09:35
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -21
Ýigrimi birinji hekaýat

ÝAKYNYŇ ÝOLAN SAKGALY BITMEZ

Ýigrimi bir günden soň ýedi sany lukman Togrul soltanyň dergähine gelip, habarlaryny mälim etdiler:
– Kyblaýy älemimiz, gözüňiz aýdyň! Ýanýoldaşyňyzdan Ezraýyl elini çekdi – diýip, bagdatly lukman söze başlady, ýöne onuň yzynda duran yspyhanly lukman kärdeşiniň sözüni haýal gördümi ýa makul görmedimi-nämemi, iki ädim öňe saýlanyp, sözledi:
– Aly makam, tabşyrygyňyzy ýerine ýetirdik. Alla bize ýardamçy boldy. Biz häzir siziň dergähiňize hatynyňyza abanan ölüm howpunyň aýrylandygyny, nesip bolsa, Altynjan melikäňiziň saglygyny dikeltmäge güýjümiziň doly ýetjekdigini size habar bermäge geldik.
Yzda duran lukmanlaryň birisi yspyhanly lukmanyň synyndan çekdi, şondan soň bagdatly lukman başky sözüni dowam etdirdi:
– Kyblaýy älemimiz, gözüňiz aýdyň! Ýigrimi bir güne çeken yhlasymyz ýerine düşdi. Altynjan hatyna abanan howp aradan aýryldy. Biz size bu begenjimizi ýetirmäge geldik.
Bu habary eşiden soltan tagtyndan düşüp, lukmanlaryň ýeke-ýekeden elini gysyp, minnetdarlygyny bildirdi:
– Ýedi baş lukmana iki müňden, galan ýigrimi bäş lukmana bir müňden dinar hedýe bermeli – diýip, soltan Süleýman mälige gör¬kezme berdi.
Beýtilmal diwanynyň sahyby Bu-l-Kasym dessine lukmanlara içi dinarly haltajyklary paýlap çykdy.
Soltan hatynynyň halyny soramak üçin bärgähinden çykdy.
Soltanyň hem Altynjan hatynyň bargähleri şindem Hemedan şäheriniň gapdalyndaky Hegmatan depesiniň üstündedi. Soltan ýolda Altynjanyň kösenmeginden ätiýaç edip, şu depäni özüne düşleg edinipdi. Özüniň bargähini-de hatynynyň bargähiniň gapdalyndan dikipdi.
– Altynjan hatyn aýak üstüne galýança biz şu ýerde bolarys – diýip, soltan kesgitli aýdypdy. Şondan bäri soltanyň özi-de hiç ýerik gidenokdy.
Togrul beg Alparslandyr Süleýman bilen Altynjan hatynyň ýanyna ugrady.

* * *

Altynjan hatyn on-on bäş gat ýazylan ýumjak ýogranyň üstünde töweregine geňirgenme bilen seredip otyrdy.
Ol ýigrimi bir günläp agyr ýagdaýda ýatypdy, ine, bu gün bolsa özüne gelipdi. Horlanypdy, görnetin horlanypdy. Şonda-da gözelligini ýitirmändi.
Togrul beg hatynynyň ýüzüne buýsanç bilen bakdy, onuň öňünde aşak oturdy.
Altynjan soltan bilen içeri giren Alparslandyr Süleýmana, birtopar nätanyş lukmana, bargähiň günbatar tarapynda çugutdyryp oturan Kabyla geň galyp seretdi. Soňam Alparslana ýüzlendi:
– Men uzak ýatdymmy? Bu nätanyş kişiler bu ýerde näme iş edýärler?
Alparslan näme jogap berjegini bilmän, delalat isläp Tog¬rul bege bakdy.
Soltan kömege ýetişdi:
– Altynjan, Hudaýa şükür, indi bäri bakdyň.
Altynjan tekepbirlik etdi:
– Men näçe günläp özümi bilmän ýatdym.
– Birki gün...
– Toýuň şagalaňynyň sesi eşidilenok-la?
– Haýsy toýuň?
– Siziň başyňyzdan inen Ybraýym apatynyň sag-amanlyk bilen sowlandygynyň hatyrasyna...
– Toýy aýak üstüne galanyňdan soň, uludan ederis.
– Men sebäpli toýy soňa goýmaly däl ekeniňiz.
– Aýdyşyň ýaly etdik, Altyn gyz!
Altynjan soltanyň bu sözünden özünden haýsydyr bir zadyň ýaşyrylýandygyny aňdy, ýöne ony biljek bolup tekepbirlik etmedi.
– Bu nätanyş kişiler kimler? Derhal daşary çyksynlar? Çykyň daşaryk! Näsag halda hiç kime görünmek islämok men...

