09:59
Altynjan hatyn / 3-nji kitaba düşündirişler -26
DÜŞÜNDIRIŞLER

Birinji hekaýat

1. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
2. Ibn Esir özüniň «Kämil taryh» atly kitabynda Gutulmyşyň ýyldyz ylmyny (ýyldyzlara seredip boljak zatlary öňünden bilmek ylmy) hem-de millet ylmyny (etnografiýa) bilendigini, onuň neberesiniň hem bu köneden gelýän ylymlary öwrenmegi taşlaman¬dyklaryny we başgalary-da özlerine çekendigini ýazýar.
3. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretül ahwar (Habar¬laryň mejlisi).
4. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
5. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler. A. 1999 ý. Liparitiň öz pidýesi görkezilen möçberdäki baýlygy hödürländigi ibn Esiriň, Taňryberdi Atabegiň we beýleki awtorlaryň kitaplarynda gaýtalanýar.
6. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
7. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler. A. 1999.
8. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
9. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretül ahwar. (Habar¬laryň mejlisi).
10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
11. Kawkaz gadym döwürlerde daşary yurt basybalyjylaryna garaşlydy. Bu ajaýyp tebigatly ülkäni başda pars şalarynyň oturdan marzibanlary, soň Wizantiýanyň kuropalatlary, arap halyflarynyň ostikanlary dolandyrdy. Bu ülkede köp sanly halkyýetler we halklar ýaşaýar.
Ermeniler miladydan öňki XV – XIV asyrlarda muşklar diýlip atlandyrylýardy. Olar Balkan ýarym adalaryndan Kiçi Aziýa göçüp gelipdiler. Miladydan öňki VII asyrda midiýalylaryň we skifleriň Urartu şalygyny kül-peýekun etmegi bilen bolsa muşklar – ermeniler Zakawkaziýäni ýurt tutundylar we bu ýeriniň tebigatyna, durmuşyna tiz uýgunlaşdylar.

Ikinji hekaýat

1. Abu Kalyjar – Abu Kalyjar Garşap I (1041 – 1048 ý. oktýabr aýy) – Kaku şalygynyň soltany.
2. Kaku hanedanlygy (Kaku – deýlem şiwesinde «daýy» diýmegi aňladýar) – 1008 – 1051-nji ýyllar aralygynda dowam edýär. Bu döwleti Togrul beg öz tabynlygyna geçirýär. Bu döwlet häzirki döwürde Merkezi we Günbatar Eýranyň çäklerinde ýerleşipdi.
3. Buid (Büweýh) şalygy – (932 – 1062 ý.) Eýrany, Huzistany, Kermany, Jibaly, Reýi, Yragy elde saklaýardy. Külli musulmanlaryň merkezi, paýtagty Bagdatdy. Abbasy halyfy hem Bagdatdady.
4. Şams ad-Daula (997 – 1021 ý.) – büweýh soltany.
5. Öwez – Alparslan. Togrul beg agasy Çagry begiň ogly Alparslany ogullyk alýar, onuň Alparslany «Öwez» diýip atlandyrmagy ýogalan çagasynyň öwezine gelen hasaplamagydyr.
6. Hatyn – seljuk soltanlarynyň aýallary, adatça, «hatyn» çinini dakynypdyrlar. Olar köşk durmuşynda aýgytly orunlary eýeläpdirler we döwleti dolandyrmak işlerine-de gatnaşypdyrlar. Hatyn çinini alanlaryň öz mülkleri, köşkleri, diwanhanalary, wezirleri we emeldarlary bolupdyr.

