16:43
Altynjan hatyn / 3-nji kitap -1
GEÇMIŞ

Birinji hekaýat

DIŇE ISLEGDE ÇÄK ÝOK

I.

«Der çyksa – gan çykmaz» diýen söz seljuk goşunynda her gün telim ýola gaýtalanýardy. Çünki şu ynanç bilen harby türgenleşik geçýärdiler. Diňe bir esgerler däl, Togrul begiň salarlygyndaky ähli seljuk şazadalary hem wagtlarynyň galaba bölegini harby türgenleşikde geçirýärdiler. Her gün ir ertirden birder (der çykýança), namazşam ikider gylyçlaşmak hökmanylykdy.
Her bir esgeriň, her bir serkerdäniň her günki etmeli anyk işleri bardy. Harby düzgün-nyzam gaty berk saklanylýardy. Onuň bozulan ýagdaýynda hiç kime eglişik edilmeýärdi. Harby tälimiň, türgenleşigiň, berk düzgün-nyzamyň peýdasynyň ulu¬dygy duşman bilen garpyşylanda has äşgär duýulýardy.
Togrul begiň harby türgenleşik geçip ýörşüni göreniňde onuň başga aladasy ýok ýaly duýulýardy. Aslynda welin, onuň iş-aladasy başyndan agdykdy, ýazylyp-ýaýrap owkat edinmäge-de wagty ýokdy. Edilmeli işler köpdi, juda köpdi, çünki uly ýörişe, uly tutuma taýýarlyk görülýärdi.
Her çarşenbede geçirilýän mejlislerde hem şol bir mesele ilik-düwme ara alnyp geňeşilýärdi:
– Ilki bilen, Jibal ülkesine, soň Günbatar ülkeleri teshyr edip, olary dolulygyna şalygyň tabynlygyna girizmeli.
– Günbatar ülkelerden olja-salgyt ýygnamaly.
– Wizantiýany seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirmeli. Anadoly ýarym adasy seljuk şalygynyň ýarym adasy bolmaly.
Togrul beg bu maksadynyň amaly üçin beglere anyk görkezmeler berdi: Mansur, Gökdaş, Enesiogly başbuglaryň serkerdeligindäki jemagatlaryň öňünde Wan kölüniň töwereklerini teshyr etmek, ol ýerlerde güýç jemlemek wezipesini goýdy. Gutulmyşy, Resultegini, Ybraýymy, Hasany, Ýakudy ýanynda galdyrdy, çünki olar öz goşunyndaky iň ynamdar, iň arjymak, iň janymak serkerdeleridi. Olar ýanynda bolsa Togrul beg islendik duşmany mugyra getirip biljegine ynanýardy. Öňünden çykan duşmany juda bir kösenmesizden ýeňýärdi hem, olar bilen birkemsiz öwrenişipdi hem.
Seljuklylar yhlas etdiler, Allatagala olaryň yhlasyny boş goýmady. Sanalgyja ýylyň içinde olar Jibaly – Yspyhany, Hemedany, Hazar deňziniň kenarlaryny, Azerbaýjany, Gündogar Anadoludan Günorta Kawkaza çenli aralykdaky ülkeleri eýelediler.
Wan kölüniň sebitleri boýunça Rum şalygynyň walysy Stefanos Gökdaş, Mansur, Enesiogly jemagatlarynyň öňünden çykdy (1045 ý.).
Allatagala kimi betbagt eýlejek bolsa, şol kişä tekepbirlik berer eken. Arkasynda dünýäni lerzana salýan Wizantiýa kaýsarlygyna baýrynan waly Stefanosyň arkasynda kaýsarlyk güýji däl-de, gaçmak üçin hiç hili amatlylygy bolmadyk kötel dag ýatan eken.
Dogrusy, Stefanos tejribeli, pähim-paýhasly walydy, mydama ýeňiş gazanardy, ýöne bu gezek onuň towşandyr öýdüp daş atany kimi tüýdüm-tüýdüm etjegini bilmän ýören şir eken, dişleri, dyrnak¬lary gezelen peleň eken. Waly Stefanosy ýeňmek seljuk jemagatlaryna kyn düşmedi. Has dogrusy, şol döwürde bu garpyşygy gurduň goýna daraýşyna deňediler. Seljuklylar ähli zatdan geçip, düz gaçan wizantiýaly esgerleriň yzyndan ýetip, gyran-jyran etdiler, ýatagandan hem gönderden geçirdiler.
Wizantiýa kaýsary Konstantin Monomah IX seljuk goşun¬larynyň Wan kölüniň töwereklerini teshyr eýläp, Azerbaýjana dolandyklaryny, olaryň ümzüginiň Anadola, Kawkaza tarapdygyny eşidip, howsala düşdi, haýdan-haý tejribeli serkerdebaşysy, abhaz emiri Liparidi dergähine çagyrdy, ony goşuna baş edip, seljuklylaryň alnyndan çykmaga, olary yzyna kowmaga, oljalamaga ugratdy.
Serkerdebaşy Liparit ýörişe gaty uly ynam bilen ugrady. Çünki ol söweşlerde mydama ýeňiş gazanyp, şöhrat-şana eýe bolan serkerdebaşydy. Ony ýeňilmezek serkerde hasaplaýardylar. Ol hakda esgerleriň arasynda ýörgünli aýdymlar aýdylýardy. Seljuklylary yzlaryna kowjakdygyna Liparitiň ynamy uludy. Ol şol uly ynamy hem seljuklylaryň howuny basmak maksady bilen Şetdatogly begliginiň paýtagty bolan Dowin şäherini eýeledi.

