09:14
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -17
On ýedinji hekaýat

NAMYS GABYRDAN GALDYRAR

Müň dostdan bir duşman köp, ylaýta-da ol duşman güýçli, täsirli bolsa! Onuň güýjünden eýmenýän, onuň täsirinden çykyp bilmeýän dost-u-dost däl adamlaryň galabasy seniň garşyňa geçip, duşmanyňa öwrülýärler. Şeýle pursatlarda seni ýekeje wepadaryň halas edip bilýär, eger ony saňa Allatagala beren bolsa!
Adatça-ha adamda, hatda ol beýik Hökümdar bolsa-da, dost hem, duşman hem az, haýran galmaly möçberde az, çakyňdan az bolýar. Köplenç hem duşman az bolýar. Mähelläniň galaba köplügi bolsa ne gaýkylyk, ne-de küýkülik – aralyk toplum. Bu top¬lum sen ejiz gelseň, duşmanyňa, güýçli çyksaň, dostuňa öwrülýär. Kyn günüňde adama dost kömege ýetişýär. Hökümdaryň hakyky dosty onuň iň esasy artykmaçlygyna – häkimligine göz gyzdyrmaýan adam bolmaly! Bu bolsa durmuşda juda seýrek zat. Häkimlik etmek islegi adamyň iň güýçli küýsegi, yşgy. Ol söýgi yşgyndanam, baýlygyň, malyň yşgyndanam, şöhratyň-adyň yşgyndanam güýçli. Sebäbi onda bularyň üçüsi-de bar, birine ýetibilseň, galan üçüsi-de öz-özünden eliňe gelýär.
Emma häkimlik yşgynyň arzylylygy hem güýji ol üçüsiniň hatyrasyna-da däl. Ýok, onuň jadysy öz-özlüginde. Özüni bileli bäri adamzadyň baş matlaby Biribaryň sypatlaryna ýakynlaşmak. Allatagalanyň häkimlik sypaty adamzadyň telwasynda esasy orny eýeleýär. Diňe bir ýaşaýyş ugrundaky göreş – diri galmak, öz-özüňi goramak islegi däl, eýse häkimlik etmek islegi hem adamyň aňynda ýaşaýar, diňe adamda däl, barça janly-jandarda hem häkimlik etmek islegi bar.
Häkimlik etmek mümkinçiligi adamda aýratyn üýtgeşik duýgyny – onuň ähli kişiden artykmaçdygy duýgusyny döredýär. Özgeleriň erkiniň seniň erkiňe baglydygyny, özgeleriň ýaşaýşynyň seniň ýaşaýşyňa baglydygyny aňlamak yşgyň üýtgeşik bir görnüşi. Adam bu gerdun pelekde hem çarkandakly durmuşda ähli zatlary edinenden soň, häkim bolmak islegi örboýuna galýar. Bu islegiň amala aşmagy üçin ol elde baryny edýär. Bu isleginiň amaly üçin köp-köp kötel töwekgelliklere ýüz urýar, köp-köp şatylara, pidalara döz gelýär. Häkim bolmak islegi, megerem, adamyň gorky duýgusy bilen baglanyşykly bolarly. Ynsan şol bir wagtda hem özgelerden gorkýar, hem özgeler üçin, özgeleriň aladasyny edip gorkýar. Şu gorkynyň ikisini-de aradan aýyrmagyň alajy hökmünde ol häkimlige dalaş edýär, häkimligi gorkulary ýok etmegiň ýoly hökmünde duýýar. Arman, bu juda seýrek adamlara başardýar.
Anuşirwana welin başartmady. Hökümdar bolmak küýse¬giniň amaly üçin mähriban walydasynyň garşysyna durdy.
Daňdan Anuşirwanyň ýanyna ýörite çapar gelenmiş. Onuň habaryna görä, Ybraýym Seljukly Togrul begi öldürenmiş, onuň ýerine soltanyň weziri, ogullygy Anuşirwan ibn Tümen patyşa göteriljekmiş. Bu Togrul soltanyň iň soňky wesýetimiş. Şu mynasybetli şu gün dabara boljakdygy hakdaky myş-myş Bagdada doldy.
Şäheriň ilaty köçelere çykdy.
Myş-myşlar çyn bolup çykdy.
Köçeleriň gyralarynda haşamlar hatar bolup durdylar. Ýörite gullukçylar köçeleriň gyralarynyň owadan görünmegi üçin gyzyl-ýaşyl atlaz matalary bilen bezediler.
Köşgüň öňünde adam juda kändi.
Gün guşluk boluberende patyşanyň tagta geçiş dabarasy başlandy.
Iki ýüz sazanda saz çalýardy.
Gün hanyň neberesiniň reňkindäki – gara reňkli bedew atlary lagly-jowahyrlar bilen bezäp köşgüň öňüne getirdiler.
Bu ata täze patyşa – Anuşirwan ibn Tümen münmeli.
Ol eýýäm patyşa eşigini geýipdir. Eline üç altyn peýkam bilen ýaýy, başy bürgüt şekilli hasasyny alypdyr.
Ol ýuwaşja ýöräp salamlykdan çykdy.
Bagdatlylar ony şatlykly garşyladylar.
Anuşirwan ibn Tümeni – täze patyşany Kundurynyň başda durmagynda bedew ata mündürdiler. Ol Togrul soltanyň oturyşy deýin bir elinde hasasyny, bir elinde üç okuny hem ýaýyny saklap otyrdy.
Adamlara minnetdarlyk bilen baş atdy.
Patyşa tagtyna geçiş dabarasy başlandy.
Wezir-wekiller öňden ýöredi.
Täze patyşa olaryň yzyndan atly ýöredi.
