00:43
Amadeý -3/ pýesanyñ dowamy
IKINJI PERDE

1. Salýeriniň öýi.

Salýeri. Ynha, bir sagatdan soňky bolan ilkinji waka... Konstansiýa gaýdyp geldi, ýogsa, eýýäm agşam sagat on bolupdy!

Girelgedäki gapynyň jaňynyň sesi eşidilýär. KONSTANSIÝA girýär, onuň yzy bilenem HYZMATKÄR ýaýdanjyrap gelýär.

(geň galyp.) Signora!

Konstansiýa (gowuşgynsyz). Adamym baron Wan Switeniň çakylygyna gitdi. O taýda Sebastýan Bahyň konsertini berýäler. Adamym maňa o taýda seň üçin gyzykly tomaşa ýok diýdi.
Salýeri. Be, şeýlemi! (Otagda eglenen hyzmatkäre kesgin ýüzlenýär.) Eger nämedir bir zat gerek bolsa, jaň kakaryn. Minnetdar.
Konstansiýa (perwaýsyz). Biz onda nirä gideris?
Salýeri. Näme?
Konstansiýa. Muny nirede berjaý kylarys? Belki, şu ýerde? Näme üçin şu ýerde etmeli dälmişik?

(Ýuwaşja gürleýär.) Ýeri, şeýle... hany, başlalyň-da onda.

SALÝERI oňa sessiz-üýnsüz nazar aýlaýar, ýöne derhal nazaryny sowýar hem-de gapdala seredýär.

Salýeri (sowuk-sala). Ynha, siziň notalaňňyz. Haýyş edýän, olary alyň-da, ýola düşüň. Häziriň özünde. Şu dakykada.

Böwşeňlik.

Salýeri. Güm boluň! Garaňyzy görmäýin, ikilenjem geläýmäň!

Gahary kekirdegine gelen Salýeriniň ýüzüne urmak üçin duýdansyz ýerden onuň üstüne okdurylýar. Salýeri ony ellerinden tutup saklaýar, batly silkeleýär hem-de ýere taşlaýar.

Gelin ýigrenç bilen onuň ýüzüne seredip durşuna doňup galýar.

(Tomaşaçylara gygyrýar.) Görýäňizmi, munuň nähili bolanyny! Men oňa meýil bildiripdim. Öte meýil bildiripdim. Onuň bilen golaýlaşmak isläpdim. Ýöne häzir munuň özi ownamak bolýady! Bu Mosart bilen göreşmek däldi ahyry. Ýöne şoň üsti bilen! Şoň üsti arkaly ony aşa söýlän Penakäri bilen göreş alyp barýadym. (Ýigrenç bilen.) Amadeý!.. Amadeý!.. Penakäriň söýüp-söýläni!

KONSTANSIÝA ýerinden galýar hem-de otagdan wazlap çykyp gidýär.
Böwşeňlik.
Salýeri biraz ynjalyp, stola tarap ýöreýär, kemput alyp, agzyna atýar.

Şol günüň agşamy köşge bardym hem-de ozal hatarynda duran ähli haýyr-sahawat jemgyýetlemme gatnaşmakdan ýüz öwürdim. Şeýlelikde, il-güne kömek bermek baradaky beren ähdimem bozdum.

Sahnanyň yşygy üýtgeýär.

Soňam men hökümdaryň huzuryna bardym hem-de şa gyzy Ýelizaweta üçin iň bir ortaça ukyby bar bolan kişini saz mugallymlygyna teklip etdim.

2. Şýonbrun köşgi.

HÖKÜMDAR tylla gözgüleriň arasyndaky öňi açyk äpet pejiň ýanynda dur.

Iosif. Jenap Gommer diýdiňizmi? Ýöne ol gaty tutuksy adam ahyry. Näme üçin oňa derek Mosart bolmaly dälmiş?
Salýeri. Siziň alyhezretiňiz, patyşa maşgalasy üçin saz mugallymy hökmünde Mosarty teklip etmäge wyždanym çatanok. Onuň gürrüňi köp.

MOSART sahnanyň öňüniň beýleki tarapyndan peýda bolýar. Ol has ýönekeý oturtma saçda, oturtma saç onuň öz goňras mele saçyna çalymdaş, oturtma saçyň arkasy lenta bilen boglan.

Salýeri (tomaşaçylara). Mosart menden güman etmedi. Nähili karara gelenini hökümdaryň özi ýüzüne aýtdy...
Iosif (gabadyndan geçip barşyna). Umuman, ynha, şeýleräk. (Sahnadan gidýär.)
Salýeri. ...menem işi şowlamadyga duýgudaşlyk bildirmäge galdym.

MOSART yzyna dönýär hem-de gussaly görnüşde alyslara nazaryny dikýär.
SALÝERI duýgudaşlyk bilen onuň goluny gysýar.

