21:59
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -7
Ýedinji hekaýat

GÖZ – TEREZI, KÖŇÜL – KAZY

Togrul beg halyf Kaýym Bemryllahyň hatyndan soň mukaddes şähere – Bagdada gitmäge taýýarlyk görüp ugrady. Ol yslamyň paýtagtyna halas ediji hökmünde girmek isleýärdi, şu maksat bilen özüniň aňtawçy toparyny Bagdada ýollady. Aňtawçy toparyň maksady Bagdatdaky harby güýji doly öwrenmekdi, şeýle hem deýlemlileriň, fatymylaryň, Arslan Besasurynyň eden-etdiliklerini ýerli ilata düşündirmekdi, ilaty olaryň garşysyna aýaga galdyrmakdy. Çünki Bagdatda Arslan Türkmeni özlerine ýalňyz hossar hasap edýänler hem kändi.
Togrul beg aňtawçy toparyň habaryna garaşdy.
Şol bir wagtda-da ýeke günem boş geçirmän, Bagdada giriş dabarasyna taýýarlyk gördi.
On bäş güne çeken türgenleşige wezir Kundury bilen Mübarek han ýolbaşçylyk edýärdi. Olar her gün agşam bege hasabat berýärdiler, täze görkezmeler alýardylar.
Togrul begiň goşuny Bagdada ýedi günläp girmelidi. Ýedi günüň dowamynda Bagdada girýän goşunyň yzy üzülmeli däldi.
Bagdatlylar ýedi günläp her bir atly topar görnende beg gelendir öýtmelidi. Hiç kime anyk habar aýtmaly däldi. Şeýdip, bagdatlylary aňk etmelidi, Togrul begiň güýjüni görkezmelidi.
Şeýle-de boldy.
Şähere uzak garaşylan Togrul begiň gelýändigini eşiden Besasury Arslan Türkmen Bagdady terk edip gitdi.
Halyf uzaga çeken gaçha-gaçlykdan soň, ahyryl-ahyr öz köşgüne dolandy.
Şäher baýramçylyk görnüşine girdi.
Wezir-wekilleriň Bagdada haýsy gün girmelidigi bellidi.
Togrul beg Bagdada ýörişiň ýedinji güni günortan gelmelidi.
Haremhana topary begiň yzyndady. Beg bilen harem¬hananyň jandarlary birdi.
Altynjan kejebede oturyp, bagdatlylaryň tagzym edişlerini, özlerine haýran galyp seredişlerini, begiň deňlerinden geçip barşyna begenip gygyryşlaryny, ellerini galgadyşyp diriň-diriň böküşlerini synlap barýardy.
Beg öňdäki pilde sarsman otyrdy.
Sekiz piliň içinde begiň münüp barýanynyň bezegi has tapawutlydy. Piliň üstündäki saýawan gymmatbaha şaý-sepler bilen bezelendi, onuň gotazlarynda gymmatbaha jowahyr hem zümerret daşlary lowurdaýardy1.
Bagdatlylar sekiz piliň bezegine seredip aňk boldular. Bu bezeg¬ler ýöne ýere däldi. Bu bezegleri gören adamlarda Togrul begiň biçak baýdygyna ynam döretmelidi. Bu baýlygy gören adamlarda tamakinçilik duýgusy oýanmalydy. Hakyt şeýledi: pil¬leri görenlerde bege ýakyn durmak, onuň ýalkawyna mynasyp bolup gazanç etmek höwesi oýanýardy.
Altynjan hatyn köşge Ferdöws derwezesinden girdi, pilini haremhananyň ýanynda saklady.
Pil aşak çöken dessine birmeňzeş ak atlaz geýnen on iki sany garaýagyz janperwer gyz peýda boldy. Olar Altynjany göterip diýen ýaly, iki gyrasyndan götermek üçin amatly edilen ýaýbaň, owadan bezelen zemmere – tagtyrowana eltip oturtdylar.
Ýüzi-gözi, kaddy-roýy durşuna hoşaýandalyga, hoşnemalyga eýlenen uzyn boýly, hortap, hoşmanzar, garaýagyz gyz Altynjanyň daşyndan hozanak berip aýlanýardy. Megerem, ol on iki keniziň eýesi bolarly. Pyşyrdap, olaryň etmeli işlerini aýdýardy.
Garaýagyz, janperwer gyz entek Altynjan piliň üstünden düşmänkä onuň aýaklaryna öwran-öwran tagzym edip, maňlaýyny degrip, soňundan gyzgyn tenekar demi bilen taýly gezek ogşapdy.
Bu hoşlaka gyza Altynjan hatynyň bada-bat syny oturdy: «Eý, Hudaý! Bu peri-peýker sypatly gyz kimiň lukmasy bolarka? Kimiňki bolsa, şol gerçegiň-ä salawaty daş ýarar» diýip, Altynjan gyza hyrydar gözleri bilen seretdi. Eýjejik gyz Altynjan hatynyň içki pikirini aňan ýaly, birgeňsi ýylgyrdy.
Altynjanda enelik mähri oýandy. Ol hoşlaka gyzyň elinden gysdy. Özüne duýgudaşlyk bilen bakýandygyna göwni göterilen janperwer gyz arap dilinde ýuwaşja gürledi:
– Men siz hakda örän kän rowaýatlary eşitdim, mähriban Altynjan hatyn. Perwerdigär siziň janperwer jemalyňyzy görmek salawatyny maňa rowa bildi. Wasp edişleri ýaly, siz hakykatdanam dilruba hem merdana hatyn ekeniňiz.
Altynjan hatyn bu söze jogap berjek bolmady.
Sekiz sany ziňňirt uzyn hebeşi hatynyň oturan tagtyrowanyny göterip ýöräp ugrady. Ony ýörite taýýarlanylan haremhana eltdiler. Janperwer gyz giň otagda Altynjan hatynyň ýerine geçip oturmagyna hemaýat berdi.
– Dilirje gyz, adyň näme?
– Adym Seýidde, men halyf Kaýym Bemryllahyň gyzy – diýip, hoşlaka gyz Altynjan hatyna bulgur uzatdy. – Altynjan melikäm, bir owurt şerbet içiň!
– Dilirje gyz, meniň bir zat içmegimi isleýän bolsaň, onda maňa bir jam suw ber!

