11:52
Anaýasso
ANAÝASSO

Onuñ ady Samuel Batto Sfez - Tunisde jöhit jemagatynyñ öñbaşçysy Nessim Şamamanyñ sürüjisi bolup işlän ýaş tunisli jöhit...
1857-nji ýylyñ 24-nji iýun güni ol awtoulag heläkçiliginde bir musulman ýigidini öldürdi. Turan dawada Sfeziñ yslam dinine agzyndan gelen hapa-paýyş sözleri diýmegi wakany hasam ulaltdy.
Jöhit jemagaty Sfeziñ jogapkärçilikden boşadylmagy üçin ep-esli pul hödürledi. Ýöne Sfez ölüm jezasyna höküm edildi.
Şamama şondan iki ýyl öñ tagtda oturan we jöhitlere gönükdirilen gysyşlary ýatyran Muhammet ibn el-Hüseýinden kömek sorady. Galyberse-de, Şamama patyşanyñ hazynasyna jogapkär emeldardy.
Jöhit ýazylganlygyna ýol berendigi üçin öñem nägilelikleriñ döremegine sebäp bolan Muhammet halk köpçüliginiñ berjek garşylygyndan çekindi.
Şamama bu gezek fransuz konsuly Leon Roşes, iñlis konsuly Riçard Wud dagylara ýüz tutdy. Waka ýewropa habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi.
Gysyşlaryñ artmagyndan çekinen Muhammet ölüm jezasy hakyndaky permana gol çekdi. Sfez kellesi kesilip jezalandyryldy. Halkyñ gahar-gazaby ýetjek derejesine ýetip dynypdy welin, hatda Sfez jaýlamak üçin jöhit jynazasynyñ geçirilmegine-de rugsat berilmedi...
Bu pajygaly waka Tunisde düýpli üýtgeşmeleriñ bolup geçmegine sebäp boldy:

• DOKUZ SÖWEŞ GÄMISI

1856-njy ýylyñ 18-nji fewraly.
Osmanly hökümeti gaýrymüslimlere (musulman däl halklara) täze hak-hukuklar berýän "Hatt-ı Hümayun" ("Islahat" permany) kanunnamasyny kabul etdi.
Ispaniýanyñ golastyndaky Tunise osmanlynyñ birinji girişi 1534-nji ýylda Barbaros Haýretdin paşanyñ ýolbaşçylygynda boldy. Wagtyñ geçmegi bilen osmanly dolandyryş mehanizminiñ gowşamagy netijesinde Tunis awtonom ygtyýarlyga eýe boldy...
Sfez wakasyndan soñ fransuzlar gaýrymüslimlere niýetlenen birnäçe üýtgeşmeleri girizdirmek üçin Tunise dokuz söweş gämisini ugratdy.
1857-nji ýylyñ 10-njy sentýabrynda Tunis “Ahd al-Aman” diýip atlandyrlan "ynamdarlyk kasamyny" kabul edip, gaýrymüslimleri öz sudlarynda jogapkärçilige çekmek, ýerine ýetirilýän jizýe salgydyny ýatyrmak we daşary ýurtlylara ýer almak, dürli önümçilik kärhanalaryny işletmek ýaly hak-hukuklara idin berdi.
1861-nji ýylyñ 29-njy ýanwarynda “Kanunü'd döwle” diýilýän 114 maddalyk ilkinji Tunis Konstitusiýasy güýje girdi. Bu kanun arap ýurtlarynyñ arasynda birinji kabul edilen konstitusiýadyr...
Emma Konstitusiýanyñ düzgünleri ýerine ýetirilmän galdy. Deñgyrañly salgyt sistemasynyñ girizilmeginden döwlet derejesindäki saýlawlarda hileli oýunlaryñ edilmegi ýaly birgiden nogsanlyklar tolgunşyklaryñ döremegine getirdi. Netijede 1864-nji ýylda Konstitusiýa ýatyryldy...