Dördünji hekaýat

1. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
2. Abu Muslim – Idris ibn Idrisiň Isa we Makil diýen ogullarynyň guly bolupdyr. Ol on sekiz ýaşynda (743 – 744 ý) Merw şäherine Apbasy wagyzçylarynyň başlygy wezipesine ugradylýar. Ol Merwde emewi hanedanlygyny agdaryp, Apbasy halypalygynyň döremeginde iň esasy hyzmat görkezen serkerdedir. Ilki Horasany, soň Yragy öz tabynlygyna girizýär. Ilkinji Apbasy halyfy as Saffaryň (749 – 754 ý.), ikinji halyf Abu Jaafar al-Mansuryň (754 – 775 ý.) hökümdarlyklarynyň giň gerim almagynda Abu Muslimiň hyzmaty uly bolýar.
Halkyň arasynda abraýy biçak uly bolansoň, ikinji halyf Mansur 755-nji ýylda Abu Muslimi Mekgä haja barýarka köşgüne çagyryp, wagşylyk bilen öldürýär. Çünki Abu Muslim indi Apbasy halypalygy üçin gerek däldi, ol halyflyk üçin öz etmeli işini ýerine ýetiripdi.
Barmakylar – Apbasy halyflygynyň döremeginde, berkemeginde, uly iş bitiren neberedir. Barmakylar apbasy halyflary as-Saffahyň, al-Mansuryň, Harun ar-Raşidiň wezirleri bolupdyrlar. Ýahýa Halyt Barmakynyň Pazl, Japar, Muhammet, Musa atly dört ogly bolupdyr. Balhda doglan, asly pars bolan Barmakynyň ogullaryndan Pazl bilen Japar kakasynyň ýoluny alyp barýardylar, olar atly-abraýly wezirdiler, Muhammet bilen Musa bolsa emirdiler, olaryň hersiniň häkimlik edýän welaýatlary bardy.
Olaryň at-abraýy musulman älemine dolupdy, hiç bir nebere Barmaky neberesiniňki deýin şan-şöhrata eýe bolmandyr.
Harun ar-Raşit Japar weziriniň öňünde täsin şert goýýar. Halyf oňa öz uýasyny durmuşa çykarýar: är-aýal ýaly bir öýde ýaşamaly, ýöne jynsy gatnaşygy etmeli däl. Japar bu şerti islemese-de, kabul etmeli bolýar. Ýöne ýyly ýorganyň aşagynda, ýyly gujakda, ýyly dem ýüzüňe çabrap durka halyfyň gazaby-da gözüňe görünmez eken. Japaryňky-da şeýle bolýar. Netijede, perzent dünýä inýär. Ekin ekseň, gögerýär ahyryn! Bu hakykaty Harun ar-Raşit eşidýär.
Hijriniň 180-nji, miladynyň 797-nji ýylynda Harun ar-Raşit haja ugraýar. Ýolda ol Barmaky neberesini, özüniň ýaşajyk ýegenini öl¬dürdýär. Herki zadyň soňy bar, herki zadyň öz jezasy bar. Aşa yhlas hem hatarly. Barmakylaryň bar «günäsi» aşa yhlasy, hyzmaty. Ybraýym ynal hem özüni Abu Muslim, Barmakylar bilen deňeýär.
3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
4. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
5. Tekhir – öňünden äge etmek, nesihat bermek, möminleri «ýaramaz» hereketlerden saklaýan wagyz-nesihatyň bir gör¬nüşi.