* * *

Ine, bu gün iki ýüz ýigrimi ýyla çeken büweýh nesilşalygy synýardy. Altynjanyň häzirki oturan ýerinde mundan on gün öň hem soltan al-Mälik ar-Rahymyň hatynlary, gyz-gelinleri ýaşaýardy. Bu otag soltanyň baýry hatynynyňkydy.
Wezir Kundury bu otagy Altynjan hatyn üçin ýörite saýlapdy hemem otagyň içinden käbir goş-golamlary aýryp, hatynyň hoşuna geläýjek zatlary goýupdy. Onsoňam ýorgan-düşekleriň, geýim-gejimleriň ählijesi ýaňy iňňeden çykandy, täzedi.
Iň uly otag diýseň sünnä bezelendi.
Ine, şeýle ussatlyk bilen nagyşlanyp edilen äpet agaç gapynyň çep tarapynda gyralaryna altyn çaýylan, adamboýy beýiklikdäki aýna bardy.
Aýnanyň gapdalyndaky ýaýbaň tekjäniň üsti her hili müşkli gumgumajyklardan doludy.
Altynjanyň dynç almagy üçin niýetlenilen düşek iki zirag beýik¬likdedi. Ini alty, uzynlygy sekiz zirag çemesidi, ýaýbaňdy. Üstünde ýatsaň, ýumşak düşek jana ýakymlydy.
Düşegiň dört burçundan altyndan sütün galdyrylandy. Ol sütünler biri-birine berkidilendi. Düşegiň depesinden her dürli ululykdaky gotazlar sallanyşyp durdy, ýukajyk ak atlaz bilen örtülen düşegiň üstündäki tuty kiçeňräk bir köşgi ýada salýardy.

* * *

447-nji hijri ýyly – 1055-nji milady ýyly.
Togrul beg bu ýylyň remezan aýynda Bagdada geldi. Ol gelip hökümet köşgüne ýerleşdi. Onuň adamlary hem türkmenleriň öýlerine myhman boldular. Ýanynda sekiz pil bardy. Besasury gaçyp, Rahbe şäherine gitdi.

Ibn Kesir.
Başlangyçdan ahyra çenli.

