00:24
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -11
On birinji hekaýat

ÜÇ DUŞUŞYK

Birinji duşuşyk

Togrul begiň köşgi iki bölekden ybaratdy. Birinji bölek «salamlyk» diýlip atlandyrylýardy.
Salamlyk begiň resmi hem resmi däl kabul edişliklerini geçirýän, hökümdarlyk edýän, döwleti dolandyrýan, dynç alýan, ýaşaýan bölegidi.
Ikinji bölek harem, haremhana – enderun diýlip atlandyryl¬ýardy. Haremde begiň hatyny ýaşaýardy. Bu ýere begden başga erkek kişä barmak gadagandy. Beg haremiň kaşaň, owadan bolmagyna aýratyn üns berýärdi.
Togrul begiň durmuşy Altynjanyň ömri bilen doly hem gutar¬nykly mana gelýärdi, hatyny bolmanlygynda özüni ýarty göwre hasaplaýardy.
Togrul beg durmuşynyň hem içki manysy, hem göwnüniň bezegi, hem ömrüniň guwanjy, hem janynyň goragçysy bolan Altynjany neneň ezizlemesin! Nädip ony haýsydyr başga bir zenan bilen çalyşyb-a däl, deňeşdirip bilsin! Ol näçe gezek Tog¬ruly ölümden halas etdi!
Adam şahsyýeti köpgyraňly, onuň her gyraňynda-da aýratyn bir şahs otyr. Iki ynsan arasyndaky hakyky sylag-hormat, ezizlik ol şahslaryň her biriniň öz magşugyndaky şahslarda öz taýyny tapanda, diňe şonda mümkin bolýar. Togrul begdäki berdaşly, kuwwatly erkek kişi hatynyndaky mähirli, näzik zenan bilen utgaşýar. Ondaky haýbatly beg Altynjandaky parasatly nedim bilen tapyşýar. Togrul begdäki ökde hem akylly serkerde Altynjandaky taýsyz esger bilen taýlaşýar.
Togrul beg ýörişe gidende haremini, hazynasyny ýany bilen alyp gidýärdi. Ýöne soňky ýyllar Altynjany köşkde naýyp bel¬läp gidýän gezekleri az bolmaýardy. Bu giden şalygy kimdir biri dolandyrmaly ahyryn! Şalyk welaýatlara, welaýatlar etraplara, etraplar galalara, obalara bölünýärdi. Galalar, obalar etraplara, etraplar welaýatlara garaşlydy. Welaýatlar şalyga hasabat berýärdi. Balhda ýa Horezminde, Jebelde ýa Nyşapurda kiçeňräk metjit, mekdep guruljak ýa ol ýerlerde kimdir biri wezipä göteriljek bolsa, hökman şalyga ýüz tutmaga borçludylar. Şasyz hiç bir mesele çözülmeýärdi. Şonuň üçin köşkde ertirden agşama çenli iş ýeterlik bolýardy. Elbetde, şa, naýyp ýerlerden gelýän arza-şikaýatlara, her bir meselä goşulyşyp ýörmeýärdi. Çünki her bir meseläni çözýän ýörite diwan, ýörite wezir bardy. Her bir weziriň ýolbaşçylyk etmeli ugry anyklaşdyrylandy. Wezirler, gulluklaryň, diwanlaryň sahyplary öz çözüp bilmedik meseleleri bilen patyşa ýa-da baş wezire ýüz tutýardylar. Patyşa ýörişde wagty onuň çözmeli meselelerini naýyp Altynjan ýa-da baş wezir çözýärdi.
Köşkde hyzmat edýän adamlar kändi, olaryň her biriniň anyk etmeli işleri bardy. Köşk emirleri – üstaduddar, salahdar, emiri alem, taştdar, emiri çaşnigir, emiri şikar, emiri ahyr, döwetdar, kyssadar, jamedar1 Altynjan hatynyň garamagyndady. Olaryň habaryny patyşa wezir ýa-da Altynjan naýyp ýetirip bilýärdi. Ol diwany-hasy-da2 dolandyrýardy. Togrul beg köşk emirleri bilen seýrek duşýardy. Çünki ol görer gözden çetde bolmaga çalyşýardy. Onuň görünmegi, salamlaşmagy köşk emirleri üçin hem çäksiz uly mertebedi.
Altynjan naýyplyk tagtyna naýyp haladyny geýip çykardy. Başyna sap altyndan ýasalan, gymmatbahaly al-ýaşyl göwherler, jowahyrlar bilen bezelen täjini geýerdi. Sag elinde ujuna altyndan goşa kelleli bürgüdiň ýylan tutup duran şekili ýasalan hasasyny saklap oturardy.
Naýybyň kabul edişligi başlanmaly, gutarmaly wagty takyk kesgitlenendi. Aslynda, köşkde berk tertip-düzgün bardy.
Günde bäş gezek nobat3 saz çalýardy. Bu nobatlar namaz okamaly wagtyny ýatladýardy. Namaz okamak üçin çalynýan saz¬lardan başga-da, şanyň zyýapatlarynda, meýlislerinde saz4 çalnyp, rakys oýnalýardy. Şeýle hem patyşa ýörişe ugramak üçin atyna münjek bolanda dabaraly saz çalynýardy. Şa ýörişlerden geleninde hem nobat bilen garşy alynýardy.