* * *

Içeri giren gapydan Togrul soltanyň gapdalynda aşak çökdi, gulagyna çawuş çakmakçy boldy.
– Näme habaryň bolsa göni aýdyber.
Gapydan aýdyljak habary Altynjan hatynyň eşitmegini islemeýän bolarly, ol bir Altynjanyň, birem soltanyň ýüzüne seretdi.
– Aýdyber, aýdyber kim gelýär?
Biraz diňşirgenip oturan Altynjan:
– Atyň üstünde oturmaga ram etmedik bir nalajedeýin kişi gelýär – diýdi.
– Ony nädip bilýärsiň, lalam? – diýip, Alparslan gyzyklandy.
– Siziň lalaňyzyň bilýän zatlary kän – diýip, Togrul beg Altynjana buýsançly bakdy.
– Kimkä ol nalajedeýin kişi? – diýip, Süleýman gyzyklandy.
– Merhemetli hökümdarym, gelýän halyf Kaýym Bemryl¬lahyň Seýidde atly gyzy, ol ýetip gelýär.
– Lalam, siziň «Atyň üstünde oturmaga ram etmedik nalajedeýin» diýen sözüňiz dogry çykdy. Halyfyň gyzy, dogrudanam, atyň üstünde oturmaga ram eden däldir – diýip, Alparslan Altynjan hatyny göz astyndan nahan synlady.
– Ol bu ýere näme üçin gelýärkä?
– Kimdir biri oňa Altynjan hatynyň ýaradardygyny, düşege bag¬lanandygyny aýdypdyr. Ol bu habary eşidip, Hamedana aýak ýalaň, baş açyk göni gaýdarman bolupdyr. Halyf ony saklajak bolupdyr. Seýidde öz janyna kast etmäge synanyşypdyr. «Men ýa Altynjan hatynyň ýanyna gidip, onuň derdine derman boljak, gerek bolsa, synamy kesip berjek, tä aýak üstüne galýança başujunda hyzmatynda durjak ýa-da özümi öldürjek» diýip, ol halyfa açyk aýdypdyr. Halyf alaçsyz halda gyzyna gitmäge rugsat beripdir. Çaparyň aýtmagyna görä, halyfyň gyzy ýolboýy: «Altynjan hatyn! Altynjan hatyn!» diýip aglap gelýärmiş.
– Aglap-eňräp Altynjany biynjalyk edäýmesin?! – diýip, Kabyl gorsaň-gozgalaň tapdy. – Belki, ony içeri goýbermeris?!
– Halyfyň saklap bilmedik gyzyny bizem saklap bilmeris. Goý, gelsin. Ýagdaýa görä bolarys.
Soltanyň bu sözünden soň gapydan baş atyp çykyp gitdi.
Dogudanam, halyfyň gyzy Seýiddäni hiç kim saklamady, ony hiç kim saklap biljek hem däldi. Ol Hegmatan depesiniň ýanyna geldi-de, pyýadalap depä dyrmaşmaga başlady.
Göni Altynjan hatynyň bargähine bakan ugrady. Ol hiç kimden salgy almady, hiç kimden hiç zat hem soramady. Onuň bolup gelşi Altynjan hatynyň bargähine belet, öň bu ýere telim ýola gelen ýalydy. Aslynda bolsa ol bu ýere birinji gezek gelýärdi.
Göni gaýtdy.
Ony – geň – sakçylaryň ýekesem saklamady.
Başy açyk, aýagy ýalaňaç bolsa-da, onuň bihal gyz däldigi dogumly ädiminden, keşmerinden, egnindäki eşiginden bildir¬ýärdi. Arap gyzlary bu gyz ýaly saçyny ýaýyp köçä çykmaýardy.
Seýidde başynda tuwagynyň ýokdugyna ünsem berenokdy.
Ol aglajak agysyny ýolda aglan bolarly, bargähe agysyz, sessiz geldi, içeri hem sessiz girdi.
Içeri kürsäp girdi-de, içişikde biraz säginip, içerä nazar aýlady, Altynjan hatyny agtardy.
Altynjan hatyny gören Seýidde bütin durky bilen titredi.
Ol hatyna şeýlebir seretdi. Bu seredişde: «Ýagdaýyňyz nähili?» diýen sowal-da; «Men siziň ýagdaýyňyz hakda eşidip, gynandym, halyňyzdan habar alaýyn, derdiňize derman bolmaga çalşaýyn diýip geldim» diýen duýgydaşlyk-da, örtenmek-de bardy.
Gyz hatynyň öňünde ikidyz oturdy. Kemiş-kemiş etdi. Gözüni hatyndan aýyrman ýöne titräp durdy. Hamsykdy, sojap-sojap aglamaga başlady.
Altynjan hatyn ony köşeşdirmek maksady bilen başyny sypady.
... Şol günden başlap, Seýidde Altynjan hatynyň ýanynda galdy. Doly sagalýança ýanynda boljakdygyny hatyna ençe gezek aýtdy.