* * *

1046-njy ýylda Ahlat hem Diýarbekir sebitlerinde ýer tit¬redi1. Köpsanly galalar, berkitmeler, köprüler ýumruldy, köp adam pida boldy. Togrul begiň tabşyrygy bilen köp galalarda ilata kömek berildi, diňe bir el kömegi däl, eýsem, azyk, egin-eşik kömekleri hem berildi. Şeýle bolansoň ýerli ilat seljuklylara öz halasgärleri hökmünde sygyndylar.
Seljuklar Ahlatda alty sany galanyň ýykylan ýerlerini täzeden dikeltdiler.
Şol döwürde Altynjan hatyn bäş aýlap Ahlat hem Diýarbekir sebitlerinde öýsüz-öwzarsyz galan maşgalalara öý dikip bermek, ýaşaýyş üçin derwaýys zatlar boýunça ýardam etmek işi bilen meşgullandy.
Altynjan hatyn bu sebitde bolanda adamlaryň döwük-ýenjiklerini seýiklemäge, näsaglary bejermäge gatnaşdy. Onuň lukmançylyk etmesi birinji gezek däldi. Ol näsaglaryň bejerilmegine ýardam bermekden çäksiz kanagatlanma tapýardy. Onsoňam Ahlat sebiti, şeýle hem Ahlatdan Kazwin daglaryna çenli aralygyndaky birnäçe şäher, gala Anuşirwana ykta berlipdi. Altynjan Anuşirwana ykta berlen ýerleriň dolandyrylyşyny ýola goýmak, ynamdar, halal adamlary iş dolandyryjy wezipelerine bellemek bilen meşgul boldy. Togrul beg Anuşirwany daşary ýurtly şalyklar bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça özüne wezir belledi.

* * *

Togrul beg Gutulmyşa aýratyn ynam bildirýärdi. Çünki Gutulmyş adaty bir serkerde däldi. Ol ýyldyz hem millet ylymlaryny2 bilýärdi, şol ylymlary peýdanmagam başarýardy.
Gutulmyş beg Genje şäheriniň eteginde goşunyny abhaz emiri serkerdebaşy Liparidiň garşysyna söweşe taýýarlady. Ol Wizantiýa kaýsarlygy bilen seljuklylaryň arasyndaky bu söweşiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna düşünýärdi. Çünki bu söweş seljuklylaryň wizantiýalylar bilen ilkinji uly darkaşy boljakdy.
Wizantiýa kaýsarlygy dabarasy dünýä dolan hökümdarlykdy. Henize-şu güne çenli bu şalygyň goşunynyň ýeňlen ýeri ýokdy. Kaýsarlygyň goşunynyň garşysyna çykmaga atyň kellesi ýaly ýürek gerekdi. Şeýle uly ýürek tapylmajak ýalydy, ýöne ahyry tapyldy.
Ýürek – seljuk goşunydy.
Wizantiýa goşunyny ýeňse, seljuklylaryň abraýynyň arşa göteriljekdigi aýandy. Onsoňam Wizantiýa goşunyndan rüstem gelmek Kiçi Aziýada hökmürowan bolmakdy.
Bu söweşde seljuk goşunynyň gorkusy az däldi. Ýeňşe ynam azdy. Şonuň üçinem harby tilsime bil baglamak ýeke-täk çykalgady.
Gutulmyş beg ýyldyz ylmyny peýdalanmagyň möhümdigine düşünýärdi. Şonuň üçin hem ol soňky günler nämeleri etjegini öz ýanyndan ýedi ölçäp, bir kesdi. Genje şäherine gelýänçä etjek tilsimlerini birin-birin aňyndan geçirdi.

