21:43
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -5
Bäşinji hekaýat

O DÜNÝÄNIŇ DOWZAHAM, JENNETEM ADAMYŇ IÇINDE

Geňeşde ýedi meselä seredildi. Şol meseleleriň iň soňkusy köpleri lerzana saldy.
Ýedinji meselä geçilende:
– Bekdaşy çagyryň! – diýip, Togrul beg buýruk berdi.
– Togrul begiň bu sözi Gutulmyş begi-de, Ybraýymy-da iňkise saldy.
– Togrul beg şalygyň umury istihbarat – howpsuzlyk gullugynyň sahybyny näme üçin çagyrýarka?
Bekdaş soňky döwür adamlaryň üýşen ýerlerinde, geňeşlerde köp görünmeýärdi. Ol geňeşe köplenç kimdir biriniň eden pyssy-pujurlygyny peçan etmek üçin çagyrylýardy. «Eý, Hudaý, ol bu sapar kimiň syryny paş ederkä?!» – bu sowal geňeşde oturanlaryň ählisiniň ýüreklerini bükgüldä saldy.
Karargähdäki ähli wezir-wekiller hem biri-biriniň ýüzüne gorkuly nazar aýlap, ýüzlerini duw ak edip oturdylar.
Togrul beg giň, geçirimli, ýöne käteler garaşman durkaň, şeýlebir ugry urýar welin, soň aňsat-aňsat özüňe gelip bilmeýärsiň.
Bekdaş, megerem, daşişikde çakylyga taýýar bolup duran bolarly, uzak garaşdyrman geldi, Togrul bege tagzym etdi.
– Sahyp, hany, aýt, biziň döwletimizde, biziň wezir-wekillerimiziň arasynda bege ikilik edýänler barmy?!
– Bar, kyblaýy älemim.
– Kim?!
– Wepadarlyk kasamyna biwepalyk edenleriň ikisi hakda ýörite aýtmak isleýärin. Olaryň ilkinjisi ynagyňyz Ýusup Bazargany. Ol wezir Ybraýymy üç gezek ýörite öýüne meýlise çagyrdy. Meýlisde her gezek Ybraýymyň şalyk tagtyna mynasypdygyny nygtady, özüniň bu islegi amala aşsa, bir müň dowar soýup, sadaka berjekdigini aýtdy. Şeýle hem Ybraýyma tagta geçen güni geýdirmek üçin gyralaryna sap dür daşlary jäheklenen halat taýýarlap goýandygyny nygtady. Ýusup Bazargany Altynjan hatyna kast edip, begimizi agyr güne salmak isläpdir, hernä biz onuň maksadyny öňünden aňyp, ony wagtynda sakladyk.
Ybraýym ynalyň şa bolmagy üçin has köp yhlas eden, onuň ýüregini çişiren diwany yhtysap – hasap-hesip diwanynyň sahyby emir Abu Zurga Hannaky soňky üç ýylyň dowamynda: «Togrul beg seni aldaýar. Ykta beren ýerleriniň harajatyndan-da saňa duýdurman özi alýar. Sen ol ýerden alynýan salgytlary doly bileňok. Seniň bilýäniň diňe haraç bilen hüşür. Awariz, nisam, musum-i-marai, alaf salgytlaryndan saňa ýeke hepbe-de berenoklar. Togrul beg seni sada hasaplaýar. Seni eşek ýaly işledip, hiç zat bermeýär. Togrul beg seni kemsidýär, özüň ýokkaň: «Goýsaňyzlaň, Ybraýymyňam bir pikiri bolarmy? Ol pikir edip bilenok» diýip üstüňden gülýär. Ýöne sen şa bolsaň, ýurt has baýar. Musulmanlar saňa alkyş okarlar. Sebäbi sen Togrul ýaly: «Diňe özüme bolsun!» diýip oturmarsyň. Adamlara, garyp-gasarlara eçilersiň. Adalatyň hatyrasyna öz ornuňa geç. Herki zadyň çeni ýagşy. O dünýäde senden sorarlar: «Eý, Ybraýym, näme üçin adalat üçin göreşmediň? Seniň adalat ugrunda göreşmänligiň üçin ornuň dowzah» diýilse, iň erbedi şol bolar. Togrul bilen sen bir eneden dünýä indiň. Şeýle-de bolsa, Togrul seni kemsidýär. Togrul on ýyl bäri şa. Besdir, adalatyň hatyrasy üçin indi sen şa bol! Togruly bolsa, eden etmişleri üçin dardan as!» diýip, birsyhly nygtady... Ybraýym tagt, şalyk hakdaky gürrüňleri gowy gördi. Bu hakda aýdylanda ol hiç garşy çykmady.
– Eý, Hudaý, olary Togrul beg «Byradarlarym» diýip hatyralap ýör-ä! – diýip, hajyp Abdyrahman Agajy odandy.