* * *

Altynjan hatynyň ýanyna barmaga ygtyýarly adamlar sanalgyjady. Togrul beg Alparslana, Süleýmana, Kabyla rugsat beripdi. Başga kişilere içeri girmek, hatynyň halyndan habar almak gadagandy. Altynjan hatyn welin ýanyna hiç kimiň gelmegini islemeýärdi. Soltana-da görünmek islänokdy, ýöne alajy ýokdy. Düşekde ýatan näsag halda görünmegi namys bilýärdi. Näsag ýatandygyna, turup bilmeýändigine jany ýanyp aglaýardy. Näsag halda adamlara görneninden ölenini müň paý gowy görýärdi. Togrul beg hatynynyň örtenmelerini aňlaýardy, şonuň üçinem ony biynjalyk etmezlige çalyşýardy.
Iki aýdan soň Altynjanyň ýagdaýy ganymatlaşdy.
Togrul soltan lukmanlar bilen maslahatlaşyp, Bagdada ug¬ramak barada görkezme berdi.
Altynjan hatyn üçin ýörite sypa taýýarladylar. Onuň üstüne gat-gat düşek ýazyp, hatynyň kenizleri bilen ýazylyp-ýaýrap gitmegi üçin ähli şertleri döretdiler.
Sypany iki ýüz otuz esger göterýärdi. Her bir milden soň esgerleri çalyşýardylar. Soltanyň ýüz müň esgerli goşuny Altynjan hatynyň sypasyny äwmän-telesmän göterip barýardy. Bu sypany götermäge gatnaşmak goşunyň esgerleriniň arasynda uly mertebedi, uly derejedi. Çünki Altynjan hatyny esgerler juda hormatlaýardylar.