Patyşanyň iki gapdalyndan, yzyndan gelýän adamlaryň-da yzy üzülenokdy.
Bagdadyň esasy üç köçesinden dabaraly ýöriş bilen geçdiler. Bu ýöriş uzaga çekdi. Herhal, ýöriş resimi hiç hili hadysasyz tamamlandy1.
Köşge dolanyp gelen mähelle täze patyşany atdan dabara bilen düşürdi.

* * *

Altynjan Anuşirwanyň bu aýgydyny akylyna sygdyryp bilmedi, şeýlebir gaharlandy, şeýlebir gaharlandy, çiltenlerinden galan dokuz janpenasynyň maslahatyna eýerip gazabyny içine saldy, dymdy.
Ol nädip öz haremine gelendigini bilenokdy. Akylyna, huşuna gelende düşegiň üstünde ýatyrdy.
Hatyn öz naçarlygyny aglap ýeňýär. Altynjan aglap-da bilmedi. Asyl agysy tutanok. Ähli damarlary, megerem, daşa-demire dönen bolarly.
Ol petige seredip esli salym ýatdy. Hiç zat barada oýlanyp bilmedi, durmuşda nämä garaşsa-da, Anuşirwanyň öz garşysyna gitmegine garaşmandy.
Onuň göwnüne bolmasa, Anuşirwan nähilidir bir gizlin syry bilýän, şol syra hem arkaýynlanýan ýalydy.
Ýöne Altynjanyň berk ynanjy bardy: goý, nähili syr bolsa bolsun, Togrul soltan dirikä hiç kim onuň tagtyna geçjek bolmaly däl. Eger geçse, Altynjan onuň temmisini berer. Kim bolsa-da temmisini berer. Goý, ol öz mähriban Anuşirwany bolsun. Barybir, temmisini berer!
Ol birden ýerinden turdy: «Şeýle galagoply pursat ejizlik etmek, takdyra ten berip ýatmak saňa gelişmeýär, Altynjan! Eger öldüriljegiňi bilip-görüp duran-da bolsaň, maksadyňa ýetmek üçin göreş! Ýogsam seniň bahaň bir hepbedir! Sen Altynjan! Sen hakyky Altynjan bol! Sen soltan Mahmyt Gaznalydan patalysyň! Sen Togrul bege mynasyp hatyn bol!»
Altynjan gaýrata galdy: Ol göni diwany beride bardy. Çaparlar Altynjanyň içeri girenini görüp, güsürdeşip ýerlerinden turdular.
Otagyň ortarasynda Haldanyň kellesi asylgy durdy.
– Sahyp ýanyma gelsin!
– Hatyn, buýruň! – Şilliň uzyn, gawunkelle Şadyky Al¬tyn¬janyň huzuryna geldi.
– Sistana – Alparslanyň ýanyna çapar göndermeli.
– Hatyn, näçe askudar göndereýin?
– Iki atly gitse bolar, ýöne çaparlar ýola – çöle belet çaparlar bolmaly.
Sahyp sähel salymda goňşy otagdan iki sany hortap kişini yzyna düşürip geldi. Altynjan ol iki çapara Alparslanyň ýanyna baryp aýtmaly sözlerini birin-birin düşündirdi. Soň aýdan sözlerini olara gaýtalatdyrdy. Olaryň habary ýatlaryndan çykarmajakdyklaryna göz ýetirensoň, Altynjan: «Ugradyber» diýen terzde diwany beridiň sahybyna baş atdy.
Sahyp olara şalygyň resmilik nyşanyny – çakylyk ýüzügini gowşuryp, ýola saldy.
– Sistana gatnaýan kepderiň barmy?
– Merhemetli naýyp, özüňiz gowy bilýärsiňiz. Bagdatda welaýat merkezleri bilen aragatnaşygy ýaňy ýola goýup ugradyk. Uzak aralyga kepderi uçurmak isleýän netijämizi berenok. Kepderi diňe ýakyn aralyklar üçin amatly.
– Şazadalar Gurda, Ýakuda habar ugratmaly.
– Hatyn, depelerde ot ýakyp Merwe habar ýetirmek mümkinçiligimizem bar.
– Oňa näçe wagt gerek bolar?
– Dört günde habar Merwe barar.
– Onuň ýaly bolsa, Merw tarapa gidýän depelerde ot ýakyň. Gurda, Ýakuda çapar ýollaň.
– Buýrugyňyzy häzir ýerine ýetirerin, hatyn.
Altynjan lapykeç halda haremhanasyna bardy. Ol ýerde oňa Uhjury han, Mübärek han, şeýle hem Kabyl bilen Ysmaýyl müňbaşy garaşyp durdy.
Olary gören Altynjanyň ýüzi ýagtylyp gitdi:
– Kabyl, sen maňa çynyňy aýt! Soltan dirimi?
– Diri, Altynjan, soltan diri. Eger Ybraýymyň maksady soltany öldürmek bolan bolsa, onda ol dessine maksadyna ýeterdi. Ol beýtmedi. Soltana hiç kim el degrip bilmedi. Soltan aýratyn bir otagda göztussagy edilip saklanýar. Gözüm bilen gördüm. Soňundan näme bolandygyny welin bilemok.
– Dawalaşdylarmy?
– Dawalaşdylar. Ybraýym soltanyň ýanyndakylary – şazada Süleýmandan, Gutulmyşdan özgesini dessine öldürdi. Alty sany jandar soltana ýarag gezäp durdy.
– Merhemetli Altynjan hatyn! Biz siziň ýanyňyza ýörite geldik: näme buýursaňyz, hyzmatyňyza taýýardygymyzy, sadykatlyk bilen boýun sunjakdygymyzy aýtmaga geldik – diýip, Mübärek han sözüne nazym berip gürledi.