Mosart (gam laýyna batyp). Özüm günäkär. Kakam maňa hemişe hat ýazanda mylakatlyrak, ýumry-ýumşak bolmagymy sargyt edýä. Ýeriňi bil diýýä!.. Muny eşidensoň-a öwüt-nesihatdan gyrma hat köküni ýollar!
Haýallyk bilen fortepianonyň ýanyna barýar.

Yşyk üýtgeýär.

Salýeri (Mosartyň yzyndan garap durşuna). Mosart bu gezek lüt utuldy.

3. Wena hem-de operanyň durmuşyndan görnüşjikler.

Sahnada WENTIÇELLILER gaýmalaşýar.

Birinji. Onuň şägirtleriniň sany artaýmady.
Ikinji. Olaň sany altydan geçenok.
Birinji. Indi onuň çagasam bar.
Ikinji. Ogly boldy.
Salýeri. Wah, neresse. (Tomaşaçylara.) Meň işlem welin, tersine, ugrugyp gitdi. Geň görülse-de, şeýle. Men Hudaýyň gargyşyna garaşdym ― ýöne Hudaý tutmady. Oňa derek 1784-nji ýylda-da, ondan soňky ýylda-da jemagat meni Mosartdan has ýokary tutdy. Munuň özi, hut şu iki ýylyň içinde onuň fortepiano konsertleriniň hem-de kirişli saz gurallary üçin kwartetleriniň iň naýbaşylaryny ýazandygyna garamazdan.

WENTIÇELLILER SALÝERINIŇ iki gapdalynda durýar.
MOSART fortepianonyň başynda otyr.

Birinji. Gaýdn onuň kwartetlerini gözelligiň nemunasy hasaplaýa.
Salýeri. Gürrüňsiz şeýle. Ýöne olary hiç kim eşitmese näme.
Birinji. Wan Switen onuň fortepiano konsertleri ajaýyp diýýä.
Salýeri. Hut şeýle. Ýöne olary hiç kim duýmady.

MOSART bir saz çalýar, bir-de dirižýorlyk edýär. Ýuwaşja fortepiano lýa mažor üçin konsertden rondo ýaňlanýar, K.488

(Sazyň sesiniň astynda.) Wenaň jemagaty onuň her bir täze konsertini zenan başgapjagazlarynyň ― şlýapajyklarynyň täze nusgalaryny garşylaýyşlary ýaly, şowhunly makullamak bilen garşylaýadylar. Konsertleň her biri diňe bir ýola gidýädi hem-de soňra bütinleý unudylýady!.. On sekizinji asyrda şondan gowy saz düzýäniň ýokdugyna ýeke men düşünýädim... Munuň tersine, meň operalam ähli ýerde goýulýady hem-de hemme kişä ýaraýady.

Salýeri (tomaşaçylara). Munuň özi ynanar ýaly däldi. Kimdir biri meni ýöriteläp üstünlikden üstünlige atarýan ýalydy!.. Meň kelläm dabaraly magtançlardan püre-pürlendi. Öýüm bolsa zer çaýylan mebellerden doldy.

4. Salýeriniň öýi.

Sahna altyn öwüşginlere çümüpdir. Hyzmatkärler zer bilen nagyşlanan zerli oturgyçlary göterip, olary sahnanyň ortasynda goýýarlar. Indi ýaşy biraz ulurak görünýän Salýeriniň HYZMATKÄRI kompozitoryň egninden mawy gursakçany aýyrýar hem-de oňa täzesini, zerli atlazdan tikilenini geýmäge kömek edýär. Biraz gartaşany bildirip duran AŞPEZ üsti lezzetli şirinnanly üç hatarly direg-gaby getirýär.

Salýeri. Men tagam dannap ýörenlerden däldim, ýöne häsiýetimi üýtgetdim... Özüme göwnüm ýetip ugrady. Süňňüm bilen dünýewi durmuşyna berildim. Jaý edindim, köpçülikleýin tans çärelerini gurnaýadym, tutuş möwsümde-de bol-telkiligiň mazasyny görýädim. (Ol ine-ganalykda oturýar.)

Wan Switen. Figaro!.. Figaroň öýlenişi! Şol bomarşeň ýürekbulanjy pýesasy boýunça!

Salýeri (tomaşaçylara). Ine, saňa täze habar! Mosart “ Figaraň öýlenişi” başlapdyr. Nähili iş gaýyrmaly? Nädip oňa päsgel bermeli?.. «Figaroň» goýulmagyny başa bardyrman bormy?.. Ynanar ýaly däl, ýöne alty hepdeden soň ol tutuş partiturany gutaraýdy!..

ROZENBERG ylgaşlap gelýär. Ştregem yzynda.

Rozenberg. Ol «Figarony» gutardy! Ilkinji görkezilişi birinji maýda!
Salýeri. Şeýle bahymmy?
Rozenberg. Ara goşular ýaly hiç hili mümkinçilik ýok!

Az-owlak böwşeňlik.