* * *

Bagdada gelip, Togrul beg şindem zyndanda ýatan weziri Anişirwany boşatdy.
Anuşirwan ötünç sorap, soltanyň aýagyna ýykyldy.
– Men seniň günäňi geçýärin, Anuşirwan. Sen häzir eneň ýanyna bar, ondan ötünç sora!
Bu sözden soň Anuşirwan käbesiniň ýanyna ok bolup atyldy, ýöne Altynjan hatynyň agta gapydany ony içeri goýbermedi:
– Hatyn dynç alýar, rahatlygyny bozmaň!
Anuşirwan aljyrady, näme etjegini bilmedi:
– Enem janyň ýagdaýy nähili?!
– Ýagdaýy ganymatlaşýar öz-ä!..
Anuşirwan uludan demini aldy, gapa naýynjar nazar aýlady. Agta gapydan Anuşirwana ýüzlendi:
– Siz häzir gaýdyň, soň geläýiň.
– Men nirä gaýdaýyn? Meniň barara ýeke-täk gapym bar, ol hem şu gapy! Senem meni bu gapydan içeri goýbereňok. Men bar zady – enemiň ýagdaýynyň agyr bolandygyny bilýärin, zyndanda gije-gündiz eneme saglyk diledim.
Seýidde gapydan jyklady:
– Ýuwaş boluň!
Anuşirwan Seýiddä çiňerilip-çiňerilip seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, gapynyň sag tarapynda aýbogdaşyny gurap oturdy. Garaşmaga başlady:
– Eý, agta, sen meniň walydama: «Daşişikde ogluň Anuşirwan dergähiňe gelmek üçin garaşyp otyr» diýip aýt! – Anuşirwan walydysynyň ýanyna derhal girmäge, özüniň ýalňyşandygyny boýun almaga, ötünç soramaga howlugýardy. «Günämi geçmese näderkäm?» diýen howsala oňa güzap berýärdi. Walydasynyň keşbi göz atuwyndan aýrylmaýardy. Onuň zyndana düşmezinden öňki ahwallar, özüniň şa täjini geýşi, walydasynyň gazaply garaýşy göz atuwyndan aýrylmaýardy. Herhal, günäsiniň geçilmegine sähelçe-de bolsa umydy bardy. Sebäbi öňler hernähili ýowuz etmişleri etse-de, walydasy onuň günäsini geçýärdi. Bu gezegem geçer. Onuň Anuşirwandan başga ezizleýän ýakyny ýog-a! Kabyl-a öwünjeň. Sözüne hä berip otursaň, ol on gije-gündizem öwünse gerek.
Ähli zat gülala-güllükdir. Sebäbi Togrul beg Anuşirwanyň günäsini geçip, ony öňki wezirliginde galdyrdy. Bu gowulygyň alamaty. «Soltan günämi geçip durka walydam geçmese bolmaz ahyryn!»
Agta gapydan esli garaşdyryp daşaryk çykdy. Anuşirwan:
– Giribereýinmi? – diýip ýerinden turup, gapa gönükdi.
Gapydan Anuşirwana nebsagyryjylyk bilen nazar aýlady, çalaja başyny ýaýkady:
– Rugsat bermedi...
– O nähili: «Rugsat bermedi?» Sen düşündirip aýdan dälsiň. Sen meni tanaýarsyňmy?
– Men sizi gaty gowy tanaýaryn. Siz bary-ýogy bir gün patyşa bolan Anuşirwan ibn Tümen. Siz Togrul beg bilen Altynjan hatynyň ogullygy. Siz mesligi göterip bilmedik nekgende. Ýagşy-lyga ýamanlyk bilen jogap bermegi başarýan adam siz...
– Gapyl! – Anuşirwan gapydanyň iki elinden tutdy-da, batly silterledi, soňam ýüzekessir suňşurdy.
Ol ýüzüni tutup aşak oturdy.
Esli wagtdan soň onuň ýanyna Kabyl geldi.
Kabyly gören Anuşirwan onuň ellerinden tutup ýalbarmaga başlady:
– Kabyl, näme üçin enem meni dergähine goýbermeýär? Ýalbarýan, ýalbarýan, kömek et! Enem meni näletlemesin! Kabyl, gaýrat et, kömek et, enem meni näletlemesin! Men goýberen ýalňyşyma düşünýärin. Galan ömrüme guluň bolup ýaşaýyn. Enem meniň günämi geçmese, men adamlaryň ýüzüne nädip seredeýin?! Eger enem günämi geçmese, onda ähli kişiniň meni näletlejekdigini bilýärin men. Meniň ömrüm käbäme bagly. Men üç aýa golaý wagt zyndanda ýatyp, köp zada akyl ýetirdim. Kabyl, gaýrat et!
– Men näme edeýin?
– Goý, enem meni kabul etsin. Men oňa ähli zady dü­şündirerin.
– Meni seniň ýanyňa Altynjan ugratdy, Anuşirwan. Meni diňle! Sen häzir bu ýerden git. Altynjany tolgundyrma. Onuň ýarawlygy ýok. Ýagdaýy biraz gowulaşandan soň, ol seni hökman kabul eder. Goý, ol häzir rahat dynç alsyn! Ynan, ol ýarawsyz halda hiç kime görünmek islänok, soltana-da görünmek islänok. Özüniň kesel ýatandygyny namys bilýär.
– Özi şeýle diýip aýtdymy?
– Hawa, özi şeýle diýdi.
Anuşirwan baş atyp, bargähden arany açdy.

