09:09
Alyslara nazar
ALYSLARA NAZAR

Sen otyrsyñ uzaklara seredip,
Bilýän seniñ sähra aşyk bolanyñ.
Öz kalbyñda ajap sähra döredip,
Dünýäñ özi bilen ýaşyt bolanyñ.

Otyrsyñ sen alyslara seredip,
Sährañ nury siñipdir señ gözlerñe.
Göwünlere ganat bilen per edip,
Şatlyk çaýýañ adamlaryñ ýüzlerne.

Otyrsyñ sen uzaklara seredip,
Görkezjek boluplar yşkyñ güýjänin.
Başga zat däl, tolgundyrýañ ýüregi?
Ukusyndan geçip gözel gijäniñ.

Otyrsyñ sen alyslara seredip,
Öz lezzeti bardyr seretmegiñem.
Bu sähranyñ ýüreginde ýer edip,
Mümkin bir täzelik döretmegiñem.

Gülnabat BEGENJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Gülnabat Begenjowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Atama / Goşgular - 15.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
Gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]