Ýedinji hekaýat

1. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
2. Dejle – Tigr derýasy. Günbatar Aziýadaky iň uly derýa. Uzynlygy 2 müň kilometr. Türkiýäniň günbatarynda ýerleşýän Wan kölüniň töweregindäki daglardan başlanýar. Diýarbekir, Mosul, Bagdat şäherlerinden geçip, Ýewfrat derýasy bilen birleşýär.
3. Amydylmülk ( Umadylmülk) – şalyk mülküniň diregi. Bu lakam Togrul begiň weziri Abu Nasyr Muhammet bin Abu Salyh bin Mansur bin Muhammet Kundury Jerraha degişlidir. Kundury öz döwrüniň iň sahy, geçirimli, uly at-owazaly, edebiýatçy şahsyýetleriň biri hasaplanýar. Ol 1068-nji ýylda Alparslan tarapyndan öldürilýär. Alparslan ilki ony gabanyp, işinden çetleşdirýär, soň Nyzamylmülküň üznüksiz ýamanlamagy netijesinde öldürýär.
4. Uweýs Karani (Weýsel Gara, Weýis baba) – Bedr guýusy¬nyň ýanynda bolan söweş wagtynda Muhammet aleýhissalamyň bir dişi gaçýar. Muhammet pygambere düýrmegi bilen uýýan ýemenli sopy Uweýs Karani pygambere duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen özüniň ähli dişini ýeke-ýekeden goparypdyr. Uweýs Karaniniň otuz iki dişi bilen Muhammet pygamberiň bir dişi musulman tesbisini emele getiripdir. Onuň ikinji bölegi «tahmit» diýlip atlandyrylýar. Üçünji böleginiň ady bolsa «takbir» bolmaly.
5. Al-ydrarat – pensiýa. «Türkmen şalyklarynda şeýle bir edehät bardy, olar özünden ozalky şalaryň, hanlaryň bellän ydraratlaryny, hamana, özleri bellän ýaly tölärdiler, hatda basyp alan ýurtlarynda duşman şanyň bellän ydraratlarynam wagtynda tölärdiler. Olar şonuň ýaly, ozaldan tölenip ýören zatlary ýatyrmagy ýaramaz alamat bilerdiler, soltan Mahmyt ibn Söbükteginiň tölemeli eden adamlaryna hem wagtly-wagtyndajyk hakyny bererdiler. Söbükteginden soň seljuk şalary Söbükteginiň bellän ydraratlaryny tölediler, özlerem ydraratlary bellediler. Horezmşalary bolsa seljuk şalarynyň bu asylly däbini gylyny gymyldatman durmuşa geçirýärdiler». (Muhammet Nesewi. Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany. 2001 ý.).

Sekizinji hekaýat

1. Abu Tammam at Taý – görnükli orta asyr arap şahyry (788 – 845 ý.).
Abu Hafs aş-Şadranjy – IX asyrda ýaşap öten görnükli türkmen şahyry, edebiýatçysy, küştçüsi.
2. Abu Nuwas – 762 – 813-nji ýyllarda ýaşan görnükli arap şahyry. Ol öz döwründe meý hakdaky şygyrlary bilen has meşhurlyk gazanypdyr.

Dokuzynjy hekaýat

1. Abu Aly ibn Sina. Lukmançylyk ylmynyň kanunlary. 1-nji jilt. A., 2004.
2. Timýan – efir ýagy alynýan, maýda gülli, ýakymly ysly gyrymsy ösümlik (Abu Aly ibn Sina. Lukmançylyk ylmynyň kanunlary, 1-nji jilt, 714 sah. A. 2004).
3. Ritl – 500 grama deň bolan agyrlyk ölçegi.
4. Abu Aly ibn Sina. Lukmançylyk ylmynyň kanunlary. 1-nji jilt. A., 2004.

