20:16
Annasoltan
ANNASOLTAN

“Jebir gördüm bu diwardan aňyrda,
Zulum gördüm bu diwardan aňyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda,
Hapa boldum, men bir suwa düşeýin.”
Annasoltan Kekilowa


Aý, ýok, Annasoltan,
Beýle däl, owlak.
Sen hapa bolmadyň, hapaladylar.
Kim gara don geýip,
Kim ak halat geýip,
Seni on iki ýyllap depelediler.
Ilki dälihana sokup,
Soňra gara ýere dykyp,
Yzyňdan öwdüler, apaladylar.
Gideňden soň näçe ýyllap kärdeşleň
“Nä-de, nä, borka?” diýip, sessiz gezdiler.
Ýaz diýlenni ýazdylar.
Poz diýlenni pozdular.
Wejera ýaryşynda bir-birinden ozdular.
Çap diýilse çapdylar,
Tap diýilse tapdylar,
Dep diýilse depdiler.
Gapy gürrüň uýat ýerin
Öp diýseler öpdüler,
Käte omajy oklap,
Gap diýseler gapdylar.
Ýa-da ýumruk görkezip,
Gap diýseler gapdylar.
Olar şeýle köpdüler.

Ine, birden rugsat berdi hökümet
Seni ýatlamana tutmana adyň.
Beýle-beýle mähirli söz, ýyly söz
Seniň haçan eşiden hem gören zadyň.

Özüňi ýedi gat ýere süsdürip,
Çykardylar adyň ýedi gat arşa.
Uruşdan soň doglan ýatlama ýazýar
Gatnaşyşy hakda nägehan urşa.

Bir gezek görmedikler,
Bir köçede ýörmedikler,
Saňa elin bermedikler,
Seni itler çekelände
Bir arkaňda durmadyklar,
Halas torun gurmadyklar
Bu gün ýaka ýyrtyp, saçlaryn ýolýar.
Nätanyş keşbiňi ýatlajak bolýar.
O-da başardanok, heňe gelenok,
Ýekelik aýdymy hora bolanok.

Hapa boldum diýip kemsinme, owlak,
Seni hapalanlar boldular hapa.
“Eýtjekdik, beýtjekdik” diýşibem bu gün
Çypdyryp otyrlar degirmän ýapa.

Çyn şahyrsyz ili aldamak aňsat,
Şahyryň ruhuny bolmaz-a aldap.
Dirikäň üstüňden gülen mähelle
Öleňsoň ýene bir kemsidýär aglap.

Mes eşekler toýnak salýar ýyldyza,
Hudaýy çagyrýar näumyt hassa.
Senem diýýäň: ”Men bir suwa düşeýin“
Hapa suwdan çykjakmy sen arassa!

Syýasata girýän barmy azaşyp,
Poha batsaň, boýuň bilen batylýar.
Daşyna tiken sim çekilen ýurtda
Diňe uçup bilýän guşlar atylýar.

Süýrenji bolsaň, hiç kim degenok,
Ýere sygmadyklaň jaýy asmandyr.
Türkmen birine heýkel dikmeli bolsa,
Gurbansoltan däldir, Annasoltandyr!


Şiraly NURMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ырка / Goşgular - 06.03.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Öz dünýäme giderin / Goşgular - 17.03.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021



Всего комментариев: 6
1
6 Hyýalkeş   [Материал]
Bulary bilemokdym. Detallary bilen aýtsañyz men ýaly nadana ýagşylyk etdigiñiz bolardy.

1
2 Hyýalkeş   [Материал]
Şol Gurbansoltan däldir sözüni ýolbaşçy aýatda dirikä aýtmadyk adam soñundan aýtsa diñe özüniñ neneñsi gorkakdygyny bildirýärmikä diýýän. Bu goşgy 2006-dan soñ ýazylan bolsa gerek.

0
3 Revo   [Материал]
Goşgy 1995~2001-nji ýyllar aralygynda ýazylan bolmaly diýip bilýän. Belki ondan öňürägem bolmagy ahmal.

0
4 Taryhçy   [Материал]
Mahym hanym siz entek yaş bolmaly, hemişe bir zat hakynda soñuny oýlanman ýazyp goýberýäñiz, okan zadyñyz hakda şobada gutarnykly netije çykarýañyz.

1
5 Taryhçy   [Материал]
Bardy geldi siziñ aýdan wagtyñyzdan soñ ýazanam bolsa Şiraly şahyra gorkak diyip bilmersiñ. Diñe sen dal, asyl oña seniñ halap, öwüp arşa çykaryp, täsirinden çykyp bilmän ýören yalançy, gözboýagçy, gorkak, ýaranjañ şahyrlañ topbagy bilen gelende-de Şirala gorkak diýip bilmezler. Ol señ diyyän adamyña diri wagtynda-da şerebelije epigrammalary düzen we şoñ üstünde öz şahsy durmuşyndaky kemçilikleri gurnalyp, ýüzüne durlup basylyp, ahyryn daşary ýurda gaçyp gitmäge mejbur bolan adam.

2
Sen biziñ ýüregimizde ýaşaýarsyñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]