Salýeri(hilegärlik bilen). Mende-hä bir pikirjik bar.
Rozenberg. Nähili pikir?
Salýeri. Maňa aýdypdylar ― maňa üçünji perdede balet sahnasy bar diýib-ä aýdypdylar.
Rozenberg (Oýurganyp). Howa.
Ştrek. Şol nämeden habar berýä?
Salýeri. Hany, aýt, hökümdaryň operalarda baledi gadagan edeni çynmy?
Rozenberg (düşünýän terzde). H-äää!
Salýeri. Hut şeýle!
Rozenberg. Oh, capisco! Na che meraviglia! Perfetto! (Ol içi güjükli gülýär.) Ştrek (gyzmalyk bilen). Ol nämejikleri aýdyp dur-a? Näme teklip edýä?
Salýeri. Ony teatrda görersiňiz.
Rozenberg. Elbetde. Haýal etmezden. Men muny ýadymdan çykaryp gidipdirin. Köşk kompozitory, siz akylyň öýjügi!
Salýeri. Menmi?.. Ýöne men hiç zat aýtmasam näme. (Sahnanyň düýbüne gidýär.)

5. Garaňkyradylan teatr zalynda.

Garaňkyradylan teatr zalynyň sahnasynyň syrtky dekorasiýasynda öçügsi şöhle saçýan çyralar bejerilýär. ROZENBERG ortaradaky zerli oturgyçlaryň birinde otyr. Çep tarapdan başga bir kaşaň jiltgeli Mosart haýdap gelýär. Onuň elinde «Figaronyň» partiturasy. Ol fortepiano tarap ýüzlenýär.

Rozenberg. Mosart!.. Mosart!
Mosart. Hawa, jenap direktor.
Rozenberg (hoşamaýlyk bilen). Siz bilen gürleşäýjekdim. Özem häzir.
Mosart. Bolar. Ýöne nämäň gürrüňidir ol?
Rozenberg. «Figaroň» partiturasyna göz gezdirmek mümkinmi?
Mosart. Bagyşlaň. Ýöne näme üçin?
Rozenberg. Bärik beriň. (Özi duran ýerinde dur.) Elime beriň.

Basga galan Mosart oňa partiturany uzadýar.
Rozenberg ony agdaryşdyryp ugraýar.

Hany, maňa aýdyň, onuň alyhezretleriniň operalarda baleti berk gadagan edendiginden siz habarlymy?
Mosart. Nämäň baleti?
Rozenberg. Siziň üçünji perdäňizdäki balet.
Mosart. Jenap direktor, bu balet däl. Ol Figaroň toýundaky tanslar.
Rozenberg. Hut şeýle. Tanslar-da.
Mosart (özüne basalyk bolmaga çalyşýar). Ýöne, jenap direktor, hökümdar bardy-geldi ýordumy ösdürmek üçin zerur bolan ýagdaýynda, operadaky tanslary gadagan etmed-ä. Ol fransuzlardaky ýaly, bolgusyz sokulma girizme baletlere garşy, şolam bütinleý dogry.
Rozenberg (sesini gataldýar). Jenap Mosart, hökümdaryň permanlaryny seljermek size galmandyr! Size olary berjaý etmek gerek! (Ol partituradaky tansly sahypalary garbap, olary iki barmagy bilen saklaýar.)
Mosart.Siz näme edýäňiz?.. Siziň aly jenabyňyz, siz näme etjek bolýaňyz?
Rozenberg. Bärdäki ýerliksiz zatlary aýyrmakçy! (Ol galagoply ümsümlikde sahypalary goparyşdyrýar.)

Mosart doňňara daşa öwrülip oňa seredýär hem-de öz gözlerine özi ynananok. Salýeri bilen Ştrek bolup geçýän zatlary garaňkydan synlaýarlar.

Jenap, belki-de, indiden beýläk siz hökümdaryň permanlaryna hormat goýmany öwrenersiňiz! (Ol ýene-de birnäçe sahypany goparyşdyrýar.)
Mosart. Ýöne... Ýöne eger şu aýrylsa, operaň iň esasy ýeri jaýryk atar!.. Aý, ýok, büý-ä bir dildüwşüge meňzeýä! (Birdenem gygyryp gürleýär.) Salýeri! Bu şondan başga kişiň işi däl!
Rozenberg. Bul-a bir patarraky.