Onunjy hekaýat

1. Üstaduddar – hazynanyň girdejisinden we salgytlardan belli bir mukdaryny alyp, ol pullary aşhanalaryň, köşk emeldarlarynyň üpjünçiligine harç edýän adam; salahdar – ýarag ýasaýjylara we soltanyň ýaraghanasyna ýolbaşçylyk edýän adam; emiri alam – soltanyň baýdagyny göterýänlere ýolbaşçylyk edýän adam; taştdar – hökümdar elini ýuwanda kündügiň suwunyň mylaýym taýýarlanmagyna serediji, şeýle hem soltanyň iýjek naharynyň tagamyny barlaýjy; emiri çaşnigir – hökümdaryň naharynyň taýýarlanmagyny üpjün ediji; emiri şikar – soltanyň aw gurallaryna gözegçilik edýän, şeýle hem soltan awdaka onuň ýanynda bolýan adam. Aw – goşunyň söweş türgenleşigidir. Awy gurnamak we awuň haýsy ýerde edilse gowy boljakdygyny salgy bermek emiri şikaryň borjy; emiri ahyr – soltanyň atbakary, attutary; döwetdar – soltanyň ýazgy ýazýan esbaplaryna serediji; kyssadar – arzalary kabul ediji. Her çarşenbe agşamy kyssadar gelen arzalar hakda, olarda aýdylýan zatlar hakda soltana habar berýär; jamedar – soltanyň geýim-gejimlerine jogap berýär.
2. Diwany-has – seljuklylar zamanynda baş şamülki edarasy. Ol şol bir wagtyň özünde soltanyň şahsy diwany hem bolupdyr. Onuň garamagyna gozgalýan we gozgalmaýan emläkleriň hemmesi, şonuň ýaly-da dolandyrýan neberäniň hazyna jaýy degişli bolupdyr. Bu diwan soltanyň emlägini, ýerlerini dolandyrypdyr.
3. Nobat – hökümdarlyk köşgüniň ýa-da çadyrynyň gapysynyň öňünde belli wagtlarda, esasan-da namaz wagtlarynda saz çalýan topara berlen at. Saz çalyjylar owsun atyp duran birmeňzeş ak ýüpek geýimleri geýýärler. Olaryň egin-eşikleri, saz gurallary gymmatbaha daşlar bilen bezelen, özüne çekiji bolýar. Nobatda her günde namaz wagtyny habar bermek üçin, esasan, dowul saz guralyny peýdalanýarlar. Käbir alymlar «nobat» sözüniň sözköküni sazlaryň nobatma-nobat çalynýandygy esasynda dörän diýip hasap edýär.
4. Saz – gadymy saz guraly.
5. Hansalar – soltanyň aşhanasynyň ýolbaşçysy, emiri.
6. Şamäligiň gaçyşy – bäş ýüz kilometr ýol geçendigi hakdaky maglumatlar Ibn Esiriň, Baýhakynyň, Faruk Sümeriň ki¬taplaryndaky maglumatlar esasynda alyndy.
7. Gara ölüm – ölümiň üç hili görnüşi bolýar: ak ölüm, gara ölüm, gyzyl ölüm. Ak ölüm – öz ajalyňa; gara ölüm – bogulyp; gyzyl ölüm sütem görüp ölmekdir.

On birinji hekaýat

1. It gary – gyşyň birinji gary. It gary topbak tutmaýar, ol şeker deýin seçelenýär.
2. Köwüşberdar – soltanyň köwşüni göterýän we köwüş¬lerine serenjam berýän hyzmatkär.
3. Püreç – ýeňi uzyn, ýelbegeý atynmak üçin niýetlenilen galyň don.

On ikinji hekaýat

1. Hutba – juma namazyndan öň, baýram namazyndan soň metjitde münbere çykylyp edilýän öwüt-ündew. Hutba okaýan din hadymyna hatyp diýilýär.
2. Kunýa – ady. Ibn – ogly diýmegi aňladýar. Şol döwürde adamlaryň atlary, familiýalary şeýle tutulypdyr.
3. Nehrewan şäheri – Bagdat şäheri bilen Wasyt şäheriniň arasynda Dejle derýasynyň gündogar kenarynda ýerleşýän şäher.
4. Annap – serhoş ediji içgileri ýasamak, satmak bilen meşgul¬lanýan adam.