Altynjan käteler sazandalary çagyryp, olaryň sazyny diňlärdi. Ol çaňda, kanunda, sazda, berbadda saz çalyp bilýärdi. Altynjanda saz gurallary kändi. Berbady Togrul bege bir balhly täjir sowgat getiripdi, beg hem ol sowgady hatynyna beripdi.
Kä agşamlar beg Altynjanyň saz çalyp bermegini islärdi. Melike begiň bu islegini höwes bilen bitirerdi. Är-aýalyň gowy görýän aýdymlary bardy. Bu aýdymlary aýtmaga ilki Altynjan başlardy. Özem ol ilki Togrul begiň iň söýgüli aýdymyndan başlardy. Ol aýdym Salyr Gazan hakyndady. Altynjan ikinji bendi aýdyp başlanda Togrul beg dymyp oturyp bilmezdi, Altynjana goşulyp aýdybererdi:
Otuz-kyrk müň leşger birlen Gazan baryp,
Itbejene illerini keldi gyryp,
Birnijesi gutuldylar köp ýalbaryp,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?

Andan hüner göterdiler barça uly,
Bazylarga orun berdi sagly-solly,
Bizge böldi kamug ilniň orny diňli,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?

Seýýah Gorkut, öler bolduň imdi, bilgil,
Ol Gazanyň döwletine doga kylgyl,
Kerwen kitdi, köp giç galdyň, ýolga kirgil,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?

Togrul beg bu aýdymdan soň göwni çag-çag bolup «Gorkut ata» boýundan başga bir aýdyma başlardy:

Ýedi başly aždarhaga ýetip bardym,
Haýbatyndan sol gözüm ýaşardy.
«Heý, gözüm, namart gözüm, muhannes gözüm!
Bir ýylandan, näme bar, gorkduň» diýdim.
Onda hem «Ärdirin, begdirin» diýip öwünmedim.
Öwnenleri hoş görmedim...

Togrul beg ýörişde wagty welin, köşkde namazyň noba¬tyndan başga saz çalynmaýardy.

* * *

Altynjanyň sazy gowy görýändigi üçin, Alparslan birgiden sowgatlar bilen birlikde ýigrimiden gowrak herdürli saz guralyny ugradypdyr. Altynjan şirin janyndan eý görýän, mähir siňdiren mäligi Alparslanyň sowgatlaryny görmek üçin saraýa bardy.
Elli düýä ýüklenen sowgatlar giden meýdany dolduryp durdy.
Altynjan sowgatlary gözden geçirip ýörşüne birden tisginip gitdi: onuň nazary başyny aşak salyp duran düýekeşde saklandy. Düýekeşe uzak seredip durmagy gelşiksiz görüp, sowgatlary gözden geçirmegi dowam etdirdi. Sowgatlary gözden geçirip yzyna dolananda hälki düýekeşiň ýerinde ýoklugy ony has-da geňirgendirdi.
– Hany, şu ýerde duran hälki düýekeş? Nirede ol?
– Häzir taparyn – diýip, kerwenbaşy ikiýana alakjady, ýöne hälki düýekeş edil guýa giren ýalydy, ýokdy.
Altynjan:
– Tapyp, meniň ýanyma getiriň! – diýip, kabulhanasyna gitdi.
Düýekeşi tapmak aňsat düşmedik bolarly, sebäbi ony derrew tapmaga söz berseler-de, garaňky gatlyşyberende getirdiler.
– Melikäm, melikäm! Men günäkär! Näme jeza berseňiz, men razy — diýip, düýekeş içeri girenden Altynjanyň öňünde ýüzin süýnüp ýer ogşamaga başlady, ýetişibildiginden hem samrady.
– Tur ýeriňden! – diýip, Altynjan azmly gürledi. – Hany, bar zady aýt! Bol, bol!
– Melikäm, menden hiç zat soramaň! Öldüriň meni, melikäm!
– Näme etjegimi özüm bilerin, ýöne sen maňa näme üçin bizi – babamy satandygyňy, näme üçin iýen duzuňa kast edendigiňi düşündir.
– Siz maňa, barybir, ynanmarsyňyz, melikäm...
– Çynyňy aýtsaň ynanaryn. Näme üçin şugullyk etdiň?
– Men hiç kime hiç zat şugullamadym, melikäm. Alla kesim-kesim etsin. Men hiç kime hiç zat şugullamadym. Gurhany kerimden ant içýärin!
– Onda näme üçin gaçdyň?
– Maňa Haldan: «Gaç!» diýdi. Men: «Näme üçin?» diýdim. Ol: «Hökümdarymyzy öldürjek bolupdyrlar. Onam senden görýärler. Häzir gaçmasaň, hökümdar seni öldürer. Gaç, başyňy gutar. Sende şaýat ýok. Hiç kim saňa ynanmaz. Hiç kim seni diňlemez» diýdi. Haldan maňa bir ýaby berdi. Men şol ýaby bilenem gaçdym. Şondan bäri görmedigim görde galdy, melikäm.
Altynjan esli salym sesini çykarman oturdy. Soňam:
– Alparslanyň kerwenbaşysyny çagyryň! – diýdi.