– Biz siziň hyzmatyňyzda, Altynjan hatyn. Näme etmeli? – diýip, Ysmaýyl müňbaşy Altynjana ýüzlendi:
– Etmeli zat belli: soltany halas etmeli.
– Soltany nädip halas edip bolar?
– Wa-weýla, nädipdigini anyk bilemok. Byradarlar, akyly ýatagandyr gürzi tapar, goşun jemläliň.
– «Elbetde, Taňry ýagşy amal edijileriň azabyny zaýa etmeýär»2. Taňry soltanymyzy musulman ymmatyna eden ýagşy amallary, ýagşy sogaplary üçin goldar. Bizi-de goldar. Men soltanymyzyň ýalkanjakdygyna, oňa, bize Allatagalanyň ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Ýöne häzir aljyraňňylyga gözümizi gapdyryp, Allatagalanyň azat etmek üçin salgy berýän ýoluny görüp bilemzok. – Altynjan emir Uhjury hana ýüzlendi. – Nädip halas edip bileris?
– Goşun gerek. Ol hem bizde bar, ýöne Kundurynyň garşysyna gitmek gowy däl.
– Kundurynyň gorkusyny nädip aýryp bolar?
– Düşündirjek bolmak – «Men güýçsüz» diýmek. Berer ýaly etmeli.
– Nädip?
– Nädibem bolsa, berer ýaly etmeli! – Perwerdigär üýtgeşik bir çykalga görkezäýjek ýaly, emir Uhjury zol-zol Asmana seretdi. – Gorkudaky adamy mugyra getirmek aňsat.
Altynjan birden ähli mesele çözülen, emir Uhjurynyň Asmandan gözlän çykalgasyny ähli kişiden owalan özi tapan, soltan halas edilen ýaly ýeňil dem aldy, ýylgyrjaklady:
– Dogry aýdýarsyň. Kunduryny nädibem bolsa, biz bilen ylalaşar ýaly etmeli. Çykalgany men tapdym. Siz meniň buýrugymy ýerine ýetiriň, şonda soltany azat ederis. Maňa Dürnazary tapyp beriň. Goý, ol derrew meniň ýanyma gelsin! – Altynjan soň Syddyhy ýanyna çagyrdy. – Eý, hansalar, derrew Kabyly naharla. Biz ugraýançak, goý, ol hem naharlansyn, hem biraz dynjyny alsyn. Kabylyň hatynyny-da çagyr, goý, ol ärine hyzmat etsin, näme islese, hyzmatynda bolsun.
– Altynjan, ugraýarysmy? – diýip, Kabyl ýylgyrjaklady.
– Eýsem näme! Ugrarys! Hökman ugrarys. Soltany hökman halas ederis.
– Hany, ýaňyja-da: «Çykalga tapamok» diýip durduň-a? – diýip, emir Uhjury geňirgendi.
– Çykalgany özüň salgy berdiň-ä: «Kunduryny nädibem bolsa razy etmeli» diýip. Häzir ony razy ederis.
– Onyňdan-a çykalga bolmaz. Ol: «Iki doganyň dawasyna goşulyp bilmerin» diýip, ýer depip dur, özüň gördüň-ä!
Altynjan ynamly jogap berdi:
– Indi ýer depmez.
Dürnazar gelip, Altynjan hatynyň öňünde tagzym etdi:
– Men hyzmatyňyza taýýar, Altynjan hatyn!
– Meni Dürnazar bilen ikiçäk goýuň! – diýip, Altynjan hatyn ýanyndakylara ýüzlendi. Soňam Dürnazaryň ýüzünden many okamakçy bolýan ýaly, oňa çiňerilip seretdi: – Soltany halas etmeli. Nädip? Kundurynyň sözüni eşitdiň. Ondan-a kömek ýok.
– Men näme etmeli bolsam, aýdyň, tabşyrygyňyzy amal etmäge taýýar, Altynjan hatyn.
– Ikimiz açyk sözleşeli!
– Gözüm üstüne.
– Togrul soltany halas etmeli.
– Käşgä, ýöne Anuşirwandan rugsatsyz hiç iş edip bilmeris, çünki ol indi biziň patyşamyz.
– Ýok, ol entek biziň patyşamyz däl. Biziň patyşamyz – Tog¬rul soltan.
Birpaýyz böwrüne diň salyp duran Dürnazar Altynjana şübheli seretdi:
– Meniň wezipäm näme?
– Goşun Hemedana ugraýança Anuşirwan bilen Kundury zyndanda oturmaly. Olary hiç kim tapmaly däl.
– Altynjan hatyn, ine, bu işi welin, men edip bilmerin. Bu işe goşulsam, onda men soltana garşy dildüwüşlige gatnaşan adam bolaryn.
– Soltanyň garşysyna däl, soltany halas etmek üçin edýäris biz bu işi.
– Nämäniň-nämedigini, seljuk doganlaryň nähili pikire geljekdiklerini sizem bilmeýärsiňiz, menem bilmeýärin, Anuşirwan bilen Kundury hem bilmeýär.
– Gep o zatlary bilip-bilmezlikde däl, gep soltany halas etmekde.
– Nädip?
– Ýeke-täk ýol bar, goşun bilen gidip, soltany halas etmeli.
– Men size halysan ýüregimi açaýyn. Size halysan goltgy bermek isleýärin, siziň mamladygyňyzy-da bilýärin, ýöne Gurhanyň, soltanyň öňünde içen antym meni töwekgellik etmekden saklaýar.