Salýeri (tomaşaçylara). Ol nädip güman edip bildikä? Men hiç bir babatda sepimi açmadym ahyry. Eýsem-de bolsa, Penakäri muny gulagyna pyşyrdaýdymyka?
Mosart. Hawa, bu bir dildüwşük! Olaň içine girip-çykan ýalydyryn! Duýgym gaty güýçlüdir! Aýylganç dildüwşük!
Rozenberg. Aýdýan zatlaňňyzy gulaklaňňyz beri eşidýämi!
Mosart (gahardan ýaňa ýarylara gelýär). Siz näme isleýäňiz? Iki günden oýnuň ilkinji görkezilişi bolýa ahyry!
Rozenberg. Täzeden işläň. Siz çalt ýazýaňyz-a. Çep eliňizden gelip dur.
Mosart. Saz kämil çykmadyk mahaly täzeden işlenilýä! Häzir ony gowy tarapyna taraşlamak mümkindäl!.. (Gazap atyna atlanýar.) Hökümdar bilen özüm gürleşerin! Onuň üçin ýörite tomaşa gurnaryn.
Rozenberg. Hökümdar oň ýaly zatlara gatnaşanok.
Mosart. Ýöne şoňa geler. Ýalňyşýaňyz. Şoňa geler! Ana, şonda barysyny özi aýyl-saýyl eder!
Rozenberg. Umuman, ýagdaý şeýle. Şu perdäni täzeden işläň ýa-da operany goýmakdan ýüz öwrüň. Şu meň gutarnykly gelen netijäm.

Böwşeňlik.
Ol göz-gülban edilen partiturany kompozitora berýär.
Mosart sandyraklaýar.

Rozenberg yzyna öwrülýär hem-de sarsmaz gala ýaly bolup gidýär.
Rozenberg haýaljakdan hem-de arkaýynlyk bilen sahnany terk edýär.

Men, barybir, ýörite oýun gurnaryn! Ynha, görersiňiz! Hökümdar geler. Görersiňiz! Görersiňiz! Görersiňiz!

Gahar kakyny tutup, partiturany ýere taşlaýar. Sahnanyň düýbünde, garaňkyda ŞTREK gidýär, SALÝERI bolsa, gykylyklap duran MOSARTA tarap ýönelýär, Mosart birden onuň şu ýerdedigini duýýar, öwrülýär hem-de oňa tarap biygtyýar aýyp ýöňkeýji yşarat edýär.

(Salýerä ýüzlenýär.) Meni gadagan etdiler... Meni gadagan... Ýöne, elbetde, size bulaň bary mälimdir?!
Salýeri (parahat). Näme mälim bolmaly?

Mosart ondan arkanjaklaýar.
Mosart (gussaly). Parhy ýok.
Salýeri (hemişekileri ýaly mekirlik bilen). A-how, Mosart, size kömek gerekmi? Eger, isleseňiz, özüm hökümdar bilen gürleşeýin. Ony ýörite gurnajak oýnuňyza gatnaşmagyny haýyş edeýin.
Mosart (haýrana galyp). Siz haýyş edip bilermisiňiz?
Salýeri. Geler diýip söz berip biljek däl, ýöne synanyşyp göreýin.
Mosart. Jenap!
Salýeri. Hoş wagtyňyz onda. (Ol mundan soňraky minnetdarlyk bildirilmegine garşy çykyp, ellerini ýokaryk galdyrýar.)

Mosart fortepiano tarap ugraýar.

Bütinleý synanyşyp görmedigimi aýdyp oturmagyň hajaty beri barmyka. Ýöne meni gaty haýran galdyryp...

ŞTREK bilen Rozenberg howlukmaçlyk bilen sahnanyň düýbünden çykýarlar.

Şol günüň ertesi... «Figaroň» iň soňky synagynyň ortasynda...

Sahnanyň düýbünden hökümdar IOSIF peýda bolýar.

Iosif (güler ýüz bilen). Toý-tomaşalaram, feýerwerklerem bolar! Toý-tomaşalaram, peýerwerklerem! Sag-salamatlykmydyr, jenaplar!

6. «Figaronyň» iň soňky synagynda.

Salýeri (tomaşaçylara). Özüniň edehediniň doly tersine, hökümdar gelmegi müwessa bilipdir!

ŞTREK bilen ROZENBERG dowul tapyp, birek-biregiň ýüzüne seredişýär. Ynjalykdan gaçan IOSIF ýüzüni jemagata öwrüp, zerli oturgyçlaryň birine çökýär. «Haremhanadan ogurlyk» operasynyň sahnasynda bolşy ýaly, ol edil opera görýän mysaly, tomaşa zalyny synlaýar.

Iosif. Mosart, men şuňa sabyr-takatymy gaçyryp garaşýan! Gara çynym! Men üýtgeşik täsin zada garaşýan.
Mosart (hyjuw bilen baş egýär). Siziň alyhezretleňňiz!

Köşk adamlary-da oturýar. Ştrek ― sag tarapda, Rozenberg çep tarapda, Salýeri ― fortepianonyň töwereginde.

Salýeri (tomaşaçylara). Bu nämäň alamaty? Ýokarky Mosartlyk bolaýdymyka? Belki-de, ol ahyrsoňy meň petigulymy bermegiň kararyna gelendir?
Mosart (Salýeriniň kürsüsiniň ýanyndan geçip barşyna halys ýürekden, ýuwaşja gürleýär). Men sizden razy... Özümiň minnetdarlygymy nähili beýan etjegimi bilemok...
Salýeri (gapdala çala gürleýär). Gerek däl. Hiç zat gürlemäň. Häzir bu taýy ýeri däl!

Mosart çakganlyk bilen fortepianonyň başyna geçip oturýar.

