09:32
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -20
Ýigriminji hekaýat

AT ÇAPMAZ, BAGT ÇAPAR

BETBAGTLYK MYDAMA GARAŞMAN DURKAŇ GELÝÄR. Ýöne Altynjan Hemedanda betbagtlygyň gelmegine herdem garaşýardy. Şol garaşylan betbagtlyk hem Togrul soltanyň goragynda bir ýarym müň esger goýup, ýaňy ata atlanjak pursady bir näkesiň atan oky bolup çawup geldi.
Ok Altynjanyň ýaraly bagrynyň gapdalyndan çümdi.
Altynjan ses edip içine çümen peýkamy bat bilen sogurdy-da, zyňyp goýberdi. Okuň gelen tarapyna seretdi.
Ok atan adamy derhal tapdylar.
– Şony meniň ýanyma tutup getiriň! – diýip, Altynjan hiç zat bolmadyk deýin ýoluny dowam etdirdi.
Altynjanyň ýanyndakylar ondan gözüni aýyrman seredýärdiler. Çünki onuň bolşy geňdi, juda geňdi.
Altynjan hatynyň döşünden ikinji gezek ok çümdi ahyryn!
Ok atan kişini tutup getirdiler.
Altynjan başyny dik tutup merdi-merdana duran kişini görüp aňk boldy.
– Wa-weýla, asyl, bu sizmi?
– Elbetde, men!
– Siz atdyňyzmy?
– Elbetde, men atdym! Hudaý seni ýene gorady, ýogsam meniň atan okumdan aman galýan adam ýokdy.
Altynjan näkesi tutup duran esgerlere kesgin aýtdy:
– Goýberiň ony!
– Muny goýberip bolmaz! Muny kerçem-kerçem etmesem, içim sowamaz. Bu meniň daýymy öldüren ganhor ahyryn! — diýip, Kabyl gahardan ýaňa titir-titir etdi.
Altynjan sözüniň diňlenilmejekdigini aňyp, soň bu hakda hiç zat diýmedi.
Sähel salymyň içinde Janahyr halwaçyny dogram-dogram etdiler.
Altynjan Kabylyň tekgesi bilen atyna atlandy.
Yzdan gelýän Kabyl ýuwaşja seslendi:
– Altynjan, ýagdaýyň niçik?
– Gowy!
– Senden gan akýar. Atyň eýeri eýýäm garagan boldy. Häzir ganyňy saklamasak, ölersiň.
– Maňa hiç zadam bolmaz.
Hemedanlylar ýola çykypdylar. Olar Altynjan hatyna buýsanç bilen seredýärdiler, ellerini galgadýardylar.
– Altynjan hatyn! Altynjan hatyn!
– Men gyzyma seniň adyňy dakdym, Altynjan!
Ýerli ilatyň Altynjan hatyna goýýan hormaty çäksiz uludy.
– Altynjan, dur, ganyňy saklaly, ýogsam soň giç bolar.
– Diýýäniň näme seniň, Kabyl?! Görýärmiň, ilat meni nähili hatyralaýar?! Şularyň öňünde men ýaramy daňaýynmy?
– Hatyra jandan ileri däldir!
– Gepleme!
– Altynjan, sen meni bütin ömrüme haýran galdyrdyň. Sen bedeniň etden-ä bolmaly däl. Sen demirdensiň, belki, ondan-da berk zatdan ýasalansyň!
Altynjan jogap bermedi.
Kabyl tebip tapyp getirmekleri üçin üç-dört sany jandaryny gönderdi.
Ybraýym ynalyň gullugyndaky wezirdir-serkerdeleriň dogan-ga¬ryndaşlarynyň arasynda bir tebip aýal bardy. «Derrew şol tebip aýaly Altynjanyň bargähine alyp gelmeli!» diýip, Kabyl tabşyryk berdi.
Altynjan hatyn şäherden çykyp, öz Wahan obasyndaky bargähine barýança atyny gorgunyna sürüp, ýoluň iki gyrasyndaky adamlara ellerini galgadyp, kä ýerde durup, adamlar bilen hal-ahwal soraşyp gitdi.
Altynjan hatynyň gany halys azalan bolarly, bargähiň de¬ňinde ol özünden gidip, atdan ýykyldy, Kabyl ony saklamaga ýetişmedi.