* * *

Iki goşun söweş meýdanyna geldi.
Gutulmyş beg dag gerşine çykyp, özüniň tilsimine başlady.
Mugjyza başlandy.
Allatagalanyň eradasy bilen tebigatyň öwzaýy bozuldy. Äpet-äpet bulutlar Wizantiýa goşunynyň üstüni örtdi, soňam sargylt reňke öwrüldi, köp wagt geçmänkä-de, Asmanyň düýbi deşilen dek jala-boran guýup ugrady, ýagmak ýagdy.
Gije şeýle bir sowuk boldy. Ýerler doňdy. Wizantiýaly esgerleriň söweşerlik rabgaty galmady.
Aladaňdanlar Gutulmyş beg dag gerşinden aşak düşdi, goşunynyň ýanyna bardy.
Ol goşunyň öňüne düşüp, Allatagalanyň özleriniň tarapynda boljakdygyny aýdyp, esgerlerini ýeňşe ruhlandyrdy.
Harby türgenleşikleri ýetik bolan seljuk goşuny «Ýa Hu!» diýip söweşe girdi.
Söweş başlandy.
Gutulmyşyň ýyldyz ylmy iş bitirdi: Wizantiýa goşuny derbi-dagyn edildi3.
Bu ýeňiş wizantiýalylara garşy söweşlerde seljuklaryň gazanan ilkinji uly ýeňşidi. Bu ýeňiş soňky ýeňişleriň hem badallasy boldy.
Şol ýeňişden soň seljuklylaryň Günbatarda gerimi has giňedi. Bagzy şäherler, bagzy welaýatlar teshyr edilip, seljuklaryň tabynlygyna geçirildi. Her gala, her şähere paç salyndy. Şeýle bolansoň, Reýe gelýän ýükleriň yzy üzülenokdy. Ol ýükler alnan oljalardy, ýygnalan paçlardy, salgytlardy. O gelýän zatlary kabul etmek, hasaba almak, ýerlemek boýunça sekiz müň adam işleýärdi.
Ybraýymyň, Gutulmyşyň gazanýan ýeňişleri hakda her gün dabaraly gürrüňler edilýärdi. Her gün köşkde täze teshyr edilen ýerler mynasybetli nobat çalynýardy.

