli baýlygmy.
Ýitirdim lebzimi, iýdi saglygmy,
Gara oýny kän eken ak aragyñ.

Orta ýaşda omurdanmy çökerdi,
Deregmi dargadyp, juldan çykardy.
Tanapsyz örükläp, ýüpsüz kökerdi,
Gara oýny kän eken ak aragyñ.

Güjük çyñsap, it uwlaýar kisämde,
Diläp-diläp içýän indi küýsämde,
Bizar bolup, taşlap gitdi Maýsam-da,
Gara oýny kän eken ak aragyñ.

Mes günüm eselip, goçulyk satdym.
Kä urup, kä urlup, köçede ýatdym.
Men-ä şu zakgundan elheder etdim,
Gara oýny kän eken ak aragyñ.

Ýazguly PIRGULYÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 1993 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ýazguly Pirgulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Hatyra / Goşgular - 12.04.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Hoşlaşyk / Goşgular - 30.05.2021
Hötde gel / Goşgular - 11.02.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Özüňi açmak / Goşgular - 23.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]