* * *

Bir hepde garaşan Anuşirwan ýene walydasynyň dergähine geldi.
Altynjan hatyn ony ýene kabul etmedi.
Kabyl:
– Anuşirwan, sen oňa beled-ä! Rast, ol: «Kabul etjek däl» diýdimi, gutardy, näçe töwellaçy iberseňem, onuň pikirini üýtgedip bilmersiň.
– Sen oňa töwella etmediňmi? Sen maňa söz berdiň-ä?!
– Töwella etdim.
– Näme diýýär?!
– «Göwün gözgim döwüldi» diýýär.
– Indi näme etmeli?
– Senden etjek töwellam – bargähiň öňünde durma.
– Başga aýtjak zadyň ýokmy?
– Ýok... Meniň elimden gelýän başga zat ýok.
Anuşirwan göwünli-göwünsiz gitdi. Öňünden Alparslan bilen Süleýman çykdy.
– Wezir, ýüzüň salyk görünýär-le? – diýip, Alparslan onuň egnine kakdy.
Anuşirwan ýagdaýyny aýtdy.
– Sen bargähiň ýanynda garaş, ol seni kabul eder. Men onuň bilen gürleşeýin, men ony razy ederin. Seni janyndan eziz görýär ahyryn ol – diýip, Alparslan göçgünli sözledi.
Alparslan bu gün Sistana ugraýardy. Hoşlaşmak üçin Altynjan hatynyň ýanyna gelipdi.

* * *

Altynjan hatyn Alparslanyň gitjekdigine gynandy, sagal¬ýança hiç ýere gitmän hatyralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi, uly-uly ýeňişler gazanmagyny arzuw etdi:
– Walydam, siz maňa seljuk nesebiniň ýeňiş hanjaryny berdiňiz. Ol hanjar elimdekä ýeňiş gazanmasam bolmaz ahyryn – diýip, Al¬parslan bilindäki asfury hanjaryny alyp, maňlaýyna togap etdi.
– Alparslan, hany, menem pederlerimize ýeňiş getiren hanjary elime alyp göreýin-le?! – diýip, Süleýman elini uzatdy.
Alparslan asfury hanjary inisine uzatdy, birdenem yzyna aldy:
– Ýok, ýok, berjek däl! – diýip, ol hanjary biline gysdyrdy.
Kabyl dillendi:
– Ber, goý, görsün.
Altynjan hatyn hem bu pikiri goldady:
– Goý, görsin!
Alparslan başdansowma jogap berdi:
– Soň görkezerin!
Hanjaryň Süleýmana soň görkezilmejekdigine içerdäkileriň ählisi düşündi.
Süleýman öýkeledi, ýöne onuň öýkesine Alparslan pitiwa edip durmady. Ol walydasyna ýüzlendi:
– Lalam, daşarda Anuşirwan dur. Siz ony gowy görýärdiňiz ahyryn. Onuň günäsini geçmegiňizi towakga edýärin. Walydym hem onuň günäsini geçdi, öňki wezirlik wezipesinde işlemegine izin berdi.
Altynjan hatyn çuň gussa batdy:
– Men onuň günäsini geçmek isleýärin, ýöne... başaramok...
Alparslan Altynjan hatynyň agyr gussa batandygyny görüp, tiz gutulmagyny – ýakyn günlerde aýak üstüne galmagyny dileg edip, bargähden çykmak bilen boldy.
Daşarda Anuşirwan serasyma bolup durdy. Alparslan oňa göwünlik berdi:
– Wagt – lukman. Bary geçer gider. Walydam öýkesini unudar. Sen işiň bilen meşgul bol! Gowy-gowy işleri bitir. Walydaň seniň bitiren gowy-gowy işleriňi görüp, goý, ýene öňki gezekdäkileri ýaly begensin.
– Wa-daryg-a, hiç zada elim baranok.