* * *

Köşkde Gutulmyş bilen Ybraýymyň petih eden ýerleri mynasybetli her gün diýen ýaly nobat çalnyp, dabaralandyrylyp durlansoň, Musa beg öz ogly Hasanyň hem köşkde adynyň tutulmagyny, hormatyna nobat çalynmagyny isledi. Ol Dehistanda häkimlik edip ýören ogly Hasany azymata çagyrdy. «Al-ha-alda almadyk ahyretde-de almaz» diýip, bahabarlyk eýläp ogluny bejit ata atlandyrdy. «Mümkin bolan ýeri teshyr et. Öz hums paýyňy al. Ykta ýerleriň sanyny köpelt. Paýlaşylyp gutaransoň, hiç zat alyp bilmersiň» diýip, öwran-öwran gaýtalady.
– Iýjegim-geýjegim bar, binowa däl, artykmaç baýlygy başyma ýapaýynmy? – diýip, Hasan başda kakasyna garşy çykdy.
Musa beg oglunyň bu sözüni biçak ýokuş gördi:
– Meni masgara etjek bolýarsyňmy?
– Ýok, ýok!
– Onda meniň diýenlerim bilen bol!
Hasanyň parahat ýaşaýşy bardy, ol isleýşi ýaly ýaşaýardy: her hepdede derwüş eşigini geýip, şähere çykýardy. Adamlaryň özi hakda, şeýle hem seljuklylar, Togrul beg hakda edýän gürrüňlerini diňleýärdi. Garyp-gasarlara gaznasyndan haýyr-yhsan paýlaýardy, özüne tabynlykdaky ýerlerde – her obada, her galada, her şäherde hanakalar döredýärdi, ol ýerlerde gedaýlary, eklenjisini ýitiren binowar biçäreleri iýdirip-içirmegi – haýyr-hasanaty ýola goýýardy.
Ol ähli kişiniň özi ýaly baý bolmagyny isleýärdi, şu maksat bilen toý-baýramlarda ýoksullara dinardyr dirhem paýlaýardy.
Onuň dinar paýlany, anaýaty bilen halk baý bolmady, gaýtam, ondan nägile adamlar köpeldi. Gaznasy boşady, ony doldurmak welin zerurdy. Şu maksat bilen Hasan kakasynyň pendine eýerip, ata atlandy.
Goşun jemläp, Reýe – Togrul begiň dergähine bardy.
Togrul beg Hasany Wan kölüniň töweregine ýollady:
– Şol ýerlerdäki teshyr eden ähli galalaryň, şäherleriň ykta ýeriň bolsun, Hasan.
Hasan petih eýlemäge ugrady.
Ol ilki Wan kölüniň töwereklerini teshyr etdi, soň Beýik Zap Suwy töwereklerine bardy. Şol ýerlerdäki Wizantiýanyň serkerdeleri Katakalonyň hem-de Aaronyň serkerdeligindäki goşunlary bilen söweşdi. Her gezek ýataganyny galgadyp uly hyjuw bilen söweşe girdi.
Soňky gezek gazaply söweşde kellesi göçdi: bir görse, ol wizantiýa esgerleriniň ortarasynda eken. Asyl, töwereginde ýekeje-de seljukly ýok.
