06:39
Alysdaky göz öñüne getirme
ALYSDAKY GÖZ ÖÑÜNE GETIRME

Bir ýerlerde güwläp urýan tolkunlar
Zyñýandyr kenara ýaşyl suwotun.
Batyp barýan Günüñ reñki deñize
Ýazar bakylygyñ ömürlik hatyn.

Bir ýerlerde gar ýagýandyr daglara,
Günüñ öñün sowuk bulut tutandyr.
Agzyna bir günlük azygyn alyp,
Gündogara göç eýläpdir gotanlar.

Bir ýerlerde şatlanýandyr adamlar,
Toý edýändir, köpelýändir bigüman.
Ýüregim kararsyz, duýup ýörün men,
Bir ýerlerden örýäniñi sag-aman.

Gülbahar GURBANOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Gülbahar Gurbanowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Unutma / Goşgular - 30.05.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]