21:51
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -6
Altynjy hekaýat

ÄR GARRAR, AR GARRAMAZ

1055-nji ýyl

O dünýäniň jennetem, dowzaham adamyň içinde. Altynjan hatyn bu pikirine mundan on-on bäş ýyl öň gelipdi. Ol bu pikiriniň hakdygyna adamlar bilen iş salşanda, käteler-ä gürleşende has oraşan göz ýetirýärdi.
Adam bu dünýäde kä jennetde, kä dowzahda ýaşaýar. Ýöne ähli kişi öz içki dowzahyny ýaşyryp, özüni jennetde ýaly görkezmäge çalyşýar. Köpler öz içki hasratyny, dowzahyny gizlemegi başarýar, bagzylar welin başarmaýar. Şol başarmaýanlaryň biri Ybraýym ynal. Onuň gursagyndaky dowzahy ýüzüne çykypdyr. Birmahallar ol görkana ýigitdi. Alçakdy, suhangöýdi. Gülüşmegi-degişmegi gowy görýärdi. Şeýle bolansoň Togrul beg ony ýanyndan aýyrmazdy. Onuň bilen bile naharlanardy, ikiçäk gürrüň ederdi, ikiçäk maslahat ederdi, onuň maslahatlaryna aýratyn sarpa goýardy, ondan gizlin zady ýokdy.
Ybraýym Togrul begden daşlaşansoň – özbaşdak yktaly bolansoň welin, görnetin üýtgedi. Bu gün onuň ýüzünde gyş paslynyň sörtük howasy duýulýar. Ol mydama nämedir bir zatdan närazy, mydama gaharly. Ýylgyranda-da ýüzüniň buzy eränok. Togrul beg bilen Ybraýymyň ýylgyryşyny Altynjan hatyn mydama akyl mizanyndan geçirýärdi. Togrul begiň gazabynyň aňyrsyndan rahatlygy, hökmürowanlygy, özüne göwnüniň ýetýänligi, ygtyýarlylygy duýulýardy, ýöne Ybraýym gaharlananda içki dowzahy daşyna çykýardy. Ol hakyky özi bolýardy. Ýylgyranda-da, onuň ýürekden ýylgyrmaýandygy duýulýardy. Ol özüni bolşundan akylly, mertebeli görkezmäge çalyşýardy. Özüne aşa uly hormat goýulmagyny isleýärdi. Adamyň iň uly betbagtlygy özünden uly bolmak küýsegidir. Ybraýym hem özünden uly bolmak isleýärdi. Onuň her bir gep-sözünde, her bir hereketinde nägilelik bardy. Onuň Besasury bilen dil birikdirmegi-de şol nägileligi üçindi. Ol gazaplydy, rehimsizdi. Ýogsam onuň, göräýmäge, durmuşda kem zady ýokdy. Eli uzadan ýerine ýetýärdi. Hyzmatynda duran adamlaryň hetdi-hasaby ýokdy. Ol Rawwat şalygynyň ýerleriniň – Azerbaýjanyň häkimidi. Giden ülke elindedi. Ýöne bu oňa az görünýärdi. Onuň göwnüne, Togrul beg öldürilse, dünýä baky jennete öwrüläýjek ýalydy. Ol özüniň ähli şowsuzlyklaryny, ähli betbagtlygyny – aslynda onda şowsuzlygam, betbagtlygam ýokdy – Togrul begden görýärdi. Ol bu pikirini Altynjandan ýaşyrmaýardy. Gaýtam, ol Altynjanyň özi bilen dertdeş bolmagyny isleýärdi.
– Ybraýym beg bilmeýändir, görmeýändir öýdýärsiňmi? Ýok, men hemme zady görýärin, hemme zady bilýärin hem. Togrul senem, menem köwüşberdaryça görmeýär. Ýadyňa sal, Dawut Gyzbibini nähili hormatlady? Ony aýasynda sak¬lady. Ol wepat edensoň üstüne kümmet galdyrdy. Goý, ýatan jaýy jennet bolsun. Sen, nä, Gyzbibiçe ýokmy? Goý, ol meni hormatlamasyn, ýöne seni hormatlamaga borçly ol. Men bil¬ýärin, Togruly Togrul eden Ybraýym bilen Altynjan hatyn! Goý, goý, sen hernäçe garşy çyksaň, çykyber! Içiňden welin, meniň sözlerimi oňlap oturansyň. Sen ony mendenem gowy tanaýarsyň. Ähli kişi oňa hyzmat etmeli, ol bolsa hiç kime hyzmat etmeli däl.
– Ybraýym, siz onuň bilen gylyçlaşmakda-da, güýç syna¬nyşmakda-da, ýaýdan ok atmakda-da, suhangöýlükde-de, pä­him-parasatda-da, harby tilsimde-de görnetin asgyn ahyryn. Men günde-günaşa görüp ýörün-ä.
– Bolamda näme asgyn? Sen muňa üns berme.
– Onda men nämä üns bereýin?
– Kim köp olja getirdi? Aýt, aýt, näme üçin dymýarsyň? Näme üçin dymýandygyňy bilýärin. Sebäbi sen hakykaty boýun almak islemeýärsiň.
Ybraýymyň aýtjak sözleri kändi. Juda kändi, ýöne Altynjanyň o sözleri diňläsi gelenokdy. Bu Altynjana gerek zat däldi. Altynjan Ybraýymyň dowzahy garaýyşlary bilen dünýäge, adamsyna seretmek islemeýärdi. Ol dünýäge adamsynyň jenneti hem hökümdar garaýşy bilen seretmek isleýärdi.