– Onuň sebäbi ýönekeý, mertebeli hajyp. Bu iki kişi Togrul begiň barynda wezipelerinden köp peýdalanyp, lomaý rişwet-para alyp bilenoklar. Olaryň: «Ybraýym tagtda otursa, rişweti lomaý alarys» diýen ynamlary bar... – diýip, sahyp Bekdaş pert-pert gürledi.
– Men Hannaka ynandym, gowy adamdyr öýtdüm, işe alynmagyna men güwä geçdim. Wa-weýla, meni öldürmeli – diýip, emir Uhjury elewredi.
Togrul begiň dergähine Hannakydan nägile bolup barşyny, şonda begiň: «Sen biraz sabyrly bol, käbir kişiniň özüniň kimdigini açmagyna ýol ber» diýen sözlerini ýatlady. Şol mahal begiň bu sözleri Uhjury üçin düşnüksizdi, bu gün welin düşündi, begiň pähim-parasadyna haýranlar galdy.
– Atlary tutulanlar meniň ýakynyma gelsin! – Togrul begiň sesi haýbatly çykdy.
Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hannaky başlaryny aşak salyp bege ýakynlaşdylar. Olar durmuşyň beýle öwrüm ederine garaşmadyk bolmaly. Olar näme etjegini bilmän saňňyldaşyp durdylar. Aram-aram hemaýat isläp, Ybraýyma seredýärdiler, ýöne ynal başyny aşak salyp, gara dere batyp, gahardan ýaňa titräp otyrdy. Bu mahal Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hannaka hiç kimden hemaýat ýokdy.
– Ýusup, sahybyň aýdan sözleri dogrumy?
– Kyblaýy älemim, meni Hudaý tutdy. Siz meni medreseden göni öz ýanyňyza işe aldyňyz, uly-uly wezipeleri ynandyňyz, özüňize ynak etdiňiz. Biz emir Abu Zurga Hannaky bilen köpden köpi isledik. Beren ykta ýerleriňiziň gadyryny bilmedik.
– Ýalňyşyňa gaty bahym akyl ýetirdiň-le?
– Men günäkär, kyblaýy älemim!
– Bu ikiýüzlüligiň üçin nähili jeza çekmek makul bolar?
– Siz näme jeza berseňiz, biz sadyklyk bilen boýundyrys, kyblaýy älemim.
Togrul begiň öňünde başyny aşak salyp duran Abu Zurga Hannaky elini goltugyna ýetirdi. Iki-üç gezek gapa baka seretdi, soňam goltugyndan hanjar çykaryp, soltana bakan okduryldy.
Begiň çep tarapyndan batly atylan hanjar emir Abu Zurga Hannakyny saklady. Hanjar sahybyň çep gözüne baryp sünjülipdi. Sahyp yzasyna çydap bilmän aýylganç waňkyrdy.
Beg çep tarapyna – hatyny Altynjan hatyna minnetdarlyk bilen baş atly.
Altynjan hatyn hiç iş etmedik ýaly, sesini çykarman otyrdy.
Gutulmyş beg oturan ýerinden Altynjan hatyny synlady, oňa buýsandy. «Allatagala şa göterjek bendesine, ilki bilen, mynasyp hatyn berýär eken» diýip, içini gepletdi.
Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hannakynyň jezalandyrylmagy, dardan asylmagy köşk emeldarlarynyň arasynda dürli pikirleri döretdi. Begiň öz iň ýakyn adamlaryny jezalandyrmagyny birnäçe adam oňlady, ýöne oňlamadyklar hem az bolmady. Tabgaçlylaryň jezalandyrylmasy hem köşk emeldarlarynyň ýadyndan çykmandy. Olar öň tabgaçlylaryň jezalandyrylmagynda, bu gün bolsa Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hannakynyň jezalandyrylmagynda esasy «günäkäri» Bekdaş Rudbar hasaplaýardylar.
«Bekdaş ýamanlap-ýamanlap begiň ýüregini çişirdi, soňam özüniň jana-jan dostlaryny jezalandyrmaga mejbur etdi» diýip, pikir edýärdiler.
Hut şu pikir esasynda hem bir gün giçlik öýüne gelýän Bekdaşy wagşylyk bilen pyçaklap öldürdiler. Pidaýylaryň kimlerdigi näbelli bolup galdy.
Pidaýylar has wagşylyk edipdirler, diňe bir Bekdaşy öldürmek bilen çäklenmändiler, onuň çagalaryny-da, hatynlaryny-da uçdantutma öldüripdiler.

* * *

Ybraýym ynal begiň harby ugur, goşun boýunça naýybydy, weziridi. Onuň tabynlygyndaky esgerleriň sany ýüz müňden-de aňrydy.
Togrul begiň ýanynda esasy goşundan başga elli müň saýlama atly goşun bardy. Bu goşunyň atlylary, zerurlyk ýüze çykaýmasa, söweşe salynmaýardy, olar begiň şahsy goragy, şeýle hem ätiýaçlyk üçin saklanylýardy.