Sähel salymdan garagyýçak ýigit içeri girip, ýer öpüp, Altynjana tagzym etdi.
– Alparslan mälige aýdyň, bu düýekeş – Dowguş meniň oba¬daşym, zamahşarly. Alparslan, goý, bu kişi barada aladalansyn.
– Lepbeý, naýybym!..
Altynjan: «Adam doglan ýerini, it doýan ýerini küýsär» diýlen pähimi hakydasynda aýlady, öz-özüne geň galdy: birmahalky ýigrenen adamyny bu gün ýigrenip bilenok. Dowguş onuň gözüne yssy görünýär. Ol ony öz ýakyn adamy hökmünde duýýar. Onuň kösenmegine ýüregi gyýylýar. Megerem, bir galada önüp-ösüp ulalandygy üçindir?! Mundan iki aý öň ol Haýdar neçjary hem kowup bilmändi ahyryn. Ýogsam Altynjan ony: «Şerap içýärsiň» diýip öýden kowupdy. Abdylmälik han diňe gyzynyň göwni üçin onuň kowulmagyna garşy çykmandy.
Mundan iki aý öň işigagasy bir owadan sandyk getirdi. Altynjan bu sandygy görenden Haýdaryň ýasandygyny bildi.
– Muny kim berdi?
– Muny bir garry goja size hedýe getirdi.
– Nirede ol?
– Gaýtdy, melikäm!
– Tapyp getiriň!
Haýdar hiç ýere gaýtman eken. Gaýdara ýeri bolmasa nirä gaýtsyn?! Ol daşişikde Altynjandan çakylyga hantama bolup dur eken. Haýdar görgüli bir döwüm tötek tapyp bilmän gedaýçylyk edýändigini aýdyp, gözüne ýaş aýlady. Şondan soň Altynjan ony hansalara5 kömekçi edip berdi:
– Şu gojanyň kem zady bolmasyn!

Ikinji duşuşyk

Altynjan naýybyň kabulhanasyna wezir Kundury geldi. Ol içki howsalasyny beýan eýledi:
– Altynjan hatyn, şeýlebir gelşiksiz habar bar welin, men, dogrusy, size nähili beýan etjegimi bilmeýärin.
– Bir adaty bolmadyk habaryň bardygyny men siz içerik äden ilkinji ädimiňizden duýup otyryn. Siz şanyň baş weziri, nähili habar bolsa, ony göni aýdyň.
– Elbetde, ol habar döwlet bilen baglanyşykly bolsa, göni aýdardym…
– Ol habaryňyz meniň bilen baglanyşyklymy?
– Siziň bilen baglanyşykly.
– Näme bolupdyr? – diýip, Altynjan ýerinden nädip turanyny-da duýman galdy. – Anuşirwana bir zat boldumy?
– Men sizi nähak gozgalaňa salýaryn. Hiç kime hiç hili bolan zat ýok, ýönekeý bir il arasynyň myş-myşy ýaly bir zat...
– Eý, wezir, myş-myş habar üçin seniň beýle howsala düşmejekdigiňi men bilýärin-ä.
– Ýaňy meniň ýanyma bir galanyň kutwaly öz muhtasyby bilen geldi. Ol bir garry är-aýalyň siziň dergähiňize gelýändigini habar berdi.
– Bu ýerde näme geň zat bar? Goý, gelsinler.
– Ýa muhtasyp akylyndan azaşypdyr ýa gelýänler jadygöý bolmaly.
– Näme üçin beýle pikir edýärsiň?
– Mundan bir ýyl öň: «Biz Altynjan hatynyň obadaşlary» diýip, bir är-aýal gelipdir. Atlaryny aýdypdyrlar. Bu gün hem: «Biz Altynjan hatynyň obadaşlary» diýip, bir är-aýal gelipdir. Atlaryny aýdypdyr. Muhtasyp: «Mundan bir ýyl öň gelen är-aýalyň atlary bilen şu günki gelen är-aýalyň atlary, berýän gürrüňleri meňzeş – diýýär. – Ýöne olar aýry-aýry adamlar» diýýär. Muhtasyby geň galdyran zat, aýry-aýry är-aýalyň şol bir ady, şol bir wakany bir ýyldan soň gaýtalap durmasy. Men bu ýerde bir jadygöýlük bar bolaýmasyn, olardan size ýamanlyk geläýmesin diýip howatyr edýärin.
– Düşnükli – diýip, Altynjan ýeňil dem aldy. – Arkaýyn bol, olardan maňa ýamanlyk gelmez. Hany olar?
– Kimler?
– Taberek galasynyň kutwaly bilen muhtasyby?
Kundury Altynjana gözlerini petredip seretdi:
– Olar köşkde. Siz olaryň Taberekden gelendiklerini nädip bildiňiz?
Altynjan Amydylmülküň (Kundurynyň) bu sowalyna jogap bermedi: gapydanyna ýüzlendi:
– Kutwal bilen muhtasyp gelsin!
Içerik Taberek galasynyň kutwaly bilen muhtasyby girdi. Olar gapynyň ýanyndan Altynjanyň tagtyna çenli emedekläp gelip, ýer öpüp, tagzym etdiler.
