09:55
Altynjan hatyn / 3-nji kitap - Sözsoñy -25
SÖZSOŇY

Namazşam çagynda Diýarbekire Komnen kaýsarlygyndan¹ bir kerwen geldi. Kerwen ýigrimi düýeden ybaratdy. Otuz töweregi atly bardy, olar kerweni goraýan esgerler bolmaly. Ýöne ol esgerleriň tas ýarysy diýen ýaly aýal maşgalady. Özem olar biçak bezemen geýnendi. Bu kerwen Yspyhana barýan eken. Togrul soltanyň Diýarbekirdedigini eşidip, bu ýere gelipdirler.
Togrul soltan rumlularyň daşarda özi bilen duşuşmak isleýän¬diklerini eşidip, daşaryk çykdy.
Üç-dört kişi soltanyň öňünde tagzym etdi. Olar özleriniň Wizantiýa kaýsarlygyndan ýörite ugradylandygyny aýtdylar.
Togrul soltan ýunança gürleýän ilçileri, zenanlary görüp, Altynjan hatyny ýatlady. «Wah, häzir ýanymda Altynjan ýok-da, ýogsam ol bu gelenleriň sözlerini terjime ederdi. Bular bilen hezil edip ýunança gürleşerdi».
Ine, Togrul soltanyň gaşynda iki sany orta ýaşlaryndaky çypar erkek kişi bilen ýaşy durugyşan bir aýal maşgala dur. Gelenleriň ählisiniň gözleriniň göklügi soltana Gutulmyşy ýatlatdy. Çünki onuň-da gözi gökdi.
– Eý, Gündogaryň beýik hökümdary, yslamyň din gylyjy Muhammet Togrul soltan ibn Mykaýyl! – diýip, üç çyparyň sag tarapda durany türkmençe çalgyrt gürläp ugrady. – Biz size Beýik Wizantiýanyň kaýsary Konstantin Dukas Onunjydan köp-köp dogaýy salam getirdik. Biziň beýik kaýsarymyz, şeýle hem gözel Ýewdokiýa2 Size we Siziň hatynyňyz, belent mertebeli Altynjan bint Abdylmälige Allatagalanyň ýalkawynda uzak ýaş, berk jan saglyk, rowaçlyk dileg edýärler. Biz siziň mübärek gadamlaryňy¬za, yslam dininiň päkligi, durnuklylygy ugrunda alyp barýan işleriňize tüýs ýürekden guwanýarys. Biziň bu ýere gelmegimize eşiden şum habarymyz sebäp boldy...
– Şum habar? O nähili şum habar? – diýip, soltan geňirgendi.
– Meniň günämi ötüň, merhemetli soltan. Men öz pikirimi türkmençe nädogry beýan eden bolmagym mümkin...
– Sen türkmenmi?
– Ýok, men wizantiýaly. Nasybinde doguldym, dört ýaşymda bir türkmeniň ýesiri boldum. Töwrizde on bäş ýyl türkmen söwdagäriniň gapysynda gul bolup ýaşadym. Soň bagtym göterlip, garyndaşym Ewdokiýanyň gullugyna bardym. Ine, häzirem Ýewdokiýa melikämiziň hemem kaýsar Konstantin Dukas Onunjynyň tabşyrygy bilen siziň ýanyňyza geldim. Melikämiz Ýewdokiýa siziň hatynyňyz Altynjan melikäni aýratyn hatyralaýar. Ony diňe biziň melikämiz däl, ähli wizantiýalylar hatyralaýar. Onuň edermenlikleri hakda il arasynda köp-köp rowaýatlar bar.
– Rowaýatlar?!
– Hawa, hawa, rowaýatlar – diýip, wizantiýaly has janykdy. – Biz Altynjan melikäniň deňsiz-taýsyz söweşijidigi, gylyçlaşmakda öňüne çykyp biljek söweşijiniň ýokdugy, uçup barýan bürgüdiň gözünden urýandygy, söweş hem harby tilsimlerde çäksiz ökdedigi hakda örän köp rowaýatlary eşitdik. Onuň siziň sowgat beren asfury hanjaryňyz, şol hanjaryňyzda nyşana urmakdaky ussatlygy hakda-ha rowaýatlar hasam köp. Hemedanda öz üstüne okdurylan weziri ýigrimi zirag çemesi aralykdan siziň sowgat beren asfury hanjaryňyzy zyňyp öldürişi hakda-da, şol gezek hanjaryny zyňanda iň bärkisi wezire tarap seretmändigi hakda hem eşitdik. Ýöne Altynjan hatyn Bagdatda hem Hemedanda bagryndan iki gezek agyr ýaralanypdyr. Ondan bäri bir ýyl geçen-de bolsa, ýara bitmändir, gaýtam, uly howpa öwrülipdir diýip eşitdik. Biziň Ýewdokiýa melikämiz bu habary eşidip biçak gynandy. Onsoň kaýsar Konstantin Dukas Onunjy bilen melike Ýewdokiýa bizi ýanyna çagyrdy, ýurduň iň ökde aýal tebiplerini ýygnamagy tabşyrdy. Bir aýyň dowamynda Gündogar Wizantiýamyzdaky iň ökde tebipleri jemledik, iň ýaramly däri-dermanlary, şeýle hem Altynjan melikäniň hoşuna geljek gymmatbaha harytlary, egin-eşikleri, nygmatlary ýygnadyk. Ýigrimi düýä urlan ýükler hatyraly Altynjan melikäniň sagalmagyna, göwnüni şat etmegine niýetlenilen zatlar.