* * *

Onuň özüne gelmegi aňsat düşmedi: ganyny duruzdylar, em etdiler. Ol daňdana çenli özüni bilmän, aram-aram tisginip ýatdy. Özüne gelip, Kabylyň üstüne gygyrdy:
– Kabyl, sen näme üçin bu ýerde dursuň?
– Eýsem men nirede durmaly?
– Soltanyň ýanynda bolmaly, soltanyň! Ol açdyr. Meniň hansalarym Syddyhy derrew tap. Goý, ol iň gowy tagamlary, nazy-nygmatlary äkidip, – sen ýanynda dur! – soltany naharlasyn!
– Soltanyň ýagdaýy gowy. Sen öz aladaňy et, Altynjan!
– Men, näme, başga biriniň aladasyny edýärinmi häzir?! Men öz aladamy edýärin. Soltan – meniň aladam!
– Soltan aç galmaz, gaty arkaýyn bol!
– Etjek dälmi? Onda «Etjek däl!» diýip, göni aýt. Maňa seniň akylyň gerek däl! Sen etmek islemeseň, özüm ederin – diýip, Altynjan ýerinden turmakçy boldy. Göwresini göterip bilmän, entirekläp gitdi. Derrew ýanyndaky hyzmatkärler oňa tekge berdiler. Ony düşegine geçirip ýatyrdylar: – Heý, janymy ynanar ýaly adam ýokmy şu töwerekde? – diýip, Altynjan ýatan ýerinden gygyrdy.
– Ynansaňyz, men bar – diýip, Mübärek han seslendi.
– Men saňa ynanýaryn, Mübärek. Derrew meniň hansalarym Syddyhy tap. Goý, ol meniň üçin taýýarlan naharyny eltip soltana iýdirsin. Soltan naharlanyp bolýança başga hiç bir zada üns berme. Bar ünsüň soltanda bolsun...
– Altynjan hatyn, men hansalaryň ýanyna barýaryn. Men häzir Syddyhy taparyn. Ähli zady aýdyşyň ýaly ederin – diýip, Kabyl seslendi.
Haýran galaýmaly, şu sözleri aýdyp, Kabylyň hansalaryň yzyndan gitjekdigini eşidenden soň Altynjan hatyn ýene özünden gitdi. Ol üç gün özüni bilmän ýatdy. Dördünji gün özüne geldi, akgyzlaryň hemaýaty bilen oturdy, ýene adamsy barada sorady:
– Togrul begiň hal-ahwaly niçik?
– Gowy, ähli zatlar gowy, siz hiç bir zadyň aladasyny etmäň – diýip, akgyzlar Altynjan hatynyň daşyna üýşdüler. – Ybraýymyň adamlary toba geldiler.
– Alparslandan näme habar bar?
– Şu gün, giç galsa ertir geler.
Naharlanmagy üçin gowy görýän tagamyny – tutmaç bilen gowrulan togdary etini getirip berdiler. Altynjan gowrulan togdary döşüniň birini agzyna ýetirdi. Şol pursat nämedir bir zat ýadyna düşen dek doňdy galdy. Gözlerini süzüp, nämedir bir zady ýatlamakçy boldy. Megerem, ýadyna salyp, bilmedi, ol howlukmaç seslendi:
– Kabyl! Kabyl, sen nirede?
Kabyl derrew Altynjanyň dergähine geldi:
– Kabyl, Anuşirwany wagtly-wagtynda naharlap durmak barada tabşyryk beripmidiň?
– Tabşyryk bermek nämä gerek, özlerem bilýändirler.
– Wah, doganym, janymy ýakma meniň, kim ol özünden bilip etjek?! Tabşyryk bereniňde etselerem, razy bolaýmaly ahyryn adamlardan. Eger hiç kime görkezme bermedik bolsaň, onda serkerdeleriň birini şu pille ugrat. Goý, ony gowy naharlasynlar. – Altynjan öňündäki gowrulan togdary etini saçaga dolap, Kabyla berdi. – Hajyp Abdyrahman Agajyny ugrat. Anuşirwan gowrulan togdary etini gowy görýär, şulary iýsin.
– Goý, ol aç otursyn!
– Ýok, ýok, beýle diýme. Derrew ugrat. Tabşyryk ber, ony wagtly-wagtynda naharlasynlar.
– Sen öz ryskyňy iý, Anuşirwana başga taparyn.
Kabyl çykyp gidenden soň, Altynjan gapydanyna ýüzlendi:.
– Kermandan Gurt geldimi?
– Şu gün, giç galsa, ertir geler.
– Ýakut geldimi?
– Şu gün, giç galsa, ertir geler.
Altynjan hatyn Alparslanyň gelerine, Togrul soltany halas ederine garaşýardy. Onuň bu islegi ýöne ýerden däldi. Soltanyň Al¬parslandan göwnüniň galan ýeri bardy, ol bu hakda açyk aýtmaýardy. Şeýle-de bolsa, muny Altynjan aňýardy.
Altynjan hatyn Alparslany biçak gowy görýärdi, onuň üstünliginde öz yhlasynyň miwesini görýärdi. Alparslanyň durşuna gujur, durşuna pähimdigi barada eşidende galkyjaklaberýärdi. Ol Alparslanyň lalasy bilen aralarynda hiç hili düşünişmezligiň bolmaz¬lygyny isleýärdi. Ýöne, hany, isläniň mydama bolup durmy näme!