On dördünji hekaýat

1. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
2. Pidaýy – adam öldürmek üçin ýörite taýýarlanylan ganhor.
On altynjy hekaýat

1. Çarmyh – bu Dürnazaryň lakamy. Elbetde, çarmyh onuň ýok ýerinde aýdylýardy, hiç kim onuň ýüzüne «Garmyh» diýip bilenokdy. Dürnazara bu lakamyň galmagynyň sebäbi adamlary çarmyh usuly bilen jezalandyrmaga ýykgyn edýänligi üçindi. Çarmyh etmek – jezalandyryş usulynyň bir görnüşi. Bu usul boýunça jeza berlende jeza berilýäniň iki elini we iki aýagyny dört myha berk baglaýarlar. Çar tarapyndan myha daňlan adam hiç hili hereket edip bilmeýär. Soň çarmyhdaky adamdan eşitmek isleýän habaryny almak üçin her hili jeza berip, urup ugraýarlar. Çarmyhdaky adam bolsa goranyp bilmeýär. Dürnazar çarmyhda köp adama jeza berip, gynap, ölümine sebäp bolupdy. Şeýle bolansoň, ony juda rehimsiz hasaplaýardylar.
2. Aýýar – aňtawçy, içaly.
3. Ala-mula at – ilçiler, aragatnaşyk bilen meşgullanýan askudarlar ýörite ala-mula reňkli atlary münüpdirler.
4. Gurduň (Kawurdyň) tygşytly şa bolandygy Kirmanda otuz dört ýyllap şa bolan döwründe «onuň pul baýlygynyň bir zerre-de artmandygy ýa-da azalmandygy» hakda Muhammet ibn Ybraýymyň «Seljuklar we oguzlar Kirmanda» (Kirmanyň taryhy) atly kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.

On ýedinji hekaýat

1. Ibn Kesir. Başlangyçdan ahyra çenli. Stambul, 1954.
2. Gurhan. 9-njy süre, 120-nji aýat.
3. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretül ahbar (Habar¬laryň mejlisi). Ankara, 1983.
4. Kirewke – söweş geýimi.
5. Ibn Kesir. Başlangyçdan ahyra çenli. Stambul, 1954.

On sekizinji hekaýat

1. Tenasuh – ölen adamyň ruhunyň täze dogan organizme geçmegi baradaky dini-mistiki taglymat.
2. Yrfan – sopuçylyk.
3. Meşaýy – sözme-söz manysy «ýol ýöreýän, ýol geçýän». Aristoteliň pelsepesine meşa hikmeti diýilýär. Çünki ol öz ynanç-garaýyşlaryny ýöreýän, hereket edýän ýagdaýynda beýan edipdir.
4. Akym – 1. Çagasy bolmaýan, dogurmaýan (aýal), dogurtmaýan (erkek). 2. Netijesi we miwesi bolmaýan. 3. Güýçli uruş. 4. Peýdasyz ýel.
5. Gurhanyň 2-nji süresiniň 386-njy aýaty.

On dokuzynjy hekaýat

1. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
2. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
3. Harun ar-Raşit halyflyk eden döwründe Aly Isa Mahan Merwde oturyp Horasany dolandyrýardy. Halyf ondan närazydy: halk bir aýal sebäpli turan topalaňa goşulypdy. Halyf halky köşeşdirmek, Aly Isany wezipesinden aýyrmak üçin bir tilsim ulanmagy makul bildi. Ol öz belli serkerdesi Herseme Agýany ýanyna çagyryp, oňa anyk görkezme beripdir: «Seni möhüm tabşyryk bilen Merwe ugradýaryn. Bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin sen ätiýaçlyk şertini, hüşgärlik inçeligini berjaý etmelisiň. Öz goşunyňa: «Möminleriň emiri meni Aly Isa bilen bilelikde Rafygyň garşysyna söweşer ýaly, onuň mededine iberýär» diýersiň. Aly Isanyň özüne bolsa: «Men saňa ýardam, goldaw bermek üçin gel¬ýärin» diýip aýdarsyň. Onsoň haçan-da ol ýanyňda ýeke bolan çagy ony tussag edersiň hemem ony meniň ýanyma iberersiň» diýýär.
Halyf Hersemä ýigrimi müň atly berdi. Herseme leşgeri bilen Hemedana ýeteninde Aly Isaga habar gönderdi, özüniň goldaw bermek üçin ugradylandygyny aýtdy.
Aly Isa özüne «kömek» bermek üçin gelýän Hersemi garşylady, ikisi hem biri-birini hormatlady. Tä bir depäniň ýanyna ýetýänçäler uýan deňläp ýörediler. Şol ýerde Aly Isa uýanyny çekip, Hemsemä aýtdy: «Öňden ýöre!» Hemseme oňa: «Emir men däl, sen! Meni saňa kömek etmek üçin iberdiler. Şonuň üçinem sen öňden ýöre!» diýdi.
Aly Isa bu sözden ýüregi gylawlandy. Onsoň Merwe gitdiler. Herseme Aly Isanyň köşgünde düşledi, amatly pursat dörände ony tussag etdi, oňa halyfyň işden boşadyş permanyny görkezdi. Soňra juma metjidine baryp, özüniň emir bellenendigi baradaky permany köpçülige okap berdi.