– Onda, gel, ikimiz şeýle ähtleşeli. Sen ähli günäni – eger günä bar bolsa – meniň boýnuma atýarsyň, ýöne meniň etmekçi bolýan işime garşy çykmaýarsyň, sebäbi sen hiç zat «göreňok». «Näme etse, Altynjan hatyn etdi – diýýärsiň. – Altynjan hatyn aýdansoň, men ynandym» diýýärsiň. «Anuşirwan bilen Kunduryny bolsa hiç ýerden tapmadym, olar gaçyp gidipdirler» diýýärsiň.
– Olar gaçyp gitdimi?
– Olar hiç ýerde görünmese, gürüm-jürüm bolsa, gaçyp gitdigi bolar ahyryn. Düşündiňmi?
– Ine, men muny başararyn, ýöne men: «Olar gaçyp gitdiler» diýmäýin. «Men olary hiç ýerden tapmadym» diýeýin.
– Bu-da bolýar, ýöne sen meniň ýakynymda bolarsyň. Ýolumdan öz adamlaryňy aýyr. Olar meniň edýän zadyma burunlaryny sokmasynlar.
– Lepbeý, Altynjan naýybym, meniň adamlarym şu gün hem ker, hem lal, hem kör bolarlar.
– Ana, maňa geregi hem şol.
– Sahyp, Togrul soltan Hemedana giden pursadyndan bäri bir pikir menden aýrylanok... – diýip, Altynjan Dürnazaryň ýüzüne tiňkesini dikdi.
Dürnazar başyny ýaýkap, çala ýylgyrdy:
– Men ol pikiriň näme hakdadygyny bilýärin, hatyn! Sebäbi sizi biynjalyk edýän şol pikir soltanatymyzyň päk ýürekli adamlarynyň tas ählisini diýen ýaly gozgalaňa salýar.
– Aýt!
– Ybraýym birinji gezek soltana garşy baş göterende ony goldanlar soltanyň ýanynda işläp ýören wezipeli adamlar bolup çykypdy. Siz menden: «Ikinji gezegem şol ahwalat gaýtalanýarmy?» diýip soramak islän bolsaňyz gerek.
– Dogry, dogry. Häzirki galagoply pursatda meniň saňa bu sowaly bermegim ýöne ýere däl.
– Men size düşünýärin.
– Men häzir kime ynanmalydygymy, kime ynanmaly däldigimi bilmän özümi gyldan inçe, gylyçdan inçe Syrat köprüsiniň üstünde ýaly duýýaryn.
– Häzir size abanýan anyk bir howpuň ýokdugyny men ynam bilen aýdyp biljek. Anuşirwan bilen Kundurynyň-da size ýamanlygy ýok. Iň esasy zat – Ybraýym bilen düşünişmek, ylalaşmak. – Bekdaş Ybraýymyň enesiniň doganydy, ýegenidi. Öz ýegenini öldürdýän kişi herki zatdan hem gaýtmaz, ýöne oňa meçew berýän adamlara, ynan, Dürnazar, gaharym gelýär.
– Ybraýym ynalyň ýüreginde soltan bolmak küýsegi bar. Ol bu küýsegini aňyndan aýyrjak bolýar, ýöne aýryp bilenok. Ol soňky ýyllarda diňe şu küýseg bilen ýaşaýar. Käbir kişiler onuň salynyň gowşakdygyny görüp, meçew berýärler.
– Ybraýyma bu gezek meçew berenler kimler?
– Olaryň kimlerdigini häzir – iň gowusy – men size aýtmaýyn. Aýtsam, bu siziň etjek bolýan zatlaryňyza garalla bolar. Olar häzir siziň araňyzda ýok diýen ýaly. Diňe biri bar, onuňam size edip biljek ýamanlygy ýok. Ol häzir gorkuda.
– Şoňa-da şükür.
– Patyşa Anuşirwan ibn Tümen gelýär! – Bu habar Altynjan üçin-de, Dürnazar üçin-de garaşylmadyk habar boldy.
Dürnazar töweregine garanjaklady.
– Saklaň! Men häzir onuň bilen duşuşmak, sözleşmek islemeýärin. Goý, ol meniň ýanyma gelmesin!
Altynjan hatynyň mufratlary Anuşirwan patyşany saklap bilmedi. «Aýrylyň alnymdan!», «Goýberiň meni!» diýip gygyrýan Anuşirwanyň haýbatly sesi eşidildi. Sesiniň yzysüre onuň özi-de, kürsäp içerik girdi.
– Käbäm, meni seniň ýanyňa goýbermejek bolýarlar! Eşidýärsiňmi, enem! – diýip, Anuşirwan Altynjan hatynyň öňün¬de dyza çökdi. – Käbäm, ikimiziň düşünişmegimiz gerek. Siz mydama meniň bagtly bolmagymy islediňiz, ýöne siziň bu günki bolşuňyz maňa juda düşnüksiz. Meniň patyşa bolmagym siziň baş maksadyňyzdy ahyryn. – Anuşirwanyň nazary birden Dürnazara düşdi, zähresi ýarylan dek haýykdy, onuň ýakynyna bardy. – Dürnazar, bu senmi? Sen bu ýerde näme iş edýärsiň?
Dürnazar hiç zat diýmedi.
Anuşirwan Altynjan hatyna ýüzlendi:
– Käbäm, bimahal çak «çarmyh» bu ýerde näme iş edýär? Bu nämäniň alamaty?
– Dürnazar bilen meniň möhüm gürrüňim bar.
– Meniň garşymamy? Eý, çarmyh, git şu ýerden!
– Men häzir geljek, siziň ikiňizem maňa garaşyň – diýip, Altynjan içerden çykyp gitdi. Ol Kabylyň naharlanyp oturan ýerine bardy.