Alparslan ýaşlyk edip, ynak Ýusup Bazyrganynyň ýanynda ýüregini açypdy. Ana, şol hem ony lalasynyň ýanynda dili gysga edipdi. Altynjan Alparslanyň Ýusup Bazyrganynyň ýanynda näme diýenini, hernäçe çalyşsa-da bilip bilmändi. Alparslan soň ol hakda ejesine-de hiç zat diýmändi. Onuň ýeke-täk bir diýen sözi Altynjanyň ýadynda galdy: «Walydam, köşkde öz mertebäňi saklap gezmek Alynyň ala meýdanynda darkaş gurmakdan on esse agyr hem çylşyrymly. Köşkde adam adamyň, gep gepiň yzynda».
Togrul soltan: «Alparslan gaty köp zat isleýär. Ony görsem, meniň myrryhym atlanýar. Goý, ol, iň gowusy, Horasanda Çagry begiň ýanynda bolsun!» diýipdi.
Alparslanyň Fesa şäherine nahanlykda çapawulçylyk etmegi Tog¬rul soltanyň köne nägileliginiň üstüne urna bolupdy. Şondan soň ol Alparslany wasp etmesini goýupdy, asyl onuň adynyň tutulmagyny islemeýärdi.
Çagry begiň başga bir ogluny – Süleýmany mirasdüşer bil¬lemek bilen, Togrul beg Alparslandan göwnüniň galandygyny ýaşyrjak bolup durmandy.
Süleýman on ýedi-on sekiz ýaşlaryndaky goç ýigitdi. Ol eýýäm iki ogluň atasydy. Onuň batyrlygyna, adamkärçiligine, serkerdeligine Togrul begiň syny oturýardy.
– Soltanlygymy men diňe Süleýmana ynanyp biljek – diýip, Togrul beg aýdýardy. – Nesip bolsa, Süleýman Seljuk soltan¬lygynyň çägini has giňelder, ýedi yklymyň soltany bolup, dünýäni musulman soltanlygyna öwrer.
Süleýman yhlaslydy: Togrul begiň ýanyndan aýrylmaýardy, hyzmatyny etmekden ýadamaýardy. Ol edeplidi, sowatlydy, arap, pars dillerini bilýärdi. Ol terkidünýädi. Bar wagtyny kitap okap geçirmegi gowy görýärdi.
Altynjan hatyn Süleýmany hem gowy görýärdi, ýöne Al¬parslan onuň üçin has ezizdi.
Häzirki döwürde Alparslan Sistanyň köp ýerini teshyr kylypdy. «Şanamanyň» watanyny1 öz tabynlygyna geçirmek üçin Merwden gaýdypdy.
Togrul soltan Süleýmany özüne wezir belläpdi. Nirä gitse, ony ýanyndan aýyrmaýardy. Altynjanyň göwnüne, şu gün soltany Alparslan gelip halas etse, başky mähirli gatnaşyk ýene öňki akaba düşäýjek ýalydy. Altynjan soltanyň Alparslany: «Oglum!» diýip, ýene öňki ýaly ezizlemegini yzyny üzmän Allatagaladan dileg edýärdi.
Onuň saklanmagynyň ikinji bir sebäbi hem bardy.
Özüni Ybraýymyň zulumyndan aýal maşgala – hatyny halas etse, Togrul soltanyň muny özüne namys biljekdigi gutulgysyzdy. Meger, soltan adamlaryň ýüzüne seretmäge namys eder? «Soltanyň başaryp bilmedik zadyny hatyn başarýar. Diýmek, soltan hatynça ýok eken» diýip, haýsydyr bir agzyýelli ýelemýüwlediň aýtmagy-da mümkin. Ýogsam Mübärek han-da, Hapban Endikäni-de, emir Uhjury han-da, Ysmaýyl-da, Kabyl-da soltany azat etmäge gaty dyzmaçdy. Dogrusy, Altynjanyň bütin ömrüne eden arzuwy-da soltana özüniň bihal hatyn däldigini görkezmekdi, ýöne bu gün bütin ömrüne eden pikirinden el çekdi. «Äriňden rüstem boljak bolma. Är är ýerinde, hatyn hatyn ýerinde bolanda ýaşaýyş has gözeldir. Ärden rüstem bolmak agzalalykdan nyşan. Men soltany diňe bir soltan hökmünde däl, eýsem ärim hökmünde-de hormatlamaga borçly».
«Soltan göztussagy bolup ýeke dem salymlyk hem oturmasyn. Soltany çykaraly!» diýip, Kabyl iki gezek Altynjanyň ýanyna geldi.
«Garaş! Alparslan gelsin!» diýip, Altynjan jogap berdi.
«Altynjan, men-ä saňa düşünýän däldirin, walla. Şeýle şanly pursady näme üçin Alparslana bermekçi bolýarsyň? Entek ol ýaş. Onuň ýeňişleri öňde!»
Altynjan hatyn özüne Kabylyň düşünmeýändigine, düşün¬dirmäge bolsa rowgatynyň ýokdugyna gynandy.