Saýlama goşunda gulluk edýän esgerler harby tilsimlere ýaşlykdan uýgunlaşdyrylan, sagdyn, daýaw esgerlerdi. Olarda gorky-ürki ýokdy. Bu goşunyň gelýändigi hakdaky habar adamlarda gorky döredýärdi. Çünki bu goşundaky esgerler öňünden çykan ähli duşmany waşgylyk bilen öldürýärdiler. Halk arasynda: «Togrul begiň saýlama goşunynyň öňünde durmak, ony saklamak mümkin däl» diýen pikir bardy.
Dürnazar – begiň saýlama goşun boýunça naýybydy hem ynagydy. Bekdaş Rudbaryň janyna kast edilensoň, onuň işini ýöretmegi Togrul beg Dürnazara ynandy.
Dürnazar bilen Togrul beg ýaşlykdan bäri dogan ýaly ysnyşypdylar, olaryň biri-birinden aýry zady ýokdy. Ol Togrul bege düýrmegi bilen berlendi.
Bir gezek Dürnazar Togrul bege atylan okuň öňüne özüni oklapdy. Ok onuň çep kibtine çümüpdi, şondan soň çep eli şikesli bolup galdy.
Ol ýatkeşdi, adamyň ýüzüne seredip, onuň içki pikirini ýalňyşmasyzdan okamagy hem başarýardy.
Dürnazar edil Dodurga Merwezi ýaly dymmady, bir zat sorasaň, gysga jogap beräýmese, aňsat-aňsat gürlemeýärdi. Ol gürlemegiň kümüşdigine dymmagyň altyndygyna düşünýär.
Haýbatly ýöreýşi bardy. Symmaty-da haýbatlydy.
Torgul beg bilen gözli ýaşyt bolsa-da, öýlenmändi. Ol özüniň öýlenmeýşiniň sebäbini şeýle düşündirýärdi: «Men panyga bir gezek gelýärin. Bu ömrümi özüm üçin ýaşajak, hiç kime, hiç zada borçly bolman ýaşajak. Öýlenmek – özüňi örklemek, öz üstüňe borç, jogap¬kärçilik almak. Maňa öýem, hatynam gerek däl. Meniň öýüm – atdan düşen ýerim. Meniň hatynym – atdan düşen ýerimdäki ýesir alan gyrnaklarym. Seljuk soltanlygy – meniň dünýäm. Meniň dünýäme kast etmekçi bolýan kişi meniň duşmanym. Men özümiň güýjümi Seljuk soltanlygynyň rowaçlygyna goşýan goşandymdan görýärin. Hut şondan hem lezzet alyp ýaşaýaryn».
Dürnazary köşkde halamaýardylar, ony ulumsy hasaplaýardylar. Ýüz görmeýänligi, içki pikiriňi bilýänligi üçin hem onuň gelýändigini görenlerinde edil jyn dagan ýaly dagamak bilen bolýardylar. Onuň bilen ýürekdeş söhbet etjek bolmaýardylar, onuň özem adamlar bilen ýürekdeş söhbet etjek bolup ýörmeýärdi, öz aladasy ýylgaý ýetik bolýardy.
Togrul beg Dürnazaryň işini alyp barmagy ýaşlyk dostlarynyň birine – Mübärek hana ynandy.
Mübärek han öň saýlama goşunyň birinji tümenine ýolbaşçylyk edýärdi. Togrul beg saýlama goşuna ýolbaşçylyk etmekde onuň özüne naýyp bolmagyny tabşyrdy.
Her on müň atla – bir tümene bir serkerde hanlyk edýärdi.
Saýlama goşunyň hanlary köşkde aýratyn hatyralanýardy.
Olar köp däldi.
Mübärek – birinji tümeniň hanydy.
Hapban Endikäni – ikinji tümeniň hanydy.
Üçünji tümeniň hany Ýyldyrym Sebzewardy. Ol Daňdanakan söweşinde wepat edipdi, şondan bäri onuň ýerine hiç kim bellenilmändi. Onuň wezipesini Togrul beg Altynjan hatyna ynandy, oňa han derejesini berdi.
Ýyldyrym Sebzewaryň ýerine han bellenilmegini begden Altynjanyň özi haýyş edipdi. Ýyldyrym başda müňbaşydy, soň ony begiň han göterendigini eşidip, Altynjan gynanmak gynanypdy. Onuň Ýyldyrym Sebzewary ýigrenmesi warryklygy, bolsa-bolmasa degişýändigi üçindi. Ol özüniň urulmasynyň, çagasynyň düşmesiniň sebäpkärini Peýkam bilen Ýyldyrym Sebzewar hasap¬laýardy. Ýyl¬dyrym özüne nähak töhmet atylýandygyny aýtmak, özüni aklamak üçin iki gezek Altynjanyň ýanyna gelipdi, hatyn iki gezegem ony kabul etmändi.
Dördünji tümeniň hany Ýagysyýandy.
Bäşinji tümene Erdem hanlyk edýärdi.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]