* * *

Altynjan Bagdada tiz öwrenişdi.
Büweýh hanedanlygynyň haremhanasynyň ýerleşişi, baglar, Dejlede2 gämili ýüzmek Altynjanyň hoşuna geldi. Ol derýada gämili ýüzende-de, bagyň içinde aýlananda-da ýanyndan Seýiddäni aýyrmady. Asyl Seýiddäniň aýrylasy-da gelmedi. Ýöne mydama bile bolmak islegi başa-da baryp duranokdy: Togrul beg hatyny köplenç ýanyna çagyrýardy. Çünki edilmeli işler, çözülmeli meseleler juda kändi.
Büweýh patyşasy Aduddöwläniň agtygy al-Mälik ar-Rahymy Reý şäheriniň gapdalyndaky Taberek galasyndaky zyndana ok¬lanyň bilen iş gutaraýanokdy. Bu müň aladanyň diňe biridi. Galan aladalaryň içine musahhar kylan ýeriňe eýe çykmak, dolandyrmak, emeldarlar – her ýurtda müňläp emeldar bar – bilen düşünişmek, olaryň etmeli işlerini kesgitlemek, kimiň özüňe hyzmat etjegini-etmejegini anyk¬lap, anyk bir netijä gelmek, olary mynasyp ýerlerinde oturtmak, kadaly edara edişi ýola goýmak aňsat däldi. Köşk emeldarlaryny näme etjek? Eger olary ýok etseň, onda ýerine adam tapmaly. Köşk emeldarlygy-da aňsat iş däl. Şonuň üçin öňden işläp ýörenleriniň köpüsini tejribelidikleriniň hatyrasyna öňki wezipelerinde işletmeli bolar, ýöne olar saňa wepaly gulluk etjeklermi? Kimiň kim bilen ümi alyşýar? Kim kime garşy? Olar seniň garşyňa dil birikdiräýmesinler? Iň bärkisi, aşpezler hem özbaşyna bir dünýä. Kim hansalar bolmaly? Togrul beg özüniň iň ýakyn adamyny – baş weziri Kunduryny Bagdat boýunça başlyklarbaşy belledi. Çünki ol arap dünýäsine beletdi. Halyf oňa Amydylmülk3 unwanyny hem berdi.