* * *

Togrul beg köplenç ýörişdedi, Ybraýymy ýanyndan aýyrmaýardy. Ony ýany bilen Wizantiýaga gazawada alyp gitdi. Gaýdyşyn bolsa ony Mosul diýaryna häkim belläp gaýtdy.
Geň, juda geň, adama ýamanlyk gelse, eden ýamanlyk¬laryndan däl-de, köplenç eden ýagşylyklaryndan gelýär. Ybraýym babatda-da şeýle boldy.
Togrul beg: «Goý, Ybraýym ýazylyp-ýaýrap ýaşasyn» diýen pikir bilen oňa köp mukdarda baýlyk, köp ýerini ykta berdi. Ybraýym bolsa, baýlygynyň gadyryny bilmedi, ýazylyp-ýaýrap ýaşamady, Tog¬rul begi tagtdan agdarmak üçin uly goşun jemlemäge girişdi. Aňynda diňe bir pikir kowsar urdy: «Togrul begi tagtdan agdarmaly, men seljuk şalygynyň şasy bolmaly».
Togrul beg ynsanyň ulaldygyça diňe bir gazanman, eýsem ýitirýändigi hem baradaky netijä geldi. Ululygyň öz artykmaçlyklarynyň bolşy ýaly, çagalygyňam jedelsiz artyk tarap¬lary bar. Şonuň üçinem ulalmagy kämilleşmek däl-de, diňe üýtgemek diýip kesgitleseň, has dogry, hakykata laýyk boljak.
Çagalykda ahlaky manydaky ýaramaz gylyklar, çagada ahlaky manydaky betha sypatlar bolmaýar. Çaga gorkak bolup biler, emma namart bolmaz, çaga ýalan sözläp biler, emma al salyp bilmez, çaga basdaş bolup biler, emma görip bolmaz. Iň oňat adamlar ulalandan soňam, çagalygyndaky päkliginde galýan, çagalygyndaky asyllylygyny ýitirmeýän adamlardyr. Tog¬rul beg şeýle adamlara seýrek duş gelipdi, ol şeýle uly çagalary oňat görerdi. Olarda isleg bolýar, emma hiç mahal nebis bolmaýar. Nebis ynsan ulanandan soň ýüreginde peýda bolýar. Häsiýet – hulk manysyndaky ulalmak ynsan häsiýetiniň tebigylykdan daşlaşyp, jemagaty mazmuna eýe bolmagy. Jemgyýet bolsa, tebigatdan tapawutlylykda, ýaramazlyklary-da özünde saklaýar. Tebigat – «niýet, bähbit, matlap, maksat» diýilýän itergilerden azat ýaşaýyş meýdany. Onda ýeke-täk erk – Allatagalanyň erki-eradasy höküm sürýär.