* * *

Anuşirwan soňky gezek ýüregine daş baglap Altynjan haty¬nyň dergähine bardy.
Agta gapydan oňa şol öňki sözlerini gaýtalady:
– Size içeri girmek bolmaýar.
Anuşirwan gapydanyň üstüne gygyrdy:
– O näme üçin bolmaýar? Saňa bolan zat maňa bolanokmy? Indi senem menden artykmy, eý, agta!
– Melike sizi görmek islänok.
– Näme, görmek islänokmy? Meniň mähriban käbäm meni görmek islänokmy? – Anuşirwanyň kemligi tutdy, gözüne ýaş aýlandy: – Öldüriň meni, öldüriň! Bu sözleri eşidenimden, iň gowusy, öleýin. Men käbäme gerek däl! Käbäm meni görmek islänok. Ýöne meniň ony göresim gelýär-ä! Meniň käbämi göresim gelýär! Men käbämsiz ýaşap biljek däl! Ýaşap biljek däl! Men bu pelekde ýeke galdym. Käbä-äm! Käbä-äm ja-an! Nirede sen?! Meni ýeke goýma, käbäm! Men çydap bilemok. Seni göresim gelýär-ow. Seni göresim gelýär-ow, käbäm! Goýberiň meni käbämiň ýanyna! Sen nirede, ene?
Bu mahal lukmanlar Altynjan hatynyň ýaralaryna däri-derman çalyp durdylar.
Altynjan hatyn bu halda hiç kime görünmek islemeýärdi. Ýöne häzir Anuşirwany saklar ýaly däldi:
– Ene jan, sen nirede? – diýip, Anuşirwan agy gatyşykly gygyrýardy. Ol öňünden çykan kenizleriň, lukmanlaryň döşle¬rinden itip Altynjan hatynyň ýatan ýerine geldi. Onuň ýüzüne maňlaýyny degrip togap etdi: – Wa-daryg-a, wa-neýlet-a, bu tyg yzlaryny görüň-ä? Nädip dözdükäler?! Wa-daryg-a, dünýäm gapyşdy. Siziň şu güne düşmegiňize men sebäp boldum. Siziň ýaradar bolup, kesel ýatmagyňyza men günäkär. Men hudaýgargan ogul boldum! Alla näme üçin meniň janymy babamyňky bilen bile almadyka? Wa-daryg-a, men nädäýdim-ä, ene jan?! Meni ýanyňyzdan kowmaň! Meniň sizden başga hiç kimim ýog-a!..

* * *

Togrul soltan ikindinara Altynjan hatyny daşary gezime alyp çykdy.
Altynjan hatynyň şindem ysgyn-deramaty ýokdy. Gözüniň öňündäki uçgunjyklar gaýmalaşmagyny dowam edýärdiler.
Aşyr aýynyň ortalarydy. Howa sergindi. Demirgazyk tarapdan öwüsýän hoştap şemal janperwerdi.
Bagdat şäheri parahatdy. Şäheriň oglanlary alagykylyk edip gizlenpeçek oýnuny oýnaýardylar.
Soltan bilen hatyn dähedem-dessem ýöräp barýardy, köpden bäri bile gezim etmändiler. Dogrusy, uzaga çeken keselçilikden soň, Altynjan hatynyň birinji gezek soltan bilen gezelenje çykyşydy. Şeýle bolansoň, soltan gezimiň uzaga çekmeginden howatyrlanyp, hatynyny öňden taýýarlanylan düşege alyp bardy.
Altynjan hatyn alaşowhun edip gizlenpeçek oýnaýan og¬lanlara seretdi, ýaşlygyny ýatlady. Ol:
– Begim, serediň, arap çagalary biziň birmahalky oýnan giz¬lenpeçek oýnumyzy oýnaýarlar – diýip, geňirgenmesini daşyna çykardy.
– Eýsem näme! – diýip, soltan biraz oýlanyp jogap berdi: – Adamyň bütin ömri – tapmak. Alla dünýäni gizlenpeçek görnüşinde ýaradypdyr. Biri gizlenýär, beýlekisi tapýar. Dünýäniň bar lezzeti tapmakda. Durmuş gizlenpeçeginden men seni tapdym...





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 61 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]