11:10
Alynyñ ala meýdany
ALYNYÑ ALA MEÝDANY

Ýa seniñdir, ýa meniñdir!
Görogly


Seniñmidir, meniñmidir
Alynyñ ala meýdany?
Döwüşmäge ýeriñmidir
Alynyñ ala meýdany?

Hak sözleri gördüñ metal,
Ýüregiñde müñ hile-al,
Gözlär mertlik, islär halal
Alynyñ ala meýdany.

Gedemligiñ ýok peýany,
Namartlygyñ kän zyýany,
Peseldýändir bihaýany
Alynyñ ala meýdany.

Bogazyñy ýyrta-ýyrta,
Galp şöhrat diýp ýorta-ýorta,
Çyk göreşseñ - ynha orta,
Alynyñ ala meýdany.

Ýagmyr PIRGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Ýagmyr Pirgulyýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Halas et! / Goşgular - 12.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Gysga satiralar, kelte setirler / Goşgular - 04.02.2022
Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022
Зарница / Goşgular - 28.02.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]