Jemagatda kiçi hem bolsa, ikinji ähmiýetde ikinji hatarda hem bolsa ýene bir erk – ynsan erki hereket edýär. Ynsan ulalyp, özüni hökmürowan hökmünde duýýar. Çagada bolmadyk häsiýetler ýüze çykýar. Ýaşlykda Ybraýymyň bar islegi Togrula meňzemekdi: onuň geýnişi ýaly geýinýärdi, onuň ýöreýşi ýaly ýöreýärdi, Tog¬rul deýin özüni salykatly alyp barýardy, onuň aýdýan sözlerini aýdýardy, ýöne, barybir, il içinde diňe Togruly hatyralaýardylar. Şeýle bolansoň, ol begi hatyralaýan adamlary ýigrenýärdi. Togrul begçe bolup bilmeýändigine gahar edip, käteler özüni ýowuzdan-ýowuz jezalandyrýardy; birki günläp hiç zat iýmän gezerdi, garagana boýalýança maňlaýyny ýere urardy. Ýyllar geçdigisaýyn Tog¬rul beg onuň üçin elýetmez şaha öwrüldi; abraýy-mertebesi artdy. Ybraýym Togrulyň üstünliklerine bir tarapdan guwandy, oňa ýardamçy bolýandygyna buýsandy, il içindäki abraýynyň begiň abraýy mynasybetlidigine akyl ýetirdi; ikinji bir tarapdan bolsa, oňa görip-lik etdi. Ol göriplik etmeli däldigini bilmesine bilýärdi, ýöne özüne erk edip bilenokdy. Göriplik onuň erkinden rüstem gelip, ygtyýaryny elinden düýnäp alýardy.
Togrul beg Ybraýymyň ýaşlyk bassaşlygynyň açyk göriplige ösüp geçendigini gördi. Göriplik onuň içindäki dowzahyň çäginiň ulalmagyna getirdi, şeýle-de ýalňyş hem ýaramaz hereketleriň döremegine sebäp boldy.
Ybraýym maksadyna ýetmegine garalla bolýan kişileri ýok etmegi ýüregine düwdi, şu maksat bilen ilki Bekdaş Rudbaryň kastyna çykdy. Elbetde, Bekdaş ejesiniň doganydy. Bekdaş Ybraýymy gujagynda göterip ulaldypdy. Oňa söweş tilsimlerini öwredipdi, ýöne ol oňa: «Ybraýym, Togrulyň garşysyna gitme!» diýdi. Onuň her bir ädimini yzarlady, bege habar ýetirdi. Hut şonuň üçinem Ybraýym birnäçe pidaýyny Bekdaşyň üstüne gönderdi.
Peýkam öz doganynyň ölümini Ybraýymdan gördi. Ony öldürmek üçin eline gylyç alyp sürünende Peýkamy Süleýman mälik saklady.
Ybraýym Bekdaşyň öldürilmeginde eliniň ýokdugyny nygtap, ant içdi.
Şondan bir aýdan soň Ybraýym Peýkama egin-eşik sowgat berdi. Onuň beren egin-eşigini geýen Peýkam şol gün jan berdi. Görlüp oturylsa, egin-eşik zäherlenen eken...