(Tomaşaçylara.) Ýöne bir ýagdaý welin maňa tötänden gabat gelme bolup görünmedi.

Saz sesi daşdan gelýär. «Figaronyň» üçünji perdesiniň soňy, edil tanslaryň başlanýan ýeriniň öňüsyrasy.

Onuň alyhezretleri laýyk tansly sahnanyň öň ýanynda peýda bolupdy, şulam howatyrlandyrýardy.

Saz şarta üzülýär.

Olam, bizem doly ümsümlikde dowam eden hereketi synladyk.

Daş-töweregi köşk adamly HÖKÜMDAR durşy bilen sessiz oýna öwrülen hereketi yzarlaýar. Geňirgenýändigi onuň ýüzünden aňdyryp dur. Rozenberg ynjalykdan gaçyp, hökümdary synlaýar, ahyry hökümdar gürleýär.

Iosif. Men-ä düşünýän däldirin. Bu näme boldugy ― täze usulmy?
Mosart (gozgalaň tapyp saz guralynyň başyndan böküp turýar). Ýok, siziň alyhezretleňňiz.
Iosif. Onda näme bu?
Mosart. Jenap direktor şu ýerdäki bolmaly tanslary aýyrdy.
Iosif (Rozenberge). Näme sebäpden şeýtdiňiz?
Rozenberg. Siziň görkezmäňiz boýunça, jenap. Operada balet bolmaly däl.
Mosart. Siziň alyhezretleňňiz, bu balet däl. Ol tans, tanslar bolsa, ýordumy ösdürmek üçin gerek.
Iosif. Hawa, şeýle görnüşde-hä büý-ä birtüýsli. Şü hoşuma gelý-ä diýib-ä aýdyp bilmen.
Mosart. Maňa-da ýarap baranok, siziň alyhezretleňňiz.
Iosif. Rozenberg, size ýaraýamy?
Rozenberg. Siziň alyhezretleňňiz, gep bärde ýarap-ýaramazlykda däl. Siziň öz permanyňyz tanslary gadagan edýä.
Iosif. Hawa. Ýöne, barybir, bu bimany. Olara bir garaň ― edil mumdan ýasalan gurjaklar ýaly.
Rozenberg.Siziň alyhezretleňňiz, edil beýle-de däl.
Iosif. Men mumdan ýasalan gurjaklary halamok. Olar gyr kakynym!
Mosart. Menem şoň ýaly.
Salýeri (mylakatlylyk bilen). Siziň alyhezretleňňiz, graf Rozenberg bardy-geldi saz dikeldiläýse, onda, munuň özi, ökünip, aňyrsyna çykyp bolmajak karar bor öýdüp howatyrlanýa. Şundan soň operalarda sagatlap tansa seretmeli bolar.
Iosif. Gofmeýster, men muny ýol bermesiz zat hasaplaýan. Operalarda sagatlap tansa seredip bolmaz. (Rozenberge.) Hany, Mosartyň sazyny dikeldiň bakaly.
Rozenberg. Ýöne siziň alyhezretleňňiz, men şuny hetjiklemelidirin...
Iosif (höküm ediji äheňde). Rozenberg, siz meni özüňize mejbur etdirmek isleýäňizmi?.. Meň Mosartyň sazyny diňläsim gelýä. Düşnüklimi?
Rozenberg. Hawa, siziň alyhezretleňňiz.

Mosart begenjine ganat baglap uçaýsam diýýär. Ol oturgyjyň üstünden bökýär hem-de Iosifiň aýaklaryna ýykylýar.

Mosart. Eý, Taňrym! Siziň alyhezretleňňiz, men size nädip minnetdarlyk bildirsemkäm? (Hökümdaryň elini, özleriniň birinji gezek duşuşanlaryndaky ýaly, aldygyna hem-de hyjuw bilen öpýär.) Size minnetdarlyk bildirýän, size minnetdarlyk bildirýän, jenap, hemişe size minnetdar borun, tä ömrüm ötýänçä!
Iosif (elini çekip). Hawa, hawa... Gaty gowy. Ýöne beýle hyjuw-joşgun hökman däl-ä! Haýyş edýän!
Mosart (aljyraňňylyga düşüp). Meni bagyşlaweriň.

Hökümdar ýerinden dikelýär, onsoň, beýlekilerem ör turýar.

Iosif. Umumana-ha, ine şeýleräk!

7. «Figaronyň» ilkinji görkezilişi.

