20:48
Annasoltan Kekilowany ýatlap
ANNASOLTAN KEKILOWANY ÝATLAP

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdepde mugallymlaryň, ýokary klas okuwçylarynyň A.M.Gorkiý adyndaky TDU-nyň birnäçe studentleriniň gatnaşmagynda şahyra A.Kekilowa hakda giňden söhbet edildi, pikir alşyldy. Ýygnanyşykda ''Ýaş Kommunist'' gazetiniň habarçysy Ogulbaýram Gurbanowa, ýaş şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow, TSSR Bilim jemgyýetiniň lektory Atamyrat Öräýew çykyş etdiler. Agşama gatnaşanlar A.Kekilowa barasynda köp zatlary bildirdiler. Olar şahyranyň nähak ölümine sebäp bolan durgunlyk ýyllary, býurokratiýanyň ýeten derejesi hakynda giňden pikir alyşdylar.
Ýygnanyşygyň ahyrynda TSSR Ýazyjylar soýuzynyň nobatdaky gurultaýyna TSSR Ýazyjylar soýuzynyň nobatdaky gurultaýyna şu aşakdaky teklipler bilen ýüz tutmak makullanyldy.
Birinjiden - şahyra A.Kekilowanyň ähli eserlerini toplap, uly tiraž bilen okyjylar köpçüligine ýetirmeli.
Ikinjiden - Aşgabat şäheriniň köçeleriniň birine A.Kekilowanyň adyny dakmaly.
Üçünjiden onuň 50 ýaşynyň dolýan (1992 ý) ýubileý ýylynda metbugatda radio we telewideniýe A.Kekilowanyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etmeli.
Agşama gatnaşanlar näme üçin 1937-nji ýylyň günäkärlerini tapmak mümkin-de, durgunlyk ýyllary diýilýän döwürlerde ýap-ýaňy bolup geçen jenaýatçylygyň üstüni açyp bolmazmyşyn diýen kanuny sowaly hem öňde goýdular. Agşamyň gidişinde mekdebiň mugallymy M.Toýlyýew, mekdebiň direktory Ş.Borjakowa, TDU-nyň studenti A.Amanmyradow dagynyň çykyşlary hem täsirli boldy. 43-nji orta mekdebiň ähli okuwçylary, mugallymlary TDU-nyň taryh fakultetiniň studentleri A.Kekilowanyň ykbalyny açyp görkezendikleri üçin awtorlara köp sag bolsun aýtdylar. Olara galamlarynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Göwher MUHAMMETGULYÝEWA,
Maýa BAZAROWA,
TDU-nyň studentleri.

Makalaň çapa çykan ýyly: 18.10.1990 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Яш коммунист" gazeti

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 81 | Добавил: Jeksparro | Теги: Maýa Bazarowа, Göwher Muhammetgulyýewа | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]