Ýigriminji hekaýat

1. «Şanamanyň» watany – Sistan ülkesi. Sistan – sak sözkökündendir. Bu ülke saklaryň – türkmenleriň ýaşan ülkesidir. (Raýewskiý).

Ýigrimi ikinji hekaýat

1. Rafyzy mezhebi – sünni mezhebinden çykyp, şaýy mezhebini kabul eden musulman.
2. Ýedi yklym – gadymy döwürde ýer ýüzüniň ýurtlaryny ýedi bölege – yklyma bölüpdirler. 1. Hiduwan; 2. Arap we Hebeşistan; 3. Müsür we Şam; 4. Eýranşähr; 5. Saklab (slawýan), Rum; 6. Türk we Ýajuç; 7. Çyn we Maçyn.
3. Alhamdulilla – Hudaýa şükür.

Ýigrimi üçünji hekaýat

1. Abu-l-Aswar Şawur I (1022/1049 – 1067) – Şatdat şalygynyň Genje emirliginiň emiri.
2. Senjap – tilkiden kiçiräk bolan ýyrtyjy haýwan.
3. Sparetra – Merwli sak patyşasy Amorganyň aýaly. Miladydan öň 539-njy ýylda Kir patyşa Amorgany ýesir alýar. Şonda Amorganyň hatyny Sparetra goşuna baş bolup, Kiriň üstüne hüjüm edýär. Gazaply söweşde Sparetra Kiri ýeňýär we adamsy sak şasy Amorgany halas edýär.

Ýigrimi dördünji hekaýat

1. Batman – ýigrimi kilogram töweregindäki agyrlyk ölçegi.
2. Gurhan. Ikinji süräniň 223-nji aýaty.
3. Batyn – içki ruhy dünýä.
4. Pettan – göwni özüne çekiji, ýakymly.
5. Sarsar – elhenç sesli güýçli ýel; nesim – bahar pasly säher bilen öwüsýän janperwer şemal.
6. Halyfyň ýedi don geýdirmegi – bu halyfyň: «Sen ýedi yklymyň soltany bolduň» diýen ykraryýetini alamatlandyrýar.
7. Kundurynyň bu pelsepesi hakda Abu Sagyt Abdylkerim Samgany Merweziniň on iki jiltden ybarat bolan «Şejere kitabynda» maglumat berilýär.
8. Aznawur – 1. Begzada. 2. Ot ýaly, daýaw.
9. Konstantin X Dukas (1059 – 1067 ý.) – Wizantiýanyň kaýsary.
10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.