– Kabyl, meniň aramgähimde Anuşirwan otyr. Sen ony haýyna-waýyna garaman, büweýh soltanynyň kiçi zyndanyna okla. Soňundan Kunduryny-da çagyryp getireýin, ony-da Anuşirwanyň ýanyna okla. Zyndanyň garawullaryny hytaýly gulamlaryňdan goý.
– Näme üçin?
– Hytaýly gulamlar Anuşirwan bilen Kunduryny tananok¬lar. Olaryň gepine-de düşünmezler. Anuşirwan bilen Kundury hem hytaýça bilenok, olar sözüni düşündirip bilmezler.
Kabyl zyndany «hormatly myhmanlaryň» gelerine taýýarlady. Olaryň içindäki iki sany tussagy azatlyga goýberdi.
Soňam Kabylyň jandarlary Anuşirwanyň eline-aýagyna zynjyr urup, zyndana atdylar3.
Wah, zyndana atylansoň, Anuşirwan akylyna aýlandy, ol enesiniň her bir tabşyrygyny gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirjekdigini tekrarlady, ýöne eýýäm giçdi, çünki onuň sözüni diňläp durmaga Altynjanyň wagty ýokdy.
Kundurynyň yzyndan iki sany permanber ýollady.

* * *

Altynjan howlugýardy, söweş geýimini geýmek üçin otagyna girdi. Onuň sünnälik bilen tikilen bäş-on sany kirewkesi4 bardy. Ýöne Altynjan ýigrimi bäş ýyla golaý wagtdan soň ilkinji gezek nika gijesi adamsynyň beren geýmini geýdi. Aradan ençe ýyl geçendigine garamazdan, eşikde Togrul soltanyň ysy bar ýaly duýuldy.
Ol Hemedanyň eteginde söweş eşigine girmek maksady bilen ýanyna ak kirewkesini aldy. Soltanyň sowgat beren asfury hanjaryny ençe gezek nyşana urup türgenleşdi.
Kundurynyň yzyndan giden permanberler dolanyp geldi:
– Kundury hiç ýerde ýok. Ol geňeşden çykyp goş-galamyny, çaga-çugalaryny alyp iki ýüz sany esger bilen uzak bir ýere gidipdir. Howlusynda on iki sany mirşepden başga hiç kim ýok. Kundurynyň nirededigini sorasak: «Hojaýyn uzak bir ýurda gitdi. Iki aýlyk iýip-içer ýaly harjymyzy berdi» diýdiler.
Kabyl Altynjana ýüzlendi:
– Hemedana soltany azat etmäge gidäýdimikä?!
– Beýle asylly niýeti bolsa, aýtman gitmezdi.
– Gaçypdyr-ow onda?!
– Gaçypdyr.
Altynjan Kabylyň bu sözüni makul tapdy:
– Gaçypdyrlar diýsene. Diýmek, diňe Kundury däl, Anuşirwan-da «gaçypdyr».
Täzeden geňeş çagyryldy.
– Amydylmülk Kundury bilen Anuşirwan ibn Tümen gaçypdyr.
Geňeşe gatnaşan wezir-wekilleriň, serkerdeleriň, emirleriň ýekesi-de Altynjana garşy çykmady, olar oňa sadyklyk bilen boýun sundular.
Goşun jemläp, haýdan-haý Hemedana ugramaly, soltany Ybra¬ýymyň penjesinden halas etmeli5.

* * *

Elli müňden gowrak atly goşun Hemedana sary ýöriş üçin taýýardy.
Ugrabermelidi.
Altynjan Mübärek handan:
– Taýýarmy? – diýip, sorady.
– Nobat çalynmagyna izin ber.
Altynjan Mübärek han bilen atly goşunyň öňünden birlaý aýlanyp çykdy.
Dürnazar Altynjanyň ýanyna geldi:
– Altynjan, esgerler seniň sözüňe garaşýarlar. Sen olara bir¬ki agyz söz aýt! Ýogsam häzir goşunyň arasynda her dürli myş-myş bar.
– Dogry aýdýarsyň. Men gürlemesem boljak däl, çünki esgerleriň, serkerdeleriň ählisiniň gözlerinde sowal görýärin.
Mübärek han elindäki ýataganyny galgadyp, esgerlere ýüzlendi:
– Seljuklylar! Byradarlar! Diňläň! Diňläň! Diňläň! Häzir Togrul soltanyň naýyby Altynjan han söz aýdýar!
Altynjan gyr bedewini säpjedip, esgerleriň öňüne geldi. Mübärek hanyň edişi deýin, elindäki ýataganyny galgatdy:
– Mähriban byradarlar! Garyplygy çekip bolýar, ýöne mesligi, bolçulygy, hormat-sylagy her kes göterip bilmeýär. Ybraýym hem mesligi göterip bilmän, öz mertebesine – Togrul soltana hyýanat etmekçi bolýar. Beýle gadyrbilmeze geçirimlilik etmek bolmaz! Tog¬rul soltana garşy çykan kişi, kimdigine seretmezden, biziň ganym duşmanymyzdyr! Ybraýymy jezasyz galdyrmak bolmaz! Bizi Alla gorar. Bizi Alla goldar. Sebäbi biz Allanyň nazar salan soltanyna azatlyk istäp barýarys. Sebäbi biz adalat istäp barýarys! Tog¬rul soltan ömrüni adalatyň goragyna bagyş eden adam. Togrul soltan ömrüni külli musulmanyň bereketi üçin bagyş eden adam. Togrul soltan ömrüni külli musulmanyň har-zar bolmazlygyna bagyş eden adam. Biz bu gün beýik maksat bilen ýola düşýäris. Alla bilen ýola düşýäris. Alla bizlikdir! Işimiz rowaç bolar! Ýörüň, Ybraýymyň üstüne gideliň! Ony jezlandyralyň!