Wizantiýalynyň uzyn nutugy soltany ýadadan bolarly, ol töweregine garanjaklady.
– Hatynlaryň dünýäsi erkek kişileriňkiden parhly bolýar, merhemetli soltan. Olaryň dünýäsinde serhet ýok... – diýip, gözi gemrewli ikinji wizantiýaly dillendi.
– Maksadyňyz näme?
– Rugsat berseňiz, Altynjan melikäniň dergähine barmak, oňa ýagşydan-ýagşy emleri etmek. Hemem Ýewdokiýa melikämiziň ýazan hatyny gowşurmak – diýip, gözi germewli wizantiýaly gorky bilen soltana seretdi. Yzda duran wizantiýalylaryň birisi içi hatly altyn gutujygy uzatdy.
Soltan uzadylan gutujygy almady.
– Näsag ýatan adama sähel zadam uly derman. Ýewdokiýa melikämiziň yhlasy-da Altynjan melikä medet berer diýip pikir edýäris. Hatynlaryň üýtgeşik dünýäsi bar, kyblaýy älem... – diýip, gözi gemrewli wizantiýaly şelaýyn ýylgyrdy.
Togrul soltan onuň sözüni halamady, yzyna öwrüldi-de, bargähine bakan ugrady.
Wizantiýalylar çykgynsyz ýagdaýa düşdüler.
Indi näme etmeli?
Soltanyň nedimi, hajyby Abdyrahman Agajy geldi-de, olary Altynjan melikäniň ýanyna – Yspyhana däl-de, Zenjana ýola saldy. Ýüz sany atlyny ýolbeledi hem gorag hökmünde kerweniň ýanyna goşdy.

* * *

Şol gije Togrul soltanyň gözüne uky gelmedi, demi gysdy. Bu gün onuň üçin agyr gün boldy. Ol Hafajyny Kufäniň häkimliginden düşürdi hemem ony dört müň dinar jerime tölemäge borçly etdi. Hafajynyň: «Dört müň dinarym ýok» diýip gözýaş döküşi, öýüniň döküljekdigi aýdylanda bolsa, ýer ogşap sähel salymyň içinde dört müň dinar getirip gidişi3, üznüksiz alkyş okaýşy Togrul soltanyň göz öňünden aýrylmady.
Wizantiýalylar gidensoň soltan ýene Hafajyny ýatlady, ýöne bu sapar işden aýrylan häkimiň arkasynda Altynjan janlandy.
Soltan Altynjan bilen baglanyşykly wakalary hezil edip ýatlady. Ol wakalary ýatladygyça ýatlasy geldi. Altynjany ilkinji gezek gören pursadyny, şonda onuň özüne gazap bilen bakyşyny göz öňünden geçirdi.
Togrul soltan Altynjany göterip, soňundan ýere zyňyşyny ýatlady, ençe ýyl geçenden soň şondaky gödek daraşmasyna puşman etdi. Hyrçyny dişledi.