Altynjan naýyp olaryň işlerinden, saklygyndan razydygyny, şonuň üçin hem olaryň ikisine-de müň dinar sylag berýändigini aýtdy. Gelenler beýle sylaga garaşmadyk bolarly, Altynjanyň habaryna çäksiz begendiler.
– Men olaryň aýdýan zatlaryny diňläp, haýran galdym. Bu günki gelenler hakyt mundan bir ýyl öňki gelen är-aýalyň sözlerini gaýtalaýarlar. Bularyň ýöne-möne adamlar däldigini dessine aňdym. Özlerem: «Biz öň bu jelegaýlara gelemzok. Ilkinji gezek gelýäris» diýip, hakyt ýalan sözleýärler – diýip, muhtasyp janykdy.
Altynjan hatyn muhtasybyň sözüni böldi:
– Muhtasyp, hany, siz aýdyň, meniň atdaşyma – gyzyňyz Altynjana atabeg tapdyňyzmy?
Muhtasyp bu garaşylmadyk sowala wagty bilen jogap bermän mölterilip seretdi durdy.
Altynjan sowalyny gaýtalady.
Sowal ikinji gezek berlende akylyna aýlanan muhtasyp howlukmaç dillendi:
– Tapdym... Täjirleriň birisi ýörite atabeg ugradypdyr...
– Siz gyzyňyza şu aýnany menden sowgat beriň. Goý, ol gowy okasyn – diýip, Altynjan muhtasyba gyralaryna altyn çaýylan kiçeňräk aýnany uzatdy.
Muhtasyp müňbir tagzym bilen sowgat berlen aýnany gursagyna basdy.
– Müň keren Taňryýalkasyn, merhemetli melikäm. Men gyzyma siziň adyňyzy dakdym, onuň siz ýaly mertebeli zenan bolup ýetişmegini isleýärin...
Muhtasyp bilen kutwal Altynjandan gözlerini aýyrman aňkarylyşyp durdylar. Olaryň anygyna ýetmek isleýän käbir zatlary bardy, ýöne göni soramaga aýgyt edip bilenokdylar.
Altynjan kutwala ýüzlendi:
– Olar häzir nirede?
– Biz olary köşge getirdik, olar häzir gapydanyň otagynda siziň emriňize garaşyp otyrlar.
Altynjan kutwaldyr muhtasyby ugradyp, hyzmata gaýym bolup duran gapydanyna ýüzlendi.
– Çagyr olary!
Gapydan baş atyp çykyp gitdi. Sähel salymdan gapyda garry är-aýal peýda boldy. Olar başlaryny aşak egip, titreşip durdylar.
Altynjan olara bakan ýöräp ugrady:
– Kalbyna, joram, mähribanym meniň, bu senmi?!
Megerem, Kalbyna beýle hoş söze garaşmadyk bolarly, biygtyýar seslendi:
– Men-n. Kalbyna…
– Meniň mähriban Kalbynam!..
– Bu men, Altynjan hatyn, Kalbyna men – diýip, bili bükülen hortap zenan özüne bakan ýylgyrjaklap gelýän Altynjan bilen gujaklaşmaga aýgyt edip bilmedi, aşak çöküp, hatynyň aýagyna ýykyldy.
– Tur ahyryn ýeriňden, Kalbyna. Ikimiz jora ahyryn.
– Siz meni unutmansyňyz-a¬?!
– Men, heý-de, jan ýaly joramy unudarynmy?! Tur ýeriňden. Gel, ikimiz gujaklaşaly!
– Ýok, ýok. Siziň gujaklamagyňyza men mynasyp däl. Men siziň aýagyňyza togap edeýin. Duruň, aýaklaryňyzdan ogşaýyn, Altynjan melikäm!…
– Kalbyna!..
– Men siziň şeýle beýik derejä ýetjegiňizi bilýärdim.
– Seniň dilegleriň bilen men şu derejä ýetdim!.
– Ýok, ýok, siz – beýik hatyn! Juda beýik hatyn. Siz öňem beýikdiňiz, men size guwanýaryn!
– Meniň seni nähili göresimiň gelendigini, seni nähili küýsändigimi bir bilsediň, Kalbyna.
Kalbyna «sene» geçdi:
– Sen, dogrudanam, meni ýatladyňmy, Altynjan?
– Seni biçak göresim geldi meniň – diýip, Altynjan Kalbynanyň ýerinden galmagyna tekge berdi.
Iki jora şapba gujaklaşdy, soňundan gözýaşlaryny saklap bilmän hünibirýan agladylar.
Kalbyna gözüniň ýaşyny sylyp, adamsyna ýüzlendi:
– Görýärsiňizmi, Altynjan meni tanady, meni hakyt gujak¬lady! Altynjan maňa: «Joram!» diýýär. Siz: «Altynjan bizi kabul etmez, tanamaz» diýdiňiz. Altynjan meni tanady!
Altynjan Gökhuna seretdi, ony synlady, onuň bilen baş atyşyp salamlaşdy:
– Men Gökhuny tanaýaryn. Gökhuny Togrul beg hem tanaýar. Özem Gökhunyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şamäligiň hyýanatyndan soň Togrul beg siziň geleriňize kän garaşdy. Siz bu ýere geljekdigiňizi üç-dört ýerde aýdypsyňyz ahyryn.