Teatr «Figaronyň» ilkinji görkezilişi mynasybetli yşyklandyrylypdyr. Köşk emeldarlary hem-de şäherliler çalasynlyk bilen zaly doldurýarlar. Ähli beýleki tomaşaçylar ýaly, HÖKÜMDAR hem-de onuň töweregi öz ýerlerinde oturýarlar. Birinji hatarda KATARINA KAWALÝERI, ol durşy bilen perdir ýaldyr-ýuldurlara beslenipdir, KAPELMEÝSTER BONNO-DA şol ýerde, ol adatdakysyndan gartaşan görünýär. Olaryň aňyrsynda ― KONSTANSIÝA bilen WENTIÇELLILER. Ählisi, munuň özi, hakykatdanam oýun ýaly, dykgat bilen tomaşaçylara seredýär. Birinji hatarlardaky jemagat barjamlyrak, soňky hatarlardaky, aýratynam kiçi sahnadakylar ― pukaralar. SALÝERI, sahnadan geçýär hem-de tomaşaçylar bilen gürleşýär. Bu onuň ložasy.

Salýeri (tomaşaçylara). Ähli al-hilelemme garamazdan, «Figarony» goýdular. Men öz ornumda otyrdym hem-de ünsümi sowman, sahna seredýädim. Bu meň üçin çynlakaý ýeňlişdi. Şonda-da tomaşa meni gaty tolgundyrypdy.

Birneme daşrakdan Figaronyň aýdym aýdýan sesi eşidilýär: «Dogumly, buýra saçly aşyk ýigit!» Opera jemagata aç-açan ýaraýar. Görünmeýän sahnanyň aňyrsyndan synlaýan tomaşaçylar ýylgyryşýar.

Bu meň marşymdy. Meň görgüsi ýaman Gutlag marşymdy! Üýtgedilen görnüşidi, ynha, indem ol jemagaty hemişelik haýrana goýmaly!

Marşyň sesi kesilýär. Çapak bary çalynýar. Arakesme. Hökümdar ýerinden dikelýär. Ol Katarinany hem-de Bonnony mübärekleýär. Rozenbergdir Ştrek Salýeriniň oturan ýerine ýönelýär.

Rozenberg (Salýerä ýüzlenip). Şü soňky bölüm ― tas siziň äheňiňizde diýen ýaly. Ýöne, elbetde, has manysy ýoýlan, has iriziji, size galsa munuň ýaly etmezdiňiz.
Ştrek (sözleri süýkdürip gürleýär). Hut şeý-le!

Arakesmäniň gutarandygynyň habaryny berýän jaň kakylýar. Hökümdar çalt öz ornuna dolanýar. Jemagat ýerli-ýerinde ornaşýar. Böwşeňlik. Barysy «sahna» äňedýär.

Salýeri (haýran galan ýagdaýda tomaşaçylara ýuwaşja ýüzlenýär). Ikinji perdäni sandyraklap-sandyraklap diňledim.

Böwşeňlik.
Dikeldilen üçünji perde.

Böwşeňlik.

Haýran galdyryjy dördünji perde. Oňa nähili baha berip bilerin! Ony özüňiz, gürrüňsiz, eşidersiňiz. Çünki köp zat unudylýa hem-de gyra zyňylýa, emma şü opera welin galar.

Biz «Figaronyň» dördünji perdesiniň dabaraly tamam bolşuny eşidýäris ― «Barymyz hoşal. Barysy şeýle bolar!»

(Saz owazynyň astynda.) Waka gijeki tomus bagynda geçýädi. Ýaýkanyşyp duran dalbarjyklaň kölegeleriniň depesinde kendirden çekilen asmanda ýyldyzlar ýalpyldaýady. Olar ýogyn, dykyz, berk kagyzdan gurnalan agaçlaň arasynda dilleşen ýaly taýyşyp gidýädi. Men hyzmatkäriň eşigindäki zenany görýädim hem-de onuň adamsynyň süýji-süýji sözlerini eşidýädim, adamsy diňe ony başga bir zenan bilen çalşyransoň, süýji-süýji sözleýädi. Ol indi köp ýyl bäri öz keýwanysy bilen hoşamaýlyk, mylakatlylyk etmeýädi. Şeýle hakyky ýagdaýy oýlap tapmak mümkinmi? Şonuň bilen birlikde-de çynaberimsiz ýalansyz oňup bolarmy? Operaň şertliligi, misli, ýörite Mosart üçin döredilen ýalydy. (Aňyrdan yňdarylyp gaýdan duýgulardan ýaňa oňa sahna seretmek kyn düşýär.) Är-aýalyň gutarnykly ýaraşmagyna gözüňe ýaş aýlaman seredip bolanokdy.

Böwşeňlik.

Gözýaşlaň arasynda men hökümdaryň pallap goýberenini gördüm.

Iosif pallaýar. Sazyň sesi kesilýär. Çapak çalynmaýar diýen ýaly. Iosif hem-de köşk adamlary turýar. Mosart baş egýär.

Iosif (sowuk-sala). Tüweleme, Mosart, döredibilipsiňiz. Üstünligiňiz mese-mälim görnüp dur... Ýöne ýene gaýtalanylmagyny haýyş edilýän ýerlerinden gaça durmak gerek diýip hasaplaýan. Bu wakalary süýndürýä. Rozenberg, şuny özüňizem bellige alyň.
Rozenberg. Bor, siziň alyhezretleňňiz.

Lapykeç bolan Mosart başyny egýär.