Altynjan gamçynyň awusyny merdi-merdanalyk bilen çekipdi şonda. Bolgusyz zat üçin – näme üçindigi soltanyň ýadyna düşmedi, rast, ýadyna düşenok, diýmek, bolgusyz bir zat bolmaly ol – urup, dünýä inmeli bigünä çagany öli düşüripdi. Tog¬rul begiň bir zat welin ýadyndan çykanokdy: Ybraýym oňa birki gezek Altynjany ýamanlapdy, soňky gezek bolsa Togrul begi gazap atyna atlandyrypdy. Ybraýymyň aýdan zatlary ýalan bolup çykypdy. Soň munuň üçin Ybraýym Togrul begden telim ýola ötünç hem sorapdy, ýöne boljak iş bolupdy. Şonda Ybraýymyň aýdan, Togrul begi dälilik hetdine ýetiren töhmediň nämedigini gizlin saklapdylar. Ony Altynjan hem bilenokdy. Ol adamsyny gazap atyna atlandyran şyltagy Ybraýym atandyr öýdüp güman hem etmändi. Onuň Peýkamdan göwni garalypdy. Ýok, ol ynanypdy: «Peýkam nejis adam. Ol maňa şyltak atyp, Togrul begiň meni urmagyna, çagamyň düşmegine sebäp boldy». Altynjan bu pikirine berk ynanýardy. Bu hakda Ybraýyma-da telim ýola aýdypdy. Şonda Ybraýym mönsüräp, hiç zatdan habarsyz kişi bolupdy. Içinden welin heşelle kakypdy.
Togrul beg Ybraýymyň bilgeşleýin şyltak atandygyny bilenden soň ony ýazgarypdy. Şondan soň onuň ýanynda ýüregini açmandy, aralaryna sowuklyk düşüpdi. Şol sowuklyk hem Ybraýymyň ölümi bilen soňlanypdy.
Soltan soňky günler ömrüniň paýawlandygy, wagt, Altynjan hakda köp oýlanýardy. Ömrüniň şeýle tiz geçendigine, muny duýmandygyna oturyp-oturyp haýran galýardy.
Wagt hemişe az ýaly, ýöne ol gutaranok, peýany ýok, ömür hemişe uzak ýaly, ýöne ol tiz gutarýar, özem ol, köplenç, ät galdyryp, garaşman durkaň, deşbi-dähil gutarýar. Adam gyzgyn-gyzgyn mähir siňdirip, özüniňki saýyp ýören mähriban-janperwer dünýäsinden gaýa-gopuz ýokka, esassyz rehimsizlige, hötjetlige garaşanok. Adam, herhal, düşünişmek, düşünmek isleýär, entek onuň etmeli köp-köp işleri garaşyp dur. Ömrüň bereketli güýzi ýaňy başlandy ahyryn.
Togrul beg sop-sommagy bilen berlip sarsmaz şadöwlet döretdi. Indi bitirilen işleriň hözirini görüp, najyrap ýaşamaly döwür geldi.
„Haý, wagtyň ediberşini! Ol pyşdyl ýörişi bilen geçmeýänden bolup görünýär. Asyl ol laçyn uçuşly eken-ä. „Ýylp“ edip geçip gidipdir-ä. Geçenini duýman galypdyryn. Ynha, indi aňýaryn.
Ertir Ýusuba duşup, şol ýerden göni Altynjanyň ýanyna gideýin. Galanja ömrümi onuň bilen jukguldaşyp geçireýin. Ol maňa ömrüni bagyşlady, işlerimiň rowaç, at-abraýymyň artyk bolmagy üçin öjemel jan çekdi. Men uly zyýapat gurnap soltanaty Süleýmana tabşyraýyn, galan ömrümi Altynjana bagyşlajakdygymy ähli kişä açyk aýdaýyn.
Goý, ähli millet türkmenleriň hatynyny nähili sarpalaýandygyny göz edinsin.
Allatagala meni ýalkady: şu beýik derejä ýetirmek üçin maňa Altynjany bagyş eýledi. Dünýäde Altynjan deýin ýekeje-de beýik hatyn ýokdur. Akyl-paýhas, hatynaklyk, janymaklyk, öjemellik, okunlyk, geçirimlilik, merdi-merdanalyk, owadanlyk babatda oňa taý geljek zenan tapylmaz. Hakykatdanam, men jahangirlige giriftar bolup, Altynjana az hyzmat etdim. Men oňa hökman hyzmat etmeli, süňk döwýän hoşamaý-hoşamaý sözleri aýdyp, göwnüni awlamaly. Oňa näçe hyzmat etsemem azdyr, men ony aýamda götermeli. Hut şeýle hem ederin. Wagt meni indi ät galdyryp bilmez...“
Ýatlamalara çümüp oturan Togrul soltana birden älem gapyşan ýaly boldy. Ol «Altynjan! Altynjan!» diýip pyşyrdady.
Soltan giň içerä sygman, atylyp daşaryk çykdy.
Onuň daşaryk çykandygyny gören Agajy bilen emir Uhjury ylgap geldi:
– Kyblaýy älemim, bir zat gerekmi?!
– Uklap bilemok. Ýüregim titreýär, ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar.
Emir Uhjury misgin ýylgyrdy:
– Melikämizi gözleýärsiňizmi, çagyraýynmy?