Esgerler Altynjan hany goldap, başly-barat gygyryşmaga baş¬ladylar:
– Ybraýyma nälet bolsun!
– Bize Togrul soltan gerek.
– Altynjan han, biz seniň bilen!
– Altynjan, biz saňa guwanýarys!
– Biz Altynjan bilen!
Altynjan Ärdeşir Magmarana ýöriş sazyna başlamaga ygtyýar berdi.
Ärdeşir Magmaranynyň yşaraty bilen sazandalar ýöriş sazyny çalmaga başlady.
Goşun ýöräp ugrady.
Altynjan hatyn türgenleşikden soň, asfury hanjaryny hareminde galdyrandygyny bilip, hyzmatkärleriniň birini ony getirmek üçin ugratdy.
Hyzmatkär at gaýtarym aralyk ýol geçilensoň, goşunyň yzyndan ýetip, hanjary tapmandygyny aýtdy.
Altynjan yrymçyldy, yza dolanmagy halamaýardy, muny şowsuzlygyň alamaty hasaplaýardy. Ol yza dolanmak islemedi, ýöne asfury hanjary goýup gidip biljek hem däldi, ony goýup gitse, ýeňiş gazanjagyna kepili boljak däldi. Sebäbi asfury hanjar ýeňşiň kepilidi. Bu ençe gezek synagdan geçen hakykatdy. Asfury hanjary bilen ýörişe ugrap ýeňşiň gazanylmadyk gezegi ýokdy. Nähili şowsuzlyk bolan bolsa, onda şol şowsuzlyk asfury hanjaryň ýoklugy sebäpli bolupdy. Asfury hanjaryny galdyryp gitmek, Altynjan hatynyň göwnüne, şowsuzlyga uçramak boljakdy. Şonuň üçin hem ol hernäçe agyr görse-de, yzyna dolanmaly boldy. Dolandy.
Hareminiň içini agdar-düňder edip çykdy, ýöne asfury hanjary tapylmady.
Altynjan ähli hyzmatkärlerini, çiltenlerini, gullaryny, keniz¬lerini aýaga galdyrdy, hernäçe agtarylsa-da soltanyň sowgat beren hanjary tapylmady.
Altynjan takdyra ten bermeli boldy: her hili ýagdaý bolanda-da Hemedana gitmeli, Togrul soltany Ybraýym nejisiň elinden halas etmeli.
Ikinji ýol ýok.
Altynjan lapykeç halda haremden çykdy.
Howludan çykylýan ýerde kiçeňräk bir külbe bardy, ol külbe sakçylaryňkydy.
Altynjan hatyn howlynyň derwezesiniň – külbäniň deňine ýetdi. Ýanynda mydama goragy – mufratlary bolýardy, ýöne häzir welin, olar ýokdy, ýekedi. Sebäbi ol özüme kast ediler öýdüp asla güman hem edenokdy. Köşkde janyna kast etjek adam bardyr hem öýtmändi. Görüp otursa, bar eken.
Çiltenler ät galdy. Mufratlar ät galdy.
Kabyl hem ät galdy, ýogsam ol Altynjany aňsat-aňsat ýeke goýmaýardy, nirä barsa ýanyndan aýrylmaýardy.
Külbeden üstüne gara şal atynan bir kişi atylyp çykdy, megerem, ol Altynjanyň gelýändigini gapyny jyklap gören bolmaly.
Altynjan onuň hasanaklap gelşine o diýen üns bermedi, ony Taňry salamyny bermekçi ýa-da ýaranjaňlyk etmekçi bolýan biridir öýtdi.
Görüp otursa, gelýäniň niýeti gaty ýowuz eken!
Öldürmek eken!
Nätanyş üstüne atynan şalyny egninden aýryp, arlap ylgady. Özüni Altynjanyň üstüne oklady.
– Me, saňa! Me, saňa! Kasas kyýamata galýan däldir! – diýip, nätanyş ýetişibildiginden Altynjanyň çem gelen ýerinden hanjar urdy.
Nätanşyň howlukmasy ýöne ýere däl eken: sähel salymda iki mufrat ylgap gelip nätanşyň kellesini kakdy.
Altynjan gara gana bulaşyp ýatyrdy.
Nätanşyň kimdigi belli boldy: Batmanyň Sadyk atly ogludy. Ol öň hem Altynjanyň janyna kast etmäge synanyşypdy.
Şol synanyşykda Altynjan Tahyryň Kuýaş diýen ogluny öldüripdi, Sadyk şonda diri galypdy. Togrul beg ony köşkden uzaga – Balhan şäherine işe ýollapdy.
Sadyk Bagdada möhüm bir iş bilen gelipdi, Togrul soltanyň başyna düşen ahwalat, Anuşirwanyň patyşa göterilendigi hakda eşidip, ol: «Ar almak pursady geldi» diýip pikirlenipdi hemem aryny almagyň ugruna çykypdy, Altynjanyň her bir hereketini yzarlapdy.
Amatly pursat tapmady. Ol lapykeç halda howlynyň sakçysynyň külbesine – sakçylaryň wisakbaşysy onyň köne tanşydy, dostudy – biraz garbanmak üçin gelipdi, soňky niýeti ar almagy amatly pursadyň dörärine goýup, Balhan şäherine dolanmakçydy.
Ol entek oturyp-oturmanka sakça Altynjan hatynyň gelendigini aýtdylar.
– Nämedir bir zadyny galdyrypdyr, şony almaga gelipdir – diýip, sakçy Sadyga düşündirdi.