– Wa-weýla, geljekdik, ýöne kabul etmersiňiz öýdüp gork¬duk, dogrusy. – Kalbyna gözlerini petredip, bir Gökhuna, birem Altynjana seretdi: – Gökhuny Togrul beg tananok ahyryn?!
– O näme üçin: «Tananok» diýýärsiň? Togrul beg Gökhuny tanaýar. Özem gaty gowy tanaýar, gaty uly hormat goýýar. «Meni seniň bilen duşuşdyran Gökhun ibn Harurdyr» diýýär.
– Hakyt şeýle diýýärmi? – diýip, Gökhun ekezlendi.
– Gökhun, siz maňa: «Togrul beg bilen duşuşmadym» diýdiňiz-ä?
Gökhun müýnli ýylgyrdy:
– Kalbyna, sen menden aýyplaşma. Men saňa öýlenmek üçin şol wagt ýalan sözlemeli bolupdym. Hakykatynda bolsa, Altynjanyň şertinden soň, men gylyç ýa kepen däbini ýüregimde besläp, Togrul beg bilen duşuşdym. Ol maňa düşündi. Soň biz açyk söweşe girdik, iki günläp söweşdik, üçünji gün bolsa, men mugyra geldim.
– Gylyç ýa kepen resimi boýunça söweşen bolsaňyz, ikiňizden biriňiz aman galmaly däl. Siziň ikiňize-de hiç zat bolmandyr. Diýmek, bu ýerde gylyç ýa kepen resimi ýok.
– Kalbyna, sen dogry aýdýarsyň. Şol söweşde biziň ikimizden birimiz amanadymyzy tabşyrmalydyk, ýöne biz özara düşünişdik, soňam resimiň talabyny bozduk. Togrul begiň ýalkawy bilen men diri galdym.
– O nähili ýalkaw? – Kalbyna geňirgendi.
– Wagt geçdi, indi ol zatlary aýdanymyň zeleli ýok – diýip, Gökhun şelaýyn ýylgyrdy.
– Aýt, aýt!
– Men iki günläp gylyçlaşanymdan soň, üçünji gün Togrul bege elimdäki gylyjymy berdim. Ol munuň hikmetini sorady. Şonda men oňa şeýle diýdim: «Seniň bilen iki gün söweşip, men öz ýalňyşyma, seniň Altynjan bilen hakyky serkerde boljakdygyňa düşündim hem anyk pikire geldim. Altynjan maňa däl-de, saňa mynasyp. Ol gyz seniň üçin dörän gyz. Men saňa garalla bolmaýyn. Sen meni öldür-de, Altynjana öýlen» diýdim. Şonda Tog¬rul beg maňa garşy çykdy: «Ýok, men öýlenjek däl. Meniň ömrüm Oguz hanyň gylyç ýa kepen däbine bagyşlanar. Men babam Mykaýylyň, Arslan ýabgu bilen Ýusup ýabgunyň maksadyna ýet¬ýänçäm – Derwezata şalygyny döredýänçäm öýlenmerin. Şonuň üçin maňa hiç hili hatyn gerek däl. Hatyna imrinmek – salgyma imrinmek. Hatyna imrinmek – erkegiň gowşaklygynyň, kämil däldiginiň alamaty. Men özümi hiç bir zada örklemerin» diýdi. Men Togrul bege: «Sen ýalňyşýarsyň! Altynjan saňa maksadyňa ýetmegiň, azatlygyň, erkinligiň üçin gerek. Sen Altynjanyň didaryny bir gezek gör. Ony göreniňden soň pikiriň üýtgemese, ana, şonda şu günki söweşimizi dowam etdireris» diýdim. Meniň bu sözlerime Togrul beg geň galdy, sizi görmäge söz berdi. Şondan alty aý geçenden soň men ýene Togrul begiň ýanyna bardym. Ol meni gujak açyp garşylady, meniň mamladygymy aýtdy, maňa zyýapat berdi, egnime serpaý ýapdy. Biz dogan okaşdyk. Agyr günde birek-birege kömek bermäge ähtleşdik. Men şonda öz hatynymyň Kalbyna bolmalydygyna düşündim.
– Togrul beg maňa bu barada hiç zat aýtmady – diýip, Altynjan dillendi. – Siziň häzirki aýdan zatlaryňyzy – araňyzda bolan bu söweşi Togrul beg maňa öz başdan geçirmesi hökmünde däl-de, Salyr Gazanyň başdan geçirmesi hökmünde gürrüň beripdi. Diýmek, ol waka Salyr Gazan bilen däl-de, ikiňiziň araňyzda bolupdyr-da?!
– Hakykatynda meniň aýdyşym ýaly boldy, melikäm.
Altynjan Kalbynanyň sag elini eline alyp sypady:
– Mähriban doganjygym! Seni görenime nähili begenendigimi bir bilsediň! Meni kerwen-kerwen baýlyk bilenem, başga bir zat bilenem häzirki ýaly hoşnowaz edip, begendirip bolmaz!