– Kimi, kimi?
– Altynjan hatyny...
– Goýsana, emir. Özüň bilýärsiň-ä, Altynjan Zenjanda.
– Bizem şeýle pikirdedik. Şonuň üçin wizantiýalylary-da Zenjana ugratdyk. Dogrusy, melikämiziň haçan içerik girenini görmän galypdyrys. Mirşeplerem melikäniň siziň bargähiňize haçan girendigini bilenoklar.
– Diýýäniň näme seniň, emir?! Altynjan Zenjanda.
Uhjury ýene ýylgyrjaklady:
– Bolýar, bolýar, kyblaýy älemim. Men hiç zat göremok, hiç zat bilemok.
– Näme gördüň?
– Altynjan melike siziň ýanyňyzda eken-ä. Näme hyzmat etmeli bolsa, biz taýýar, kyblaýy älemim.
– «Altynjan şu ýerde» diýip, saňa kim aýtdy?
– Hiç kim aýdanok.
– Onda näme üçin «Altynjan şu ýerde» diýýärsiň?
– Men ony, ine, hut şu iki çöňňe gözlerim bilen gördüm. Ony diňe men däl, hajyp Abdyrahman Agajy hem gördi.
– Emir dogry aýdýar. Hatyny ýap-ýaňyja menem gördüm – diýip, hajyp Abdyrahman Agajy emir Uhjurynyň sözlerini tassyklady.
– «Gördüm» diýýärsiňizmi?
– Hawa, gördük, merhemetli kyblaýy älemim.
– Haçan?
– Sizden sähelçe salym öň daşaryk çykdy ol. Ony diňe emir ikimiz däl, şu duran mirşeplerem gördi – diýip, Abdyrahman Agajy gapdalynda doňan ýaly bolup duran uzyn murtly mirşepe ýüzlendi: – Ýaňy Altynjan hatyn bargähden çykdy gerek?!
– Ýaňyja gapdalymdan geçip gitdi, merhemetli soltanym – diýip, mirşep aňyş-maňyş bolup durşuna aýtdy.
– Men Altynjan melikämiziň şu ýerdedigini bilmändirin – diýip, Abdyrahman Agajy gara çyny bilen janykdy.
– Hany ol?!
– Ine, şu hyma girdi – diýip, emir Uhjury soltanyň bar¬gähiniň sol tarapyndaky hymany görkezdi. – Men melikämize salam berdim. Ol meniň bilen mylakatly salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Men Allatagalanyň gudratyna haýran galýaryn: Altynjan hatyny göreniňde oňa orta ýaşan hatyndyr öýder ýaly däl. Ol hakyt ulugyza meňzeýär. Gara çynym, ol hakyt perizat. Ol size mynasyp hatyn. Men ony başda görenimde: «Bä, bu owadan gyz bu ýerde näme iş edýärkä?» diýip pikir etdim. Görsem bolsa, ol hakyt Altynjan melikämiz eken. Mundan ýigrimi ýyl öňki owadanlygyny birjik-de kemmändir. «Nädip garraman sak¬lanýarka?!» diýip oýlandym men. Altynjan hatyn: «Eý, emir, soltanymyzy gözüňiziň göreji ýaly goraň. Soltanymyzyň jany sag bolsa, ähli zat gowulyk, abadanlyk bolar» diýdi. Men nähili ýumuş bar bolsa, şol ýumşy bitirmäge özümiň taýýardygymy aýtdym. Hatyn: «Hökümdaryň hiç zady kem bolmasyn. Ony goraň, mertebeläň. Meniň sizden başga towakgam ýok» diýdi.
Emir Uhjurydan bu sözleri eşiden Togrul soltanyň ýüzi oda tutulan ýaly gara-çowlam boldy, ol zähreteleklik birle ellerini ýokary uzatdy, soň aşak çökdi, ýere maňlaýyny urup, aýylganç bir ses edip gygyrdy.
– Altynjan!.. Altynjan!..
– Size näme boldy, merhemetli soltanym?!
– Altynjan öldi, Altynjan!..
– Ol häh-häzirem bardy. Ol, ine, şol bargähe girdi. Egninde ap-ak atlaz çenberi bardy. Uçjak guw ýalydy ol.
– Gepleme, gepleme!.. – diýip, soltan gul-gula turuzdy.
...Altynjan hatynyň Diýarbekirde soltanyň bargähinden çykyp gidendigine köpler ynanmady, ýöne onuň bargähden çykan pursady Zenjanda wepat edendigi welin hakykatdy...
Wallahy aglam bissewap – dogrusyny Alla bilýär.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 45 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]