* * *

Altynjanyň günem aňsat däl. Hana, büweýh hanedanlygy döwründe köşkde işlän wezir-wekilleriň hatynlarynyň köpüsi gözýaşlaryny hem çagalaryny delil edinip, ylla ahyrzaman depelerinde asyl-asyl bolup duran dek bolup, arz bilen gelýärdiler.
Altynjan gelýänleriň ählisiniň meselesini çözmelidi, çözüp bilmedigini Togrul bege ýa-da başlyklarbaşy Kundura ýetirmelidi. Göz – terezi, köňül – kazy: Altynjan dergähine gelýänleriň näjüre adamlardygyny ýalňyşman çözmäge çalyşýardy.
Günler gaty tiz geçýärdi, ýaňy dogan Gün, bir görseň, ýaşyp barýandyr. Iş-aladaga ber-başagaý bolup, Altynjan hatyn käte owkat edinmegi-de ýadyndan çykarýardy. Seýidde oňa halasgärdi, ýardamçydy. Ol ýemenli Uweýs4 deýin yhlaslydy, sadykdy: Altynjan üçin janyny bermäge-de taýýardy.
Arz bilen gelýänleri Altynjan tanamasa-da, Seýidde tas ählisini diýen ýaly tanaýardy. Şonuň üçinem olaryň hiç birem Altynjanyň gözüni güýdüşdirip bilenokdy. Ýogsam Altynjany ät galdyrjak, aňňalak gapdyrjak aznawur, hajyraw hatynlar kändi. Olaryň ärleriniň biri ölendi, biri ýaradardy, beýlekisi ýene bir zatdy. Başga biri ata-babalaryndan miras galan, iki ýüz ýigrimi ýyl gowrak wagtyň içinde büweýh soltanlarynyň hiç biriniň hem ýüzüň üstünde burnuň bar diýmän hormatlan-yzzatlan asylzada-begzada maşgalasydygyny; bu gün şol asylly maşgalanyň tozdurylandygyny; özleriniň bir döwük kersenleri bilen ýarym ýalaňaç halda köçä zyňlandyklaryny; şeýle-de bolsa, özleriniň seljuk beglerine, aýratyn hem Togrul bege ymgyr uly sarpa-mertebe goýýandyklaryny; ömürleriniň ahyrlaryna çenli gije-gündiz uklaman wepadar hyzmat etmek isleýändiklerini; ýöne elinden gül dökülýän äriniň häzirki döwürde öňki ýaşan öýüniň ýarym ziraglyk ýarym kölegesinde ezenegini agdyryp işsiz oturandygyny; äri täze döwlete gulluk edip başlasa, onda bu döwletiň dünýäde görlüp-eşidilmedik derejelere eýe boljakdygyny; dünýäniň ähli baýlygynyň, göwher-jowahyrynyň şu döwlete güzer saljakdygyny, pasylatlyk-mürewwetlik lybasynyň bege ýapylyp, at-mertebesiniň äleme doljakdygyny; ärini – beýle gymmatly işgäri sypdyrmaly däldigini; beýle gymmatly işgärleri işletmegiň peýdalydygyny; şeýle hem begiň iň ýakyn nediminiň, külli zenanlaryň howandary Altynjan hatynyň pähim-parasada ýugrulandygyny; onuň tangyrdygyny; bir görende adamyň näjüre adamdygyny doly tanaýandygyny; ellerinden gül dökülýän adamlaryň gadyr-gymmatyny bilýändigini; özleri babatda-da melikeden adalata, tangyrlyga garaşýandyklaryny; hut şu umyt-intizarlyk bilenem Altynjan hatynyň mübärek dergähine gelendiklerini nygtaýardylar. Herhal, gelýänleriň galabasynyň möhümi bitirilýärdi. Büweýh döwleti döwründe hormatly dynç alşa ugradylan adamlaryň ydratlaryny-da5 täzeden dikeldýärdiler we şalygyň çalşandygyna seretmezden, ydrat bermegi ýola goýýardylar.
Bagdat Altynjan üçin düýpgöter täze dünýädi, mukaddes dünýädi. Bu şäherde durmuş hem melikäniň göwnüne başgaça ýalydy. Ol her bir zatda syr hem howp duýýardy. Göwnüne bolmasa, aýylganç bir howp ýakynlap gelýän, kimdir biri oňa: «Altynjan, mert bol! Başyňa düşjek betbagtçylygy merdanalyk bilen çek!» diýýän ýalydy. Ol bu habary aýdanyň kimdigini görjek bolýan deýin, töweregine garanjaklaýardy.
Bagdatda onuň akgyzlarynyň sany üç ýüzden-de geçdi. Ýene şonçarak agta onuň gullugyndady, müňden gowrak musfat bolsa onuň goragyndady.
Başlyklarbaşy Nasyr Kundury her gün säher bilen Togrul begiň hem Altynjanyň dergähine gelip, olara Taňrysalamyny berýärdi.
Altynjan Kunduryny gowy görýärdi, oňa aýratyn hormat goýýardy. Onuň biçak sowatlylygy, işine ezberdigi, çulumlygy, eden işini sünnäläp edişi Altynjanyň hoşuna gelýärdi.
Hatynyň köşkde hatyralaýan adamlary az däldi. Ol Mübärek hany, Äpdeşir Magtaranyny, Dodurga Merwezinini, Uhjury hany, Hapban Endikänini aýratyn gowy görýärdi. Aýratyn hem bu kişilerdäki dogumlylygy, tüýs türkmen, tüýs erkek diýdirýän mertlikleri, batyrlyklary, gaýduwsyzlyklary gowy görýärdi. Ol aşa mylaýymlylygy, sypaýyçylygy erkek kişä gelişmeýän häsiýet ha¬saplaýardy. Ol: «Aşa mylaýym, aşa sypaýy, aşa mähribansyraýan kişileriň ýürekleri arassa däldir, olar öz bozuklygyny, hapalygyny ýapmak üçin mylaýymsyraýarlar» diýip, käteler pelsepe otarýardy. Abu Zurga Hannakyny-da, Ýusup Bazyrganyny-da aşa sypaýylygy, hoşsözlüligi üçin halamaýardy. Haçan-da Bekdaş olaryň kimlerdigini paş edende ol öz pikiriniň dogry çykandygyna öz ýanyndan buýsanypdy.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]