– Taberek galasyna owkat edinmek üçin bardyk welin, muhtasyp bize: «Siz mundan bir ýyl öň hem gelipdiňiz» diýip, al-petimizden aldy. Gökhun ikimiz hem oňa öň bu ýere gelmändigimizi şeýle bir janygyp düşündirjek bolýarys welin, ol dikdüşdi, teý, düşünmek islänok. Ol bize: «Siz ýa içaly bolmaly ýa-da jadygöý» diýýär. Heý, bizdenem içaly bolarmy, heý, bizdenem jadygöý bolarmy?!
– Kalbyna, hany, o gürrüňleri aňyňdan aýyr. Iň esasy zat – sen geldiň.
– Men hiç düşünip bilemok. Mundan bir ýyl öň gelen bolsak, onda bu günki duşuşygymyz bir ýyl mundan öň bolardy.
– Siz geljek diýipsiňiz ahyryn.
– Wadaryg-a, geljekdik, ýöne, aýtdym-a, kabul etmersiňiz öýdüp howatyrlandyk. Kim biziň keşbimize girip biler? Hiç akylyma sygdyryp bilemok.
– Kalbyna, şony akylyňa sygdyrmagyň saňa geregi ýa bähbidi barmy?
– Ýok.
– Onda sen o barada pikir hem etme. Zamahşarda sen maňa hyzmat edýärdiň. Bu gün bolsa men saňa hyzmat etjek. Ýörüň!
Kalbyna Altynjanyň yzyna düşüp barşyna içki pikirini ýene daşyna çykardy:
– Teý akylyma sygdyryp bilemok. Mundan bir ýyl öň Gökhun ikimiziň adymyza duwlanyp Taberek galasyna baran züwwük kimkän?
Kalbynanyň sowaly ýene jogapsyz galdy. Altynjan bu sowaly eşiden-de bolsa, jogap bermedi, diňe syrly ýylgyrdy...

Üçünji duşuşyk
Altynjan soltan Masudyň goldawy bilen Horezmine şa bolan Şamäligi ýadyndan çykarmaýardy, onuň tutulmagyny, jezalandyrylmagyny isleýärdi, bu hakda ýüwürjisi Ybraýyma aýdanda, ol gaty ynamly söz beripdi:
– Allatagalanyň nesip eden bir güni men ol pälazany seniň öňüňde dyza çökererin!
Bu sözi Altynjan şeýlekin bir aýdylan sypaýyçylykly söz hök¬münde kabul edipdi, ýöne Ybraýym beren wadasyny unutman eken: özüniň ýakyny Ärdaşy dört müň atly bilen Şamäligiň gözlegine ugradypdyr, ony ele salyp, Altynjanyň öňünde dyza çökermegi tabşyrypdyr.
Şamälik ibn Aly Garagumuň içi bilen Dehistana gaçdy. Ol ýerde hem uzak durmady, çünki Dehistan seljukly döwletine degişlidi. Onuň üç ýüz otuz düýe baýlygy, iki ýüz düýe goş-golamy, ýüzden gowrak jandary bardy. Baran ýerinde oňa şübheli seredýärdiler. Talaňa düşmek howpy-da bardy. Şonuň üçin ol ynamdar ýerde düşlemek isleýärdi. Ol Talese bardy, ýöne ol ýerde ýerläp bilmän Kermana gitdi. Kermanda Çagry begiň uly ogly Gurt häkimlik edýärdi. Şonuň üçin ol bu ýerde-de uzak durman: «Seljuk beglerinden has uzakda gaýgysyz ömür süreýin» diýen niýet bilen Mekrana bardy, Abu Kalyjary hossar tutundy. Ýöne näçe uzaga giden-de bolsa, ol rahatlyk tapyp bilmedi. Togrul beg öz agalyk çägini ýylsaýyn giňeltdi.
Bir ümürli gün Şamälik üstüni basdyrdy. Ärdaş dört müň saý atlysy bilen Horezminden üç ýüz farsah uzaklyga gaçan Şamäligi ýesir aldy6.
Şamälik özüni halas etmek üçin Ärdaşa ýalbarmak ýalbardy, oňa şirin jany üçin bar zadyny bermegi wada etdi. Ol diňe öz gara başyny soraýardy. Hakykatdan hem ol gara başynyň aman galmagy üçin Ärdaşa ähli baýlygyny bermäge razydy. Gerek diýse, egindäki eşiklerine çenli çykaryp bermäge razydy.
– Eý, dogan, biziň ikimiz hem oguz. Oguz oguza ýamanlyk etmesin. Sen hem maňa ýamanlyk etme. Ynha, meniň baýlyk¬larym. Bu baýlyklar Horezmin şalygynyň hazynasy, baýlyklary. Sen şu hazynalary, baýlyklary özüňe al-da, meni hem meniň maşgalamy boşat! – diýip, Şamälik Ärdaşyň aýagyna ýykylyp ýalbardy. – Ýanyňda gül ýaly iki ogluň bar eken. Bu baýlyklar seniň ähli neberäňe ýeter.
– Iman baýlykdan beýikdir.
– Baýlykdan beýik zat ýokdur! Sen gyltyma kowalaşýarsyň! Sen meni diňle.
– Gepleme!
– Hiç bolmanda meniň maşgalama, çagalaryma haýpyň gelsin!
Ärdaş jyzasy bilen Şamäligiň ýüzüne batly urdy.