Iosif. Gijäňiz rahat bolsun, jenaplar! Ştrek, meni ugradyň.

IOSIF ŞTREK BILEN BILE GIDÝÄR. DIREKTOR Rozenberg Mosarta oýunda utuş gazananyň nazaryny aýlaýar hem-de olaryň yzyna eýerýär. Salýeri jemagat bilen çykyp barýan aýalyna baş atýar. Diňe KONSTANSIÝA sahelçe säginýär, ýöne soňra olam gidýär. Mosart bilen Salýeri ikiçäk galýar. Böwşeňlik. Salýeri operanyň täsirinden çykyp bilmän, haýran galyp dur. Mosart operanyň onçakly oňlanylmazdan juda haly harap. Ol Salýeriniň ýanyna gelip oturýar.

Mosart (ýuwaşja). Jenap Salýeri.
Salýeri. Näme?
Mosart. Opera barada pikiriňiz nähili? Hakykatdanam, döredijiligimde mese-mälim öňegidişlik duýulýamy?
Salýeri (tolgunmak bilen). Meň pikirimçe-hä...opera üýtgeşik. Ol... ajaýyp diýip pikir edýän. Hawa. Şeýle.

Salýeri (tomaşaçylara ýüzlenýär). Operany umumy gidýän oýunlaň hataryndan aýyrmak üçin känbir emgenmeli bolmady. Muň gamynam özümjik iýendirin. Tutuş möwsümiň dowamynda «Figaro» bary-ýogy dokuz gezek oýnaldy! Ýeňliş ýeňşe öwrüldi, meň Penakäre çagyryşym, ozalkysy ýaly, jogapsyz galdy... Belki-de, onuň bu zatlara bütünleý elem degen däldir.

Mosart sahnanyň öňüne çykýar.

Mosart. Operamy gidip duranlaň arasyndan aýrypdyrlar! Gaýtadan goşuljagynyňam hiç hili gürrüňi ýok!
Salýeri. Dost jan, size duýgudaşlyk bildirýän. Ýöne bardy-geldi jemagata ýaramadyk bolsa, onda muny mertlerçe çekiň.

Salýeri (tomaşaçylara). Indi operaň üstüne atanak çekilendigi maňa belli boldy. Şu meselede Wenaň teatr muşdaklaryna bil baglap boljakdy. Özüm bolsa, Mosartyň daşyna geçmelidim. Onuň içine girmelidim. Gowşak damarlaryny tutmalydym.

7. Baronessa Waldştateniň öýündäki kitaphana.

Hyzmatkärler arkasy beýik çuň kürsini getirýärler.

Mosart. Angliýa giderin. Şol ýerde sazyň gadyryny bilýäler. Şolam meseläni çözer!
Salýeri (tomaşaçylara). Biz, hamala, özümiz üçin şundan başga çökder ýüzbe-ýüz duşuşylýan ýer ýok ýaly, ýene-de baronessa Waldştateniň kitaphanasynda gabatlaşdyk. Hemişekileri ýalam, crema al mascarpone ― ajan gygymyzy süýjütmek üçin. (Kürsüde oturyp, işdämenlik bilen iýmäge başlaýar.)
Mosart. Oglanjyk wagtym iňlisler meni ýaman gowy görýädi. Ýöne maňlaýymdan ogşar ýörerdiler! Tutuş ömrüňize iýip biläýjek şekernanyňyzdanam has köp ogşaýadylar. Şonda meni başlaryna täç edýädiler.
Salýeri. Belki, ýene-de başlaryna täç ederler. Dogrudanam, siz näme üçin Londona gidip, bagtyňyzy synap görmeli dälmişiňiz?
Mosart. Onuň sebäbi şeýle: aýalym, çagam bar, jübimde-de it uwlaýa. Oglumy birnäçe aý ýanyňyzda saklaýyň diýip haýyş bilen kakama hat ýazdym welin, olam kes-kelläm garşy çykdy. Ir-u-giç ähli kişi saňa dönüklik edýä. Hatda seni dünýäde ähli zatdan eý görýänem şeýdýä... Ol, elbetde, häzir kine saklaýa. Kakam meni yzyna düşürip, ýurt baryny söküpdi, konsertlemmizem şöhrata beslenipdi, indi ol köp ýyl bäri hiç ýerik gidenok. Zalsburgdan çykman, şol ýerde garry göhert ruhanylarbaşyň barmagyndaky ýüzügi öpýä hem-de meni ýazgaryp, takal okaýa.

WENTIÇELLILER çalasynlyk bilen peýda bolýar hem-de Salýerä ýüzlenýär.
Mosart doňup galýar.

Birinji (agraslyk bilen). Leopold Mosart...
Ikinji (agraslyk bilen). Leopold Mosart...
Birinji we Ikinji. Leopold Mosart aradan çykdy!

Gidýärler. Mosart haýygýar. Uzak wagtlyk böwşeňlik.