* * *

Besasury Türkmen güýç toplaýardy. Onuň ýanynda araplaryň Alemeddin (Diniň baýdagy) lakamly, Kuraýş ibn Bad¬ran ibn al-Musaýyp ibn al-Mukallat al-Ukaýly atly soltany bardy. Ol Bagdady eýeläpdi, halyf Kaýym Bemryllahy mugyra getiripdi. Halyf çykalga gözleýärdi. Eger Togrul beg Büweýh döwletini özüne tabyn etse – Bagdady eýelese, garamatyny öz üstüne alsa, onda halyf öz köşgünde erkin ýaşap biljekdi. Onuň her bir güni gorkuda geçýärdi. Özüniň bu ýagdaýyndan halas edip biljek, özüni öňki köşgünde oturdyp biljek ýeke-täk adam – seljuk Tog-rul begdi. Bir ýyla çeken gaçha-gaçlykdan dynmak üçin halyf Togrul bege nama gönderdi.
Apbasy halyflygy Muhammet aleýhyssalamyň doganoglany Apbas (Abylapbas) Saffahdan gaýdýardy. Apbas 750-nji ýylda Beýik Zap Suwy söweşinde emewileriň häkimiýetini ýykyp, öz häkimiýetini – halyflygyny döredipdi. Apbas Saffahdan soň onuň ogly Mansur (754 – 775 ý.) döwletiň paýtagtyny Bagdada geçirdi. Halyflyk Mamun döwründe Merwdedi. Bagdat merwli magmar Hommat Türkmeniň guran binalary esasynda hakyky döwlet merkezine öwrülipdi. Bu şähere Mamun merwli alymlary, hünärmenleri zorluk bilen göçürip getiripdi. Ýöne Harun Raşidiň halyflygynyň soňky ýyllarynda, aýratynam ondan soňky tagta çykan halyflar döwründe halyflygyň syýasy birligi gowşady. Müsürde Tulun Türkmen özbaşdak döwlet gurdy. Emewileriň bir goly Ispaniýada özbaşdak halyflyk boldy. Horasanda we Mawarannahrda Apbasy halyflygyndan bölünip, tahyrylar, samanylar, saffarylar, soň gaznalylar özbaşdak döwlet gurdular. Halyflyk islese-islemese, ol döwletleriň özbaşdaklygyny ykrar etmeli bolýardy. Öz agalygyny saklamak üçin herhili pirimler ulanýardy.
Müsürde we Demirgazyk Afrikada gurlan şaýy Fatymy halyflygy Gyzyl deňzinden Atlantik ummanyna we Demirgazyk Siriýa çenli ýaýlyp ýatan ülkeleri golastyna alyp, sünni halyflygyna – Apbasy halyflygyna howp salýardy. Ýyllar Apbasy halypalygynyň peýdasyna işlemeýärdi. Fatymy halyflygy Apbasy halyflygynyň goşunbaşysy Arslan Besasury Türkmeni öz tarapyna geçmäge razy edipdi.
Arslan Besasury Türkmen ýetim çagajykdy, halyf ony öz ýanyna alypdy. Ekläp-saklady, bilim-terbiýe berdi. Ol mahal Arslan Besasury häzirkisi ýaly rehimsiz däldi. Mähribandy, dilrubady, hoşzybandy, wepalydy. Bu gün hökümdar bolmak küýsegi onuň ynsabyndan rüstem çykypdyr. Halyf ähli süteme döz geldi. Soňam halyf al-Kaýym paýtagtdan gaçyp, Hadysat Ana, ol ýerdenem Anwara bardy. Ýöne Besasury başda halyfa fatymaçylaryň peýdasyna tagtdan-halyflykdan el çekýändigini resmileşdirdi: oňa gol çekdirdy. Netijede, Apbasylar halyflygy gutardy, fatymaçylar halyflygy diňe Müsürde däl, indi Bagdatda-da hökümini ýöredip ugrady. Apbasy halyfatynyň oňonlary, möhürleri, hatda Muhammet pygamberiň donuna çenli Kaire ugra¬dyldy. Bagdatda halyf al-Mustansiriň adyna hutba okalyp başlandy.
Ýedinji, sekizinji asyrlar araplaryň dünýä ýaň salan, Aziýanyň köp halklarynyň yslam dinine uýmagyny gazanan asyrlary hökmünde taryha giren bolsa, onunjy, on birinji asyrlar oguzlaryň araplaryň döreden yslam dinini goran ýeke-täk din gylyjy – halk hökmünde taryha girdi.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 42 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]