Ýeňilýändigini duýup ugran wizantiýa esgerleri öz aralaryna tötänleýin düşen seljuk beginden bar ahmyryny çykardylar: onuň çar ýanyndan hüjüm etdiler. Urlan naýzalardan ýaňa endamy deşim-deşim boldy.
Hasanyň ölümi4 seljuk beglerine gaty agyr urgy boldy, kyrk günläp matam tutdular, wizantiýalylardan ar almagy äht etdiler. Şol wepat Musa ýabgunyň hem aňyny lerzana saldy:
– Oglumy öz elim bilen ölüme ugradan ekenim-ä men – diýip, Baýgu Kelan panydan perýat etdi. Oglunyň wepatyndan soň ýüzi gara çowlam bolan Musa beg ýanyny ýere berdi. «Men oglumyň yzyndan baryp, eden etmişim üçin uzur soramakçy» diýip, ol hem bu dünýäden göç eýledi.
Musa begiň islegi Ybraýymdan, Çagry begden, onuň ogul¬laryndan kem galmazlykdy. Türkmeniň durmuşy düşünjesinde ile bakmak, ile görä bolmak ýörelgesi gadymdan uly orun eýeläpdir. Bu ýörelgä eýerilip, kä oňlulygyň, kä ýaramazlygyň üstünden barlypdyr. Ýöne hiç mahal mundan ýüz dönderilmändir. Türkmeni türkmen eden zatlaryň bulam biri. Mundan el çekmek tükeniksiz ýaryş bolan ýaşaýyşdan meýletin el çekmegi aňladardy. Düýpleýin alanyňda, durmuş belli bir pellehanasy bolmadyk aýlawdyr, ýaryşdyr. Bu ýaryşda pellehanany her kimiň özi kesgitlemeli. Pellehana diýip Musa ýabgu ilden baýlygy hem mülki köp almaga düşünýärdi. Ol: «Näme üçin doganym Mykaýyl neressäniň çagalary Çagry bilen Togrul menden, meniň ogullarymdan köp ygtyýarly, köp yktaly bolmaly?» diýip, öz-özüne sowal berýärdi, bu ýaryşda özüniň hemem ogullarynyň öňde bolmagyny isleýärdi. Bu – meselä ýüzleý seredeniňde şeýle. Ýöne gep diňe baýlykdyr mülkde däl ahbetin. Gep şol mülküň, barjamlylygyň üsti bilen aňladylýan at-abraýda, mertebede, derejede, özgeleriň öňündäki hemem adamlaryň arasyndaky agramyňda, abraýyňda. Ýöne, arman, bu zatlaryň barysynyň soňunda diri galanyňda manysy bar!
Başga bir ýaryş bar – hatda öleniňde hem seniň ýeňşiňi manydan, ähmiýetden gaçyrmaýan ýaryş bar. Bu ýaryş dünýäniň bakylyk tarapynda ýerleşýän meýdanynda dowam edýär. Munda sen dünýä üstünde, dünýä üçin ýaryşaňok, hatda sen dünýä bilen-de ýaryşaňok. Sen munda diňe bakylyk bilen bäs gurýarsyň. Seniň mundaky ýeňiş paýyň – bakylyk.
Musa ýabgu Hasany bu esasy, hakyky beýik ýaryşdan çykaryp, ikinji bir ýaryşa saldy. Şeýdip, oglunyňam, özüniňem ýeňilmegine sebäp boldy.