Sadyk Altynjanyň hareme dolanyp gelmegini aryny almagy üçin Allatagalanyň özüne döredip beren mümkinçiligi diýip düşündi.
Onuň özüne teselli berýän ýeke bir zat bardy, ol hem türgenleşik geçilýän ýerden Altynjan hatynyň asfury hanjaryny tapandygydy. Niýeti şol hanjar bilen Altynjany öldürmekdi.
Sadyk Altynjany öldürensoň, özüne-de ölümiň garaşýandygyny, gaçyp gutulyp bilmejekdigini aňýardy, muňa kaýyldy, iň esasy zat aryny almakdy.
Kakaň aryny ýerine salmak – bu uly mertebe.
Aryňy alyp ölmek – mertebeli ölmek!
Onuň ýaşasy gelýärdi. Balhanda gül ýaly işi bardy, gül ýaly ýaşaýşy bardy. Eli uzadan ýerine ýetýärdi. Öýünde segsen sany hyzmatkäri bardy. Şäherde abraýy, mertebesi uludy.
Ondan gorkýardylar.
Iki sany ýanaşyk duran howlusy, öýi bardy. Her öýünde bir hatyny bardy.
Birinji hatynyndan bir ogly – mirasdüşeri bardy. Ol häzir üç ýaşyndady. Işe gitjek bolanda: «Menem seniň bilen gitjek» diýip aglap galýardy.
Işden baranda ogly ylgap öňünden çykýardy: «Näme getirdiň?» diýip soraýardy. Kakasynyň ýanyndan aýrylmaýardy.
Sadyk baryp oturanda, hatynlary ylgaşlap hyzmata başlaýardylar. Birinji hatyny elini, aýagyny gyzgyn suwa ýuw¬ýardy, ikinji hatyny bolsa, suw akydýardy.
Sadyk hatynlarynyň mähribanlygyndan, hyzmatyndan çäksiz lezzet alýardy, ol şeýlebir ýaşamak isleýärdi. Hut şonuň üçinem onuň guma bulaşyp ýatan gözleri açykdy, hanasyndan çykaýarly görünýärdi.
Bu mahal guma bulaşyp ýatan kellä üns berýän adam ýokdy. Ähli kişi Altynjan hatynyň daşyndady.
Hanjar dört ýerden urlupdy, olaryň üçüsi o diýen gorkuly däldi, ýöne dördünjisi welin, gorkulydy.
Ol bagryň üstündendi.

* * *

Altynjany göterip, öz şebistanyna eltip ýatyrdylar. Esasy maksat onuň ganyny saklamakdy. Sebäbi şebistanyna getirilýänçä hatyn gany köp akypdy.
Lukmanlar nämäniň-nämedigine göz ýetirip, birbada aljyradylar, Kabylyň haýbatly buýrugy olary herekete getirdi.
Sag eginden, sag bykyndan, bagryň üstünden urlan ýerleri ilki arassalap, soňundan howul-hara tikdiler, saradylar.
Ganynyň köp akandygy üçin bolsun gerek, Altynjan melikäniň ýüzi duw akdy, ýarymjan halda iňläp ýatyrdy.
Ol özüni bilmän ýatyrdy:
Lukmanlaryň ellerinden gelýän üýtgeşik bir zat ýokdy.
Olar etmeli işlerini edip bir çete çekildiler.
Kabyl şol bir sowalyny ýene gaýtalady:
– Ýeri, nähili? Ýaşarmy?
– Aly makam, biz-ä elimizden gelenini etdik. Boljak iş bolupdyr – diýip, lukmanlaryň ekabyry, uzyn, hor kişi müýnli dillendi.
– Men: «Ýaşarmy?» diýip soraýaryn?!
– Aly makam, mert bol! Alladan gelen ajala hiç kimiň çäresi ýok.
– Men: «Ýaşarmy?» diýip soraýaryn.
Hortaw, uzynak lukman Altynjan hatynyň goşaryndan tutup, böwrüne diň saldy:
– Enteg-ä diri!
Kabyl sandyraýardy, çykalga gözleýärdi. Ol lukmanlaryň üstüne gygyrdy.
– Sizden lukman bolmaz! Siz nanýagy! Men ant içýän, Altynjan ölse, men, sizem uçdantutma öldürjek! Ýogsamam Altynjany derrew sagaldyň!
Altynjan özüne geldi, töweregine garanjaklady, soňam ysgynsyzja seslendi:
– Maňa näme boldy?
– Sadyk diýen kişi size kast etdi – diýip, hajyp jogap berdi.
– Batmanyň oglumy?
– Hawa, hawa, Batmanyň ogly.
– Doganym, mähriban doganjygym, saňa döneýin! – Kabyl Altynjanyň gapdalyndan ikidyz oturdy, onuň elinden sypady. – Sen mert ahyryn, Altynjan! Mert bol, çyda, gaýrat et! Bar zat geçer, nesip bolsa, bahym sagalar gidersiň. Ýaralaryň hem bitişer.
– Men çydaryn, men çydaryn, Kabyl!
– Sen çydamly ahyryn!
– Seniň ýaly doganym barka maňa hiç zat bolmaz! – Altynjan hatyn böwrüne diň salyp, biraz salym ýatanyndan soň Kabyla ýüzlendi: – Kabyl, Batmanyň ogluny öldürmäň!..
– Ömri gysga eken görgüliniň.
– Şeýlemi, onda ony mertebeläp depin ediň!
– Sen onuň aladasyny etme. Öz aladaňy et!
– Maňa näme boldy? Anyk aýdyň, endam-janym zer-zaw-la?!