Şamäligiň dişleri döwüldi, agzy gara gana boýaldy. Şondan soň Şamälik ýalbarmady. Çünki sözüniň ýer almajakdygyna göz ýetirdi.
Üç ýüz farsah gaçanyňdan soňam seni tapýan bolsalar, diýmek, ele düşmek Perwerdigäriň ýazgydydyr.
Her bir etmişiňe jogap okamaly dünýä eken bu dünýä!
Şamäligiň hem eden etmişlerine jogap bermeli wagty gelen bolmaly.
Özüňdenem, takdyryňdanam gaçyp gutulyp bolmaýan eken!
Ärdaş Şamäligiň elini arkasyna daňyp, ähli baýlygyny düýä ýükläp, özüni pyýada ýöredip, ezeneginden silteý çekip, Altynjanyň huzuryna alyp geldi.
– Merhemetli melikäm! Ybraýym ynal size Jendiň ozalky emiri Şamälik ibn Alyny huzuryňyza getirmäge söz beren eken. Onuň tabşyrygy bilen Şamäligi ähli engamy, tohum-tiji bilen siziň dergähiňize alyp geldim.
Altynjan garşysynda başyny aşak salyp duran kelte boýly, deşli, inedördül kişini synlady. Ol:
– Meniň gören Şamäligim gaty daýawdy? – diýip, gapdalynda duran Kabyla ýüzlendi.
– Sen ony öň atyň üstünde görensiň. Ol ata münende eýeriň üstüne güdri güpjek goýup oturýardy.
– Boýunyň kelte bolşy ýaly, ömrem kelte bolup çykdy görgüliniň – diýip, Ärdeşir Magmarany gözlerini güldürdi. – «Kelte boýly adamlaryň köpüsi görip bolýar» diýýärler. Bu kişiniň ömrüni kelte eden zat – göripligi.
– Melikäniň öňünde dyza çök! – diýip, haşymlaryň biri Şamäligiň egninden basdy.
– Men hatynlaryň öňünde dyza çökmeýärin.
– Bä, özüňi henizem emirdirin öýdýärsiňmi? Indi seniň gara başyňdan başga hiç zadyň ýog-a! Tumaýak galdyň, tumaýak! – diýip, Ärdeşir Magmarany heşelle kakdy.
– Tumaýak galdyrsaňyzam, menden mertebämi alyp bilmersiňiz. Mertebämi ýitiren günüm özüm özümi öldürerin.
Ärdeşir Magmarany yşarat etdi: Şamäligiň iki ýanynda duran haşymlar ellerindäki jyzalaryny ýerde goýdular-da, emiri zor bilen dyza çökerdiler, soňam ony ýüzin ýatyrdylar.
Şamälik garşylyk görkezjek bolmady. Sebäp güýjüniň pes geljekdigini bilip durdy. Ol kaýyllyk bilen süýnüp ýatdy.
Altynjan näme garaşsa-da, Şamäligiň tutulyp getirilmegine garaşmandy. Onuň tutulyp getirilmegi asla mümkin zat däl ýalydy. Kim ony: «Madýarlaryň (wengerleriň) ýurduna gaçanmyş» diýse, başga biri: «Müsüre aşypdyr» diýipdi. Altynjan üçin iň esasy zat Şamäligiň hökümdarlygynyň ýok edilenligidi. «Şamälik pälinden tapdy» diýip, ol netijä gelipdi. Gör, ol günlerden bäri näçe ýyl geçipdir?! Altynjan şu güne çenli Şamäligi näletläp ýaşady! «Zamahşar gijesi» diýip at alan şol gyrgynçylygy ýatlanda onuň endamynda galpyldy peýda bolýardy.
Bu nejis Altynjanyň mähriban kyblasy Abdylmälik hany, mähriban käbesi Hajar hatyny öldürdi.
Ol Altynjanyň dogany Habyly dardan asdy!
Zamahşarlylardan üç ýüzden gowrak adamy öldürdi. Bäş ýüzden gowrak adamy ýesir edip, gul bazarynda satdy!
Seljuklylaryň bolsa sekiz müň adamsyny öldürdi!
Altynjan: «Elime düşse, Şamäligi düýt-müýt ederin!» öý¬dýärdi.
Ine, öňünde Şamälik ýatyr.
Onuň janyny jähenneme ýollamak üçin Altynjanyň ýekeje yşaraty ýeterlikdi. Öňki eden hyýanatlaryny az görýän ýaly, ýene gürlänem bolýar: «Men hatynlaryň öňünde dyza çökmeýärin!» diýip.
Gör, ol ýaşan ömründe näçe hyýanatçylyk, näçe wagşyçylyk etdi?! Gör, onuň elinden näçe-näçe bigünä adamlar öldi?! Ine, indem bir tokga et bolup güberilip ýatyr. Tanamaýan adam: «Gowy adamdyr» diýip pikir eder. Ýüzünde wagşylygyň ýekeje peşwerem ýok. Ömrüni hamd-u-senada geçiren takwa ulama meňzeýär. Aldawçy ýüzi bar.
– Melikäm, görene göz edip dardan asalyň! – diýip, Ärdeşir Magmarany janykdy, Şamäligiň böwrüne bat bilen üç-dört gezek depdi. – Munuň eden etmişleri juda kän. Munuň diňe size eden ýamanlyklaram kän. Siziň ýaşan Zamahşar galaňyzy tozdurdy. Siziň hossarlaryňyzy öldürdi. Doganyňyz Habyl jany dardan asdy. Nika toýuňyzy ýasa öwürdi...