Sözsoňy

1. Komnenler – Wizantiýa imperatorlygynyň nesilşalygy (1057 – 1204 ý.) Köne edebi çeşmelerde Wizantiýa sözüne derek Rumustan, Rum sözleri ulanylýar. Munuň özi ýalňyşdyr. Sebäbi 395-nji ýyl¬da Rim (Rum) imperiýasy synyp, Günbatar we Gündogar böleklere bölünýär. Gündogar Rim (Rum) imperiýasy – bu Wizantiýa imperiýasydyr. Bu at imperiýanyň paýtagtynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gündogar Rim imperiýasynyň paýtagty Wizantiýa şäheridir. Şäheriň ady soň üýtgedilip, Konstantinopol diýlip atlandyrylýar. Bu şäher häzirki Stambul şäheridir. Bu ýurtda hanedanlyk dildüwşükler, başga bir güýçli toparyň döremegi sebäpli uzak şalyk etmeýär, üýtgäp durýar.
Biziň söhbedini edýän döwrümizde Wizantiýada Makedonlylar nesilşalygy (867 – 1028 ý.) Konstantin VIII-iň wepaty bilen gutarýar. Sebäbi onuň ogul perzendi bolmaýar. Şondan soňky imperatorlar Roman III Argir (1028 – 1034 ý), Mihail IV Paflaton (1003 – 1041 ý.), Mihail V Kalafat (1041 – 1042 ý.), şeýle hem Konstantin IX – dördüsem Konstantin VIII-iň gyzy Zoýanyň ärleridir.
Şa gyzynyň durmuşa çykan ärleri uzak ýaşaman, dürli se¬bäplere görä wepat edýär. Syçew Nikolaý. Kniga dinastiý. (Istoriçeskaýa biblioteka). Wostok – Zapad». M. 2005.
2. Ýewdokiýa – Wizantiýanyň 1058-nji ýylyň noýabr aýynda tagta çykan imperatory Konstantin Dukas X-nyň hatyny. 1067-nji ýylda adamsy aradan çykansoň, tagta geçýär. Ýöne bu jogapkärli wezipäni başaryp bilmeýär. Ýurtda bulagaýlyklar artyp ugraýar. Şonuň üçin ol görnükli serkerdebaşy Roman Diogene (1068 – 1071 ý.) durmuşa çykyp, ýurdy dolandyrmagy oňa tabşyrýar. Ýurdy parahat saklamak Roman Diogene-de başartmaýar. 1071-nji ýylda Malazgirt söweşinde ol Çagry begiň ogly Alparslana ýesir düşýär.
3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.