Salýeri Dost jan, mert boluň. Ölüm her kişiň başynda bar zatdyr.
Mosart (lapykeç, göwnüçökgün halda). Men indi onsuz nädip oňarkam?
Salýeri. Beýle sözleri dile getirmäň...
Mosart. Giň jahan meň üçin dar görünýä. Nädip ýaşarkam? Daş-töweregimiň nähili ýylan-içýandan doludygyna bir kakam düşünýädi, şolam indi ýok. Men muny göz öňüne getirip bilemog-a! Bilemok!.. Ol ömürboýy meň ugrumda köýüp gezdi, men bolsam, oňa haýynlyk etdim.
Salýeri. Goýaýyň indi şu gürrüňi!
Mosart (aşa bozulyp). Onuň gaňryşyna gaýdyp öýlendim. Ýalňyz goýdum. Tans etdim, bilýard oýnadym, kakam bolsa, haňlap duran öýde ýeke galdy, hatda oňa gijesine garaşyk edenem tapylmady!..

Salýeri galagoply ýagdaýda ýerinden turýar.

Salýeri. Wolfgang! Gadyrdan Wolfgang! Özüňizi beýle köteklemäň!.. Eger isleseňiz, men size arka çykaýyn... Men sizi goldaryn...

Salýeri perzentsöýer ata mysaly, gujagyny gerýär, Mosart onuň gujagyna girerli görünýär, ýöne iň soňky pursatda saklanýar, entrekleýär, bir gapdala, sahnanyň öňüne okdurylýar hem-de dyzyna çökýär.

Mosart. Kaka!
Salýeri (tomaşaçylara). «Don Žuan» operasyndaky ar alyjy atanyň alamaty şeýdip döredi!

Teatrda «Don Žuanyň» uwertýurasyna başlanýan iki sany darykdyryjy akkord ýaňlanýar. Dyzynda oturan MOSART gorkudan ýaňa sandyraklaýar hem-de dykgat bilen öňe seredýär. Kiçi sahnanyň syrtky dekorasiýasynda ýapynjaly hem-de üçburç başgaply gap-gara alamatyň gabarasy peýda bolýar. Alamat Mosarta, ýaradan zadyna eýmendiriji, ýöne şonuň bilen birlikde-de özüne çekiji yşarat edip, ellerini öňe gerýär.

Salýeri. Şeýle zor, güýçli çykan ar alyjy atany opera hiç haçan görmändi. Ömürlik jebir-jepa çekmäge höküm edilen erkin pikirliň puşmana geliji keşbi-de, ana, şonda döredi!... Men serden geçip synlaýadym hem-de onuň özüniň adaty durmuşyndan birenaýy sungat döredip bilşini görýädim... Ikimiz ýönekeý adamdyk, ýöne ol aram zatdan rowaýatlar döredýädi... Men welin rowaýatlardan ― diňe aram zat ýasaýadym...

Alamatyň gabarasy ýitýär. Salýeri dyzynda oturan Mosartyň üstüne abanyp dur.

(Tomaşaçylara.) Eýsem-de bolsa, men onuň bilen göreşmegimi owarrama salyp, rehimdarlyk edip bilmezmidim? Elbetde, dostlar, edip bilerdim. Onda-da islän wagtym. Ýöne Penakäriň maňa dynnym ýalyjak beri haýpy gelen bolsady! Her gün işiň başyna geçemden, eşidýäňizmi, Penakäre ýüzlenýädim hem-de ýalbarýadym! «Sazymy mynasyp derejä ýetireweri!» diýip entegem ýalbarýadym! Ony özüm höwes eder derejede diňlärim ýaly! Diňe ýekeje sapar! Ýekeje sapar diňe! Ýöne ol ýalbar-ýakarlammy alga almady... Men orta tapdan geçmeýän, ylham-joşgundan düşnügi-de bolmadyk öz sazlammy diňleýädim. Hem-de onuň ylhamdan suwarylan, däli derýa kimin joşup duran sazyna gulak goýýadym, onuň sesini hiç zat sem edip biljek däldi! (Gam laýyna batyp, Penakäre ýüzlenýär.) Eý, Penakär! Meň ýalbar-ýakarlamma-da gulak gabart! Ýüregiňe rehim guýaweri! (Penakäriň adyndan gürleýär.) Ýok, ýok, ýok! Salýeri, seň maňa geregiň ýok! Meň Mosartym bar! Gowusy, ömürlik lal aç!» Ha-ha-ha-ha-ha!

Sazyň arasy üzülýär.

Birdenkä çykan çakyr gülkim Penakäriň dahanyndan ýaňlanan ýaly göründi! Aý, ýok, men muň soňuna sogan ekmesem bolmaýa! Ýöne nädip? Onuň ýekeje täri bardy. Kompozitory aç gazyga daňmalydy. Ylahylygy açlyk bilen süňňünden kowup çykarmaly! Ony gedaýlygyň girdabyna oklamaly!





Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 51 | Добавил: Orhideýa | Теги: Piter Şeffer | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]