– Gerek däl, gerek däl, Ärdeşir, ýatlama! – diýip, Altynjan elini daldalady.
– Wah, munuň size eden ýamanlyklaryny ýatlanymda men çydap bilemok, melikäm.
– Wa neýlete, Ärdeşir. Men saňa düşünýärin... – Altynjan Şamäligiň ýatan ýerine ýakyn geldi. – Tur ýeriňden!
Şamälik garrylyk yh-çoky bilen ýerinden turdy.
– Sen Togrul bege, onuň maşgalasyna, maňa nähili hyýanatlar etdiň! Sen bir heleýiň sözüne gidip, seljuk neberesine ezýet berdiň.
– Seniň üçin ol zenan «bir heleý» bolýanam bolsa, meniň üçin eziz enedir!
– Sen näme üçin aman soramaýarsyň?
– Berilmejek zady diňe çagalar soraýar.
– Melikäm, munuň bilen gürleşip wagt ýitirip dur¬masaňyz¬laň! Ygtyýar berseňiz, men bu nejisi kerçem-kerçem edeýin – diýip, Ärdaş ýataganyny Şamäligiň pökgi garnyna dürtdi.
– Ärdaş hak aýdýar, melikäm! Şu ýelemýüwledi öldürmeli! Özem muny öldürmegi maňa tabşyryň! Munuň ölenini görmesem, men rahat ýaşap bilmerin. Size hyýanat eden nejisiň haky ölümdir!
Şamälik Ärdeşir Magmaranyga tiňkesini dikdi:
– Sen wezirmi?
– Ýok, wezirler diwanynyň naýyby. Ýeri, saňa näme?!
– Sen hökman wezir bolarsyň.
Şamäligiň bu sözi ähli kişini geň galdyrdy. Ärdeşir Magmarany haýsydyr bir syry açylyp barýan ýaly, ýataganynyň ujuny gürleme diýen terzde Şamäligiň agzyna sokdy:
– Maňa seniň hakylyň gerek däl. Eşidýärsiňmi, maňa seniň hakylyň gerek däl!
Altynjan hiç kime hiç zat diýmän gapa bakan ugrady. Onuň karargähden çykyp barýandygyny görüp, duranlar ör-gökden geldiler, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
– Ýeri, muny näme etmeli? – diýip, Ärdeşir Magmarany Kabyla ýüzlendi.
– Men bu nejisi Mekrandan ähli baýlygy bilen alyp geldim – diýip, Ärdaş elewredi. – Men etmeli işimi etdim: bu nejisi Altynjan hatynyň dergähine tutup getirdim, Ybraýym ynalyň maňa tabşyrygy şeýledi. Indi men näme edeýin muny? Men indi yzyma gaýtjak. Muňa indi özüňiz eýe boluň!
Kabyl Altynjanyň yzyndan ýetdi.
– Altynjan, saklan!
Altynjan Kabylyň ýüzüne soragly bakdy:.
– Ýeri, näme?
– Sen näme üçin soltan Masudyň guýrugyny öldürmäge izin bermeýärsiň?
– Guýrugyny? Köpegiň guýrugynda ýagyň hem güýjüň bolmaýşy ýaly, bu garry guýrukda-da hiç zat ýok. Ol indi hiç kim.
– Ýok, ýok, seniň ýagsyz hem güýçsüz diýýän guýrugyň, erkinlige goýberseň, ýagam tapar, güýjem. Özem öňküsinden bäş beter güýçlener. Dünýäni guýruklar dolandyrýar ahyryn!
Altynjan Kabylyň ýüzüne geňirgenme bilen bakyp, nämedir bir zatlar diýmekçi boldy, ýöne ýuwdundy-da, ýoluny dowam etdirdi:
– Men onuň nädip öldürilse ýerine düşjekdigini bilme¬ý¬ärin. Oňa nähili jeza berilse-de, bärden gaýtjak ýaly bolup dur. Oňa ýowuzdan ýowuz jeza bermek gerek!
Ärdeşir Magmarany Altynjanyň ýakynyna bardy.
– Ýowuz jezalaryň görnüşleri kän. Isleseňiz, dardan asyp bolar, isleseňiz, falake ýa çambarpeç jezasy bilen öldürip bolar. Başga-da usullar kän, gara ölüm7 bilenem, gyzyl ölüm bilenem öldürip bolar, ýöne özüm-ä kahdudy gowy görýärin.
– Ol nähili jeza?
– Kahdud usulynda bugdaý samanynyň tüssesine boglup öldü­rilýär, sebäbi tüsseleriň içinde saman tüssesi iň demikdiriji tüsse.
– Ärdeşir, bu nejisiň jezasyny özüň ber. Nädip öldürseň, şeýdip öldür, öldürseň bolýar. Goý, seniň gowy görýän jezaň berilsin!
Altynjanyň bu aýgytly sözünden soň Şamäligi südenekledip alyp gitdiler.
Altynjan onuň yzyndan garap galdy, näme üçindir, Janahyr halwaçy ýadyna düşdi.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]