SENELER

920 – 960-njy ýyllar – seljuklylar yslamy kabul edýärler.
991-nji ýyl. Dawut Çagry beg dünýä indi.
993-nji ýyl. Muhammet Togrul beg dünýä indi.
998-nji ýyl. Soltan Mahmyt Gaznaly tagta geçýär.
1011-nji milady – 403-nji hijri ýyly. Seljuk beg 107 ýaşda aradan çykýar. Ibn Kesir Seljuk begiň wepat bolan ýylyny 401-nji hijri ýyly – (miladynyň 1010-njy ýyly) diýip görkezýär.
1016 – 1021-nji ýyllar. Çagry beg bäş müň adamly goşun bilen Rum serhetlerinde bolýar.
1017 (407)-nji ýyl. Soltan Mahmyt Gaznaly Köneürgenji basyp alýar we ülkäni özüne tabyn edýär, ülkä öz hajyby Altyndaşy hökümdar belleýär. Şeýle hem soltan Mahmyt Gaznaly şol ýörişinde uly şäherler Samarkandy we Buharany özüne birleşdirýär.
1017-nji ýyl. Altynjan dünýä inýär.
1025-nji ýyl. Soltan Mahmyt Mawerannahra – Samarkanda gel¬ýär. Şonda seljuk ýabgusy Ysraýyl Arslan hany görme-görşe çagyrýar we ony tussag edýär, Hindistandaky Kelejar diýen gala ugradýar.
– Mahmyt Gaznaly Arslan ýabguny ogly Gutulmyş we ýüz elli ýigidi bilen bilelikde Hindistanyň Kelejar diýen galasynda agöýli saklaýar.
1025 – 1028-nji ýyllar. Seljuk begiň ogly Ýusup Ynanç (ynal) Seljuk jemagatyna ýabgulyk edýär.
1028 – 1032-nji ýyllar. Seljuk begiň ogly Musa Kelan Ýabgu Seljuk jemagatyna ýabgulyk edýär.
1029-njy milady – 420-nji hijri ýyly. Alparslan dünýä inýär.
1032-nji ýyl. Ysraýyl ýabgu aradan çykýar.
1034-nji ýyl. Jendiň emiri Şamälik Horezminde gije gapyllykda Togrul begiň sekiz müňe golaý esgerini öldürýär.
– Togrul beg Altynjana öýlenýär.
1035-nji ýylyň aprel aýy – soltan Masudyň Begdogdynyň salarlygyndaky goşuny Nusaýda seljuklylaryň üç müňlük atly goşunyndan masgara bolup ýeňilýär.
1035-nji ýylyň iýun aýy. Nusaýda seljuk-gaznaly söweşi bolýar. Onda seljuklylar uly ýeňiş gazanýarlar.
1037-nji ýylyň 22-nji apreli – Seljuklylar Merwi eýeleýärler.
1038-nji ýyl. Seljuklylar Sarahsyň ýakynynda gaznalylary ýeňýärler. Şol ýeňişden soň, öz hökümdarlygyny yglan edýärler. Bu ýyl seljuk döwletiniň düýbüniň tutulan ýyly hasap edilýär. Sarahs söweşinde «gylyç ýa kepen» däbine eýerilýär.
1039-njy ýyl. Alyabat söweşi.
– Sarahs söweşi.
1040-njy ýylyň 23-nji maýy. Seljuklylar Daňdanakan söweşinde soltan Masut Gaznalyny ýeňýärler. Seljuklylar 23–24-nji maýda gurultaý geçirip, seljuk döwletiniň dörändigini jar edýärler. Gurultaýda Togrul beg Horasanyň emiri diýlip yglan edilýär. Şondan köp wagt geçmänkä Togrul beg şa diýlip atlandyrylýar. Çagry bege gurultaýda mäliklik tituly berilýär.
Şalygyň paýtagty 1043-nji ýylda Nyşapurdan Reý şäherine, 1050-nji ýylda Reýden Yspyhan şäherine geçirilýär.
1044-nji ýyl. Alparslan Balhda Gaznaly soltan Mewdudy ýeňýär, bu ýeňiş seljuk serhediniň has giňemegine esas bolýar.
1049-njy ýyl. Ybraýym ynal Togrul bege garşy baş göterýär. Togrul beg ony ýeňýär, günäsini geçýär.
1055-nji ýylyňl 17-nji ýanwary. Togrul beg Büweýh döwletini syndyrýar, Bagdady eýeleýär.
1057-nji ýyl. Ybraýym ynal ikinji gezek Togrul bege garşy baş göterýär, Togrul begi Hemedanda ýesir alýar. Altynjan goşun jemläp, Hemedana barýar we Togrul soltany halas edýär. Bu söweşde Ybraýym ynal öldürilýär.
1058-nji ýyl. Apbasy halyfy Kaýym Bemryllah Togrul bege: «Gündogaryň we Günbataryň soltany» diýen beýik at berdi.
1060-njy ýyl. Çagry beg Sarahsda aradan çykýar, Merwde jaýlanýar. Altynjan Zenjanda aradan çykýar. Reýde jaýlanýar. Togrul beg aradan çykanda özüni hatyny Altynjanyň ýanynda jaýlamaklaryny wesýet edýär.
1063-nji ýyl. Muhammet Togrul beg aradan çykýar.
Seljuk şalygy 1038 – 1157-nji ýyllar aralygynda dowam edýär. «Beýik» diýen ada mynasyp bolýar.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]