• KAGYZ ÝÜZÜNDE

1881-nji ýyl.
Fransiýa tunisli taýpanyñ öz golastyndaky Alžire çozandygyny bahanalap Tunisi basyp aldy.
Yzysüre... "Hassa adam" - Osmanly Tunisdäki ähli agalyk ediji hak-hukuklaryndan el çekýändigini mälim etdi.
Tunisiñ ýetmiş bäş ýyla çekjek kolonial döwri başlady. "Hökmany suratda Konstitusiýa" diýip tutduran Fransiýa Tunisde şondan soñ ýeke gezegem Konstitusiýa sözüni agzamady! Tunisi fransuz generallary dolandyrdy. Olar fransuz okkupasiýasynyñ yzysüre Tunisiñ Konstitusiýasyny gaýtadan güýje girizmek maksady bilen toplanan "el-Hâdıra" hereketini, "Ýaş Tunis", "Dessur" partiýalaryny dargatdy.
"Dessur" partiýasynyñ lideri Habib Burgiba on bir ýyllyk göreşinden el çekmedi. Ahyrynda üstün çykdy. Ol 1956-njy ýylyñ 20-nji martynda garaşsyzlygyjy jar eden Tunis respublikasynyñ ilkinji prezidenti boldy.
Tunisiñ täze Konstitusiýasy 1959-njy ýylda güýje girdi. 78 maddadan ybarat konstitusiýanyñ birinji maddasynda özygtyýarly, garaşsyz Tunisiñ "Wekiller mejlisi", "General mejlisi" diýip atlandyrylan iki mejlisli respublikadygy nygtalýar.
Gynansak-da, ýene awtoritar regime guruldy - partiýa-döwlet birleşmesi bolup geçdi we partiýa döwletiñ ähli edaralarynda wekilçilik etmäge başlady. Kommunistik partiýa ýaly partiýalaryñ işi gadagan edildi.
Şeýle-de, 1974-nji ýylyñ 27-nji ýanwarynda Burgiba ömürlik prezident diýlip yglan edildi!
1987-nji ýylda Burgibany gandöküşiksiz agdarlyşyk arkaly agdaran premýer-ministr Zeýnel Abidin bin Aly-da awtoritarizmi dowam etdirdi. 1988-nji ýylym 12-nji iýulynda, 1999-njy ýylyñ 29-njy iýunynda, 2002-nji ýylyñ 1-nji iýunynda, 2003-nji ýylyñ 13-nji maýynda, 2008-nji ýylyñ 28-nji iýunynda häkimiýetiniñ dowamlylygyny üpjün etmek üçin Konstitusiýa üýtgeşmeler girizdi. Bu üýtgeşmeler onuñ häkimiýetiñ soñunyñ gelmegini togtadyp bilmedi - 2011-nji ýylyñ 14-nji ýanwarynda Zeýnel Abidin Tunisden gaçyp gitdi.
Tunis rewolýusiýasyndan soñ 146 maddalyk konstitusiýa 2014-nji ýylyñ 26-njy ýanwarynda güýje girdi we bu konstitusiýany taýýarlamaga gatnaşan Tunis Konstitusion hukugy jemgyýetiniñ başlygy Kaýs Said prezidentlige saýlandy. Ynha, şul konstitusiýanam hut Kaýs Saidiñ özi gümlema iberdi!
Ýagny...
Konstitisiýany ýaşadýan - kagyz ýüzündäki owadan sözli maddalar däl-de, durmuşyñ hut özüdir!
Täze Konstitusiýany taýýarlap ýören AKP-MHP munuñ parhyny bilýändir diýip umyt edýärin.
Selda Bagjanyñ aýdymyndaky "Anaýasso" bilen Anaýasamyzyñ (Konstitusiýamyzyñ) arasyndaky tapawudy bilmek gerek...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 29.07.2021.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 43 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]