* * *

Kyrk gün dowam eden matamdan soň, Togrul beg Ybraýym ynaly Azerbaýjanyň häkimi belläp, oňa Gutulmyş bilen Anadoly ülkesine ýörişi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Gutulmyş bilen Ybraýym birleşip, Erzurumy eýelediler.
Esasy söweş Pasin düzlüginde bolmalydy. Gutulmyş ol ýerlerini içgin öwrendi. Söweşiň haýsy ýerde geçse, özi üçin amatly boljakdygyny ölçerip-dökdi.
Erzurum ýaýlagy bilen Pasin düzlügi söweş üçin amatlydy. Pasin düzlügi Alajadaga baryp birleşýärdi. Bu dagyň boýy hemem ini iki farsahlykdan köp däldi, özem bu deňze baryp guýulýan, goşulýan üç sany uly derýanyň gözbaşydy. Olaryň biri Araz çaýydy. Araz çaýy Alajadagyň gündogar tarapyndan gaýdýardy, Annyň, Pasiniň, Sürmeliniň üstünden geçip, Hazar deňzine guýulýardy. Ol ýerdäki derýalaryň ikinjisi Ýewfrat derýasydy. Ol Alajadagyň günbatar tarapyndan çykyp, Erzurumuň, Arzynjanyň, Kemahyň, Taruferiň, Änäniň, Hedisäniň, Hymanyň, Jezaýyryň üstünden geçip, Dejlä guýýardy. Alajadagyň demirgazygynda Tortum, Oltu derýalary bardy, olar Çoruk derýasyna baryp goşulýardy. Gutulmyş bu çaýlary söweşde öz peýdasyna ulanmak üçin çalyşdy. Wizantiýa serkerdeleriniň bu ýeri gowy bilmeýändigine berk ynanýardy. Ol ýalňyşmandy. Ybraýym ynal hem Gutulmyşyň goşuny Kapetru (Hasangala) galasynyň golaýynda Katakolon, Aaron, Liparit atly serkerdeleriň başda durmagyndaky Wizantiýa goşuny bilen duşuşdy.
Wizantiýalylar tebillerini, nagaralaryny düňňürdedip, alazenzele edip seljuklaryň howuny basmakçy boldular, ýöne olar bahym özlerinden ökdäni gördüler. Seljuklar beterinden beterini tapdylar, olar şeýlebir tebil, şeýle bir dowul düňňürdetdiler, olaryň düňňürdisinden, zenzelesinden ýaňa älem-jahan gapyşara geldi. Alajadag sandyr-sandyr, titir-titir etdi. (Dag titrän ýerde, heý, adam titremezmi?!) Özem seljuk esgerleri dowuldyr tebilleriň dünýäni göçürere getirýän zenzelesini az görýän dek, şeýlebir waňkyryp gygyrmak gygyrýardylar. Gülüşýärdiler hem!
Seljuklaryň boluşlaryndan bahabar alan Wizantiýa goşuny tebil kakmasyny goýdy. Ökde ökdäni görende pyslam-pys bolar eken. Wizantiýalylar-da pyslam-pys boldular. Olar sessiz-üýnsüz söweşiň başlanmagyna häzirlendiler.
Gutulmyş beg söweş başlanmazyndan burun Wizantiýa sala¬rynyň ýanyna ilçi ýollady, olara ýaraglaryny tabşyryp, boýun eg¬ meklerini tek¬lip etdi. Adatça, bolşy ýaly, ilçi serkerdebaşy Liparide öz goşunlarynyň aşyraw köpdügi, aşyraw güýçlüdigi, aşyraw tejribelidigi hakda göni aýtdy, ýöne Wizantiýa kaýsaryndan permanly Liparit ilçiniň teklibini kabul etmedi, gaýtam, onuň üstünden gülüp, yzyna ugratdy.
Şondan soň söweş tebili kakyldy.
Söweşi on iki hatardan ybarat bolan seljuk ýaýçylary başlady.
Seljuk ýaýçy hatarlarynyň gezekleşip üznüksiz atýan keýmir oklaryndan ýaňa hakyt Günüň öňi tutuldy..
Çabga deýin guýulýan oklardan goranmak asla mümkin däldi.
Oklaryň döreden aljyraňňylygyndan soň seljuklar ýakyn aralykdan hüjüme geçdiler.
Bu hüjümiň maksady duşmany aljyraňňylyga salmakdy, sag ganatdaky atly goşuna ýol açmakdy.
Sag ganatdan gelýän atly goşun duşmana esasy zarbany urmalydy. Bu goşunyň wezipesi wizantiýalylaryň goşunyny bölek¬lere bölmekdi hemem olary bölek-bölekläp gyrmakdy. Çünki goşun böleklere bölünende gyrmak işi has asanlaşýardy.
Seljuklar gorky-ürküsiz söweşýärdiler.
Söweş dört güne çekdi. Elbetde, iki tarapyň hem güýji asgyn däldi, esger sany-da köpdi. Göräýmäge, iki tarapyň güýji deňdi. Wizantiýaly esgerler tejribelidi. Ýaraglary-da seljuklylaryňkydan kämildi. Şeýle-de bolsa, dördünji gün günortan seljuklylar artykmaçlyk gazanyp ugradylar. Öýleden soň bolsa wizantiýalylar ähli ýaraglaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçyp gitdiler.
Ikinji gezek hem ýeňiş seljuklylara ýaran boldy. Bagtyň ýatsa, düýäniň üstündekäň it ýaryp, endam-janyňy garagan etjek eken: bu söweşde Ybraýym ynal Wizantiýa goşunynyň görnükli serkerdesi Liparidi ýesir aldy.
Liparit Ybraýym ynala öz pidýesi hökmünde dört ýüz müň dinar bilen ýüz müň sany gymmatbaha sowgat hödürledi5. Bu teklibi Ybraýym kabul etmedi. Onuň anyk maksady bardy. Ol dabarasy dag aşan bu serkerdäni Reýe eltip, Togrul begiň öňünde dyza çökermekçidi, şeýdibem soltana, köşkdäkilere, ähli kişä özüniň ökdeligini, rum serkerdesini ýesir almagy başarýandygyny göz etmekdi. Bu maksat hödürlenilýän zatlardan has ähmiýetlidi, abraýlydy.