* * *

– Emir Alparslan gelýär!
Ýaňyja-da ýerinden galmaga mejaly bolmadyk hatyna niredendir bir ýerden tükeniksiz kuwwat-gaýrat geldi. Ol zöwwe ýerinden galdy:
– Eşidýärsiňizmi, Alparslan gelýär! – diýip, töweregindäkilere seretdi.
– Hatyn, siz turmaly däl. Ýaraňyz birden beterleşäýmesin.
– Diýýäniň näme seniň?! Meniň düşekde ýatanymy görse, Alparslanyň ýüregi ýarylmazmy? Meni derrew geýindiriň. Özem Alparslan maňa ok atylandygyny bilmeli däldir. Düş¬nüklimi?
– Düşnükli, hatyn, düşnükli – diýip, Mübärek han Altynjan hatynyň öňünde tagzym etdi.
Altynjan hatyny isleýşi ýaly geýindirdiler. Şondan soň ol Al¬parslany garşylamak üçin daşaryk çykdy.
Alparslan altmyş müň atly bilen geldi.
Ol walydasynyň ýanyna gelip, ýekedyz oturyp, oňa tagzym etdi.
– Geldiňmi, oglum?! – diýip, Altynjan Alparslanyň başyny sypady: – Sen-ä är ýigit çykypsyň.
– Walydam, walydym nirede?
– Walydyň saňa garaşyp otyr.
– Ony näme üçin özüňiz çykarmadyňyz?
– Soltany özüň halas et, Alparslan! Bar, balam, bar, lalaňy alyp gel! Onuň içi gysýandyr. Seni göresi gelýändir. Men size şu ýerde galaşaryn.
Alparslan yzyna garaý-garaý gitdi.