– Sag goltugyňdan, egniňden urlan urgular onçakly gorkuly däl, ýöne bagra düşen ýaranyň bitmegi üçin biraz wagt gerek bolar. Onuň üçin gozganman ýatmaly – diýip, tebip sözledi. Ýöne onuň sözüni Altynjan eşitmedi, sebäbi ol özünden gidipdi.
Gün günorta golaýlaberende Altynjan özüne geldi, ýerinden turjak bolanda tebip ör-gökden gelip janykdy:
– Merhemetli hatyn, merhemetli melikäm, size turmak bolanok.
– Kim aýtdy ony?
– Siziň saglygyňyz.
– Meniň saglygyma näme bolupdyr? – Altynjan ýerinden turdy. Turmagyna garşylyk görkezen, ony ýatyrmakçy bolan tebibiň döşünden batly itdi: – Aýryl!
Tebip entirekläp honda düşdi, ol ýerinden turup ýene Altynjan hatynyň ýanyna geldi:
– Özüňize kast etmäň! Hereket etseňiz, ganyňyz köp akar, heläk bolarsyňyz.
– Sen tikmediňmi näme?
– Tikdim, ýöne agyrýandyr-a?!
– Agyrýar, ýöne oňa çydaryn. – Altynjan saralan ýerlerini elleşdirip barlady.
Daş çykan Kabyl ylgap geldi:
– Altynjan, ine, tapman ýören hanjaryň. Sadyk saňa öz hanjaryň bilen kast edipdir.
Altynjan hanjary görüp begenmek begendi, bagryna basdy:
– Indi bize dowul ýok. Indi maksadymyza ýeteris.
– Altynjan, saňa turmak bolmaýar. Derrew ýat!
Altynjan Kabylyň bu sözüne ör-gökden geldi:
– Bize wagt ýitirmek bolmaýar. Biz goşunyň yzyndan ýetmeli. Ýa ony sakladyňyzmy?
– Ýok, entek saklamok.
– Dogry edipsiň. Ony saklamak bolmaz. Biz häzir olaryň yzyn¬dan ýeteris.
– Näme, meniň gaharymy getirjek bolýarsyňmy?
– Sen meniň ýatmagymy isleýärsiňmi?
– Islämok, ýöne mende başga alaç ýok.
– O näme üçin alaç ýok? Alaç bar, häzir ugrarys.
– Ýok, ýok! Seniň ýagdaýyň agyr, juda agyr!
– Kabyl, sen meni şindem tanaňok. Men, heý, häzirki pursatda düşekde ýatyp bilerinmi? Äri zyndandaka, heý, Altynjan ýumşak düşekde ýatarmy? Sen dogry pikir edýärsiň, meniň ýagdaýym agyr. Men muny senden gizlemäýin, ýöne men muny esgerlerden welin, gizlemeli bolaryn. Goý, ähli serkerdeler, esgerler: «Altynjanyň jany sag» diýip pikir etsin. Türkmen hatynlary çydamlydyr. Türkmen hatynlary demriň, daşyň çydamadyk zadyna çydar. Türkmen hatynlary öz ärleri üçin şirin janlaryndan geçerler. Türkmen hatynlarynyň jany – ärleridir. Men ölsem, ärim üçin at üstünde öljek. Darkaş gurap öljek. Ýöne: «Men – ýaradar» diýip düşekde ýatjak däl. Sen meni, belki öldürip bilersiň, ýöne saklap bilmersiň. Sen meni saklajak hem bolma! Gaýtam maňa göwünlik ber! Onsoňam men saňa iň esasy zady aýdamok.
– O nämäniň iň esasy zady?
– Her kim bir maksat bilen ýaşaýar. Meniň maksadym – Tog¬rul soltanyň rowaçlygy! Eger Togrul soltana bir zat bolsa, onda meniň ömrümiň manysy gaçýar. Şonuň üçinem men onuň tagtda oturmagy, soltanlygynyň rowaçlygy, janynyň saglygy üçin düýrmegim bilen göreşerin.
Ähli kişi gözlerini petredip Altynjana seredýärdi. Ol bolsa hiç zat bolmadyk deýin, gaty arkaýyndy.
– Sargylarym görünmez ýaly, men egnime abamy ataýyn.
Hajyp derrew aba getirdi, ony melikesiniň egnine atdy.
– Indi gideliň!
– Altynjan, seniň ýagdaýyň agyr ahyryn!
– Wa-neýlet-ä, ýagdaýymyň agyrdygyny özüm bilýärin, ýöne, agyr bolsa nädeýin? Bizde ikinji ýol ýok. Bize wagt garaşanok. Ýagdaýymyň agyrdygyny esgerler bilmeli däl! Men olary ruhlandyrmaly, ýogsam biz maksadymyza ýetip bilmeris.
– Ýol uzak. Sen ýolda ölersiň.
– Ölsem, Kabyl, meni Togrul begiň aýagujunda jaýla.

* * *

Her sapar bir bökende ata münýän Altynjan hatyn bu sapar tekgesiz münüp bilmedi. Oňa tekge berdiler.
Kabylyň bar aladasy Altynjanyň at üstünde özünden git¬mezligidi, ýykylmazlygydy.
Altynjan welin, özüne jebir-sütem edip atyň üstünde suluhman barýardy.
Ýol uzakdy.
Ikinji gün goşunyň yzyndan ýetildi.
Altynjanyň atyny säpjedip gelýändigini gören esgerler gygyrmak gygyrdy:
– Altynjan diri!..
– Altynjana hiç zat bolmandyr!..
– Altynjan hatyn, biz seniň bilen!
– Altynjan hatyn, Togrul soltany hökman azat ederis!
Altynjan ýylgyrjaklap, esgerlere elini galgatdy.
– Biz saňa guwanýarys, Altynjan!





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 44 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]