* * *

Ybraýym Wizantiýa serkerdebaşysyny Reýe gönderdi. Özi ýene uly ýeňişleri gazanmak maksady bilen, wizantiýalylaryň ýurduna sary goşun sürdi. Olaryň galalaryny petih kylmaga girişdi, ýöne ol olja, ýesir almaga aşa gyzykdy. Birmahal Musa begiň ogly Hasanyň başyny aýlan ýeňişler onuň-da başyny aýlady. Aşyraw uzaga gitdi. Bir gün hem wizantiýalylaryň eline nädip ýesir düşenini-de aňman galdy. Gözüni açanda eli-aýagy daňylandy, özem wizantiýaly esgerleriň arasyndady6.
Onuň ýesir düşendigini eşiden Togrul beg Wizantiýa kaýsaryna ilçi iberdi. Ondan köp mukdarda hedýe-engam ýollady hemem Wizantiýa kaýsaryna serkerdebaşy Lipariti mura-mugtuna berjekdigi; Ybraýym ynalyň sag-aman yzyna ugradylmagy üçin bolsa üç ýüz müň dinar pidýe tölejekdigi hakda aýtmagy öwran-öwran tabşyrdy.
Togrul beg sözünde durdy: Abhaz emiri Lipariti derejeläp azatlyga goýberdi, özem ony Wizantiýa serhedine çenli müň esgerli ugratmaga tabşyryk berdi. Kaýsar Togrul begiň bu hormatyna çäksiz minnetdar boldy. Liparitiň yzyna berlendigi üçin ol Togrul bege müň sany ýüpek don, bäş ýüz sany geýim, bäş ýüz at, iki ýüz müň dinar, ýüz bölek kümüş, üç ýüz müsür eşegini, müň sany ak ýüňli, gara gözli we şahly geçi berdi»7. Ýöne Ybraýymy zyndandan boşatmagy hemem seljuklylara bermegi, näme üçindir, yza çekdi. Iki aý wagt geçdi. Ybraýym özüniň halas edilmeginiň haýal-ýagallyga salnandygy üçin gahar-gazap donuny geýdi.
– Men Togrula diňe ýeňiş gazanmak üçin hemem kerwen-kerwen olja gazanmak üçin gerek, iş bitensoň, men oňa gerek däl. Iki aýlap bitimi şänik ýaly edip wizantiýalylaryň yzgarly zyndanynda ýarymjan ýatdym, Hudaýyň haky üçin meni hiç bir dogan-garyndaşym idemedi – diýip, ol jabjyndy. – Ýa men nädogry aýdýarynmy? Meniňki nädogrudyr-la. Maňa haçan: «Ybraýym, seniň aýdýanyň dogry» diýildi?
Ybraýym şalygyň rowaçlygy üçin ylgaýardy. Her bir işe düýrmegi bilen berilýärdi. Ýöne öz egindeşlerinden haýsam bolsa biri bižlik ýa-da geleňsizlik etse welin, gahary çüwdesine urardy. Şol mahal ondan gaçarak durandan gowusy ýokdy.
Onuň ýene bir betha häsiýeti bardy, ol hem içinde kitüw, kine saklaganlygydy. Ol Togrul begi janyndan eziz görýärdi, onuň üçin janyny bermäge taýýardy. Wepalydy. Ýöne onuň Togruldan kinesi bardy, özem kinesi soňky ýyllar ýowuzlaşýardy. Käteler gaharyna Togrul begiň garşysyna gidýärdi. Şeýdibem ol özüniň doganyndan birjik-de kem däldigini subut etmekçi bolýardy.
Jebel hem Hemedan sebitleri babatda-da şeýle boldy: Tog¬rul beg ol ýerleriň yktasyny Ybraýym begden alýandygyny aýtdy. Munuň sebäbini Azerbaýjany başybitin ykta berýänligi, şol ýer¬leriň oňa ýeterlikdigi bilen düşündirdi.
Ybraýym munuň bilen başda ylalaşdy, hakykatdan hem onuň ykta ýerleri aşa köpdi. Ykta ýerlerine aýlanyp çykmak üçin ýüz ýigrimi gün gerekdi. Ýöne Ybraýym kejirlik etdi, tersine tutdy. Özüniň kemsidilýändigini aýtdy. Soňam bekine tutdy: Jebeliň häkimi Kerşasif ibn Alauddöwläni Jebelden kowdy. Soňra Dinewer şäheriniň häkimi Abu Şewkini şäherden çykardy. Abu Şewkin Ybraýym bilen garpyşmakdan heder edip, Hulwana gitdi. Ybraýym ynal Abu Şewkiniň yzy bilen Hulwana baryp, bu ýerini hem eýeledi8.
Ybraýymyň goşuny uludy. Çünki Togrul begiň Günbatardaky ýeňşi hakda eşiden horezminli, mawerannahrly türkmenler uly ýygyn bolup gelýärdiler. Olaryň ählisiniň maksady baýamakdy, olja edinmekdi. Üznüksiz gelýän türkmenleriň ählisini Togrul beg Ybraýymyň ýanyna gönderýärdi. Olaryň hasabyna Ybraýym ynalyň goşunynyň sany ýüz müňden-de geçdi. Şeýle bolansoň Ybraýymyň goşuny aç çekirtge deýin aýak basan ýerini ýalap-ýülmäp barýardy. Olaryň bir gezek geçen ýerinden soň ilkinji gezek ýekeje-de göze ýakymly zat tapylmaýardy.