* * *

Altynjan beýik Hegmatan depäniň üstünde bargähiniň ýanynda durup, dem sanap soltanyň gelerine garaşdy. Onuň bar ünsi Hemedanyň günbatar derwezesindedi.
Altynjanyň nazary birden al-asmanda gaýyp ýören bürgütde saklandy.
Bürgüt ganatlaryny käte bir ýaýallyk bilen gymyldadyp, Asmanda gaýyp ýördi.
Ýok, ýok, täsin, hakyt aşak bakyp dur ol!
Ol Altynjana seredýän bolsun gerek.
Altynjan Tümen daýysyny ýatlady. Daýysy: «Beýik Allada bihasap zat ýok. Siz meni gowy görýärsiňiz, men size gerek, rast, Alla sizden meni aýryp alýan bolsa, onda ol size menden has gowy, menden has peýdaly birini berjekdir. Ýitirmän, tapyp bolýan däldir. Meni ýitirip, meniň ýerime tapjagyňyz menden has gowy bolar... Meniň şu sözlerimi ýene on-ýigrimi ýyldan soň hakydaňda aýlarsyň. Ana, şonda: «Daýym hak aýdan eken» diýersiň» diýipdi. Soňam: «Men bu panyda oglum Anuşirwana bürgüt bolup ýol görkezerin, bagt görkezerin» diýipdi.
Altynjan birden batly gygyrdy:
– Eý, bürgüt, ber gut! Ber gut! Maňa bagt ber! Togrul soltana rowaçlyk ber! Goý, Togrul soltan derrew gelsin!
Altynjan hatynyň bu sözlerini goşun goldady. Ähli seljuk goşuny başly-barat bürgütden gut-bagt – Togrul soltanyň sag-aman gelmegini dilemäge başlady:
– Eý, bürgüt! Togrul soltana rowaçlyk ber!
– Togrul soltana salawatlyk ber!
– Ber gut! Ber gut!
– Togrul soltan – yslamyň din gylyjy! Togrul soltana hamdy-salawat bolsun! – diýip, goşun birsyhly gaýtalamaga başlady.
Diňe bir şäheriň daşynda däl, içinde-de gowur artyp ugrady.
Altynjan Hemedanyň içinde ýaňlanýan seslerden Muhammet Togrul soltanyň ýola düşendigini, onuň ýene sähel salymdan öz ýanyna geljekdigini aňdy.
– Togrul begim gelýär! Togrul soltanym gelýär! Musulmanyň guwanjy gelýär! Serediň! – diýip, Altynjan özbaşyna pyşyrdady. Onuň bu pyşyrdysyny eşiden ýaly, goşun:
– Soltan gelýär! Togrul soltan gelýär! – diýip gygyrdy.
Birtopar atly göründi. Iň öňden gelýän Togrul soltandy. Onuň yzyndan Gutulmyş beg bilen Süleýman mälik gelýärdi.
Togrul soltan atyny debsiläp, Altynjan hatynyň duran Hegmatan depesine çykdy. Adamsyny synlap duran Altynjan hatyn begenjine gözünden boýur-boýur ýaş dökdi.
Togrul soltan Altynjan hatynyň ýanyna gelip atdan düşdi.
Begençden ýaňa aglap duran hatynyny ilkinji ýola görýän deýin, boýdan-başa synlady. Onuň bolup durşy öz minnetdarlygyny nädip beýan etjegini bilmeýän ýalydy. Ol hatynynyň sag elinden tutup, mähir bilen dillendi:
– «Hatyn» diýsem, hatyndan, «dogan» diýsem, doganymdan zyýadam sen meniň! Seniň bu gaýduwsyzlygyňy senden özge hiç kimse başaryp bilmez! Seniň bu hyzmatyňa minnetdarlyk bildirmäge häzir men söz tapmaýaryn, ýöne meniň saňa bolan buýsanjymyň, guwanjymyň çäksizdigini bil. Şu mahal seni bag¬ryma basasym gelýär. Seni depäme täç edip goşunyň öňünden geçesim gelýär. Men seniň öňüňde dik başymy egýärin, Altynjan! Saňa baş egýärin!
Togrul soltan hatynyny garsa gujaklady:
– Ýeri, ýaraň azar bermän durmy?!
– Wiý, siz ol barada-da eşitdiňizmi?
– Bilýärin, Altynjan, bilýärin.
Altynjan hatyn Alparslana: «Näme üçin aýtdyň?» diýen terzde seretdi.
Alparslan ýylgyrdy:
– Soltan ähli zady bilmese bolmaz-a!
Altynjan asfury hanjary elinde birki gezek saldarlady-da, Togrul soltana ýüzlendi:
– Begim, eger oňlasaňyz, siziň sowgat beren şu hanjaryňyzy men bu gün Alparslana gowşurmak isleýärin. Goý, Alparslan mydama biziň ýeňşimiz bolsun!
– Saňa makul zat – maňa-de makul, Altynjan! – diýip, Togrul beg hatynyna mähir-muhabbet bilen bakdy.
Alparslan Altynjan hatynyň öňünde ýekedyz oturyp, asfury hanjary kabul etdi:
– Senden umydymyz ulydyr, oglum!
– Men sizi ýüňsakgal etmerin, walydam!
– Sen külli musulmanyň halallygy, sogaby bol.
– Naýyp! – Soltan Altynjana ýüzlendi: – Bu zatlardan soň Hemedanda uly toý tutmasak, gelşiksiz bolar.
– Toýdan bolsun, begim! Şeýlebir toý tutarys! Bu toý halkyň uzak-uzak wagtlap ýadyndan çykmaz, enşa.
– Goý, şeýle bolsun!





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 41 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]