* * *

Wizantiýanyň ýagdaýy ýylsaýyn agyrlaşýardy. Müsürden fatymy halyfaty howp salsa, Günbatardan gypjaklar birsyhly çozuşlary bilen uly weýrançylyk edýärdiler. Kaýsar Monomah Pasinde ýeňleninden soň, Anadoluda seljuklylar bilen garpyşmaga heder etdi. Şonuň üçin hem öňden bäri golastynda saklaýan Merwan begliginiň emiri Nasyreddöwle Ahmedi soltan Togrulyň ýanyna ilçi edip gönderdi, oňa her edip-hesip edip parahatçylykly ylalaşyk gazanmagy tabşyrdy. Togrul soltan Merwanogullary begliginiň emiriniň habaryndan soň, Şerip Abul-Fazl Nasyreddini baş edip, Konstantinopola ilçi toparyny iberdi. Netijede «Emewiler döwründe Stambulda bina edilen, ýöne şondan bäri haraba öwrülip ýatan metjitde abatlaýyş-rejeleýiş işlerini geçirip, mährabyň ýüzüne irki türkmen häkimiýetiniň alamaty hökmünde ulanylýan, Togrul begiň hem möhürinde orun alan ok we ýaý şekilini goýmak, Müsür fatymylarynyň adyna okalan şaýy hutbasyny ýatyryp, ýerine sünni Apbasy halypalygynyň, seljukly döwletiniň adyna hutba okadylmak»9 ylalaşyldy.
1045-nji ýylda Togrul soltan Anadola girdi, Wan kölüniň demirgazyk-gündogar tarapyndaky Bergiri (soňky ady Myradyýe) bilen Erjişi eýeledi. Soňra Bergiriden uzakda bolmadyk Malazgirt şäherini gabady.
Malazgirt şäheriniň galasy ymgyr uludy, diwarlary berkdi hem beýikdi. Goranyş üçin diýseň amatlydy.
Togrul soltan serkerdebaşy Wasiliň goraýan bu galasyna manja¬naklardan äpet-äpet daşlary ýagdyrdy, beýleki bir tarapdan bolsa galalaryň diwarlarynyň düýbüni sümlüp geçer ýaly köwdürmäge başlady.
Togrul beg gara güýjüni görkezip, galadakylaryň howuny basmagy, netijede olaryň galany uruşsyz tabşyrmaga mejbur bolmaklaryny gazanmagy maksat edindi: galany gabawda saklamagy, şol bir wagtyň özünde hem galanyň düýbüni köwmegi, manjanak bilen galanyň diwarlaryny ýumurmagy dowam etdirdi.
Gabawyň altynjy gününde garaşylmadyk waka ýüze çykdy.
Bir rumly (wizantiýaly) esger seljuklylaryň öýle namazyny okamaga durandyklaryndan peýdalanyp, agaçdan ýasalan manjanagyň üstüne nebit-kükürt garyndysyny zyňyp, ony ýakdy-da, zut gaçdy. Seljuk esgerleriniň namaza duranlygyndan peýdalanan rumly esger gaçyp Malazgirt galasyna girmäge ýetişdi10.
Manjanak ýanandygy sebäpli Togrul beg gala zabt etmegi wagtlaýynça goýbolsun etdi.
Bendesiniň isläni däl-de, Resulyň isläni bolýar. Bendesine – Tog¬rul bege galsa-ha ol manjanaklary bilen diwary ýumrup galanyň içine okdurylyp girjekdi hemem Wizantiýanyň ýüregini (Malazgirt – kaýsarlygyň ýüregi hasaplanýardy) eline aljakdy. Muňa Allatagala bu gezek ýol bermedi. Özem ýekeje frankly (ýewropaly) esgeriň eli bilen ýol bermedi.
Allatagala näme islese, şol hem bolýar.

Togrul beg manjanagyň otlanmagyny erbetlige ýordy, şonuň üçin hem Malazgirt galasyny teshyr etmegi soňa goýdy. Goşunyny üç bölege böldi.
Birinji bölegi Gutulmyş begiň salarlylygynda Kawkaza – Janige, Terjana, Sasun daglaryna, Erzinjana ugratdy.
Ikinji bölegi Ybraýym ynalyň salarlylygynda Çoruh der¬ýasyndan aňyrdaky welaýatlary basyp almaga ugratdy.
Birinji bölek gysga döwürde Togrul begiň tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Ikinji bölek hem yzly-yzyna ýeňiş gazandy, general Gagikiň11 goşunyny derbi-dagyn etdi, köp mukdardaky oljany ele saldy. Bu oljalar Mawerannahrdan ýörite gelen türkmenleriň ýetmek islän telwaslarydy.
Üçünji bölege soltan Togrul begiň özi salarlyk etdi. Hernäçe ady-owazasy äleme dolan, her nähili güýçli-kuwwatly bolsaň-da, gepsiz-gürrüňsiz ýeňýändigi, öldürýändigi hakdaky ýelden-de ýyndam bady-şütür habarlar Günbatara dolansoň, Togrul begiň garşysyna hiç bir Rum goşuny çykyp bilmedi. Togrul beg Karsyň köp ýerlerini teshyr etdi.
Gyş pasly ýetip geldi. Gyşda esger saklamagyň kynçylyklary uly bolýardy. Şonuň üçin hem Togrul beg haşamlardan özge esgerleriniň galabasyny öýli-öýüne goýberdi. Galan goşunyň bellibir bölegini Anadoluda goýup, Reýe ugrady, ýolda Wan kölüniň ýakasynda ýerleşýän Adyljewaz (Hud al-Hur) şäherini teshyr etdi.
Togrul beg Reýe gidip barşyna gyşyň düşendigine gynandy. Wah, gyş düşmedik bolsa, onuň entek teshyr etjek şäherleri kändi.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]